@Nairobi sen gaty köp bilýäň

Nähili biderek düşünjelileriň bardygyny elmydama pikir edipdim welin bular ýaly ýokary derejelisini käwagt görýän. Gürletseňem utanman roman ýazarlar.
Bu ýazgyda milleti ulanyp duýgy nökerçiligi etjek däl @Pegas ýaly. Bolan zatlary pozitiw şekilde düşündirjek. Ýazgyny doly okaň, okaman teswir ýazmaň.
Bak @Nairobi, seniň passiw düşünjeleriň köpdügini we biraz zat okap özüňi 5000 müň ýyllyk meselede ussat ýaly görkezjek bolýandygyňy başdan bilýädim. Ilki bilen seniň ýaly düşünjeli adamlaryň ýurdumyzda bardygyna gynanýan. Şo sebäpli saňa başardygymça, has başardygymça ýönekeý dilde düşündirmäne synanyşjak, synanyşjak çünki diýen zadyň gaty uly we biderek welin muny goldaýan sözde akyllylaram bar, men saňa aýdaýynmy, şu diýen zadyň ýalan bolsada edil bir wirus ýaly adamlary zäherläp ýaýraýar we gozgalaňçy nesil döreýär ýuwaş-ýuwaş.
Seniň aýdyşyňa görä ganymyzy ýigrenýäň ýöne watany söýýäň. Indi maňa aýtsana gany ýigrenmek bilen nädip watany söýüp bilersiň. Bir ynsan milletini söýeni üçin watanyny söýer, türkmen bolany üçin watanyny söýer, sen bolsa ikisini bir zat hasaplap çykarypsyň orta bir düşünje. Netijede bulam bir düşünje ýagny, her kimiň düşünjesine hormat goýmaly, ýöne ol düşünje howply we ýalan-ýalňyş düşünje bolsa çäre görmek gerek öňem aýtdym. Gany söýmeýän bolsaň watanam söýýän dälsiň, sebäbi watan millet bilen gurulýar, millet döwleti döredýär gysgaça.
Ikinjidenem has uly zady bilmegiň gerek, kişi näçe köp okasa töweregem şonça gowy derejeli bolar we ortada gowy toplum dörär. Kişi alan terbiýesine görä gowy netije çykarar. Ýagny seniň diýşiň ýaly hiç milletem biri-birine duşman däldir ýada ganynda agzalalyk, biri-birini öldürmek gyrmak ýaly zat ýokdyr. Elbetde bir milletiň aýratynlygy bardyr, ýöne hiç bir adamam beýleki adamy gany sebäpli öldürmez arkaýyn bol. Meselem getirmeli bolsa Gara Ýusup, ýurdy üçin ençeme ýurtlary basyp alyp onlarça urşa goşuldy, ýa Togrul beg, adam "Gündogaryň we Günbataryň Soltany" diýip at aldy. Bular kişiligiň netijesi, muňa zyýan berenler doganlary sebäbi olar eýle ýetişmedi ýa olar ýaly däldir. Aňsatjak meselem, seniň garry ataň bilen kişiligiň deň däldir, olar döwründe durşuna ýapyk geýinmegi goldan bolsa sen erkin geýinmek isleýäň, eýsem siziň ikiňiz bir gandan dälmi ?
