Ezraýyl (a.s.) ýeke bolup, bir wagtda wepat bolan bir giden ynsanyň ruhuny nädip almaga ýetişýär?
Bu soragda-da ýene beşeri ölçeg we bu ölçegleriň ynsany ýalňyşdyrýandygyny görýäris. Melegiň ynsana meňzedilmeginiň ýalňyş bolşy ýaly, «nomeni» «fenomende» görmek, ruhuň funksiýasyny jesetde gözlemek hem bir ýalňyşlykdyr. Şonuň üçin sowalyň ýüze çykmagyna sebäp bolan düşünje ýetmezçilklerini, terminologik hatalary düşündirmezden soraga jogap bermek ýerine düşmez. Ilki bilen düşünjedäki ýetmezçilikleriň nokatlary bellenilmeli, soňra soraga jogap bermeli.
Melek, ýaşaýan älemi taýdan ýaradylşy, görnüşi, jogapkärçiligi we wezipeleri bilen tutuşlygyna tapawutly barlykdyr. Ony öz äleminde görmezden, görnüşine we wezipesine düşünmezden derňemek, ol barada hökümler bermek, elbetde ýalňyş bolar. Bu sebäpden ilki bilen onuň bu tapawutly taraplarynyň tanalmagy zerur diýip hasap edýäris.
Melek, kuwwat manysyny berýän «melk» şeýle hem «ilçi» manysyny berýän «melek» sözlerinden alnypdyr. Birinji manysyna görä örän kuwwatly, belki aýn-y kuwwat manysyny, ikinjisine görä-de Allahyň emrlerini alyjy we getiriji hökmünde ilçi manysyny berýär. Bu ýokary derejeli wasplar Hak Tagalanyň ýaradan ähli meleklerinde bardyr. Aýratyn hem wahyý getirmek bilen wezipelendirilenlerde bolmagy zerurlykdyr. Bu ýokary derejeli barlyklar ýaşaýşa-da, ölüme-de gözegçilik etmeklerinden başga-da, arş-y ylahy ýüküni göteriji we Hak diwanynyň haýran ediji wezipelerine çenli giň bir meýdanda Allahyň dolandyrýan işlerine gözegçilik we tomaşa etmek bilen borçlandyrylandyrlar.
Makro älemden mikro äleme çenli ähli üýtgeşmeler we öwrülşikler, ähli birleşmeler we aýrylyşmalar, elmydam bu kuwwat we ilçi wekilleriň-melekleriň nazarýetinde bolşy ýaly, Allahyň «kelam» sypatyndan beşere gelen ýaşaýşa degişli kanunlara hem ýene bu emin we güýcli barlyklar tarapyndan wekilçilik edilýär. Her kime belli bolan dartyş we itmek kanunlaryndan elektronlaryň ýadronyň töweregindäki belli tertipdäki hereketlerine çenli bu agyr we inçe işlere gözegçilik etmek gör nähili üýtgeşik kuwwaty talap edýär we muňa nähili ynamdarlyk gerek!
Melekler şeýle derejede närseleriň we hadysalaryň içindedirler, olarsyz ýagyşyň bir damjasyny-da gögüň gürleýşini-de göz öňüne getirmek mümkin däldir. Ine, ýaradylyş kanunlarynda «älemde gaýtalanyp durýan kanunlar» ýagny, aň-düşünjesi bolan bu güýç-kuwwatlar, ähli zady golunda tutan Hakyň soňsuz kuwwatynyň (başarjaňlygyna we ukybyna görä), olardaky tejellisinden ybarat bolşy ýaly bu beýik we üýtgeşik tejelliniň jemlenýän nokady bolan, iň gymmatly barlyk ynsanoglunyň hal-hereketlerini düzgünleşdirmek üçin ylahy älemden öwsüp gelen wahyý we ylham öwüsgünleri hem ýene wahyý we ylham sahybynyň olardaky tejellisinden başga zat däldir.
Bu sebäpden Ýaradan bilen ýaradylanyň arasynda araçy bolan we ýaradyjynyň üýtgeşik gudratyna daýanyp atomlardan galaktika çenli ümmülmez giň meýdanda melekuti* güýç-kuwwatynyň gözegçiligine we dolandyryşyna wezipeli bolan melekleri beşere meňzetmek we beşere zerur bolan käbir çäklendirmeleri olara-da degişli ýaly görmek düşünje ýetmezçiligi we nadanlykdyr.
