Il biler
Märekede mertebäñi saklasañ,
Halal gazanç bilen çaga ekleseñ,
Az iýip,az ekläp,az hem uklasañ,
Il içre abraýyñ ýokary bolar.
Dile alyp ýörme sere geleni,
Seljermäni ýaýma ile ýalany,
Halk halamaz ýas ýerinde güleni,
Goluñ çermäp hyzmat etseñ, il biler.
Ýagşylyk guýulsyn ynsan zandyna,
Ýürekden uýalyñ peder pendine,
Añ etsek Pyragyñ her bir bendine,
Köñlümize pähim-parasat dolar.
Haýyrsyz,boş,bet işlere ulaşma,
İl bahañy berer, gözünden düşme,
Eñegñi bas ylym atly dür çeşmä,
Içsen hiç ganmarsyñ, içesiñ geler.
Säher-salama bar ene-ataña,
Söýgiñ egsilmesin eziz Watana,
Yzyña bak,ser sal eden hataña,
Soñunda hasabat bermeli bolar.
Awtor:Gylyçmämmet Sapargylyjow
Halal gazanç bilen çaga ekleseñ,
Az iýip,az ekläp,az hem uklasañ,
Il içre abraýyñ ýokary bolar.
Dile alyp ýörme sere geleni,
Seljermäni ýaýma ile ýalany,
Halk halamaz ýas ýerinde güleni,
Goluñ çermäp hyzmat etseñ, il biler.
Ýagşylyk guýulsyn ynsan zandyna,
Ýürekden uýalyñ peder pendine,
Añ etsek Pyragyñ her bir bendine,
Köñlümize pähim-parasat dolar.
Haýyrsyz,boş,bet işlere ulaşma,
İl bahañy berer, gözünden düşme,
Eñegñi bas ylym atly dür çeşmä,
Içsen hiç ganmarsyñ, içesiñ geler.
Säher-salama bar ene-ataña,
Söýgiñ egsilmesin eziz Watana,
Yzyña bak,ser sal eden hataña,
Soñunda hasabat bermeli bolar.
Awtor:Gylyçmämmet Sapargylyjow
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.