Kim gowy gosgy düzerkä???

Salam hormatly agzalar! Kim edebiyata gyzykyar? Kimin gosgy duzmekden basy çykyan bolsa gelin gosulyn... hem içiniz gysmaz, hem like alarsynyz, hem-de bilim derejanizi barlap gorersiniz...

Şerti: her kim 2 bentlik ozunden gosgy duzmeli, islendik tema hakynda bolup biler (basarmasanyz 1 bent hem bolyar) Öňünden sagbolsun aytyan düzjeklere sps
Hani gorelin onda kim gowy gosgy duzerka???

Düzüp bilmesenizem ozunizi synap gorun basararsynyz dp ynanyan...Hemmanize üstünlik!!!

Bu'da meniň öz düzenim: "Hakykat"

Biriniň hasabyna iýip içenler,
Ýalan soz bilen, pulundan çekenler,
Özünden aýryp, iliňkini seçenler,
Pälinden azyp, artyk alanlar,
Olaram bir gün hasabyn bermeli bolarlar.

Arkasyn dönende, gepin edenler,
Ýüzüne bakanda, gaşyn çytanlar,
Gowsuran bolup, ýalandan gülenler,
Damagyn doldurup,aldap gidenler,
Elbet bir gün jezasyn çekmeli bolarlar.

Halaly unudup, haramy seçenler,
Puly görüp, ar-namysdan geçenler,
Ýagşylygy ýatlaman, ýamanlyga itenler,
Ezraýyl gelip, amanadyn alanda:
Bular dowzak oduna duçar bolarlar

Başardygymdan düzdüm
3 лайков 550 просмотров
42комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#B.S
07 авг 2022, 11:16
Elif,
Soyyanimin soyyani bar
Togalak dal tekiz
Yerde,

Bähhh :)
Apples
07 авг 2022, 11:21
Elif,
Senem tekiz yercimi
#B.S
07 авг 2022, 11:28
Kind_boy™
Elif,
Senem tekiz yercimi

Edil beýlede däldir... onuň parodiýa eden hakyky goşgusynda näme diýýärkä?
Ötegçi
07 авг 2022, 11:36
Elif??
Mümkin
07 авг 2022, 11:54
Mrokas,eliñi galgatmaga siz birini çagyranyñdaky eliñi galgatmak diýip düşünipsiñiz.Bu ol däl.Bu kimdir birine owarrama gitsin-le diýip el galgatmak,el silkmek diýen ýaly. "Goýsanaý"diýen manyda-da bolar.Biperwaýlygy añladýar.
Goşgy barada aýtsam ylhamsyz,ýüzügry ýazylan zat.Menem goşgy ýazmaga ukybymy barlaýaýyn diýdim ;))
Pegas
07 авг 2022, 12:41
Elif, ))))
No name
07 авг 2022, 13:25
Dertlerimi aýdyp bilsem bagyryp,
Kelämdäki pikirlerim dagynyk,
Meni gören,eşden nebsi agyryp
"Wah"diýip deregňe dertdeş köp oldy

Bu ýürek ýadasa der gözden çykar,
Adamy işler äl alada ýykar
Mert adam görkezmän göz ýaşyn bukar
Ýalançyda ýalan ýüzler köp boldy

Gyssagly ylham:)
No name
07 авг 2022, 13:26
*Däl
Pegas
07 авг 2022, 14:02
Elif
Pegas,
Gulkuncmi (

Ýok. Gyzykly diňe.
Pegas
07 авг 2022, 14:11
Elif
Pegas,
Alty minutda yazdym, bolya'da, hami?

Hä.
şalemme
07 авг 2022, 16:52
Men aýdaýyn iki bendi ganlar içinden çykýan bendi
Bu dünýä bir geçer erdi
Görip bakyñ adamlar....

Halal durmyş haram oldy
Hemme biler telek oldy
GBS-muny aýdar oldy
Göriñ bakyñ adamlar.....

GBS-geçip barýaka sowlan....
OrazMuhammet Aşyrow
07 авг 2022, 18:58
Mümkin,
Şol el galagatmaly ýerini okanymda göz öňüme Robinzon Kruzonyn adadan duryp deňizdäki gämä el galgadyşy göz öňüme gelip gitdidä, asyl biperwaý sözüne ünis bermän ekenim. Eger men ýüzugryna şeýle goşgy ýazyp bilýän bolanymda özüme şahyr diýip, gürletmezdim hiçkimi)))
parca■
08 авг 2022, 17:37
Mowzuk okadymda ýazaýdym welin... :-)
Ine ylham geldi.

Oýan ahyr.

Irkiljiräp oturmada,
El-  ýuzini ýuw basymjak,
Näme beýle ukyçyl sen,
Garagözüm tur basymjak

Horaz sesin eştmediňmi
Dan saz berdi görmediňmi
Ukyň doly almadyňmy
Kofiýaň taýýar iç gyzgynjak

Tijen sagat nace boldy?!
Gör ahyry birçen boldy!
Maşk etmeli wagtyň boldy.
Işe taýýar bol basymjak

17:30.
parca■
09 авг 2022, 13:05
B - Bu gün seniň doglan güniň gutlaýan!
A - abraýdan, bagtdan nesibäň bolsun!
H - hemişe janyň sag, ömriň hem uzak
A - Al elwan güller dek owadan bolsun!
R - ruhuň elmydama belentde bolsun.


A - arzuwlaryň hasyl bolsun durmuşda
R - rowaçlyk, şowlulyk ýaranyň bolsun
A - alnyňa ýazylan ykbally dünýäň
Z - zümmeret gaşy dek ýalkymly bolsun
G - Gadamlaryň batly, ýollaryň açyk
Ü - üstünlik, jan-saglyk, bagt bilen gowlyk
L - (y)lahym duş eýlesin ömrüňe şatlyk
! - Gutly bolsun ýetip gelen ýaş toýuň!