Özem "diňe Türki milletler agzalalyk sebäpli ýykyldy, biri-biri bilen uruşdy" diýýäň, onda sen bu barada biraz pikirlendiňmi ? Bu işiň aslyýetine seretmek gerek ilki, bir döwlet bir döwleti ykdysady meseleler üçin basyp alar, bir milletdigi sebäpli däl. Ýagny hökman arkasynda şertler, ykdysady meseleler ýatyr. Seniň diýşiň ýaly "ana ganymyz sebäpli" däl, olar ýaly zatlar ýok syýasatda, syýasat serýozny mesele, Türki millet gaty uly bir toplum, töweregi diňe Türki döwletler bilen gurşalan, we lider döwletini ösdürmek we döwlet gurmak üçin töweregindäkileri ýa basmaly ýa diplomatik gatnaşyklar bilen ylalaşmaly. Başga ýoly ýok, "waý ikimiz bir millet" diýip topragyny beren ýurdy nirde gördüň ? Syýasat bilen milli duýgular garyşdyrylmaly däl. Gepiň gysgasy ganynda agzalalyk bolany sebäpli uruşanok ýurtlar. Muny @ESSALAMUNALEYKUM agza düşündirjek bolupdyr başardygyça, hemme ýurtlarda-da bar diýip. Aýdylyşy ýaly hemme ýurtda bar, Ukraýina bilen Russiýa, Ukraýina Belarussiýa biri-birini iýýärle üçüsem bir millet welin ? Araplar taýakly-tüpeňli kowalaşyp ýör 50 ýyllap, peştunlar talybany gurup asyp-kesip ýörler, hindilerä wapşe urşyp aýry ýurt bolup otyrar ýaly derejä gelipdir ? Hä Hytaýmy, Hytaýda-da Taýping gozgalaňy bilen Türkmenistanyň halkyndan 3 esse köp adam öldi. Ikinji jahan urşy başlap gelýärkä biri-birini iýýärdiler ýaragly-tüpeňli ? Millionlarça adam ölüpdi ? Şo sebäpli Ýaponiýa giripdi, olam şonça adam öldürip çykypdy ? Hä Amerikamy ? Gözüňizde medeniýetli ýaly görýän Amerikaňyzda intägem iň ýönekeý mesele bolan ak-gara çekeleşigi dowam edýär, ho gün dämaý Jorj Floýd ölende ýurt tas bölünýärdi ? Ýaponlarmy ? Olarama Mongollar gelmänkä diňe biri-biri bilen gyrlyşyp ýördüler.
Soň @Nairobi näme diýipdir bilýäňizmi, "sen taryhy syyasaty okap öwren ilki" diýipdir jogap beren agzalara. Bak seniň özüň näme bilýän ekeniň. Hiç zat bileňok @Nairobi HIÇ ZAT. Gülküm geldi şunyňy okap we ýazgydan soň okanlaram seniň nähili köp bilýändigiňe düşüner.
Özem biziň milletimiz ýaly millet hiç ýerde ýok, biziň milletimiz ýokardaky ýaly ýagdaýlara düşmedem. Osmanly 7-8 sany hristian döwleti garşysyna almadymy din üçin ? Hemmesini dagatdy. Yslamy ýaýradan ilkinji Türkler dälmi Seljukly ? "Allahu-Akbar" diýşip Konstontinopoly basyp alanlarynda guwanyp dälliräp çozmadylarmy ? Yslam üçin ýola çykyp müňlerçe kişi bilen uruşmadymy jihatçylar ? Yzygiderli ösüp dünýäniň iň köp aýakda galan imperiýalaryndan biri bolmadymy Osmanly ? Özem Ýewropaň öňünde. Göktürk, Hunlar, Gunlar bular nähili işler etdi bilýäňmi ? Türkler üçin oýnamana aýdylmady onça sözler, ençeme kişi Türkleri şeýlebir öwen welin aýdyp gutarar ýaly däl. Bu zatlary agzamansyňla ? Bir biderek ýalan düşünjäni görüpsiň diňe, näme üçin bu edilenlere guwanmaly däl ?
