Islenen korollygy barada söhbet...

Günüňiz haýyrly bolsun. Bir jigim bar näçe ýyl bäri Clash oýnaýar. Arada bir gyzykly gürrüň tapdy. Aýdyşyna görä, Amerika biziň ýurdumyza çozmaga gorkýamyşyn. Sebäbi bizde hemme ýaşlar, urşuň taktikasyny gowy bilýämişin (Doly düşünemok, şol oýunda başga ýurtlar bilen urşup, ýeňýälermi, nämemi). Olam bir ýerden eşidendirdä. Hakyky uruş bilen wirtual oýunyň tapawudyny seljermeýän bu pikirlere güljegimem, haýran galjagymam bilmedim. Ýöne olar şol wirtualy hakyky durmuşdan pes görenoklar. Geliň bizem şu saýty bir korollyk (ýa-da bir kiçiräk döwlet) diýip göz öňüne getireliň. Haýsy agza haýsy wezipäni ýerine ýetirerdi we näme üçin?

Abaddon - prezident, özüni şoň ýaly alyp barýar, kän bolgusyz zatlara goşulanok, gerekli wagty görünýär.

Nirvana - Daşary işler ministri. Diplomatiýany gowy ýerine ýetirýär.

Pegas - Içeri işler ministri. (käbir pikirleri bilen ylalaşmasamda) işini berk alyp barjagyny bilýän, (sebäbi özüne ýazylan hiç bir teswiri jogapsyz galdyrmaýar, şu häsiýetini halaýan).

Mümkin - Medeniýet ministri. Düşünjeli, her mesele barada özüniň şahsy pikiri bar, medeni gymmatlyklarymyza hormat goýýar.

Hemedany - Isleneniň müftisi. Dinimiz barada gaty köp zatlary bilýär.

Hiayress - Baş prokuror.

FanB - Sport ministri.

Dark Wolf - Ýaşlar syýasaty ministri.

Senýorita - Zenanlar birleşiginiň başlygy.

Esma - Ýazyjylar birleşiginiň başlygy.

Remezan - Halkara gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň başlygy.

Khanture - Ylymlar Akademiýasynyň başlygy.

Keap begcon - "Dinsiz durmuş" partiýasynyň başlygy.

Ahmedik97 - "Dik 97" hususy telekanalynyň hojaýyny.

Aksary - Isleneniň halk artisti.

Nairobi - "Şadyýan joralar" şousynyň alyp baryjysy.

Granger - "Germiona magic" hususy psihatriýa klinikasynyň eýesi.

Gost - Salgyt gullugynyň başlygy (Nalogam şadyýan bolsunda).

Soho - Pensiýa ätiýaçlandyryş guramasynyň başlygy (Pensionerlerem şadyýan bolaýsyn).

Baýker - Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy.

Bendtner - Informatsion gepleşikleriň alyp baryjysy, orator.

Siz bular barada näme pikirde, özüňiz kimi haýsy wezipede goýardyňyz?
9 лайков 829 просмотров
155комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Leyli Amanowa
28 июн 2022, 19:34
Massimus
Nairobi,
Nairobi - Adalat ministri, şu wezipä özi mynasyp adam gözläp ýördük

Inni bolaydy hay garaz dawalaşyp almaly boldumay
Pegas
28 июн 2022, 19:34
Granger
Ýöne gynansakda bu wezipelere bellemezden ilki biziň elimizden geçmeli bolarlar.

Eliňden näçe gezek geçeli? Men birinji. :D
Гость
28 июн 2022, 19:35
Pegas,
Özi ýoga şu wagt ))
Leyli Amanowa
28 июн 2022, 19:35
Granger
Has saňky-suňkyraklara-ha elektroşok garaşýa.

Gorkuzma garashyan
#B.S
28 июн 2022, 19:35
Pegas
Granger
Ýöne gynansakda bu wezipelere bellemezden ilki biziň elimizden geçmeli bolarlar.

Eliňden näçe gezek geçeli? Men birinji. :D

Ha ha ha ;)))
Massimus
Автор 28 июн 2022, 19:35
Nairobi,
Inni bolaydy hay garaz dawalaşyp almaly boldumay

Bolan bolsa indi bir ýazanlamdan kemçilik tapmaweri :))
Harmony
28 июн 2022, 19:35
Pegas
Granger
Ýöne gynansakda bu wezipelere bellemezden ilki biziň elimizden geçmeli bolarlar.

