Çagalygymyň sezasy (Ogulsenem Taňňyýewa) 7

Çybşylda üns sowan bolmaga çemeli, Selbinýaz gelnejem gözüni gapa dikip, göz-gülban bolup otyrdy. Ol meni görenden, eline ilen zatlary maňa tarap oklaşdyrmaga durdy. Özem çirkin sesi bilen aldygyna gygyrdy:

—Haram içaly ganjyk! Gepçi albassy! Men seni bogup öldirin! Sensiň meni ile peçan eden! Sen bolmadyk bolsaň, bu zatlary hiç kim bilmezdi! Güm bol!

Beýle sesi, gykylygy dogup-dörälim bäri görmändim. Zähräm ýarylyp, yzyma okduryldym. «Mamur ejäniň ýanyna barsam hem, Selbinýaz gelnejem geläýse, hökman bogar» diýip pikir etdim-de, öz öýümize, ejemiň ýanyna ylgadym. Selbinýaz gelnejemden gorkym ýagyşly garaňky gijäniň gorky-ürküsinem unutdyrdy.

Barsam, şol wagt kakam hem çölden gelen eken. Ejem meniň şalpy-şaraň bolan üst-başymy, palçyk aýaklarymy görende, gözlerini gorkuly tegeläp, ýerinden zöweldi:

—Mamur ejä bir zat boldumy?!

Men üşänimi şu wagt duýdum. Gagşamadan ýaňa geplänimde eňeklerim şakyrdady:

—Sygyr dölede Selbinýaz gelnejem bar... Mömün başlyk bilen bir daýza bäbek alyp gitdi...

Kakam syçrap ýerinden galdy. Olar maňa ýerime geçip ýatmagy tabşyrdylar-da, hasanaklaşyp, daşaryk çykyp gitdiler.

Men diňe düşege geçenimi bilýän. Uklapdyryn. Samrapdyryn. Üşedip, gyzdyrypdyryn. Gyzyl ot bolup ýanyp, agzyma uçuk gaýnap gidipdir... Bu zatlaryň hiç birinem meniň özüm duýmandyryn. Bu meniň ýagşyň aşagynda durup alan almytymdy…

Gözümi açyp özüme gelenimde, ejem görgüliniň: «Balam, diri!» diýip, meni gujaklap, horkuldap aglanyny bilýän. Şol wagt onuň näme üçin aglaýanyna-da düşünmändirin. Soň eşidip otursam, men bir hepdä golaý wagt bäri özüme bir gelip, bir gelmän, ýanar oduň içinde ýatypdyryn.

Ejem maňa aldygyna burçluja unaş, garaçorba bişirip berýärdi. Endam-janymy ergin geçi ýagy bilen suwaýardy. Şeýdip-şeýdip, men kem-kemden ysgyna geldim. Bir gün irden oýananymda has-da süňňüýeňil gopdum. Diňe biraz üsgürýärdim.

Nije wagt bäri Mamur ejäni görüp bilmeýänim meni alada goýdy. Şeýle bolansoň, men çaýymy hem içmän, ejeme ýüzlendim:

—Eje, men çaýymymamur ejäniň ýaýynda içäýeýin? Onuň ýanyna kän wagt gitmedimem-ä!..

Ejem birbada sesini çykarmady. Doganlarym biri-birine gözlerini tegeleşip seretdiler. Ýöne olaryňam hiç birisi kelam-agyz zat diýmedi.

—Çaýyňy bir iç entek!—diýip, ejem birhaýukdan soň jogap berdi.—Soň gidäýersiň!

Men ejemiň diýeni bilen ylalaşyp, çaý içmäge otursam-da, gyssagym özüm bilendi. Iki elini köne keçesine diräp, gymyldap bilmän oturan mamur ejäniň mensiz ýüreginiň gysjagyny bilýärdim. Oňa şu çaka çenli hem mensiz kyn bolanynam bilýärdim. Basymjak baryp, ony begendiresim gelýärdi.

Selbinýaz gelnejemiň gaharly keşbi ýadyma düşende bolsa, gitmäge çekindimem. Özüni yzarlanym üçin göräýdigi onuň meni ýene sylap goýmajagyny bilýärdim.

Tereziniň Mamur ejeli tarapy agyr geldi. Men çaýdan bolup, hasanaklap galdym-da, kaloşymy geýip, mamur ejäniňkä eňdim. Ýazyň hoştap howasy göwnüňi göterýärdi. Maýyjakdy. Töwerege gök maýsalar görk berýärdi. Dürli guşlaryň jürküldisine, onda-munda görünýän saryja, mawuja ýaz güllerine guwanyp, bökjekläp barýardym. Keýpiköklükden ýüregim ýarylaýjak bolýardy. Bu gözelligiň gadyry aýratynam näsaglap galanyňdan soň has-da üýtgeşik eken.

