Millioneriň syry /Mark Fişer/-6

6-NJY BÖLÜM: ÝAŞ ADAM MAKSATDA ÜNSÜNI JEMLEMEGI ÖWRENÝÄR


—Kelläňize gelýän islendik sowaly maňa berip bilersiňiz,—diýip, millioner aýtdy.—Men olara uly höwes bilen jogap bererin. Tiz wagtdan sizde şeýle mümkinçilik bolmaz, sebäbi biziň duşuşyk möhletimiziň wagty çäkli, şonuň üçin-de soraberiň. Ine size galam. Sizde kagyz barmy?
—Ynha.
—Siz hakykatdan-da baýamak isleýärsiňizmi?
—Elbetde.
—Onda gowy.Siz näçeräk pul edinmekçi bolýandygyňyzy, şeýle-de bu möçberdäki puly gazanmak üçin özüňize näçeräk wagtyň gerek boljakdygyny ýazyň. Munuň özü-de baý bolmagyň syrydyr. Ýaş adam Basym Millioner ýene-de özüniň uguny ýekeleýändir öýdüp pikir etdi.
—Şu sanlary ýazan dessime pullar asmandan meniň üstüme ýagyp başlar diýip pikir edýärsiňizmi?
—Hut şeýle,—diýip, millioner tutanýerly aýtdy.
—Siziň biynjalyksyzlanmagyňyz meni geň
galdyrmaýar. Men ozal hem syryň örän ýönekeýdigi barada duýdurypdym. Maňa geň galyjylyk bilen seredip durmagyň zerurlygy ýok. Düşündirmäge başlamazymdan ozal maňa bir zat barada aýtmaga puryja beriň. Meniň gabat gelen millionerlerimiň ählisi-de, haçanda öz öňlerinde belli bir möçberdäki puly belli bir möhletde gazanmak babatda maksat goýan pursatlaryndan başlap hem baýap gidendikleri
barada gürrüň berdiler.
—Bagyşlaň, ýöne men düşünmeýärin. Meniň puluň möçberini we möhletini ýazanymdan näme peýda bar?
—Eger siz nirä barýanyňyzy bilmeseňiz, hiç ýere-de ýetip bilmersiňiz.
—Belki-de, bu zatlaryň ählisi-de, meniň göwnüme bolmasa haýsydyr bir gözbagçylyga çalym edýän ýaly.
—Ol hut şeýle-de—mukdarly maksadyň syrly gadygöýlügi. Geliň, meselä başgaça seredeliň. Siz özüňizi iş gözleýän adam diýip göz öňüne getiriň. Siz arza berdiňiz, söhbetdeşlikden geçdiňiz we belli bir wagt geçenden soň size adyňyzyň dalaşgärleriň sanawyna goşulandgyny habar berýärler. Ýene-de
biraz wagtdan soň siziň kandidaturaňyzyň makullanylandygyny habar berýärler, siz işe kabul edildiňiz we köp pul gazanyp başlarsyňyz. Muňa siziň garaýşyňyz nähili bolar? Ilkibaşda siz özüňize
guwanarsyňyz. Eýsem näme, sizi onlarça ýa-da belki-de ýüzlerçe dalaşgärleriň arasyndan saýlap aldylar.Mundan ozal siz, göz öňüne getirip görüň, tutuş üç aýyň dowamunda işsiz oturdyňyz, ýa-da, diýeliň, siziň işiňiz bar, ýöne siziň häzirki wezipäňizden siz baryp bir ýyl ozal ösüp kemele geldiňiz, şonda siz özüňiziň işiňiziň şowly bolandygyna müňkür bolmaýarsyňyz. Ýöne eýforiýa geçip gidýär we
şonda siziň hereketleriňiz nähili bolar?
—Ilki bilen, men haçan işe başlamalydygymy bilerin. Soňra, ― köp pul diýen sözüň anyk nämäni aňladýandygyny bilmek islärdim. Dünýäde ähli zatlaryň gytaklaýyndygy sebäpli, men iş hakymyň, sylag tölegleriniň we beýleki ýeňillikleriň anyk möçberini bilmäge çalşardym.
