Ykbala

Ykbala

Arzuwym o diýen ullakan zat däl:
Altyn däl, maşyn däl,ýa samolýot däl,
Owadan jäjek däl, ýasama at däl,
Ilkinji dilegim – kemlik den sakla.

Hemmejämiz adam – özümiz deň däl,
Kimiň düýbi çuňňur, kimiňki çuň däl.
Danadan öwrenmek beýlekä geň däl
Şeýle bolsun: Gyradeňlikden sakla.

Çagalygyň hözirinden aýyrma,
Ata ýurduň huzuryndan aýyrma.
Ömrümboýy emma emläp doýurma,
Wagty geleninde emzikden sakla.

Ene-de, ata-da bir gün gitmeli,
Soň özümiz olaň ornun tutmaly.
Gözýaşdanam halas etseň et weli,
Ýalbarýan, ýüregi doňlukdan sakla.

Işim rowaçlanyp ugrugan ýerde,
Ýolukdyrma hernä bolgusyz derde.
Asly ýeke, özi çäkli ömürde
Başganyň üstünden gülmekden sakla.

Öz ýolumda ýoldaşyma ynanman
Ýaşamaly etmäweri, eý aman!
Owalbaşda öz sazyňa guwanman,
Özgäniň sazyny çalmakdan sakla.

Bu owadan dünýä – guwanjym meniň,
Ygtybar dostlarym – daýanjym meniň.
Mukaddes baýdagym – ynanjym meniň,
Del baýdaga tagzym kylmakdan sakla.

Yzyňa göz aýla: nähili bolup
Geçdiň agyr döwrüň jahyly bolup.
Indem uly iliň şahyry bolup
Biarzy, bigadyr bolmakdan sakla.

Bir adam deregine alsalar sana,
Bolubilýär, eýsem, armanym näme?
Özgä öwüt berip danadan dana,
Soňundanam tarap çalmakdan sakla.

Başym bir, ýüzümem bolmasyn iki.
Özümi daraýyn hemmeden ilki.
Märekä baş etseň, etmäwer gülki,
Aşa ýüki arka almakdan sakla.

Garaşly etmeseň özümçe ýoga,
Taýýardyryn her dem „sag bol“ diýmäge.
Ygtyýar ber, gazanjymy iýmäge.
Azana duş etme, emgekden sakla.

Är dek çekip näme gelse başyňa;
Güýzüňden golaýlap barýaň gyşyňa…
Ýüküň bolsa ur ýene-de gerşime,
Oňa derek nähak ýumrukdan sakla

B.Hudaynazarow
3 лайков 143 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.