*(Bir närsäniň iç ýüzi. Doly ygtyýarly bir häkimýet bilen ylahy soltanlygyň täsirleriniň we syrlarynyň akyp duran älemidir).
Hawa, eger melek hem ynsanlar ýaly maddy bir jesedi göterip çözülmä we dargama mejbur bolsady we her bir janly-jandar ýaly wagtyň täsirinde bolsalardy, olar hakynda beriljek hökümler babatda ynsany deňeşdirer ýaly bir ölçeg we nusga edip almak mümkin bolardy. Emma, olar biri-birinden düýpgöter tapawutlanýarlar, bu ikisini biri-brine deňemek mümkin däldir.
Melekler ýaradylyş babatda ynsandan parhlydyr. Bu parhlylyk olaryň örän uly giňişlikdäki gulluk borçlary bilen baglanyşklydyr. Ýaradylyşlaryndaky bu durulyk we nurlulyk olary has girgir we has akyjy edýär. Bir wagtda birnäçe ruhy ýaňzytmak, birnäçe göz tarapyndan görülmek we birnäçe şekilde bolup görünmek ýaly hususyýetlere eýe bolan melek Hezreti Aişäniň (r.a.) gürrüň beren bir hadysyna görä melekler nurdan ýaradylandyrlar. Bu sebäpden hem nuruň hususyýetlerine eýedirler.
Güneş ýaly parlak jisimleriň ýeke-täk bolsalaram islendik ýaldyrawuk zada şekilleriniň düşüp görünmegi, ähli gözleriň görejine bir wagtyň özünde girip bilmegi ýaly, barlyklary «nurdan» bolan melekler hem bir wagtyň özünde birnäçe ruhlara şekilleri düşüp, bir wagtda müňlerçesi bilen gatnaşyk saklap bilýärler.
Galyberse-de, ýaradylyşlary latif bolan melekler Gün ýaly maddy we gaty zatlardan hem örän parhlydyr. Olaryň dürli şekile we görnüşe girip bilişleri ýaly, bir wagtyň özünde dürli şekilde görnüp hem bilýärler. Gadymdan bäri dindarlaryň arasynda, häzirki döwürde bolsa özlerini bilimli hasaplaýan gatlaklaryň arasynda bilinýän bu temessül aýratynlygy şeýle bir bilnen mesele halyna gelipdir, hünärmenleriň pikiriçe tejribeler arkaly alnan netijeler kimin anykdyr. Her gün diýen ýaly gazet we žurnal habarlarynda haýsyda bolsa bir ynsanyň dublesine we aurasyna jisimiň tapylan ýerinden örän uzaklarda duş gelinendiginden we şol duş gelinen ýerinde öz ygtyýarly käbir hal-hereketleri edendiginden söz açylýar. Bu meseläniň asly näme bolsa şol bolsun, ruh ýaly latif barlyklaryň jisime garanyňda has akgynlydygyny, has hereketlidigini we has kuwwatlydygyny görkezýär.
Bu maddadan aňyrdaky akgynlylyk we dowamly hereket, jisime derek ikinji barlygyk bolan ruhuň has işjeň bolýandygyny görkezişi ýaly, ruh bilen melek deňeşdirilende-de ruhdan has hereketli bolan melegiň tebigat kanunlaryndan ýokardaky funksiýalaryna yşarat edilýär.
Melek we ruhlaryň başga görnüşde bolýandygy gadymdan bäri bilinýändir. Ilkibaşda pygamberler, soňra birgiden beýik pirler we weliler bu meseledäki göz ýetirenlerini düşündiripdirler we halk arasyndan birnäçe adamlary-da muňa şaýat tutunypdyrlar.
Jebraýylyň (a.s.) dürli şekillerde görünmegi we haýsy hadysa bilen baglanyşykly gelen bolsa, şol hadysa görä şekil almasy, meselem, wahyý getiren pursadynda ilçiniň wezipesine uýgun şekilde, söweşiň öň ýanynda bolsa söweşji şekilinde gelmegi onuň ýagdaýa görä şekilini üýtgedýändigine mysal bolup biler. Melegiň şekilini üýtgetmegi hem örän köp dürli bolup, melekleriň umumy bir häsiýetidir. Jebraýylyň (a.s.) Hezreti Dyhýe (r.a.) keşbinde görünişi ýaly, ady bize näbelli bolan başga bir melegiň Uhud söweşiniň iň aldym-berdimli pursatlarynda Musab bin Umeýr bolup Resulyllahyň öňünde ertirden agşama çenli söweşipdir. Ýene birnäçe melekler Zubeýr bin Awwam bolup Bedir söweşine gatnaşyp müminleriň ruhy taýdan güýjüniň artmagyna kömek edipdirler.