Owlak ýaly bökjekläp barşyma Mamur ejäniňkä nähili ýetenimem duýmadym. Gapysyna ýetip-ýetmänkämem, kükregimi ýaraýjak bolup gygyrdym:

—Mamur eje-e!

«Geleweri, balam!» diýen tanyş sesiň eşidilerine garaşyp, biraz kürtdürdim. Nämüçindir, ses çykmady. Bir erbet hadysa garaşýan dek, ýüregim jigläp gitdi. Ikinji gezek gygyrmaga het etmedim. Sebäbi Mamur eje diýen adam sesiňe ses bermejek adam däldi. Bu ýerde bir syr bardy.

Töwerege göz aýladym. Agaç sekiniň üstünde Mamur ejäniň köneje keçeleri, ýorganlary serilgi durdy. Öňki suw guýulýan bedre düňderilgidi. «Mamur eje sagalyp, içerisini çykaraýdymyka? Soňam bir ýerik gidäýdimikä?» diýen pikir kelläme gelende, diýseň begendim. Onuň ýerinden galmagy, elbetde, begençlidi.

Öňe atylanymam duýmadym. Ylgaşlap, beletje gapyma bardym. Gapy ýapyk. Daşyndanam ýüp bilen daňlyp goýlupdyr.

Jaýyň arka ýüzüne geçip, äpişgeden içerik seretdim. Öýüň içinde Mamur eje-de ýok, düşeklerem. Diňe köneje sandyjagy bilen peltelije çyrajygy dur. Içeri arassa süpürilip goýlupdyr. Dym-dyrslyk...

Men şondan soň öňkim ýaly, pişik basyşyny edip, Selbinýaz gelnejemiň tamyna tarap gadam urdum. Kowalaýanda-da, oňa ýetdirmezlik üçin özümi dürsedim. Ýöne howsalam biderek boldy. Onuň hem gapysy ýapylyp, ýüp bilen daňlyp goýlupdyr. Arkaýyn baryp, äpişgeden içerik seretdim. Äpişgede öňküje, güllüje tutam ýokdy, içerde goş-golamam. Düşeklerem ýokdy...

Bu ýerde bir zad-a bolupdyr. Yzyma ylgadym. Ejem dagy heniz çaýyny içip bolman eken. Kakam-a ukudanam turmandyr.

—Eje, Mamur eje-de ýok, Selbinýaz gelnejemem—diýip, men demim-demime ýetmän, daljygyp gepledim.—Ikisiniňem gapysy gulply, işiklerine-de ýüp daňlypdyr...

—Hawa, olar ýokdur...—diýip, ejem agras gepledi.—Indi öz öýümizde oýnaber. Ol ýere gitjegem bolma!

—Olar nirä gidipdir-ä?—diýip, men bilesigelijilik bilen soradym. Şol ýagyşly gijede Gülälegi Mamur ejäniň ýanyna eltemsoň, Selbinýaz gelnejem ikisi ýaraşandyrlar öýtdüm. Şol pikirim bilenem ejeme ýüzlendim.—Olar ýaraşypdyrlarmy? Bile gidipdirlermi?

—Hawa—diýip, ejem ýene agras jogap berdi. Soňam gaşlaryny çytdy.—Çaga diýeniň hemme zady biljek bolup ýörmez. Aýyp bolar. Indi kän gepleme-de, oýnaber!

Kakam hem turdy. Onuňam keýpi ýokdy. Agrasdy.

Öýlänler kakam ullakan mal soýýan pyçagyny alyp, ejem bilen bir ýerik çykyp gitdi. Menem olaryň yzyna düşdüm. Olar Mamur ejelere bardylar.

Ejem gapylardaky ýüpleri aýryp, Mamur ejäniň düşeklerini Selbinýaz gelnejemiň jaýyna ýazdy. Mamur ejäniň öz jaýyna bolsa, brezentdir şal düşekleri atyşdyrdy. Soňra gidip, goňşulardan üç-dört sany aýaly çagyryp geldi.

Şeýdip, ejem-ä aýallar bilen hamyr ýugrup, çörek bişirdi. Kakam bolsa bir ýerden getiren goýnuny soýmaga durdy.

Agşam başatgyçly aýallar, telpekli-telpekli adamlar geldiler. Üýşüp, bir zatlar okadylar. «Mamur eje pahyr gowudy» diýşip, kän gürrüň etdiler. Selbinýaz gelnejeme bolsa sögdüler. Abdylla kakamy ýatladylar. Aýallaryň käsi agladam.

Şol gije kakam Mamur ejelerde galdy. Ejem ikimiz gijäni aýaklap gaýtdyk.