Indi başga döwletler nädipdir oňada seredeli sebäbi sen Türklere birhili sowuk garapsyň biz erbet ýaly. Iňlisler millionlarça kişini öldürmedimi, Afrikany dagatmadymy, Fransuzlar Alžira girip müňlerçe adamy oka tutmadymy, Amerikanlar gelip Gyzylderilileri ýok etmedimi ? 100 ýyl uruş, 7 ýyl uruş, birinji ikinji jahan uruşlary Ýewropada çykmadymaý ? Slawlar Srebrenitsada 8 müň günäsiz adamy oka tutmadymy (wideosy aglatýar görenler biler). Umuman sen olary agzabam oturma medeniýetli diýip, ýene agzap otursam ynsanslykdan utanarsyň eden işlerinden ýaňa. Sen bolsa bizi erbetläpsiň diňe, bak biziňkiler hijem beýle zat eden däldir, tak türkmenlerä hijem. Guwanaýmaly milletdir biz, biz ýaly millet ýokdyr hiç ýerde. Ýalan däl çünki, hak zatdyr. Çykyp diýäýýäň, ana ganymyz gowy däl, agzala diýip. Şuwagt Alžirly araplar doga etýär "bizi ýene Osmanly alsyn" diýip. Bagyşla welin sen hiç zat bileňok, giň düşünjeli zadam däl onam aýdyp galaýyn, ynanma kim beý diýip gižželesede. Real tarap görnüp dur. Prosta bir görüşi alypsyň, müňlerçe ýyllyk, b.e öňki döwüre uzap giden taryhy pozupsyň sen prosta. Iki ýazgy okap anyk we inçe meselelere girme başardygyňça, sebäbi bu dinem dälde bir millet meselesi, gynandyryjy ýerem senem şo milletden.
Ullakan edip saňa bir zady düşündirjek ýalam bolandyryn welin ýok, hiç beýle däl, saňa garşy hiç erbet niýetim ýok duýduraýyn, okan düşüner tembol diňe bolan zatlardygyny. Ýagny "Meni diňe tankytlaýaň" diýip oturma, men hemme kişinem tankytlaýaryn, eger düşünjesi ýalňyş bolsa. Tankytlanmajak zat ýok, we bu gaty uly düşünje welin bu tankyt hiç zat ynanaý. Bu diňe bir bolup geçen zatlary aýtmak.
Ulaldan ýalam bolupdyryn welin gaty uly mukaddes meseläni biderek düşünje bilen gömüpsiň, bagyşla meniňem başga alajym ýok. Başga teswirleriňä jogaplamana-da güýjim ýetenok.
Şunam aýdaýyn, saňa goşulanlara "düşünip başlapsyň" şeklinde jogap beripsiň, goşulmaýanlary tersläpsiň, bu ýerden belli boluşy ýaly bu seniň öz düşünjäňi beýan etmek dälde illeriňem seniň düşünjäňde bolmak islegidir.
@Shahrukh khan agzada degip geçmek isleýän, agam biz 70 döwlet gurmadyk, umumy Türklerem onça döwlet guran däldir, resmiýetde biz 5 ýa 6 döwlet gurdyk taryhda, we "başga doganlarymyz gurdy biz däl" diýipsiň, herhili döwür bar, döwür üýtgäp dur, ýene 100 ýa 1000 ýyldan nämeleriň boljagy belli däl.
Ýene-de "hawwa dogry dollar bankda 17" diýip ýatanam bar :) Jalaý oglanlar diýip tema açan birinden tembol bular ýaly uly meselede gowy zat diýmegine garaşamokdym.
Umuman düşünensiňiz diýip umyt edýän, hiç kime erbet niýetim ýok, dogra dogry, egrä egri. Meniň maksadym iň azyndan şu düşünjede dogry bilmegiňiz, we siziňem dogry ýola girmegiňiz.
9 лайков 587 просмотров
58комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Leyli Amanowa
13 янв 2022, 20:18
5000 muň yyllyk meselede özumi ussat görkezjek bolan yerim meň yadyma dusenok. Taryha degisli bir zat yazsalar şoňa degisli fakt yazandyryn (şeytmek bilen özum hem geçilenleri gaytalayan) eger bilyän zadyňy orta dökmek "özuňi ussat" etmek bolsa hawa men şeyle
Ogulşirin Bayramowa
13 янв 2022, 20:18
Tüweleme... :)
Leyli Amanowa
13 янв 2022, 20:23
Resul.,
yok diydilermi?