Hak dostlarynyň muňa meňzeş şekilde gaýyp äleminiň ärleri bilen eden gatnaşyklary sanardan kändir. Şeýle hem, düýşleriň üsti bilen melekleriň ýönekeý halka hem görünmegi meselämizi inkär edip bolmaz ýaly derejede güýçlendirýär. Umuman her kimiň, bilýän we tanaýan, özi bilen ýakyndan gatnaşýan bir ruhuň düýşleriň üsti bilen özüne ýol görkezýändigine, ýoluna yşyk tutýandygyna şaýatdyr. Emma käbir kişiler düýşleriň käbir hadysalaryň ynsanyň aňyna täsiri netijesinde bolup geçýändigi bilen çäklendirjek bolup bu meseläni düşünilmez ýaly derejä eltjek bolýarlar, nälet bolsun nadanlyga!
Bu meseläni melekler, temmesül we ruhlar bilen baglanyşykly hususlaryň giňişleýin düşündirilýän çeşmeleinre ýüzlenmegi maslahat berip, netije hökmünde şulary aýdyp bileris. Her barlygyň aýnaň ýüzünde görünşi ýaly melek özüne aýna bolup biljek her bir ýerde görnüp biler hem-de maddy we gaty jisimler ýaly diňe şekil bolup däl-de, edil özi ähli funksiýalary bilen görnüp biler...
Bu hususda onuň ýeke-täk bolmagynyň hiç bir zyýany ýokdur. Bolan ýerinden bir şugla ýaly nurlanyp islän ýerine goluny uzadyp biler we islän işini edip biler. Oňa ne aralyklaryň uzaklygy, ne-de arabaglanşyk guran şahslaryň köplügi päsgel berip biler. Günüň ýeke-täkdigine garamazdan, özüne tarap ýüzüni öwren aýnalaryň ukyplaryna görä her ýerde görülip duýluşy we täsirine şaýat bolnuşy ýaly tutuşlygyna nur we nurana bolan melekler, elbetde, her ýerde görnüp bilerler we wezipelerini ýerine ýetirip bilerler... Janam üfläp bilerler, janam alyp bilerler.
Galyberse-de jan alan we ruhlary ýygnan aslyýetinde Allahdyr (j.j.) Ezraýyl (a.s.) bolsa Hakyň her işinde bir kysym gözegçileriň we alkyşçylarynyň bolşy ýaly, ruhlaryň bedenden alynmagynda ol bir gözegçi we alkyşçydyr. Her ýerde häzir we nazar bolan Ýaradan akyla-hyýala we hiç bir hasaba sygmajak birnäçe işi bir wagtyň özünde edip bilşi ýaly, milliardlarça barlygy bir wagtyň özünde baram edip biler, ýok edibem biler. Ine bu aklyňy haýran edýän gudrat we ähli närsäni her wagt görüp bilen soňsuz ylymdyr, käbirleri muny akyldan uzak görseler-de, älemiň zerreleri ýaly işleri bir wagtda garyşdyrman edip biler we her ýerde ölenleriň ruhlaryny-da ýygnap biler.
Şeýle hem ruhlary almak işini islese Beýik Ýaradan, islese Ezraýyl ýerine ýetirsin, her ruhy alynjak kişi wagty dolanda hoşniýetlik bilen boýun bolar we ruhy alnar. Muňa gowy düşünilmegi üçin bir mysal getireýin. Meselem, bir tolkunda işleýän müňlerçe radio tolkunlaryny tutujylary göz öňüne getireliň. Olaryň işleýän tolkunyna tolkun ýollaýan «iberiji» düwmä basan wagty hemmesine bir signal ýa-da morze elipbiýsinden käbir harplar eşidilmäge başlar. Edil şonuň ýaly, ejiz, pakyr we mätäç halda, güýçli we mätäçligi bolmadyk gapa ýüzleri öwrülen mahluklar wada we müddet düwmesine basyp jan üfleýän ýa-da jan alýan Gudraty Güýçlä bakyp, haçan iberilse ýa dirildiji, ýa öldüriji signallary ruhunda duýmaga başlar. Ejiz beşer bir simsiz, şertli ýa-da teletolkunlar iberýän düwmeler bilen kilometrlerçe uzakdaky enjamlary nähili edeýin diýse edip bilýärkä, näme üçin bize degişli bolan kemçiliklerden we nogsanlyklardan uzakda bolan barlyk, bir wagtda janly mehanizmlerden ybarat bolan ynsan ruhy bilen baglanşyk gurmasyn, islän wagty ony alyp isledigiçe-de dowam etdirip bilmesin?
