Has bilesigeliji bolmagyň 6 ýoly
Bilesigelijilik ylmyň gereklerinden biridir. Bir adam eger birzady bilmek we öwrenmek islemeýän bolsa oňa hiçzady düşündirip bolmaýar. Bilesigeliji adam welin hiçkim hiçzat öwretmeýän hem bolsa ugruny ýoluny tapyp öwrener. Ian Leslie-ä görä bilesigelijilik; zehin, yzygiderlilik we täzelige aç bolmagyň kombinasiýasyndan ybaratdyr.
Ýogsa-da has bilesigeliji bolmagyň ýollary näme? Ynha size dünýä metbugatyndan jemlän 6 maslahatym:
1. Akylly Oka we Öz Şahsy Gyzyklanmalaryñy yzla
Okan zadyňy bilesigelijilik bilen okamak, okan zadyňdan peýda tapmagyň gereklerinden biri bolup durýar. Bolmasa ol harp sanamakdan tapawudy bolmadyk bir güýmenjeden ybarat bolar. Saňa maslahatym; haýsydyr bir mesele seni gyzyklandyrýan bolsa ähli işiňi taşla we şol tema bilen gümra bol. Başgaça aýdanymyzda; okaýan zadyň seni gyzyklandyrmaýan bolsa, gyzyklanýan zadyňy oka. Gyzyklanma newro-signal ýaly işleýär we bizi soraglamagyň netijeli ýerlerine gönükdirýär. Gerekli newro-signallary alan beýin, özüne tarap gönükdirlen maglumatlara uly ähmiýet bilen garaýar we aktiw görnüşde olary özleşdirýär.
2. Özgeleriň Akly Bilen Aklyňy Lowurdat
Leonardo da Winçi-niň edilmeli işleriniň sanawy bilen tanyş bolalyň:
– Milanyň hasaplamalaryny täzeden çöz
– Corte Weççio-nyň hasaplamalaryna täzeden göz aýla
– Milany çyz
– Ussa Antonio-dan daşlar arasyna guýulýan garyndy barada maslahat sora
Leonardo-nyň gyzyklanma çägi gaty giň bolupdyr. Galyberse-de bu sanaw bize özgeleriň pikirlerine onuň nähili aýratyn üns berýändigini, olaryň tejribelerinden peýdalanýandygyny görkezýär. Bu hakykata laýyklykda; Leonardo-nyň ýoluny yzarlamak we beýinlerimizi özge pikirler bilen lowurdatmagyň bizi kämilleşdirjekdigini bellese bolar diýip pikir edýärin.
3. Kitap Dükanlaryna We Kitaphanalara Git
Internediň gözleg motorlaryndan peýdalanýandygymyz üçin gerekli maglumaty tapmakda kynçylyk çekemzok emma tötänleýin gabatlaşylýan maglumatlaram edinip bilemzok. Şol sebäpli-de kitaphanalar bize peýdaly bolup biler. Ýa-da internet ulgamynda bolsa-da tötänleýin maglumat agtarmak barada özüňe täze prinsipler döret.
4. Akmak Deý Sorag Soramaga Höwesli Bol
“Chemical Mike Parker” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Mike Parker şeýle diýýär: “Ençeme liderlikde başarnyk gazanyp bilmedikler bu başarnyksyzlyklaryny özleriniň sorag sorap bilmezliklerine ýa-da sorag sorama höwessizliklerine borçludyrlar. Menden has zehinli adamlaryň liderlikde başarnyksyz bolýandyklaryna şaýat boldum. Gaty akylly gürleýärler, köp zat bilýärler emma sorag soramagy başaranoklar. Şol sebäpli-de öz bilimdir-tejribeleri gaty ýokary bolsa-da töwereklerinde nämeleriň bolup geçýändigini anyklama babatda onçakly ýokary netije görkezip bilmeýärler. Bulam başarnyksyzlyga sebäp bolýar.”
Şol sebäpli-de köp sorag soramaga höwesli bol, akmak ýaly görünjegem bolsaň..
5. Köp Maglumatlar Edin, Diňe Google-a Ynam Etme
Sir Ken Robinson-yň “Do Schools Kill Creativity?” (Mekdepler döredijiligi öldürýärmi) atly gürrüňdeşligini tapyň we tanyş boluň. Şol ýerde bilesigelijilik, döredijilik we öwrenmek barada ençeme derwaýys belliklere şaýat bolarsyňyz. Gysgaça aýtmakçy bolsak, maglumatlar döredijiligi öldürmeýär, tersine döredijilige badalga berýär. Emma aňymyzy we aklymyzy (bilim we dogry maglumatlar bilen) iýmitlendirmäge derek näçe google-a ynam edip gezsek şonça-da döredijiligimize palta urýandygymyzy bilmelidiris. “Google-yň jany sag bolsun, gerek wagty şol ýerden taparyn” arkaýynlygy seni aň ýaltalygyna eltjekdir. Google bizi maglumatly etdi, emma gynansagam alym etmedi. Alym bolmak üçin maglumaty bilip goýmak däl-de özleşdirmegem zerur.
6. Her Zat Bilen Gyzyklanýan Bilermen Bol
Bir ýa-da birnäçe zady doly we çuňňurlaýyn bilmek könede galan bir çäre. Bu döwürde gerekli zat bolsa has giň pikir etmek, karar bereňde ähli ähtimallyklary göz öňünde tutup karar bermek we özüňe uzak durmuş pelsepelerine eýe adamlar bilenem arkaýyn işleşip bilmekdir. Beýnimizi ýa dogry maglumatlar bilen iýmitlendirip dogry bir ýolda (öz planlaşdyran ýolumyzda) ulanarys, ýa-da ol gereksiz maglumatlar bilen dolar. Şol sebäpli-de birden kän dogry mowzukda ussatlaş. Ýogsam beýniň dereksiz mowzuklarda ussatlaşanyny duýman galarsyň

3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.