Maslahat içgin, üýşeliň!

Mende bir pikir bar. Şeýdäýsem diýýän öz-ä: Şu "yashlar.ru" skripti bilen edil bir "Twitter" ýaly täze saýt açylsa, saýda gireňde ýagny baş sahypa-da, diňe öňüňde Twitter-iňki ýaly gysgajyk (ýa-da uzyn) postlar bolsa, başga zatlar ýok bolsa. Iň esasy ýerem hemme kişem hemme kişiniň ýazan zatlaryna "retweet" edip bilse, ýagny jogap ýazyp goýup bilse. Nähili bolardy? Alalyň sizi kommentariýa...?
3 лайков 280 просмотров
15комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Jeksparro
19 ноя 2023, 09:05
Şony aýdaýyn diýdiňmi?
RelaX
19 ноя 2023, 09:23
beýle programa gozleyan bolsan bar eyam Owrenmeli App
Aman
Автор 19 ноя 2023, 16:09
setdars,
Çagalaryň programasy gerek däl we ol beýle prog däl.
Aman
Автор 19 ноя 2023, 16:11
Jekwarabey,
Diýenim üçin paýlaşýan bolsam bir adamyň çykyp diýdiňmi diýmegi tassyga mätäçdigini görkezýär. Tassyklaýaryn, diýdim!!!
RelaX
19 ноя 2023, 18:31
Ravzak,
şu ýerde näme çaga ýokmy acylyan postlarda uytgesik zat goremok , aytyan zatlan hemmesi bar shonda trend bolim postlan asagynda pikir alysmak ýa oz aydan zadyny okap dusunip bilenokmy
Aman
Автор 19 ноя 2023, 18:34
setdars,
Twitter bilen o programaň arasynda dag ýaly tapawut bar.
RelaX
19 ноя 2023, 22:17
Ravzak,
shona yakyn aydalana yakyn diydim men bolmanam kopyasy diyemok twiiter
sen aytyan diyan saytlan in barkisi app programasam yok
naman dawasyny etyann...
Aman
Автор 19 ноя 2023, 23:19
setdars,
Men programa açmaly diýemok, saýt açmaly diýýän. Aýdylana-da ýakyn däl, we men Ýaşlary aýtdym, Öwrenmelini aýdamok, dawada edemok.
RelaX
19 ноя 2023, 23:37
Ravzak,
men aytyanymam sayt , ol shol saydyn app gornisi , twiiter yaly etjek bolsan programasyny doretmeli bolyan
Aman
Автор 20 ноя 2023, 00:32
setdars,
Ilki saýt döredilse programasyny bir zat ederis.
Soltan
20 ноя 2023, 12:27
gowy pikir
Maksat
20 ноя 2023, 14:31
Erbet dal yone ulanjak adam az bolar
Edepli Gödek
20 ноя 2023, 15:57
Çagalar girmez ýal-a diýjek däl. Diňe bir bölegini girmez ýaly edip döredip bilseň: peýdasyz postlar açylmasa kellesine "çip oturdylan" çagalar we ýetginjekler girmeýän bir saýt edip bilseň al onda menden saňa rugsat (goldaýan). Çagalaryňam ultra mega smart beýnisi bilen atomy suwly getirip suwsyz getiryänleri bar. Garaz filtirläp bilermiň agzalary meň diýşim ýaly? Eger şolar ýaly edip bilmeseň seňem açan saýtyňy köp wagt geçmän "basyp alarlar".
Perhat Sabirovv
20 ноя 2023, 16:43
Açylýan mowzuklar ilki moderator tarapyndan barlagdan geçse hem beýle çagalaryň bolar bolgusyz mowzuklary açylmaz
Aman
Автор 21 ноя 2023, 20:49
_Bayat,
Niýetim-de şol bar, çaga gireniniň zyýany ýok, ýöne ýerliksiz zatlary göni aradan çykaryp duýduryş bermeli, şeýle-de ol bir "makala saýdy" däl-de, bir sosial saýt bolar bolsa, ýagny günlük durmuşyňyzdaky hadysalary, pikirleriňizi, soraglaryňyzy, bilýän zatlaryňyzy, illeriň diýen zatlaryna jogap hökmünde zatlary paýlaşmak, edil Twitter ýaly, bolmasa makala saýdy kän ýöränok eken sebäbi tutuş kopiýa makala hemmesi. Aý hany göreris-dä.