Kim gowy gosgy düzerkä???

Salam hormatly agzalar! Kim edebiyata gyzykyar? Kimin gosgy duzmekden basy çykyan bolsa gelin gosulyn... hem içiniz gysmaz, hem like alarsynyz, hem-de bilim derejanizi barlap gorersiniz...

Şerti: her kim 2 bentlik ozunden gosgy duzmeli, islendik tema hakynda bolup biler (basarmasanyz 1 bent hem bolyar) Öňünden sagbolsun aytyan düzjeklere sps
Hani gorelin onda kim gowy gosgy duzerka???

Düzüp bilmesenizem ozunizi synap gorun basararsynyz dp ynanyan...Hemmanize üstünlik!!!

Bu'da meniň öz düzenim: "Hakykat"

Biriniň hasabyna iýip içenler,
Ýalan soz bilen, pulundan çekenler,
Özünden aýryp, iliňkini seçenler,
Pälinden azyp, artyk alanlar,
Olaram bir gün hasabyn bermeli bolarlar.

Arkasyn dönende, gepin edenler,
Ýüzüne bakanda, gaşyn çytanlar,
Gowsuran bolup, ýalandan gülenler,
Damagyn doldurup,aldap gidenler,
Elbet bir gün jezasyn çekmeli bolarlar.

Halaly unudup, haramy seçenler,
Puly görüp, ar-namysdan geçenler,
Ýagşylygy ýatlaman, ýamanlyga itenler,
Ezraýyl gelip, amanadyn alanda:
Bular dowzak oduna duçar bolarlar

Başardygymdan düzdüm
3 лайков 550 просмотров
42комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
yusupahmet12
06 авг 2022, 18:48
Dogry aydyañ, hokman goshgy duzmeli,
Cunki, herkimde-de zehin bolmaly. Öte shat bolañda, gayga batañda
Eliñe kagyzdyr-galam almaly.

,, Islenene" yazanlañy goyberip
Okyjylañ bahalaryn alañda,
Bar bolan zehiniñ kuwaty artyp,
Ylhamyñy goterer has belende
Ötegçi
06 авг 2022, 18:49
Kelim kelim kelmelek
Kelläñ näme ýylmanak
Kelläñe derman gerek
It pohy bilen ysmanak(goşgy diýeñde su yada dusdi,)
Halap
06 авг 2022, 19:01
O nämäň «Agzajyklary?!......»
Mahri
Автор 06 авг 2022, 19:54
Haydaroff
O nämäň «Agzajyklary?!......»

Islenenin agzajyklary
Mahri
Автор 06 авг 2022, 19:55
Gowy duzupsiniz
yusupahmet12,
Mahri
Автор 06 авг 2022, 20:07
Ötegçi
Kelim kelim kelmelek
Kelläñ näme ýylmanak
Kelläñe derman gerek
It pohy bilen ysmanak(goşgy diýeñde su yada dusdi,)

Bulam erbet dal eken gülkünjiräk diymesen
Ötegçi
06 авг 2022, 20:22
Erbet däl" dal de gowy, hem patenti maña degisli dal
꧁???????꧂
06 авг 2022, 20:27
Mena gosgy duzuo bilemok :(
Perman Izakow
06 авг 2022, 20:31
Iki sözi dogry çatyp bilmänler,

Köpler özlerine şahyr diýýäler,

Bolar bolgusyz zat hakda düzýaler,

Manysy bolmasa bary biderek.
Mahri
Автор 06 авг 2022, 20:34
Bulam gowy eken
PROLIGA
Iki sözi dogry çatyp bilmänler,

Köpler özlerine şahyr diýýäler,

Bolar bolgusyz zat hakda düzýaler,

Manysy bolmasa bary biderek.
OrazMuhammet Aşyrow
06 авг 2022, 20:47
Aslynda goşgy ýazmak ýüregiňde dörän duýgulary beýniňdäki zehine garmakdan emele gelýän bolmaly, bizde bolsa şol predmetleriň ikinjisi kemterlik edýär.

Ilkinji goşgulam, ilki setirlem,
Bezeg bermez kitaplarmyň gatlarna.
Olar girip gitdi gizlin ýetirlen
Söýgi hatlarna.

Ne ýat tutdum olary, ne-de göçürdim,
Geçdim ondan söýgä sataşan pilläm.
Soň bu ömri goşgy ýazyp geçirdim,
Ilkinji goşgymy gaýtalap bilmän.

Atajan Annaberdi
Ötegçi
06 авг 2022, 20:53
"..pygamber borun öýderdim, betbagt şahyr boldum zordan"
Öwreniji
06 авг 2022, 21:07
Wag:t geçýär, sekundomer duranok,
Ösüşlere batly urýar, gadamlar,
Hiç bir ynsan telefonsyz ýöränok,
Bilmeklige üns bereliň adamlar!

Manysyn ýitirýär, aýdýan sözümiz,
Sungatda üýtgäpdir, goşgy aýdymlar,
Aklymyzy ýitirýäris özümiz,
Pyragydan diňläliň biz adamlar!

Wirtual durmuşdan tapýas ornumyz,
Real durmuşyndan şarpyk dadanlar!
Geliň ähli ýerde, adam bolalyň,
Biz adam ahyry, EZIZ ADAMLAR!
Mahri
Автор 06 авг 2022, 21:09
Cralice
Mena gosgy duzuo bilemok :(

sonnada ozuni barlap gormeli ekenin
Belki
06 авг 2022, 21:23
Göwnüñ boş goýmasyn bagt üleşigi
Saýlap söýgün gözelleriñ seresin
Men tarapa eliñ galgat biperwaý:
"Mahymam nä,ýagdaýyna seretsin!"

