Islenen korollygy barada söhbet...

Günüňiz haýyrly bolsun. Bir jigim bar näçe ýyl bäri Clash oýnaýar. Arada bir gyzykly gürrüň tapdy. Aýdyşyna görä, Amerika biziň ýurdumyza çozmaga gorkýamyşyn. Sebäbi bizde hemme ýaşlar, urşuň taktikasyny gowy bilýämişin (Doly düşünemok, şol oýunda başga ýurtlar bilen urşup, ýeňýälermi, nämemi). Olam bir ýerden eşidendirdä. Hakyky uruş bilen wirtual oýunyň tapawudyny seljermeýän bu pikirlere güljegimem, haýran galjagymam bilmedim. Ýöne olar şol wirtualy hakyky durmuşdan pes görenoklar. Geliň bizem şu saýty bir korollyk (ýa-da bir kiçiräk döwlet) diýip göz öňüne getireliň. Haýsy agza haýsy wezipäni ýerine ýetirerdi we näme üçin?

Abaddon - prezident, özüni şoň ýaly alyp barýar, kän bolgusyz zatlara goşulanok, gerekli wagty görünýär.

Nirvana - Daşary işler ministri. Diplomatiýany gowy ýerine ýetirýär.

Pegas - Içeri işler ministri. (käbir pikirleri bilen ylalaşmasamda) işini berk alyp barjagyny bilýän, (sebäbi özüne ýazylan hiç bir teswiri jogapsyz galdyrmaýar, şu häsiýetini halaýan).

Mümkin - Medeniýet ministri. Düşünjeli, her mesele barada özüniň şahsy pikiri bar, medeni gymmatlyklarymyza hormat goýýar.

Hemedany - Isleneniň müftisi. Dinimiz barada gaty köp zatlary bilýär.

Hiayress - Baş prokuror.

FanB - Sport ministri.

Dark Wolf - Ýaşlar syýasaty ministri.

Senýorita - Zenanlar birleşiginiň başlygy.

Esma - Ýazyjylar birleşiginiň başlygy.

Remezan - Halkara gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň başlygy.

Khanture - Ylymlar Akademiýasynyň başlygy.

Keap begcon - "Dinsiz durmuş" partiýasynyň başlygy.

Ahmedik97 - "Dik 97" hususy telekanalynyň hojaýyny.

Aksary - Isleneniň halk artisti.

Nairobi - "Şadyýan joralar" şousynyň alyp baryjysy.

Granger - "Germiona magic" hususy psihatriýa klinikasynyň eýesi.

Gost - Salgyt gullugynyň başlygy (Nalogam şadyýan bolsunda).

Soho - Pensiýa ätiýaçlandyryş guramasynyň başlygy (Pensionerlerem şadyýan bolaýsyn).

Baýker - Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy.

Bendtner - Informatsion gepleşikleriň alyp baryjysy, orator.

Siz bular barada näme pikirde, özüňiz kimi haýsy wezipede goýardyňyz?
9 лайков 829 просмотров
155комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#B.S
28 июн 2022, 20:10
Hemedany
Öňki döwürlerde döwlet gurjak bolanlarynda din adamlaryna maslahat soraýan ekenler :)

Bular gurjak bolanok gurulany yykjak bolya ;))
Soho
28 июн 2022, 20:11
yashkan-irden turup, dishini arassalayan, balagyny geyyan. garry wagtyn-irden turup, dishini geyyan, balagyny arassalayan. Dostlukda shu degishmam tankytlanypdy, "garrylan ustunden gulyan" diyip, barde-de pensionerlara goyupsynyz meni...
Harmony
28 июн 2022, 20:14
Khanture
Granger
Khanture hem göni smiritelnyý rubaşka. "Ýer tekiz taslmasy" näsaglaryň pikiri.

Belaň sapy saňa...