—Siz, ýaş ýigit, meniň pikirimi gaýtalaýarsyňyz. Eger siz öz başlygyňyzdan ―köp puluň‖ nämäni aňladýandygyny sorasaňyz, ol bolsa sizi hakykatda-da örän köp pul aljakdygyňyzy ynandyryň başlasa, megerem, siziň onuň bilen iş salşasyňyz gelmese gerek? Munuň üstesine-de, siz oňa halal işlemeýänlikde müňkzür bolup başlarsyňyz. Eger ol aýlyk zähmet hakynyň möçberini aýtmak
islemeýän bolsa, onda, belki-de, zähmet haky şeýle bir köp hem däldir ýa-da bu ýerde haýsy-da bolsa bir pyrryldak ýatan bolmaly. Şonuň ýaly-da, eger ol size işe başlamagyň anyk wagtyny aýtmasa, bu size asla ýaramasa gerek, şeýle dälmi?
—Elbetde,—diýip, ýaş ýigit gojanyň delilleriniň hiç birinde ýekeje-de nogsanlyk tapman razylaşdy.
—Eger siziň berk talap edýändigiňize garamazdan, szi näme-de bolsa anyk jogap alyp bilmeseňiz, şonda siz näme ederdiňiz? Ýeňsäňizi öwrüp, başga bir iş gözlemäge ötägiderdiňiz—şonda siz hakyky mamla bolardyňyz.
—Hut şeýle. Bu iş hödürleýän ädäm ýa meni gul etmek isleýär, ýa-da ol adaty kezzap. Näme-de
bolsa, maňa bu işi çalyşmagyň zerurdygyny boýun almaga mejbur eder.
Millioner Sokrat ýaly öz şägirtleri bilen aýratyn jedelden soň lezzet alýan deýin göwnühoşdy. Ol bir minutlap dymdy, onuň dodaklry birazajyk ýasamalyk bilen çekildi, emma hoşniýetli ýylgyrdy.
—Edil şu wagt siz göz öňüne getirilýän iş berijiden anyk delilleri talap etdiňiz gerek? Size köp tölenjekdigini bilmek doly ýeterlik däl, eýsem näçeräk tölenjekdigi has möhüm. Siziň işe alnandygyňyz baradaky habary ýöne tassyklamak ýeterlik däl. Mundan beýläk size haýsy günden işe başlaýandygyňyzy bilmek möhüm. Munuň üstesine-de siz şol şertleriň ählisiniň hat görnüşinde, şertnama ýa-da ähtnama görnýşinde beýan edilmegini islärsiňiz, bu has ynamlyrak bolýar. Elbetde,
belki-de ekeje söz hem ýeterlikdir, ýöne aýdylan sözi delil edip bolanok, ýazylany-- bolýar. Biziň
durmuşymyzda-da ähli zat şeýle bolup geçýär. Adamlaryň köpüsi, iň bolmanda işi şowsuz bolýan adamlaryň tas ählisi diýen ýaly, hatda durmuşyň biziň nämäni sorasak, şony-da berýandigini göz öňüne-de getirip bilmeýärler. Nämedigi anyk däl zady soraýarsyň, namedigi belli däl zady-da alýarsyň. Azrak soraýarsyň, azrak hem alýarsyň. Eger durmuş saha ujypsyz zat berýän bolsa, geň galyp oturma,
ahyrsoňunda şol hem hut seniň soran zadyňdyr. Ýaş ýigidiň diňleýändigine göz ýetirip, goja millioner sözüni dowam etdi:
—Öz talaplaryňy dogry kesgitlemegi başarmak gerek. Ilki bilen, olar örän anyk we takyk
bolmalydyrlar. Eger gürrüň pul barada barýan bolsa, onda onuň möçberini we ony edinmegiň soňky möhletini kesgitlemek gerek. Adamlar adatça näme edýärler? Hatda eger olara pul hakykatdan-da örän zerur bolsa-da, şol bir ýalhyşlyklary goýberýärler. Subutnama hökmünde islendik adamdan ýöne onuň
üstümizdäki ýylda näçeräk pul gazanmak isleýändigini soraý we pikirlenmezdendessine jogap bermegini talap et. Eger ol adam üstünlik gazanmagyň ýoluna düşen bolsa, eger ol dogrudanda nirä barýanyny bilýän bolsa, özem şunda size bu babatda size habar bermäge onuň islegi bolsa, ol dessine size jogap berip biler. Ýöne adamlaryň ondan dokuzysy ýüz ugra şeýle ýönekeý sowala jogap berip bilmeýärler. Munuň özi iň giň ýaýran ýalňyşlyklaryň biridir. Durmuş siziň ondan nämä garaşýandygyňyzy bilmek isleýär. Eger hiç zat barada soramasaňyz, hiç zat hem alyp bilmersiňiz.