Eliňden näçe gezek geçeli? Men birinji. :D

Şuny diýjegiňi bildim-eý ýazmankam. Onda-da ýazaýypdyryn-da, hazan))
Harmony
28 июн 2022, 19:37
Pegas, sen klinikaň ömürlik pasiýenti bolaýma birden?
Гость
28 июн 2022, 19:37
senyorita.,
Salam

Adamlar naloga başlyklygy az görüp otyrka nirdäki mekdep drekdri bolarynmow
Leyli Amanowa
28 июн 2022, 19:37
Massimus,
men wezipämi ylalaşyk usti bn satyn alan yaly bolup durun :(
Гость
28 июн 2022, 19:38
Granger on № 63Şu gün, 19:31
Ýöne gynansakda bu wezipelere bellemezden ilki biziň elimizden geçmeli bolarlar.


- Teňňäňiz bilen geliň diýdigi öýdýän muň
Harmony
28 июн 2022, 19:38
Khanture hem göni smiritelnyý rubaşka. "Ýer tekiz taslmasy" näsaglaryň pikiri.
Pegas
28 июн 2022, 19:39
Granger
Pegas, sen klinikaň ömürlik pasiýenti bolaýma birden?

Razy! Razy! Razy! ?
Massimus
Автор 28 июн 2022, 19:40
Nairobi,
Massimus,
men wezipämi ylalaşyk usti bn satyn alan yaly bolup durun :(

Ylalaşyp ýaşasak gowy dälmi gaýtam?
Leyli Amanowa
28 июн 2022, 19:40
"Halk artisti" diyip zat yok "At gazanan artisti" sähne :/
Harmony
28 июн 2022, 19:41
Гость
Granger on № 63Şu gün, 19:31
Ýöne gynansakda bu wezipelere bellemezden ilki biziň elimizden geçmeli bolarlar.


- Teňňäňiz bilen geliň diýdigi öýdýän muň

Pul janyňyzy alsyn. Dowtorlara-da dogry düşüniň. Göni naloga geçjek bü.
Leyli Amanowa
28 июн 2022, 19:42
sen entek döwleti gurap bileňok wezipe beylede dursun wezipelerem agzalaram täzelemeli
Гость
28 июн 2022, 19:42
Nairobi,
Bara how "halk artisti" dereje
Leyli Amanowa
28 июн 2022, 19:43
Aslynda "Gost" daşary işler ministri "Döwsypat" içeri işler ministri edilsin
Harmony
28 июн 2022, 19:43
Pegas
Granger
Pegas, sen klinikaň ömürlik pasiýenti bolaýma birden?

Razy! Razy! Razy! ?

Paranoikligiňden nam-nyşan galmaz. Nämä razy diýýäkä bu bende. Paranoiklerem edil şeýle-dä?
Leyli Amanowa
28 июн 2022, 19:43
Pegas- Goranmak ministri
Massimus
Автор 28 июн 2022, 19:44
Nairobi,
"Halk artisti" diyip zat yok "At gazanan artisti" sähne :/


Halk artisti diýip eşitmediňmi ömrüňde, okuwda dagam aýtmadylarmy şeýle zat bar diýip
Гость
28 июн 2022, 19:44
Granger,
Bagyşlaweri Greýnjer hanym. Men para soraýansyň öýdüpdirin :)
Leyli Amanowa
28 июн 2022, 19:45
Гость,
5-6 sany keliň çykaran karary bilen halk artisti bolnanok halk ses berenok olara ya-da şo derejä garaz duşuniwer
Leyli Amanowa
28 июн 2022, 19:47
Yok Gosty daşary işlerden ayyrmaly bolduk birhili Aksary diyesimem gelyä welin şuňa layyk adam tapyp bilemoklay :(
Гость
28 июн 2022, 19:47
Nairobi on № 85Şu gün, 19:43
Aslynda "Gost" daşary işler ministri "Döwsypat" içeri işler ministri edilsin

Näme üçin adymy goşa dyrnagyň içinde ýazýan urya
Harmony
28 июн 2022, 19:47
Гость
Granger,
Bagyşlaweri Greýnjer hanym. Men para soraýansyň öýdüpdirin :)

Köpçülikde aýtmaýyn ony.
Prokuror-Mwd barysy otyr-a. :)
Massimus
Автор 28 июн 2022, 19:47
Nairobi,
Men ýöne bulary giriş üçin ýazaýdym, aslynda agzalaryň pikirlerini bilmek isleýän, Siz kimi haýsy wezipä bellärdiňiz diýip
Leyli Amanowa
28 июн 2022, 19:48
Massimus,
ana aşakda yazdym döwlet gurjak bolsaň binyadyny berkden tut häzirkiň kopiyasy bolmasyn
Гость
28 июн 2022, 19:49
Granger,
Aýdywersene bary özli-özümiz