Neçüýn?

Gyş aýazy at säpjetse köçäñde,
Ak gar golun çyzgap,depäñden eñse,
Guwanman erteki kybap görnüşe
Ýygrarsyñ señrigiñ:"Baharym gelse."

Tañryñ güni gawun pisint sanalgy,
Gelibiýr baranly bahar gyssasañ.
Güllerniñ müşküne ma:ýyl eden maý
Kölge gözläp zeýrenersiñ yssydan.

Şagalañly pursata baý çagalyk
Doýurýandyr oýun-baza açlygy.
Gyzygyp-garylyp gitjek ýalysyñ,
A sen bolsa alñasarsyñ ýaşlyga.

Juwanlyk dünýäñe bolaram myhman,
Hyjuwlydyr ýetikdir oñ göçgüni.
Ökünersiñ kynçylyklar kösände
Küýsäp,çagalygyñ köñül köşgüni.

Gyssagyñ gabawa salanda wagtyñ,
Ylgaw bilen ýetişeñde işiñe.
Ýene kakybiýrsiñ dileg gapysyn:
"Ah,boşlawrak bolaýmaly,diýsene"

Günleñ biri ümsümligem inäýer
Diýýän dek:"Menmi ýa ähli geregiñ?"
Göräýmäge ,bolsa-da oñat ýaly
Aşa tukatlykdan gysar ýüregiñ.

Ýakynlaryñ gallar durar daşyñy,
Ýüregiñ teselli arar ýatlardan.
Şol bir duýgy gezekleşer göwünde
Başgaça pursatda başga zatlarda.

Ynjyk göwnüm,saña ýaranmak ne kyn,
Jogabym ber, ýer goduklap,dymmagyn.
Neçüýn dünýäñdäki ajaýyplyklañ
Ýitirmezden duýmaýarsyñ gymmatyn?

Mahym Nurgeldiýewa.

19.07.2020
3 лайков 408 просмотров
68комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Mümkin
Автор 01 май 2022, 09:20
Chelsea,
Jan diýmän geple.
Sag bol beren maglumatlaryña.
Chelsea
01 май 2022, 09:21
Mümkin,
Dogryda ownup aldyna shlyapa
Mümkin
Автор 01 май 2022, 09:24
Chelsea,
Men haçan öwündim?
Chelsea
01 май 2022, 09:35
Mümkin,
:)) degişýänle
Mümkin
Автор 01 май 2022, 10:19
Chelsea,
Bolýa-la.Kleopatra hakynda aýtjaklaryñy mowzuk edip açaý,kyn görmeseñ.
Chelsea
01 май 2022, 10:40
Mümkin,
Yaltanyan welin, acayaryn :)
Mümkin
Автор 01 май 2022, 12:02
Ok.
Massimus
01 май 2022, 18:42
Şahsydan ýazjak bolýan welin bolanok, kitapça goýmak üçin mowzuklary ugradaýjakdym.