—Indi bolsa şol sowaly özüňize beriň,—diýip, goja sözüni dowam etdi.—Siz baýamak
isleýändigiňizi aýtdyňyz.
—Bu hakykat.
—Üstümizdäki ýylda siz näçeräk gazanç etmek isleýärsiňiz? Ýaş ýigit ýeke agyz hem söz aýdyp bilmeýändigini duýdy. Ol goja millioneriň delilleri bilen doly ylalaşýardy, ýöne baýamak isleýän, emme bu sözüň näçeräk möçberde aňladylmalydygyny anyk aýdyp bilmeýän köp sanly adamlara özüniň hem degişlidigine düşünýärdi. Halys aljyrap, onuň ýüzi doly
gyzardy.
—Men bilýän däldirin,—diýip, ol zordan gürledi.—Men özümiň esasy ýalňyşyma düşündim.
—Ol Örän çynlakaý ýalňyşlyk. Ýeri näme, geliň ony düzetmäge çalşalyň. Pikir edýän möçberiňizi ýazaýyň.
—Mende bu babatda hiç hili hyýala getirme ýok,--diýip, ýaş ýigit hüňürdedi.
—Ýöne bu örän ýönekeý ahyryn. Bolýar, onda şeýele edeliň. Size bir minut oýlanmaga puryja
berýärin. Haçan-da şol wagt geçendem soň siz, diýeliň, şu günden başlap, bir ýylyň dowamynda gazanmak isleýän pul möçberiňizi hökman ýazmalysyňyz. Çaltrak pikirleniň, wagt gigdip barýar.
Şol sözlerden soň goja öz öňünde stoluň üstünde durab çäge sagady ters tarapyna öwürdi. Ýaş ýigide öz ömründe heniz şeýle ezýetli pikire çümmek miýesser etmändi. Bu oýun asla ýönekeý hem däldi. Onuň kellesinde dürli sanlar aýlanýardy, olaryp biri beýlekisinden manusyzdy, wagt bolsa gidip barýardy. Ynha-da sagadyň iň soňky çägejikleri akyp gutardy, ol bolsa hiç bir zady
pikirlenip ýetişmedi.
—Wagt tamamalandy,—diýip, çägniň akyşyndan ýekeje pursat hem gözüni aýyrmadyk goja aýtdy.
—Öz möçberiňizi aýdyň.
Ýaş ýigit has amal edilip biliniläýjek sany ýazdy. Titgeýäm barmaklary kynlyk bilen sanlary
çyrşady.
—Otuz müň!—diýip, milliioner aýtdy.—Bu örän az, men üç ýüz müň dagy ýazardym. Ýöne başda bu bolýar. Basym millioner bolmak üçin siz kän işlemeli bolarsyňyz. Ýöne görersiňiz, bu iş, göräýmäge, biziň durmuşymazda iň bir çynlakaý işdigine garamazdan, şeýle bir agyr hem däldir. Şunda siziň näme bilen meşgullanýandygyňyz möhüm hem däldir. Munuň özi özüň üçin işlemek diýlip
atlandyrylýar.

(dowamy bar)


Mark FIŞER
2 лайков 115 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Maksat
22 авг 2021, 07:12
like
Ogulşirin Bayramowa
22 авг 2021, 10:30
Like Jiks!