Uçurymlara

Çagalyk kenary uzakda galdy.
Öňde uzap ýatyr durmuşyň ýoly,
Ykballar ýylgyrar, ýöne bu durmuş
Geçirmez ýalňyşyň mugallymlar ýaly.

Kim bilýär, ýene-de näme boljagyn,
Dogan deý synpdaşlar belki ýat bolar.
Emma ak mekdepde dörän pursatlar,
Garramaz, garramaz, mydam ýatlanar!

"Okajak" diýsegem, gelmez o günler.
Ýyllaň gapysyndan garap galarys.
Uçurym bolsak-da, eziz mekdebim,
Göwnümiz deý mydam pesde gaýarys.

Ýollar uzar gider ýyllara tarap,
On sekiz durnany uçuryp elden.
Gitseler-de, olar abraýyň guşun,
Goraly her gelýän ýagmyrdan-ýelden.

...Bilsinler, mekdebim, diňe bir zady,
Gelen hem-de indi geljek nesiller,
Döwürler dolanyp, ýyllar geçse-de,
Seň gadryň bilmegi unutmasynlar!

Nury SAKÇYÝEW.
5 лайков 136 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
ýüreksözi
Автор 22 май 2022, 18:25
waý işi gaýdan 3 like alypdyryn welin birä dislike basýaraý aý şeýdende ýüregi köşeşýän bolsa bileninden galmawersin Hudaýýolym bolsyn
Nurmuhammet
22 май 2022, 19:00
al onda 1like
Aýläle
22 май 2022, 22:11
+++++