Serederçe barmyka bir ýagdaýym
Göwnümiñ boşlugy barmy dolarça?
Indi öñküsi deý ýüzüp bilemok
Kalp hanamyñ arzuwlary bulançak.

Günde görmek islän günleriñ bardy
Ýöremek islärdiñ berip egn-egne
Şonda sözüñ ýykanyma gynanýan
Hemem buýsanýaryn edepliligme.

06.08.2022 ý.
21:22
Mahri
Автор 06 авг 2022, 21:35
Belki
Göwnüñ boş goýmasyn bagt üleşigi
Saýlap söýgün gözelleriñ seresin
Men tarapa eliñ galgat biperwaý:
"Mahymam nä,ýagdaýyna seretsin!"

Serederçe barmyka bir ýagdaýym
Göwnümiñ boşlugy barmy dolarça?
Indi öñküsi deý ýüzüp bilemok
Kalp hanamyñ arzuwlary bulançak.

Günde görmek islän günleriñ bardy
Ýöremek islärdiñ berip egn-egne
Şonda sözüñ ýykanyma gynanýan
Hemem buýsanýaryn edepliligme.

06.08.2022 ý.
21:22

ozun duzen bolsan gaty gowy bolupdyr like++++
#B.S
06 авг 2022, 21:35
Wah sen gyzyň kaddy kamatyň.
Içimi ýakmakmy seniň adatyň?
Galmady sabyr takatym.
Gel şu gije duşuşaly!
:)
Belki
06 авг 2022, 21:42
Khanture,azajyk sabyr et,rus gyzlary näçe diýseñ duşuşar señ bilen :))
Ahmal
06 авг 2022, 21:46
Seni soyup boldum mayryk
Yuregimde galdy jayryk
Asgazanym wapse cuyruk
Sonda da soyern seni
Ahmal
06 авг 2022, 21:47
PROLIGA
Iki sözi dogry çatyp bilmänler,

Köpler özlerine şahyr diýýäler,

Bolar bolgusyz zat hakda düzýaler,

Manysy bolmasa bary biderek.

Gosgy ozumkimi
Ahmal
06 авг 2022, 21:48
*ozunkimi
Ahmal
06 авг 2022, 21:55
Ajal gelip men janymy almasa
Ertir alarn corek bilen kalwasa
Mahri
Автор 06 авг 2022, 22:00
Tüweleme hemmanizem baryp yatan zehin ekeniniza ylhamynyz bir joşsa her hili gosgy düzyaniz :) hihi
yusupahmet12
06 авг 2022, 22:01
Satiriki dessandan bir kuplet:

... Kakyp-silkyar dushegin her ÿyl nowruz gelende,
Çañ-tozanyñ derdinden guşucmayar belende,
Kilimlerin kakmaga kone pil sap elinde,
Gowni maña etdirjek iññirdisi dilinde,
Gerek gelniñ ÿagdaÿyn menden sora, aÿdaÿyn".
Mahri
Автор 06 авг 2022, 22:05
Seni söýüp göz ýetirdim birzada,
Söýgüň ýalan eken haramzada
bu setirlerem goşayyn :)
Senyorita.
06 авг 2022, 22:19
Sen bolmasaň nädeýin...

Ýüregme erk edip bilemok, ine,
Bu gün oňa ähli zady aýdaýyn.
Manysyz diýp Sensiz geçen günlerim,
Ýüreginiň gapysyndan ädeýin,
Sensizlik kyn, Sen bolmasaň nädeýin!

Ömrümi bereýin saňa diýeýin,
Gülende iki esse menem güleýin.
Baryny-ýoguny deň kabul edip,
Ýüreginiň gapysyndan ädeýin,
Sensizlik kyn, Sen bolmasaň nädeýin!

...
Mahri
Автор 06 авг 2022, 22:29
senyorita.
Sen bolmasaň nädeýin...

Ýüregme erk edip bilemok, ine,
Bu gün oňa ähli zady aýdaýyn.
Manysyz diýp Sensiz geçen günlerim,
Ýüreginiň gapysyndan ädeýin,
Sensizlik kyn, Sen bolmasaň nädeýin!

Ömrümi bereýin saňa diýeýin,
Gülende iki esse menem güleýin.
Baryny-ýoguny deň kabul edip,
Ýüreginiň gapysyndan ädeýin,
Sensizlik kyn, Sen bolmasaň nädeýin!

...

gowy düzüpsiň like++++
OrazMuhammet Aşyrow
07 авг 2022, 09:16
Belki,

Saýlap söýgün gözelleriñ seresin
Men tarapa eliñ galgat biperwaý:

Goşgydaky şu iki setir meni özüne çekdi, ýokardaky setir Nurmuhammet Meredowyň meşhur aýdymlarynyň sözlerini ýada saldy:

"Razy edip ene ata gaýyny
Sýalap aldym gözelleriň aýyny"

-diýen sözlerini.

Osanam şol iki setir ýene bir tarapy bilen meni geň galdyrmagy başardy, goşgyda:

"Saýlap söýgün gözelleriñ seresin"

-diýmek bilen awtor öz okyjysynamy ýa liriki gahrymanynamy gözelleriň seresini saýlap söýmegi maslahat berýär hem-de ikinji setirde:

"Men tarapa eliñ galgat biperwaý:"

-diýmek bilen "Ynha-da gözelleriň seresi, bol tiz eliňi galagat diýip özüni görkezýär"))

Umuman goşgy erbet däl, seljermeler bolsa degişmeräk görnüşindedir)))
Ötegçi
07 авг 2022, 10:39
@Belki, Berekella????
Mahri
Автор 07 авг 2022, 11:14
Gowy gosgy eken menden like++++