Neçüýn?

Gyş aýazy at säpjetse köçäñde,
Ak gar golun çyzgap,depäñden eñse,
Guwanman erteki kybap görnüşe
Ýygrarsyñ señrigiñ:"Baharym gelse."

Tañryñ güni gawun pisint sanalgy,
Gelibiýr baranly bahar gyssasañ.
Güllerniñ müşküne ma:ýyl eden maý
Kölge gözläp zeýrenersiñ yssydan.

Şagalañly pursata baý çagalyk
Doýurýandyr oýun-baza açlygy.
Gyzygyp-garylyp gitjek ýalysyñ,
A sen bolsa alñasarsyñ ýaşlyga.

Juwanlyk dünýäñe bolaram myhman,
Hyjuwlydyr ýetikdir oñ göçgüni.
Ökünersiñ kynçylyklar kösände
Küýsäp,çagalygyñ köñül köşgüni.

Gyssagyñ gabawa salanda wagtyñ,
Ylgaw bilen ýetişeñde işiñe.
Ýene kakybiýrsiñ dileg gapysyn:
"Ah,boşlawrak bolaýmaly,diýsene"

Günleñ biri ümsümligem inäýer
Diýýän dek:"Menmi ýa ähli geregiñ?"
Göräýmäge ,bolsa-da oñat ýaly
Aşa tukatlykdan gysar ýüregiñ.

Ýakynlaryñ gallar durar daşyñy,
Ýüregiñ teselli arar ýatlardan.
Şol bir duýgy gezekleşer göwünde
Başgaça pursatda başga zatlarda.

Ynjyk göwnüm,saña ýaranmak ne kyn,
Jogabym ber, ýer goduklap,dymmagyn.
Neçüýn dünýäñdäki ajaýyplyklañ
Ýitirmezden duýmaýarsyñ gymmatyn?

Mahym Nurgeldiýewa.

19.07.2020
3 лайков 408 просмотров
68комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Chelsea
30 апр 2022, 18:12
Mümkin,
Meni Mahymyň ozi gorsa arkasyny alyanym un minnetdarlyk bildirerdi shlyapa
Chelsea
30 апр 2022, 18:14
Mümkin,
Gizleme bahylam gerega, one itergi bermane :)
Mümkin
Автор 30 апр 2022, 18:45
Chelsea,
Waý-eý,sen git-de şol Mahym bilen pikir alyşsana.Saña minnetdarlyk bildirsin otursyn.
Oñ sylagy meñkiden güýçli ýaly-la señ ýanyñda :)
Mümkin
Автор 30 апр 2022, 18:46
Chelsea,
Aýdýanyñ dogry.
Psihologiýa mollumymyñ meşhur sözi : "Gapma-garşylyk bolmasa ösüş bolmaz"
Chelsea
30 апр 2022, 19:20
Mümkin,
Nirvanadan owrendim mena kabir psihologiki maglumatlary

Waý-eý, kowma gyz gitjekdäl. Saýt eýesi bolmadygyňam bir gowy zat. Mende habarlasar yaly Mahymjanyn informasiyasy 0 derejede. Salamlaşyp, ilki bilen «bahyllaryň köp eken» diyerin
Mümkin
Автор 30 апр 2022, 19:44
Chelsea,
Mahym agrasdyr."Jan"diýiberseñ halaýan däldir.Ony diýmek üçin ýörite rugsatnama almaly.
("Sezaryñ haky Sezara" diýipdirler.Şo tarapdan-a bek şol)
Garabufer
30 апр 2022, 20:11
Betâwolluñözã
Mümkin
Автор 30 апр 2022, 20:48
Garabufer,
Goýsana-aý betlik näme işlesin :)
Chelsea
30 апр 2022, 21:09
Mümkin,
Kleopatranam urusyp, sowesip alyp bopmandyr. In sonunda owgili sozler bn yenipdurler.

Mahymam owgiden ya gowy sozlerden yuz owresi yokla, bererle rugsatnamany. Rugsatnamanam owmesen bermeza shlyapa
Garabufer
30 апр 2022, 21:38
Tūweleme ,yazanma dūšūnjök sen özū
Mümkin
Автор 30 апр 2022, 21:55
Garabufer,
Bilimim ýetdimi? :)
Mümkin
Автор 30 апр 2022, 21:56
Chelsea,
Mahymyñ Kleopatra däldigem bir gowy zat.
Chelsea
30 апр 2022, 23:17
Mümkin,
Dogry aytyan. Dowurdes bolmazdym yogsa.

Tanayan bolsan ayt sona. Bira seni tanamasada tarapyny calyp oljek diy. Gunortadan gije yaryna cenli diy. Bilip galsa gowuda (dilime colamokla welin) shlyapa
Massimus
30 апр 2022, 23:50
KÖNE HEÑ

Birden tanyş heñ ýañlandy radioda:
"Aglama, Mahym jan, gitsem geler men!"
Oña hiñlenerdi tanyş-bilişler
Hökman, meni görerine mähetdel.

Irkilen deý süýji düýşüñ içinde,
Gözüm ýumup gönügerdim hyýala.
Gadymy dessanda galan köne heñ
Özüm üçin ýazylan deý hamana.

Senem hiñleneñde köpüñ ugruna
Öñkülerden has-da ünsli diñledim.
"Aglama,Mahym jan, gitsem geler men!"
Ýöne nämüçindir gitdiñ, gelmediñ.

Eliñden uçursañ arzyly guşuñ,
Nepi degmez asla, ahmyr-ahlaryñ.
Köşeşdire Tahyry-da bolmansoñ,
Özi aglap özi diñýär Mahymyñ.

