@Nairobi sen gaty köp bilýäň

Nähili biderek düşünjelileriň bardygyny elmydama pikir edipdim welin bular ýaly ýokary derejelisini käwagt görýän. Gürletseňem utanman roman ýazarlar.
Bu ýazgyda milleti ulanyp duýgy nökerçiligi etjek däl @Pegas ýaly. Bolan zatlary pozitiw şekilde düşündirjek. Ýazgyny doly okaň, okaman teswir ýazmaň.
Bak @Nairobi, seniň passiw düşünjeleriň köpdügini we biraz zat okap özüňi 5000 müň ýyllyk meselede ussat ýaly görkezjek bolýandygyňy başdan bilýädim. Ilki bilen seniň ýaly düşünjeli adamlaryň ýurdumyzda bardygyna gynanýan. Şo sebäpli saňa başardygymça, has başardygymça ýönekeý dilde düşündirmäne synanyşjak, synanyşjak çünki diýen zadyň gaty uly we biderek welin muny goldaýan sözde akyllylaram bar, men saňa aýdaýynmy, şu diýen zadyň ýalan bolsada edil bir wirus ýaly adamlary zäherläp ýaýraýar we gozgalaňçy nesil döreýär ýuwaş-ýuwaş.
Seniň aýdyşyňa görä ganymyzy ýigrenýäň ýöne watany söýýäň. Indi maňa aýtsana gany ýigrenmek bilen nädip watany söýüp bilersiň. Bir ynsan milletini söýeni üçin watanyny söýer, türkmen bolany üçin watanyny söýer, sen bolsa ikisini bir zat hasaplap çykarypsyň orta bir düşünje. Netijede bulam bir düşünje ýagny, her kimiň düşünjesine hormat goýmaly, ýöne ol düşünje howply we ýalan-ýalňyş düşünje bolsa çäre görmek gerek öňem aýtdym. Gany söýmeýän bolsaň watanam söýýän dälsiň, sebäbi watan millet bilen gurulýar, millet döwleti döredýär gysgaça.
Ikinjidenem has uly zady bilmegiň gerek, kişi näçe köp okasa töweregem şonça gowy derejeli bolar we ortada gowy toplum dörär. Kişi alan terbiýesine görä gowy netije çykarar. Ýagny seniň diýşiň ýaly hiç milletem biri-birine duşman däldir ýada ganynda agzalalyk, biri-birini öldürmek gyrmak ýaly zat ýokdyr. Elbetde bir milletiň aýratynlygy bardyr, ýöne hiç bir adamam beýleki adamy gany sebäpli öldürmez arkaýyn bol. Meselem getirmeli bolsa Gara Ýusup, ýurdy üçin ençeme ýurtlary basyp alyp onlarça urşa goşuldy, ýa Togrul beg, adam "Gündogaryň we Günbataryň Soltany" diýip at aldy. Bular kişiligiň netijesi, muňa zyýan berenler doganlary sebäbi olar eýle ýetişmedi ýa olar ýaly däldir. Aňsatjak meselem, seniň garry ataň bilen kişiligiň deň däldir, olar döwründe durşuna ýapyk geýinmegi goldan bolsa sen erkin geýinmek isleýäň, eýsem siziň ikiňiz bir gandan dälmi ?
Özem "diňe Türki milletler agzalalyk sebäpli ýykyldy, biri-biri bilen uruşdy" diýýäň, onda sen bu barada biraz pikirlendiňmi ? Bu işiň aslyýetine seretmek gerek ilki, bir döwlet bir döwleti ykdysady meseleler üçin basyp alar, bir milletdigi sebäpli däl. Ýagny hökman arkasynda şertler, ykdysady meseleler ýatyr. Seniň diýşiň ýaly "ana ganymyz sebäpli" däl, olar ýaly zatlar ýok syýasatda, syýasat serýozny mesele, Türki millet gaty uly bir toplum, töweregi diňe Türki döwletler bilen gurşalan, we lider döwletini ösdürmek we döwlet gurmak üçin töweregindäkileri ýa basmaly ýa diplomatik gatnaşyklar bilen ylalaşmaly. Başga ýoly ýok, "waý ikimiz bir millet" diýip topragyny beren ýurdy nirde gördüň ? Syýasat bilen milli duýgular garyşdyrylmaly däl. Gepiň gysgasy ganynda agzalalyk bolany sebäpli uruşanok ýurtlar. Muny @ESSALAMUNALEYKUM agza düşündirjek bolupdyr başardygyça, hemme ýurtlarda-da bar diýip. Aýdylyşy ýaly hemme ýurtda bar, Ukraýina bilen Russiýa, Ukraýina Belarussiýa biri-birini iýýärle üçüsem bir millet welin ? Araplar taýakly-tüpeňli kowalaşyp ýör 50 ýyllap, peştunlar talybany gurup asyp-kesip ýörler, hindilerä wapşe urşyp aýry ýurt bolup otyrar ýaly derejä gelipdir ? Hä Hytaýmy, Hytaýda-da Taýping gozgalaňy bilen Türkmenistanyň halkyndan 3 esse köp adam öldi. Ikinji jahan urşy başlap gelýärkä biri-birini iýýärdiler ýaragly-tüpeňli ? Millionlarça adam ölüpdi ? Şo sebäpli Ýaponiýa giripdi, olam şonça adam öldürip çykypdy ? Hä Amerikamy ? Gözüňizde medeniýetli ýaly görýän Amerikaňyzda intägem iň ýönekeý mesele bolan ak-gara çekeleşigi dowam edýär, ho gün dämaý Jorj Floýd ölende ýurt tas bölünýärdi ? Ýaponlarmy ? Olarama Mongollar gelmänkä diňe biri-biri bilen gyrlyşyp ýördüler.
