Kim,,Faşist"?
Şunuñ aşagyny çyzalyñ:
Ideologiýalar, teoriýalar bilgeşleýin diýen ýaly garym-gatym edildi.
Düşünjeleriñ, adalgalaryñ ýoýulyp, üýtgedilip içi boşadyldy.
Sagçy, çepçi, faşist, kommunist, nasionalist, milletçi, demokrat, liberal we ş.m adalgalar hakyky berýän manysyndan çykaryldy. Kim sagçy, kim çepçi añ bulaşdyryjy-problematiki hala getirildi. Şeýlelikde “zihinsel ýol haritaları” ýok edildi. Şeýtmek bilen maksat, hakykatyñ ýalñyş düşünilmegini üpjün edip, jemgyýetçilik durmuşyny täzeden formulirlemek!
Munuñ “oýlap tapyjysy” neoliberalizm diñe ykdysadyýeti däl, syýasaty, medeniýeti düýbünden üýtgedip taşlady. Iñ uly propoganda serişdesi bolan global mediýa näme diýse, ýerli ölçegdäki "terjime intellektuallary" halkyñ boýnuna şony dakdy. Mysal üçin:
Eksplutatirleýji globallaşdyrma garşy döwlet bazaryny-ýurduny goramaga synanyşanlara, göreşenlere "faşist" diýildi! Şeýdibem faşizm finans kapitalist eksplutasiýanyñ döreden düzgüniniñ daşyna çykaryldy. Ýogsa bolmasa faşizm kapitalizmiñ, totalitar dolandyryş formasy - eksplutatirleýji ideologiýasydyr. Ykdysady krizis netijesinde girdejisi peselen kapitalist synpyñ eksplutatirleýji düzgünini berkitmevi üçin işçiler synpynyñ garşylygyny ýok etmek maksady bilen durmuşa geçiren režimidir.
Şol sanda... Kapitalizmiñ “zulum ýaragy” hökmünde tarih sahnasyna çykarylan faşizm bilen globallaşmagyñ arasyndaky ykdysady gurluşyñ meñzeşligi gutulgysyzdyr. Ýagdaý şeýle bolýan bolsa:
Global eksplutasiýa garşy ekin meýdanyny saklap galjak bolýan daýhan, ussahanasyny, atelýesini gorajak bolýan telekeçi, çeken zähmetiniñ hakyny talap edýän işçi faşist bolup bilermi? Özem:
Faşizmi sa:p medeni galyplar bilen çäklendirdiler!
Synpy özeninden çykarmak üçin şahsyñ psihologiki aýratynlygyndanam "faşizm" gözläp ýören boldular! Hemmeleriñ gündelik durmuşda biri-birlerine "faşist" diýilmegi üpjün edilip, faşizme bolan ýigrenje beleñ berildi…
• LE PEN FAŞIŞTMI?
Marin Le Peniñ ady nirede tutulsa, derrew oña "faşist" tagmasy ýelmenýär.
Her globallaşma garşy çykan her "nasionaliste" faşist diýip bolarmy?
Ykdysadyýetde "kollektiwizasiýany" öñe sürýänlere "faşist" diýip bolarmy?
Her “güýçli döwlet” ideýasyny öñe tutýana "faşist" diýip bolarmy?
NATO, Ýewropa bileleşigi guramalaryna aralyk saklaýan her kese "faşist" diýip bolarmy?
Russiýa, Hytaý ýaly döwletlere ýakynlaşmak isleýänlere "faşist" diýip bolarmy?
Eger... Bosgunlara garşy durýandygy sebäpli "faşist" diýýän bolsañyz, Günbataryñ ähli liderlerine "faşist" diýmeli dälmi eýse?
"Jöhit duşmany" diýilýän bu syýasatçy zenan birnäçe ýyl bäri asly alžirli jöhit Lois Aliot bilen bile işleýär, Aliotyñ özem "Nasional front" partiýasynyñ başlygynyñ orunbasary we şäher sowetiniñ başlygy!
Marin Le Pen genoside her gezeginde "warwarlygyñ çürbaşy" diýýär. Gollandiýadaky musulman duşmany sagçy populist PVV ýaly olam Ysraýyla ýakynlaşma syýasatyny ýöredýär...
“Haksyz, ýalñyş we karikatura maksatly” diýip baha beren partiýasyny "şeýtanlaşdyrma propogandasyndan" çykarmak üçin kakasyny-da partiýanyñ hataryndan çykardy!
Aşa sag kesgitlemesini kemsidiji hasaplap, şeýle diýýär:
“Nädip aşa sagyñ tarapyny tutaýyn? Meselesi näme bolanda-da, bildirýän talaplarymyz çäkden çykma teklipnamalardyr öýdemok.”
Wengeriýanyñ "Ýobbik" ýa-da Gresiýanyñ "Altyn şapak" ýaly neonasistik partiýalary bilen gatnaşyk açmagy ret edýär. Tersine, 2015-nji ýylyñ saýlawlarynda grek sosialistleriniñ bileleşen SYRIZA partiýasyny goldady. Işçileriñ 1-nji maý güni mynasybetli geçirýän demonstrasiýalaryna gatnaşýar...
Uzatmaýyn:
Gürrüñsiz, men ondan "ak jüýje" ýasajak bolamok, meselem onuñ sözlerinde musulmanlara garşy gönükdirilen saýry duşmançylygy peslär ýaly däl.
Şuña geleýin:
• KIMDEN SES ALÝAR?
Marin Le Peniñ gatnaşan soñky üç saýlawynda alan ses gatnaşygy şeýle:
2012-nji ýylda 18%.
2017-nji ýylda 34%.
2022-nji ýylda 42%.
Sowal şu: ol barha artýan seslerini kimlerden alýar? Hem oña sez berýän ähli saýlawçylara "faşist" diýip bolarmy?
Soñky saýlawlar boýunça geçirilen pikir soralşyklarda professional döwlet ýolbaşçylarynyñ - "ak ýakalylaryñ" 71%-i Makrona ses beren bolsa, işçiler synpyny düzüän "mawy ýakalylaryñ" 68%-nice Le Pene ses berendigi ýüze çykdy!
Bu bolsa, Trampa saýlawlarda ýeñiş gazandyran amerikan saýlawçylarynyñ bire-bir profili...
Bu bolsa, Angliýadaky Breksit ses berlişiginiñ bire-bir profili...
Sag-çep syýasy bölünişigi indi globalçylar-şäherli elitalar bilen elinde döwlet-ynanç kimliginden başga hiç zat galmadyk ezilenleriñ arasyndamy?
Fransuz sosiology Sylwain Krepon Le Peniñ partiýasy FN-niñ sesleriniñ artyşyna şeýle baha berdi:
"FN-iñ sesi globallaşmagyñ gurbanlaryndan toplandy: Ykdysady krizis we bäsdeşlik sebäpli batyp barýan ownuk telekeçilerden, hususy sektorlarda işleýän pes aýlykly işçilerden, iş tapmaýan işsizlerden…
FN garyp ýaşaýan we güzeranyny nädip dolarkam diýen gorkusy bar adamlardan köp ses alýar..."
Käbir çepçileriñ “faşist neoliberalizm” olgusunu gözden sypdyryp, “faşist Le Pen bu sesi nireden alýar?” diýmegi ideologik körlükden başga hiç zat däldir!
Soner ÝALÇYN.
"SÖZCÜ" gazeti, 28.04.2022 ý.

2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.