Pegas agam duýgy nökerçiligi hakykady üýtgetmeýär !
Bu barada her kim pikirini aýdypdyr welin gaty negatiw, ýalňyş we anyk çeşmesiz maglumatlar bar, ýagny mahlumat kirliligi döräpdir gysgaça.
Ilki bilen Türkmenleriň 17-18-nji asyrdaky ýaşaýyşyny öwjek bolýanlara taryhy gowy öwrenmegi maslahat berýärin. Munyň bilen ýetinmän, daşary ýurt çeşmelerini, ençeme adamyň düşünjesini öwrenmegini maslahat berýärin.
@Pegas, dosdum siz milliýetçilik we milletparazlyk barada gep açypsyňyz welin bir tarapy dogry bolsada bir tarapy gaty ýalňyş. Umuman siz ullakan çylşyrymly bir taryhy goşgy dili hökmünde owadanlaşdyraýypsyňyz. Hakykat gaty başga. Türkmenlere liderlik edip biljek adam bolan bolsady 3 asyrlap göçhä-göçlükde ýaşap ýörmezlerdi. Bak 3 asyr diýýäris, siz nämeden söz açýaňyz onsaň ? Türkmenler agzybir bolan bolsa hanlyk-hanlyk ýaşardylarmy ? Bak şertler nähili bolsa bolsyn, agzybir bolmany başarmandyrlar. Iň bolmanda Jüneýit han ýaly liderlerem sowatsyz bolupdyr öňem aýtdym nämäni düşündirjek bolýaňyz ?
Nurberdi han, Dykma Serdar, Güljemal han ýaly atalarymyzy öwýäris ýöne olaryň hiç biri birigip döwlet gurup bilmändirlerle ? Gaýgysyz Atabaýew diýýäňiz, eýsem onam Sowetleriň özi bellemedimi ? Hem paýhasly adamlary sanapsyňyz, onça-munça hemme ýurtda-da olar ýaly adamlar döreýär. Bak Owganystana, Talybanyň ýöretýän häkimiýetindenem ýüzlerçe şular ýaly paýhasly adamlar çykýar. Diýjek bolýanym munyň bilen nämäni goldajak bolýaňyz ? Näme subut etjek bolýaňyz ?
Men hijem rus häkimiýetini goldamadym, ýöne eýýäm bolupdyr bir taryh, ony dogry seljermek gerek şeýle dälmi ?
Özem ýalňyşmasam aşakda biri "Türkmenlerde aldawçylyk, terbiýesizlik, dönüklik ýaly zatlar ýok" şeklinde teswir ýazypdyr, bak dosdum, sen haýsy çeşmä daýanyp gürleýäň şuny ? Mary-Gajar urşy, Eýran bilen ençeme uruş, Hywa bilen ençeme uruş türkmenleriň arasynda bolan uruşdygyny bilýäňmi ? Gowşut han Sarahsa han bolanda Hojamşükür öýtýän, baryp Hywa hanlygyna satmadymy Gowşudy ? Gowşut han Ýomutlary Hywa hanlygyndan aýyrjak bolmadymy ? Umuman diýşim ýaly gaty uly maglumat kirliligi bar, nämä daýanyp beýle arkaýyn informasiýa berýäňiz ? Iň bolmanda suratlara seret, gökdepe söweşindäki türkmen esgerleriň lybasyna seret, haýran galarsyň. Gyz gelinler edil Owgandaky zenanlar ýaly ýapyk, sallam-sajak eşikli. Erkekleriniň donlaryna seret, ullakan, peşana meňzäp duran balaklar. Seret, hem agzaladylar, urşup-çapyp ýörlerdi, hem tire meselesi iň uly meseledi, hem paçti hemmesi sowatsyzdy, üssi başlary görer ýaly däldi, indi şularyň haýsy ýalan we şunça zatlardan soň anyk bir zat gürlejek bolýaňyz ?
Pegas dosdumyza gelemizde, gardaşym ilki bn bu mesele gaty çylşyrymly mesele, milliýetçilik barada gep etsek halk köp garşylyk berip bilmeýär, sebäbi gaty inçe duýgy bu. Senem çykypsyň ana "pylan bardy, ana pylan etdi" diýip owadan gürläpsiň bary bolany şol. Ýöne hakykady bilmek we seljermek gerek.
Ýöne aşaky aýdanyňada goşulýan, pylan gowudy ol eýledi pylan saňa öwretdi ýaly gürrüňleri gaty ýigrenýän muny düýnem aýtdym. Indi has üýtgeşik durmyş, geljegi gowlaşdyrmaly geljege bil baglamaly. Onuň üçinem bilim, dogry maglumat we terbiýä mätäçligimiz bar.

30комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.