Toy bilen yas bile gelende (hekaya)

Nazar ýokary okuw jaýyny okuwyn dynyp, hödürlenen işden ýüz öwrüp oba mekdebine işe geldi
Ol ýokary synp okuwçylarny himiýadan okadyp başlady
Öz obasy bolansoň işinede, kollektiwada derrew öwrenişdi
Nazaryň okuwym dynýanjam garaşmaly borsyň diýip, halan klasdaş gyzy Şeker bolsa, obada ady belli kastyum jalbar tikýän tikinçidi. Bularyň söýgüleri mekdep döwründen başlanansoň, ony tutyş oba bilýärdi. Bularyň arassa söýgüsine daşyndan höwes etýän hem bardy
Enebaý eje ogly Nazaryň öz tanaýanja ýeriniň gyzyny halaýanyna daşyndan guwanýardy. Şeker ýaly gyzy gelin edip öz oglunyň ýanjagazynda görmegi arzuw etýardi
Şekeriň ene atasy hem gyzlarnyň Nazar bilen halaşýanyn bilýardi. Şekeriň kakasy bilen Nazaryň ejesi hem klasdaşdy.
Nazar işe başlanyndan soň Enebaý eje düwünjegin alyp goni Şekerlere gitdi. Oňem tanyş ýerler bolansoň bularyň gudaçylygy çekeleşip hem durmady, derrew iki gapdal hem razy bolyp toýyň ugryna çykdy
Toý sähedi bellenildi
Toý dep dessurlary bary edildi. Gyz ýeriň toýy sagaman sowyp bu gün toý oglan ýerdedi
Enebaý eje oglynyň toýynda gelniniň toýdan ugradan sowgatyn bir laý geýip gelinalyjy gitmänkä owadan toý köýnegin geýip, gelen düwünjekler bilen başagaýdy
Toýa gelen her bir myhman ýaşlaryň toýyn gutlap, gelinalyjy maşynyň ugryndady. Her kim öz münjek maşynyny bezeýardi
Ýaşulylaryň wagt boldy indi ugraň hany diýip ak patasy bilen, gelin almaga gitjek maşynlaryň uzynlygy uzak ara ýetýardi
Gelinalyjy maşynlaryň tertipli sagaman gidip gelmeklerine ýörüte iki sany ýolbaşy hem goýyldy
Enebaý ejäň begenjine her bir gelinalyjy maşyna owadan ýaglyklary özi daňyp çykdy
Gelinalyjy maşynlar ýola düşdi. Gelin almaly ýer ýakyn hem bolsa, toýyň ýörüte bezegi üçin şäher merkezine gidip ýadygärliklere çemen goýmak üçin, maşynlar obadan saýlandy.
Gelinalyjy maşynlar goý gelni aýlap gelmage gidibersinler ýöne, ýöne gelinalyjy maşynlar öýden saýlanan pursatdan başlap Enebaý eje zordan özini öýe atdy
Gapjygynda duran dermanyn alyp derrew içdiGök çaý demledip çaý bilen çörek iýjek boldy we ýerinden turan dessine ýere güpürdäp ýykyldy
Munyň birden beýle ýagdaýa düşenin görüp derrew oba lukmanyna maşyn ugradyldy
Enebaý eje haşlap ulydan alýan demi, märekäniň howpyny basdy
Aýal dogany agzyna suw dandyryp, el aýagyn oykalap otyrka, birden batly batly sesli dem aldyda hyrk etdi, we bedeni gowşap gitdi
Aýal dogany waý bir zada boldy, çaşdy diýip suw sepip başlady. Tutyş toýa gelen märeke daşyna üýşdi...
Lukman geldi, apparaty bilen gan basyşyny ölçedi, san nol görkezdi
Ýürek urşy, damar urşyny barlady, oda nol görkezdi
Gözleri ýagta tisginmedi, döş kapasasy galan, beden sowuk, endamy agymtyl gögümtil öwüsýardi
Lukman başyny ýaýkap
-jemleniberiň boljak iş bolypdyr, yzy ýarasyn!? Diýdide ýerinden turdy....
Öýde bolan agy sesi, tutyş oba ýaňlandy, ýaňjada aýdym sazyň sesi tutyş obany bezäp duran bolsa , indi kyyamat gopan ýaly toý ýasa öwrüldi.
Enebaý eje yogalypdyr diýen hawar derrew oba ýaýrady...
Gelin almaga giden maşynlara baş bolyp giden adamlaryna telefon edip derewjik gelni öýe getirmeklerni we sygnal bermän gelmeklerni tawşyrdylar
Nazara bolsa hiç zat aýtmadylar, özi gelende biler diýip tawşyrdylar
Nazaryň bolsa hiç zatdan hawary yokdy. Ol bu gün naçe ýyllap söýüp aýan gülüniň elinden tutyp, bagtdan doly gözjagazy balkyldapjyk durdy. Hawary yokdy bu şadyýan gülüp duran gözlerden hazir ajy gözýaşyň döküljeginden.
2 лайков 151 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ahmet
10 мар 2023, 04:02
Kiçijik gowja tragediýajyk. Nowçadan ylhamlandyňmy ))
OPTIMIST
10 мар 2023, 06:59
Yaman kan gabat gilyaray su yazylan zat line dowrunden bari yasap yor
ýüreksözi
Автор 10 мар 2023, 10:58
Vekil_City,yok muny men bir yerde okapdym ozima yazamok