Leyli Amanowa
13 янв 2022, 20:25
Tutuş taryh gaytalanypdyr mowzukda haysy bir zada jogap berip çykjagymy bilemok gadyrdanlar. Erbet strategiya ulanypsyň
Resul.
13 янв 2022, 20:33
Nairobi Nairobi on № 33 Şu gün, 20:23
Resul.,
yok diydilermi?

Men häzir degişdim diýsem nähili bolar?Degişmä meñzeýän ýeri ýokdur.Señem degişmeleñ şuña meñzeş.
Aslynda ýokordakyny göwne degmek ūçin ýazmandym.
Şamuhammet
13 янв 2022, 20:35
Цитата: Liwerpul_fc
Ol açylan tema sarkazm ýaly bir zatdy. Şul agzaň (Nairobi) ýazýan zatlaryny serýozny kabul etmäň agzalar! Bul agza degişgenje,şadyýan gyz. Düşünje meselesinde,özümä şul agzaň düşünjesini halaýan ýaşdygyna seretmezden öz düşünjesine eýe gyz.
(Wlad,temaňda men aýtjak sözlermiň bary bar. Gowy tema)


Ýöne bir tarapdan şu Liwerpulyň aýdýanlarynda-da jan bar.
@Wlad seniň özüň näçe ýaşynda bilemok. Ýöne bir zat düşündirjek bolanyňda öz deň-duşuňa düşündirýän ýaly düşündirýäň sen! Garşyňdaky maloletkadygyndan habaryň ýok welin deň bolup oturyberýäň sen!
Leyli Amanowa
13 янв 2022, 20:36
Resul.,
şoňa görä jogap berildi. Göwnume degen bolaňda yörite mowzuk açyp sögerdim
Leyli Amanowa
13 янв 2022, 20:43
Garaz bet-ä bolupsyňyz özä. Agzalaryň menden bu dereje yangynlydygyndan habarym yokdy...
Belki
13 янв 2022, 20:50
Wlad,türkmi siz?Iki sözüñiziñ biri "bak-da bak".Galyberse-de türkmenlerimiz barada açylan mowzukda arassa türkmen dilinde geplense gowy."Tembol,tak,wapşe,prosta" sözleri göze dürtülip dur.
Leýli,balaga girdiñ sözüñ bolmady :(
Taryh bilen kän aram bolmansoñ pikirleriñiz hakynda aýtjagym ýok.
Leyli Amanowa
13 янв 2022, 20:52
Belki,
entägem gowy boldy ol beterräk diymedim
Kalp doctory
13 янв 2022, 20:57
Mana hic zat diymeyan..
Kalp doctory
13 янв 2022, 21:00
Her kimin oz bilshi dushinjesi we hasyaeti ba
Maksat
13 янв 2022, 21:15
Baýbow asyl saýta girjek bolsam doňýa diýýänle bir emmasy bar eken.@Wlad tankydyň agyrrak bolupdyr, @Nairobi milleti hakda gan hakda beýle düşünýän däldirle ol ruslary ýere sokmaly bolsa iki paýly ýaly))
Leyli Amanowa
13 янв 2022, 21:17
Bayker,
Indi sen başla ruslaň tarapyny tutup meni yere sokup mowzuk yaz. men bir giň derya hemme zady göteryän cilimkesh
Leyli Amanowa
13 янв 2022, 21:18
Bayker,
Biziň ganymyz hapa diydim bularam hakykady boyun alanoklar. Yewropa yapyşdy yatdy ilki özuňe jogap ber diysene
Shahrukh khan
13 янв 2022, 21:27
Leyla senin bir hasiyedini birhili gordum. Senagul agzanyn "Arzuwlarynyz" atly temasynda "Tagtda otyryp emeldarlaryn bash egip tagzym edyanini" chekerdim diyipsin. Sen ozun okuwa girip bilman yorsun. Eger senin emeldarlaryn sana bash egse emeldarlaryn chagalary tanyshlary ayallarynyn tanyshlary okuwly bolar. Emma garamayak halk bolmaz. Sho ucin bash egip tagzym etdirman goni gozune seredip hakykady aytyan emeldarlary yanynda sakla. Shonda garyplarynam chagasy okuwly bolar.