Soň @Nairobi näme diýipdir bilýäňizmi, "sen taryhy syyasaty okap öwren ilki" diýipdir jogap beren agzalara. Bak seniň özüň näme bilýän ekeniň. Hiç zat bileňok @Nairobi HIÇ ZAT. Gülküm geldi şunyňy okap we ýazgydan soň okanlaram seniň nähili köp bilýändigiňe düşüner.
Özem biziň milletimiz ýaly millet hiç ýerde ýok, biziň milletimiz ýokardaky ýaly ýagdaýlara düşmedem. Osmanly 7-8 sany hristian döwleti garşysyna almadymy din üçin ? Hemmesini dagatdy. Yslamy ýaýradan ilkinji Türkler dälmi Seljukly ? "Allahu-Akbar" diýşip Konstontinopoly basyp alanlarynda guwanyp dälliräp çozmadylarmy ? Yslam üçin ýola çykyp müňlerçe kişi bilen uruşmadymy jihatçylar ? Yzygiderli ösüp dünýäniň iň köp aýakda galan imperiýalaryndan biri bolmadymy Osmanly ? Özem Ýewropaň öňünde. Göktürk, Hunlar, Gunlar bular nähili işler etdi bilýäňmi ? Türkler üçin oýnamana aýdylmady onça sözler, ençeme kişi Türkleri şeýlebir öwen welin aýdyp gutarar ýaly däl. Bu zatlary agzamansyňla ? Bir biderek ýalan düşünjäni görüpsiň diňe, näme üçin bu edilenlere guwanmaly däl ?
Indi başga döwletler nädipdir oňada seredeli sebäbi sen Türklere birhili sowuk garapsyň biz erbet ýaly. Iňlisler millionlarça kişini öldürmedimi, Afrikany dagatmadymy, Fransuzlar Alžira girip müňlerçe adamy oka tutmadymy, Amerikanlar gelip Gyzylderilileri ýok etmedimi ? 100 ýyl uruş, 7 ýyl uruş, birinji ikinji jahan uruşlary Ýewropada çykmadymaý ? Slawlar Srebrenitsada 8 müň günäsiz adamy oka tutmadymy (wideosy aglatýar görenler biler). Umuman sen olary agzabam oturma medeniýetli diýip, ýene agzap otursam ynsanslykdan utanarsyň eden işlerinden ýaňa. Sen bolsa bizi erbetläpsiň diňe, bak biziňkiler hijem beýle zat eden däldir, tak türkmenlerä hijem. Guwanaýmaly milletdir biz, biz ýaly millet ýokdyr hiç ýerde. Ýalan däl çünki, hak zatdyr. Çykyp diýäýýäň, ana ganymyz gowy däl, agzala diýip. Şuwagt Alžirly araplar doga etýär "bizi ýene Osmanly alsyn" diýip. Bagyşla welin sen hiç zat bileňok, giň düşünjeli zadam däl onam aýdyp galaýyn, ynanma kim beý diýip gižželesede. Real tarap görnüp dur. Prosta bir görüşi alypsyň, müňlerçe ýyllyk, b.e öňki döwüre uzap giden taryhy pozupsyň sen prosta. Iki ýazgy okap anyk we inçe meselelere girme başardygyňça, sebäbi bu dinem dälde bir millet meselesi, gynandyryjy ýerem senem şo milletden.
Ullakan edip saňa bir zady düşündirjek ýalam bolandyryn welin ýok, hiç beýle däl, saňa garşy hiç erbet niýetim ýok duýduraýyn, okan düşüner tembol diňe bolan zatlardygyny. Ýagny "Meni diňe tankytlaýaň" diýip oturma, men hemme kişinem tankytlaýaryn, eger düşünjesi ýalňyş bolsa. Tankytlanmajak zat ýok, we bu gaty uly düşünje welin bu tankyt hiç zat ynanaý. Bu diňe bir bolup geçen zatlary aýtmak.