...Ýyllar soñra kalbym gozgan köne heñ
Giñ pursat döretdi ýürek dökmäge.
Oýuña gelmesin ýazgarýar diýip,
Aýby ýokdur duşan bolsañ "Zöhräñe".

Mahym NURGELDIÝEWA.

Şu gyzyň şu goşgusyna prosta aşyk men.
Garabufer
01 май 2022, 00:14
Mümkin,şugūnã 5lik
Mümkin
Автор 01 май 2022, 03:32
Chelsea,
Ine,ony welin ýetirmeli bolar.
Mümkin
Автор 01 май 2022, 03:33
Garabufer,
Bilimim ýetdimi diýýän welin...
Chelsea
01 май 2022, 04:38
Mümkin,
Ýata gyw :) (ya swidanýadan geldiňmi hihi )
Chelsea
01 май 2022, 04:42
Maňa bu wagt "sen name un yatanok?" diyjek bolarsyn, men zahmet cekip yorun. Isde men (night shift) shlyapa
Mümkin
Автор 01 май 2022, 04:44
Chelsea,
Kleopatrany öwüp ýeñipdirler diýdiñ welin,bu waka hakda hemem onuñ ykbaly barada bilýänleriñi paýlaşyp bilermiñ?!
(Aslynda taryh bilen kän gyzyklanamok,ýöne ondaky gyzyklyja başdan geçirmeler göwnüme ýaraýar, meselem Syragyñ Dariý birinjiniñ (rim sifiryny tapmadym) goşunyny aldap,çölde gyryşy,Kir ikinjiniñ Tumar şa özüne durmuşa çykmagy teklip edişi,Tumar şa kabul etmäni üçin duşman boluşlary,Kir ikinjiñ Tumar şanyñ ogluny alyp gaçyp,ölümine sebäp boluşy we ş.m)
Mümkin
Автор 01 май 2022, 04:49
Massimus,
Waý,sen bir beý diýme-dä. :)
Bu goşgy çap edilenden soñ Mahym ony gowşak hasaplap,şahsy arhiwinden pozýar.(Nejis gyz diýýän-ä men:)) Emma bir ýyl soñ kitapcy saýtyna girip ýörkä,Goçmyrat Orazberdiýew "Señ şeýle goşguñ bardy.Şony paýlaşaý" diýeninden soñ,ilki goşguny pozandygyny aýdýar,soñam ony ýadynda galyşy boýunça täzeden ýazýar.Garaz,goşgunyñ ýaşamagynda Goçmyrat agañ paýy uly.
Mümkin
Автор 01 май 2022, 04:58
Chelsea,
night shift - näme?
Men mydama-da bu wagta oýa.Selärlige turup,agyz beklänimden soñ ertir namazyna garaşýan.Ertirimi okap ýene ýatýan :)
Garabufer
01 май 2022, 05:05
Mümkin,yok heniz
Garabufer
01 май 2022, 05:10
7kg semredim , namazdan soñ yatyanymdan göryän , arkayynlaşyp yatylyada
Garabufer
01 май 2022, 05:11
Oraza gutaran soñ berhiz saklajak nesip bolsa,
Mümkin
Автор 01 май 2022, 05:32
Garabufer,
Wah-eý, haçanam bolsa bir gün saña düşünjek derejede bilimli bolarmykam?
Maña-ha her kim "Horlanypsyñ"diýýär,uzagyndan bolawersin :) Ýogsam menem ýassyny okap,sähelçe wagt geçensoñ ýatýan,ertirimi okap ýene ýatýan :) Ýöne agyz açanymda hemem beklänimde az iýýän.
Massimus
01 май 2022, 07:16
Mümkin mümkin bolsa email-yňy aýdaýda
Mümkin
Автор 01 май 2022, 08:30
Massimus,
Sebäp?
Chelsea
01 май 2022, 08:47
Mümkin,
Night shift - gijeki nobat.
Menä iňlisçäni 70.000(yetmis mun) sozli english-ruussian language tranlation kitabym bar. Hemmesini owrenmesemem gerekli zatlary sondan owrendim. Dusundirilisem bar. Yone google transleta hem dogry terjime etyar, emma hemmesinin dusundirilisini berenok. Hemem inlis sozlernin kabirini internetden turkmenca terjime etsen dogry etmeyan yerem bolyar. Son un rus ya arerbayjan dilini bilsen we sona ternime etsen has dogryrak bolya. Umuman inlisce dusunmesen dp maslahat beryanda Mahymjan.

Kleopatrany owup yenipdirler diymek bu yeke waka bn bagly bolup yeniş alnan dal. Umumy uly gurrun. Yekeje rowayata syganokda. Ya bir urusda owgi bn aldanan dal.

Kleopatra barada ozumde bar bolanlary sana ugradayyn meil yaz. Ya Londonistheblue1905@gmail.com yaz. Ugradayyn. Gaty icgin gyzyklansanam google da kop yone saylap gozlap almalyda.
Chelsea
01 май 2022, 08:55
Sen erkinligi halayan diyende «Kleopatra ýaly juda özerkli, ygtyýaryna güýji ýeten aýaly hem agyr goşun çekip, zabt edip alyp bilmändirler, ony iň soňunda öwgi bilen alyp ýatypdyrlar» diyen sozlem yadyma dusdide yazaydym. Kleopatra in sonky faraon(ellinistik melikesi) ya yylan bn jynsy gatnasykda boljak bolup alahowren yylanyna ozini cakdyrypdyr, olam olumine sebap boludyr(rowayat bolaymasa, yylana cakdyrar yaly akmak daldirle) diyen zatlaram bar. Emma ahli adamyn owgini halaysy yaly olam halapdyr owgini.