,, Geçer" diýip menem özim aldaýan..

Sen bilýärmiñ?, Şemal össe her wagt,
Yrar durar bagyñ gowşak şahasyn,
Sabyr eýle, bahyla-da gün gelip,
Niýetine ykbal berer bahasyn.

Sen bilýärmiñ?, Dagdan akýar çeşmeler,
Damjalary daşyñ için deşip dur,
Ýama gözläp eljireme, sebäbi,
Doglanyñda ýüregiñde deşik dur.

Sen bilýärmiñ?, Süýji ýaly ýalanlar,
Ynanmaga mejbur edýär käteler,
Dogruçyllyk ýok bolan deý hamala,
Ynanmagy ýigrenýäris käte-de.

Köp diýýärler ,,sen ýaşyña görä däl,
Garry ýaly akyl satýañ janygyp,
Ölüm hakda, ömir hakda köp ýazýañ,
Nä ýaş añyñ gitdimi ýa tazygyp?!".

Soraýarlar: ,,ýa söýgiden ýandyñmy?,
Nä derdiñ bar, ar almalyñ barmy ýa,
Gerdeninde şunça ynsan ýaşadýan,
Goja zemin indi saña darmy ýa?!".

Ýalñyşýañyz, eger owalda-soñda,
Ar almaly bolaýsamam bir zatdan,
Kineleri zyñyp gyra, owarra,
Abatlygy diläp duraryn Hakdan.

Sen bilýärmiñ!, Ynsan ýaly nadan ýok,
Pursat tapsa bir-birini aldaýar,
Şükir Hudaý, ýaşamakdan ýadamok,
,, Geçer" diýip menem özim aldaýan...

Baýram BEJIDOW
3 лайков 72 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.