Ulaldan ýalam bolupdyryn welin gaty uly mukaddes meseläni biderek düşünje bilen gömüpsiň, bagyşla meniňem başga alajym ýok. Başga teswirleriňä jogaplamana-da güýjim ýetenok.
Şunam aýdaýyn, saňa goşulanlara "düşünip başlapsyň" şeklinde jogap beripsiň, goşulmaýanlary tersläpsiň, bu ýerden belli boluşy ýaly bu seniň öz düşünjäňi beýan etmek dälde illeriňem seniň düşünjäňde bolmak islegidir.
@Shahrukh khan agzada degip geçmek isleýän, agam biz 70 döwlet gurmadyk, umumy Türklerem onça döwlet guran däldir, resmiýetde biz 5 ýa 6 döwlet gurdyk taryhda, we "başga doganlarymyz gurdy biz däl" diýipsiň, herhili döwür bar, döwür üýtgäp dur, ýene 100 ýa 1000 ýyldan nämeleriň boljagy belli däl.
Ýene-de "hawwa dogry dollar bankda 17" diýip ýatanam bar :) Jalaý oglanlar diýip tema açan birinden tembol bular ýaly uly meselede gowy zat diýmegine garaşamokdym.
Umuman düşünensiňiz diýip umyt edýän, hiç kime erbet niýetim ýok, dogra dogry, egrä egri. Meniň maksadym iň azyndan şu düşünjede dogry bilmegiňiz, we siziňem dogry ýola girmegiňiz.
9 лайков 587 просмотров
58комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hanguly
Автор 13 янв 2022, 18:25
Özem "bolýar diýmedigim" zat diýipsiň, ýazan zadyň arkasynda durmany başar
Mukam
13 янв 2022, 18:26
Agam seň tankytlaryňy okamak gaty gyzykloww gysgaça turkler diyyara ,bayılıyorum, diyip popkorn
Ýury
13 янв 2022, 18:30
Ya boşver kanka ya.....
Kakow
13 янв 2022, 18:31
sen halamayan ganyñ bilen guruldy şu watan!
Liwerpul_fc
13 янв 2022, 18:36
Ýaltanman ýazyşyňa haýran.
Biohimik
13 янв 2022, 18:37
Wah elimden gelenokda bolmasa su yazanlaryny altyndan yazdyryp paytagtda beyikden asdyryp goyardym.
Hemmesine brawo
Hanguly
Автор 13 янв 2022, 18:37
Liwerpul_fc,
Mesele ol däl, goldaýan birtopar mallaram bar
Hanguly
Автор 13 янв 2022, 18:38
Liwerpul_fc,
Şo sebäpli ýazmaly ýaly duýdum birhili
Şamuhammet
13 янв 2022, 18:38
Seniň käbir äsgermezlik edip ýazan teswirleriňe garamazdan bu ýazgylaryňy okap düşünjäňe hormat goýýaryn!
Ýury
13 янв 2022, 18:41
Sen nä äsgerýäñmiJeksparro,
Şamuhammet
13 янв 2022, 18:42
Yslam dinini içden bölmek üçin, dini böleklik Osmanly imperiýasyny dargatmak üçin ýörite Ýewropanyň guran oýnudy.
Hanguly
Автор 13 янв 2022, 18:44
Jeksparro,
Gödegräk ýazýan bolmagym ahmal ylalaşýan
Caspian
13 янв 2022, 18:51
Baybooww ata babalarymyzyn dish dirnak bolup dikelden medeniyetini, enceme shehitlerimizin gany dokulip gurlan Watanymyzy , 5 mln ilatymyzyn ( hasabyny anyk bilemok belki kandir belki azdyr) damarlaryndan akyan ganyny yigrenip yorenlerem barmy ? Hic hacan hic bir milleti , yada dowleti bir ayakdan yamanlamak bolmaz , dine siyasatyny tankytlap bilersiniz . Onun ucinem syýasatdan doly duhunje gerek ol yok bolsa syýasadam tankytlap bilmersiniz temboli Turkmenistanda
Şamuhammet
13 янв 2022, 18:51
Umuman özüňkileri ýigrenmek bu gowy zat däl. Aslyňy-nesliňi ýigrenmekdir öz-özüňkileri ýigrenmek. Osmanlylaram-türklerem-türkmenlerem ýigrenmek dogry däl. Hiç bir milleti ýigrenmeli däl, ors bolsun, özbek bolsun, tatar bolsun ş.m.