Giç gelemizsoň, men köp ýatypdyryn. Şonuň üçin ejemiň haçan turup gideninem duýmandyryn.

Men oýanamsoň, Mamur ejelere gitmek üçin ýene köçä ylgamakçy boldum. Meni gyz doganym saklady:

—Gitme, gyz, saňa ejem baraýmasyn diýip gitdi.

—Barjak! Näme barman!—diýip, men jedirdedim.—Ömürem baryp ýörün-ä ol ýere!

Doganym: «Bärik gel!» diýen manyda maňa yşarat etdi. Men oňa golaýlaşdym. «Tutup goýbermän, saklajak bolýan bolaýmasyn!» diýen pikir bilenem arany gaty ýygyrman durdum:

—Näme, aýdyber!

Doganym pyşyrdady:

—Mamur eje ýogaldy, gyz! Şoň belli gününi edýäler bu gün... O taýda hemmeler aglaýandyr... gitme!

Şol wagt doganym ýumruk ýaly kesegi alyp, maňlaýyma ýelmäýen bolsa-da, bu habardan gowy bolardy. Ogul aýralygy sebäpli maýyp bolan betbagt Mamur ejäniň naýynjar keşbi göz öňüme gelende, ýaňaklarymdan ajy ýaşlarsyrygyp başlady hem bu habara gorkdum. Alasarmyk duýgular kalbymy mäjumlady.

Doganym gepiniň üstüni ýetirdi:

—Hol, ýagyşly gije, seniň üşäp, näsaglap gelen gijäň ýogaldy. Kakam dagy baranda, agzyny ýere berip, ýykylyp ýatan ekenmiş...

Meniň gynanjym ýüregime sygmady. Möňňürip aglap başladym. Özümem:

—Mamur eje-e! Mamur eje-e!—diýip, aglaýardym.

Özümi dünýede ýeke galan ýaly duýdum. Mamur eje bilen şeýle öwrenişenimdenmi-nämemi...

Doganym hernäçe ibermejek bolsa-da, men Mamur ejäniňkä gitdim. Barsam, şeýle bir adam köp eken. Başatgyçly aýallar-a içerde häli-şindi ses edişip aglaşýardylar. Daşardaky erkek kişiler bolsa, başlaryny aşak salşyp otyrdylar...

Başatgyçly aýallaryň içinden ejemi gözledim. Ýöne kimiň-kimdigini biler ýaly däldi. Hemmeler başatgyçlaryny berk sümrüşip, ters bakyşyp otyrdylar.

Şeýle bolansoň, men Selbinýaz gelnejemiň jaýyndaky aýallaryň bir çetinde ornaşdym-da, agymy dowam etdim. Gynanjymdan ýüregim çat açyp barýardy. «Mamur eje-e!» diýibem, birsyhly gygyrýardym.

Gapdalymda oturan aýallaryň biri egnimden emaý bilen tutup, pyşyrdap maňa ýüzlendi:

—Balam, bu ýere çagalara gelmek bolmyýa... Bar, gyzym, öýüňize gaýt! Ejeňem barar agşamlyk...

Men bialaç gaýtmaly boldum. Agşam ejem geldi. Kakam bolsa ep-esli wagt Mamur ejäniňkiden girip-çykdy.

Soň Mamur ejäniň kyrky geçdi, soň ýyly... Ine, şeýdibem, ol hakdaky gürrüňlerem kem-kemden azalyp ugrady...

Kakam bilen ejem onuň ýorunjasyny orýardylar, gapysynda mal daňýardylar. Mellegine ol-bi ekinem ekýärdiler.

Mamur eje ýogalansoň, oba ýene bir habar ýaýrady. Mömün başlyk öldi. Ony bir gürrüňçilikd-ä: «Öldüripdirler» diýýärdiler, bir gürrüňçilikde-de: «Öwlüýäli meýdandaky» tutlukda özi asylyp ölüpdir» diýýärdiler.

Men bu gürrüňlere aň ýetirerden ýaş bolamsoň, nämäniň-nämedigini anyk bilemokdym. Ejem dagy bolsa goňşular bilen ol hakdaky gürrüňi gozgadyklary: «Bigünäni aglatsaň, iliň ojagyna kast etseň, ondan gowyny görermiň!» diýişýärdiler. «Ony Mamur ejäniň gargynjy tutdy» diýýärdiler.

Başlyk ölensoň, kakam hem çöle gitmesini goýdy. Öňküsi ýaly kolhozda suwçy bolup işläp başlady.

Aýlar-ýyllar kerwen gurap ötüp durdy. Menem indi okuwa gatnaýardym. Ýaz kanikulynyň bir gününde ejem çetkiräk obalaryň birine toýa gitjekdigini aýtdy. Menem ýene ondan galmadym.