Bularyň ählisini bir ýana goýalyň, ruhlaryň alynmagy babatda parhly garaýyşlar bar.
1.
Beýan edip geçişimiz ýaly her janly-jandara ýaşaýyşy Allahyň berişi deýin, onuň ömrüni soňlandyran hem ýene Allahdyr. Muňa görä Ezraýylyň (a.s.) wezipesi diňe bu kämil işe gözegçilik etmek we alkyşlamakdyr.
2.
Allahyň emri we rugsady bilen her ruhy Ezraýyl aleýhssalamyň almagydyr. Bir barlygyň ýeke özüniň munça işi edip bilmeginiň mümkindigine degişli bir topar mysallar getirip meseläni ýokarda aýdyňlaşdyrmaga çalyşdyk.
3.
Älem ýüzünde geçip gidip duran ähli işlere bir wekiliň ýolbaşçylygy astynda birnäçe melekleriň gözegçilik edişi ýaly, ruhlaryň bedenden alynmasy wezipesinde-de, Hezreti Ezraýyla (a.s.) kömekçi boljak bir giden melekler bardyr we olar hem dürlü toparlara bölünýärler. Käbirleri ynjytman, gyssandyrman, usullyk bilen ruhy alarlar, käbirleri bolsa alan ruhlaryny bulutlar mysaly gök ýüzünde ýüzdürip, Beýikleriň Beýigine ýetirerler. Kuran bu toparlaryň hemmesine yşarat edýär.
«Ol ýerinden goparyp, çuňdan çekenlere we usullyk bilen çekip alanlara we ýüzüp-ýüzüp gidenlere kasam bolsun». (Naziat, 1-3).
Bu nukdaý nazardan ruhy alynjak her şahsa aýry-aýry iberiljek birnäçe melek bardyr we olaryň ählisi Hezreti Ezraýylyň ýolbaşçylygynda hereket edýändirler. Ol Allahyň (j.j.) emri bilen ýagşy we ýaman ruhlara görä dürli-dürli melekleri iberer we amanatlary aldyrar.
Netije hökmünde şulary aýdyp bileris. Başdaky sowalyň berilmegine sebäp bolan zat ilki bilen düşünjedäki ýetmezçilikdir. Ýagny, melekleri ynsanlara meňzetmek bilen goýberilen ýalňyşlykdyr. Ýogsa, melegiň ne ýaradylyş babatda ne-de tebigaty babatda asla ynsanlara meňzemeýändigine anyk göz ýetirdik. Ynsana meňzemeýişi ýaly, olaryň ýerine ýetirýän wezipeleri hem tutuşlygyna başgadyr. Ol edil ynsan ruhy ýaly görnüşini üýtgeder, bir wagtda birnäçe ýerde görnüp biler we birnäçe arabaglanşygy gurnap biler. Şu günki günümizde mümkin boldugyça giňden ýaýraýan mediýumlyk, ruh çagyrmak we görünmeýän barlyklar bilen arabaglanşyk gurmak, hatda spiritizm we magnetizm ýaly zatlar, fizikanyň kanunlaryny aşan we olaryň ötesinde, akyl ýeterden aňyrda işler gören birnäçe aň-düşünjeli we anyk kanunlaryň barlygy meselesinde kesgitli karara gelip biljek manydadyr. Şeýle hem bular ýaly barlyklara meňzeýän melekler, bulardan hem has üstün wezipeleri berjaý ederler we hereketde bolup bilerler. Aýratyn hem ruhlaryň alynmagy ýaly bir meselede her janly ömür müddeti dolanda bu wezipäni ýerine ýetirijiler bilen göni baglanşyga girende... Şeýle hem wezipäni ýerine ýetirijileriň ýeke däl-de, sanardan kändigini we her wepat etjek barlyga gidip biljek bir melegiň bardygyny göz öňüne getirsek şübhä düşürjek, gümana goýjak bir hususyň galmayandygyny göreris.
Her zadyň dogrusyny Ol biler.

4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.