Hiç bir milleti ýigrenmäň adamlar! Hezreti Alydan görelde alyň. Garşydaşy bilen urşup durka göreşde Hezreti Aly aşagyna alyp din garşysyna urşup durany bogup durka, aşakdaky garşydaşy Hezreti Alynyň ýüzüne tüýküripdir. Hezreti Alynyň şol wagt gahary gelmändir, ony öldürmändir-de ýerinden turup musulman goşunyna dolanyp barypdyr. Soraýarlar ''Näme üçin ony öldürmegiň!'' diýip. Hezreti Aly ''Biz Alla üçin Din üçin söweşýäris. Ol meniň ýüzüme tüýkürdi. Öldüräýjek bolup bogup durkam, ony ýüzüme tüýküreni üçin öldürdügim bolar diýip öldürmändir.

Bu wakada dini progrese görä agzalýan zatlar baglanyşykly bolsa-da gaty many alar ýaly zat kän...
Şamuhammet
13 янв 2022, 18:53
Цитата: Caspian
Baybooww ata babalarymyzyn dish dirnak bolup dikelden medeniyetini, enceme shehitlerimizin gany dokulip gurlan Watanymyzy , 5 mln ilatymyzyn ( hasabyny anyk bilemok belki kandir belki azdyr) damarlaryndan akyan ganyny yigrenip yorenlerem barmy ? Hic hacan hic bir milleti , yada dowleti bir ayakdan yamanlamak bolmaz , dine siyasatyny tankytlap bilersiniz . Onun ucinem syýasatdan doly duhunje gerek ol yok bolsa syýasadam tankytlap bilmersiniz temboli Turkmenistanda


Ylalaşýaryn...
Şamuhammet
13 янв 2022, 18:56
Öz türküni, türkmenini ýigrenen adamdan patriot watançy çykmaz. Patriot boljak boluň, watançy boluň...
Hanguly
Автор 13 янв 2022, 18:57
Jeksparro,
Dogry, diňe syýasaty tankytlasaň bolar millete duşmançylyk görkezmeli däl, meselem ýewreýleriň hemmesini ýigrenen bar, ýewreý görsem öldürjek diýip, ýöne hemme ýewreý olar ýaly däl
Liwerpul_fc
13 янв 2022, 18:58
Ol açylan tema sarkazm ýaly bir zatdy. Şul agzaň (Nairobi) ýazýan zatlaryny serýozny kabul etmäň agzalar! Bul agza degişgenje,şadyýan gyz. Düşünje meselesinde,özümä şul agzaň düşünjesini halaýan ýaşdygyna seretmezden öz düşünjesine eýe gyz.
(Wlad,temaňda men aýtjak sözlermiň bary bar. Gowy tema)
Hanguly
Автор 13 янв 2022, 19:06
Liwerpul_fc,
Dosdum şadyýanja degişgenje bolmagy ganyň üstünden degişip bilmegini aňlatýarmy ? Özem şadyýanja zat diýip şilkertmäň gaýrat ediň olam bir adam gyz bolany üçin arkasyny almagyňyzyň geregi ýok. Bilýädim özem şeýle teswir geljegini. Her kim ýalňyşybam biler olam dogryla welin men prosta düşündirdim, erbet zat diýemok
Shahrukh khan
13 янв 2022, 19:07
telpek sana jigim. Tuweleme gowy dushundiripsin. Hazir ishli sonrak arkayyn gelip jogaplaryn
nejisje
13 янв 2022, 19:11
Yaltanman yazypsyn Mlds Gowy dusundiripsiñ Goldayan seni Wlad aynekli
Yeyeyey
13 янв 2022, 19:18
Gep yok.
Biohimik
13 янв 2022, 19:19
Цитата: nejisje
Yaltanman yazypsyn Mlds Gowy dusundiripsiñ Goldayan seni Wlad aynekli

Menden basdan bari
nejisje
13 янв 2022, 19:23
Mlds hihi Sorry!!!
Biohimik
13 янв 2022, 19:46
Bu zatlardan Nairobjanyñ habary barmyka dali
Leyli Amanowa
13 янв 2022, 20:02
Balaga girdiňay yegen
Mukam
13 янв 2022, 20:06
Nairobi,
Manikarnika sözüň aşagynda galma gy senem mowzuk edip aç popkorn
Leyli Amanowa
13 янв 2022, 20:14
Resurrection,
meň şu gan meselede öňräk yazan zadym bardy şoň wagyrdysy şu. Aslynda şony men bir sany taryh mugallymyň aydan sözunden ugur alyp yazypdym. Ol şuwagt Seydi inistutda taryh mugallym bolup işleyär. Tutuş pikir maňa degişli däldi. Bärde özumi aklajak bolup gunäni mugallyma atjak bolamok. Yöne edil şu yazan zatlaryňy şoňa aydyp berip pikirini soraryn
Resul.
13 янв 2022, 20:16
Nairobi Nairobi on № 26 Şu gün, 20:02
Balaga girdiňay yegen

Balak barmy özi.
Ogulşirin Bayramowa
13 янв 2022, 20:16
Tüweleme... :)