Toý gyz toýy eken. Biz baranymyzda, heniz gelnalyjy gelmän eken. Her kim gelnalyjyny görjek bolup, daşarda yzan-da-çuwandy. Ulugyzlar topar-topar bolşup, sülmüreşip durdular. Aýallar bolsa onda-munda ikibir-üçbir bolup oturyşlaryna gybat edýärdiler. Çagalar dabanlaryna ot basylana dönüşip, ylgaşýardylar. Gazanlaryň başynda nahar bişirişip duran erkek kişiler güsürdeşip, her gezek gapdallaryndan ötüşip duran çagalara haý-küş edýärdiler:

—Haýt, gazana gaçýaňyz, garagollar! Baryň-aýt, aňyrrakda kowalaşyň!

Ejem ikimiz ilki içerik girip, çaý-çörek iýdik. Soňra bizem il ýaly, gelnalyjyny görmek üçin daşaryk çykdyk. Ejem çeträkde, iküç ýaşlar töweregindäki oglanjygy gujagyna alyp, ylgaşýan çagalara seredip oturan aýalyň ýanyna ugrady:

—Ogulmeňli ýaly-la ol...—diýip, ejem ýöräp barşyna özbaşyna gepledi. Baryp gujagy çagaly aýal bilen salamlaşdy-da, diýen sözüni ýene gaýtalady.—Ogulmeňli ýaly-ladiýip geläýdim, asyl, özüň ekeniň, gyz! Saglykmy, gurgunçylykmy?..

Ogulmeňli diýen aýal ejemiň şelaýynlygyna äwmän, agras gepledi:

—Şükür... Aý, şu çaga içerde saklatmady-da... çykaýdyk...

Oglanjygyň egninde nagyşlanyp tikilen birgeňsije gyrmyzy donjagazy, başynda akja telpejigi bardy. Biljagazy ýüpek ýaglyk bilen guşalypdyr. Özem şeýle eýjejikdi, gowujady. Garagollyklaryndan bir ýerde durup bilmän, güpürdeşip, at salşyp, itnişip ýören çagalara hezil edip seredýärdi.

—Bujagaz agtyjagyňmy?—diýip, ejem oglanjygyň donunyň synyndan çekip, Ogulmeňli daýza ýüzlendi.—Gowuja donam tikipdirler muňa.—Soňra ejem çaga gep goşdy.—Tüweleme, donuňy kim tikdi, hä?

Oglanjyk ejeme çala nazar aýlap goýberdi-de, ýene ünsüni çagalara gönükdirdi.

Ogulmeňli daýza uludan dem aldy. Gözowalarynda ýaş damjalary buldurady:

—Agtygym däl bi... Mömün pahyryň oguljygy...

Bu habara ejem birhili boldy. Eline kakylan dek, oglanjygyň donunyň synyny birden goýberdi-de, biraz yza süýşdi. Näme diýjegini bilmedik bolmaga çemeli. Birbada gepläbem bilmedi.

Ogulmeňli daýzanyň ýaňaklaryndan gözýaşlar togalanyp-togalanyp gaýtdy. Ol töwerekden ejap edip, eýlesine-beýlesine gabak astyndan syn saldy-da, aýalary bilen aldygyna gözýaşlaryny süpürdi. Soň çagajygyň eginlerini sypady:

—Arslan jan bi... Bir ady Ýagmyr... Ýagyşly gijede bolansoň, Ýagmyram diýäýýäs... Ýetim galdy bi çaga... Menden başga hossary ýok indi muň...

Ejem henizem geplänokdy. Ogulmeňli daýzanyň «ýagyşly gije» diýen sözi hem-de Mömün başlygyň adyny ýatlamagy meniň hyýalymy uzaklara alyp gitdi. Göz öňümde Selbinýaz gelnejemiň ýagyşly gijede bolup barşy janlandy. Mamur ejäniň sygryny daňýan tudy, sygyr döledäki waka, başy donly aýal bilen Mömün başlygyň bäbegi alyp gidişleri ýadyma düşdi...

Men haýran galmadan ýaňa çagadan gözümi aýryp bilmedim. Çagajygyň hem ýaňagynda hut Mömün başlygyňky ýaly meňi-de bardy. Ýöne entek ol meň uly däldi. Misli galam bilen garaja nokat basylan ýalydy. Mömün başlygyňky ýaly meň Ogulmeňli daýzada-da bardy. Ejemden soramasam, men Ogulmeňli daýzanyň başlygyň nämesidigini bilip biljek däldim welin, çagajygyň-a başlygyň ogludygyny duýdum.
16 лайков 148 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.