Seň belgiňi "Yşkym" diýip belläpdim...

Seň belgiňi "Yşkym" diýip belläpdim,
Arzuwlarmyň wysalydy gözleriň.
Gijeler pyşyrdap aýdan syrlarym,
Sen düşnüksiz düýşleriňden gözlegin.

Bardyr ol durnalaň näz edişinde,
Haýaň ötülmedik bosagasynda,
Özüme çalymdaş utanjaň ýigdiň,
Ýaryna ýetmedik şol posasynda.

Bir howadan dem alýarkak bolmazam,
Bizden bagtlyň barlygyna ynanmam.
Bizi bile görüp özün ýitirdi,
Bagtyň özi bagtdygyna ynanman.

Ýöriteläp duşurmandy ykbalam,
Söýgi işleriniň tötänlik bary.
Gark bolmagy arzuw edip ýaşaýan,
Umman gözleriňde Titanik ýaly.

Duýgulamdan syzyp çykan duýguçyl,
Eý, söýgä meňzeşim,
aglak melegim,
Seni beren jomart ykbal sag bolsun,
Ýerde gowşan asmandaky dilegim!

Maksat ESENOW.
6 лайков 147 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Aksary
18 апр 2023, 23:28
Hany-how aga täzeräk birzatlar acsana :)
Massimus
Автор 19 апр 2023, 06:34
Aksary.,
Hany-how aga täzeräk birzatlar acsana :)

)))