Hany siz öýkelejek däldiňiz-ä düýn. Müsürli tema. :)
#B.S
28 июн 2022, 20:17
Granger,
Ilki bir dogry ýaz. Bu taslama däl, teoriýa...
Öýkelejek işiň bolmasyn. ;)))
Hiayress
28 июн 2022, 20:20
Khanture
Granger,
Ilki bir dogry ýaz. Bu taslama däl, teoriýa...
Öýkelejek işiň bolmasyn. ;)))

Erkek oglanam bir öýkelärmaý @Khanture?! Eý diýsem men erkek däl, öýkelejek işiň bolmasyn bir diýäýme.))
#B.S
28 июн 2022, 20:21
Hiayress,
Öýkeleýän eken ;)
Harmony
28 июн 2022, 20:25
Khanture
Granger,
Ilki bir dogry ýaz. Bu taslama däl, teoriýa...
Öýkelejek işiň bolmasyn. ;)))

Müsürden çykaýjakmy onda? :)
Men teoriýa we taslamany leksikon derňew etmek däl işim. Glawny üýtgeşigräk, kelle gidip-gelýän adam tapmak.)
Hiayress
28 июн 2022, 20:27
Granger,
Genjim beg ýalylary tapyp näme edýäň gyy?!
Massimus
Автор 28 июн 2022, 20:27
Soho,
yashkan-irden turup, dishini arassalayan, balagyny geyyan. garry wagtyn-irden turup, dishini geyyan, balagyny arassalayan. Dostlukda shu degishmam tankytlanypdy, "garrylan ustunden gulyan" diyip, barde-de pensionerlara goyupsynyz meni...


Sizi nirä goýsagam başarjagyňyzy bilýän, şoň üçin agyrrak wezipä goýaýaly diýdik :))
#B.S
28 июн 2022, 20:28
Granger,
Exodus yes!
#B.S
28 июн 2022, 20:37
Rigel,
Saňa öz wezipämi berýän Ylymlar akademiýasynyň başlygy bol. Men shonun gapdalyndan Sözdeylymlar akedemiýasyny açyp şoňa başlyk bolaýyn. (Meniň gyzyklanýan ugurlarym sözdeylymlar bolany üçin)
Hiayress
28 июн 2022, 20:38
Rigel,
Daşary ýurda işlemäne gitseň bizede ýer tapyp goý, bizem uzak gidesimiz ýok, bararys yzyňdan. :)
ajy
28 июн 2022, 20:40
Rigel,
?
ajy
28 июн 2022, 20:40
Mem adaty bir milise boljak?
ajy
28 июн 2022, 20:40
*men
ajy
28 июн 2022, 20:43
milise bolmagy arzuw etyan, adalatyñ tarapdary gaishnik
Resul
28 июн 2022, 20:47
Men näme onda ? aglaya
Resul
28 июн 2022, 20:48
blog baş hacker
Harmony
28 июн 2022, 20:54
Hiayress
Granger,
Genjim beg ýalylary tapyp näme edýäň gyy?!

Elektroşok
Hiayress
28 июн 2022, 21:05
Granger,
Paulo Koela "Weronika ölmek isleýär" kitaby ýada düşýär. :)
DonMaxx
28 июн 2022, 21:28
ya sabr ya sabr ufff
Nurmuhammet
28 июн 2022, 21:33
Karola Nury. Tuz kim goýmaly?
çäppi
Döwlet Şöhradow
28 июн 2022, 21:35
Saýtda hem aktiw hem agzalary gyzyklandyryp haýrana goýýan teswir ýazana görä iş berýäňizmi ýa pasportyňy alyp spisokda eýelenmedik kärlerden "ine şunda işlejek" diýip saýlabermelimi ýa?))
Ötegçi
28 июн 2022, 21:36
Hiayress,
Weronika ölmek isleyari hic wagt doly okamadym. Kayyapdiler maña şo kitaby okap oturanmy gorup. Menem gaýdyp bu kitaby okaman diydim. Yalancy bolmajak bolup okamandym :/
Ötegçi
28 июн 2022, 21:37
Hany bankda kim bar. Maña bir kreditjagaz berseñiz Stev Jobs akgamyñka beýlede dur diyyan firma açagmak niyetim bar özi cilimkesh kredit tapmalla glavny
Ötegçi
28 июн 2022, 21:43
Hemedany, çilimjagaş diyip gowniñ yetmedik bolýamy Donmaxx akgam ikimiz "president" çekýanlerden(meñem agalam gowula, hersi bir yerde başlyk)
Izma
28 июн 2022, 22:07
Men montýor boljak. Tomusda tok simleri çapyp oýnajak.
Izma
28 июн 2022, 22:07
Nairobi,
Döwleti näm üçin ösdürjek
Nurmuhammet
28 июн 2022, 22:21
Hemedany,
Tuzam Atabaýy goýaý :)

Hökman...
Massimus
Автор 28 июн 2022, 23:44
Hemedany,
Ötegçi,
Donmaxx neşä goýlany bäri eliňde çilimjagaş görünýäle :)

Dostuna peýdasy degmese bolmaz-a