Leyli Amanowa
13 янв 2022, 21:36
Shahrukh khan,
"Baş egmek" hemme handa bolan zada. Yalan gurläp yallaksyrasyn diyemok. Yallaksyrany un çagasyny okuwa aljagam yok.
Leyli Amanowa
13 янв 2022, 21:36
Leyli* men Leyla däl
Shahrukh khan
13 янв 2022, 21:41
Цитата: Nairobi
Shahrukh khan,
"Baş egmek" hemme handa bolan zada. Yalan gurläp yallaksyrasyn diyemok. Yallaksyrany un çagasyny okuwa aljagam yok.


Bashy dine Hudayyn onunde egmeli. Muhammet Pygamber saw adama we shondan bashga zada bash egmegi gadagan etdi. Bash egmek yallaksyramak bolya.
Leyli Amanowa
13 янв 2022, 21:44
Shahrukh khan,
Iş bolduňuzay oyun edilip yazyldy şol! Baş egdirmedik hany ayt onda
Shahrukh khan
13 янв 2022, 21:50
Цитата: Nairobi
Shahrukh khan,
Iş bolduňuzay oyun edilip yazyldy şol! Baş egdirmedik hany ayt onda


bary ozune yallaksyratmak ucin edyada. Hazir senem owseler bashlarsyn ine ine diyip Hanlaram sheyleda. Garaz adamlar owulmegi halayalar yone onunde durup bilman hakykatdanam shomykam men diyip bashlap gapdalyndaky emeldarlardan bash egmegini islap bashlayalar. Emeldarlaryna bash egdiren han halk ucin dalde ozi ucin han. Adamlara hormat goyyan adam adamy oz onunde bash egip tagzym etdirmez
Kalp doctory
13 янв 2022, 21:58
Durmushun manysy yylgyryp bilmek, gelin urushmanjyk yarashalyn biz,bilelikde gecen gunlemmiz yatlap, Dogan,Jigi yaly gulishelin biz
Maksat
13 янв 2022, 21:59
Цитата: Nairobi
Bayker,
Biziň ganymyz hapa diydim bularam hakykady boyun alanoklar. Yewropa yapyşdy yatdy ilki özuňe jogap ber diysene

Biziň ganymyzyň nähili hapalanyna bilemok b.e. öňki wagtlarda näme bolupdyr näderejede dogry taryh ýazlypdyr olam bellidäl men diňe dört arkamy bilýän ondan aňyrsy bir syr. Öwünibermeli taryhymyz bar kem-käs ýerini görmedik bolup diňe öňe. Ýewropaňam aňyrsyny yzarlasaň bardyr utanyljak ýerleri ýöne olar diňe üstünliklerini agzaýalar. Kelläňizi agyrdýan zatlarňyzaý Stalin, Gitler bara gümenje taryhda çekeleşjek bolsaňyz, gan, millet diýip tapýaňyzaý birzat))
Leyli Amanowa
13 янв 2022, 22:03
Bayker,
Gitler diysemem yuzumi dyrmalap başlaya bu
Leyli Amanowa
13 янв 2022, 22:04
Shahrukh khan,
seňki dogry
Liwerpul_fc
13 янв 2022, 22:48
Wlad,seniň bul temaň Nairobini "ýere sokmak"üçin açandygyň barada pikir döredi mende. "Ýok beýle däl" diýýänem bolsaň näme üçin temaňy şoňa garşy gönükdiripsiň. Sada dilde "Nairobi jigim,seniň şol aýdan pikiriň düýbünden ýalňyş pikir. Ine oka şuny!" diýip ýazyp bilerdiňä aşakylary.
DonMaxx
14 янв 2022, 00:20
Liwerpul_fc,
sozine sag bol??
GuljemilE
14 янв 2022, 15:24
Goldayan