Akja bilen ýar ekeniň bilmedim.

BILMEDIM

Niçe ýyllar gezdim seni ýar diýip,
Başga ýaryň bar ekeniň bilmedim.
Munuň menden özge kimi bar diýip,
Başga ýaryň bar ekenin bilmedim.

Bu sözleriň meni goýdy ölüme,
Bilbil uçdy, zaglar gondy gülüme,
Käkilim diýp, çyrmaşdyrdym bilime,
Adam çakan mar ekeniň bilmedim.

Bu gün awy goşduň meniň aşyma,
Rehim gelmez gözden akan ýaşyma,
Bir gül diýip sanjyp idim başyma,
Gury tiken-har ekeniň bilmedim.

Könül  berdiň Akja perizadyňa,
Aýşy-aşratlary düşüp ýadyňa,
Ýar-ýar diýip, näler ýandym oduňa,
Kaknus köýen nar ekeniň bilmedim.

Şasenem diýr, habar almadyň menden,
Şirin janym çykdy jan bile tenden,
Bu gun, belli, üzdüm umydym senden,
Akja bilen ýar ekeniň bilmedim.

Śasenem - Garyp dessanyndan.
 
Elif
Täzeje (08.02.2019 / 21:26)

INTIZAR  OLDUM


Gurbanyň bolaýyn, wepaly ýarym,
Ýüzüň aç görmäge intizar oldum,
Ýüzi gül-gunçaly sapaly ýarym,
Gözüň aç, görmäge intizar oldum.     

Gel gideli bu ýerlerden sera-ser,
Syýa zülpüň, dal gerdene serbe-ser,
Lebleriň şirindir mysaly, köwser,
Ak ýüzüň görmäge intizar oldum.

Humaýa meňzetdim ala gözüňni,
Eşider men şirin-şirin sözüňni,
Bir bahana bilen görset ýüzüňni,
Gül ýüzüň görmäge intizar oldum.

Aşyk Hemra şipa dilär renjine,
Jan guşy myhmandyr köňül genjine,
Köňlüm tama eýlär kalbyñ genjine,
Ak ýüzüň görmäge intizar oldum.

 
Elif
Täzeje (08.02.2019 / 21:26)

PYÝALA

Ýokdan bar etgen alla, saldyň meni bu hala,
Bir dilberiň köýünde, çekdim  pyganu-nala,
Medet istäp. özüňden, girmişem men bu ýola,
Jepa çekip, jan berip, ýetsem ol now nahala,
Asy ajyz  guluň men, ýetgir meni wysala!

Yşk mülküniň şahy men, gaşymda mähremim ýok,
Syrym diýip sözleşsem, dildary-dilberim, ýok,
Ýar jemalyn  bir görüp,ölsem,zerre gaňym  ýok,
Sen-sen puşdy-penahnym, bir gaýry.-hemdemim ýok,
Ýaryň ugrun gararmen bakmazmen, özge ýola.

Elip kibi : kamatym, hijran ,şebinde ýardyr,
Ýarsyz her gijäm,— bir  ýyl her günlerim bir aýdyr,
Pany dünýä  daşymda  matamhana   saraýdyr,
Rakyp-ýaryňl  gaşynda menzilgähim bu jaýdyr,
Haýsy agýara sunar golga alyp pyýala.    

Hijran dagyndan aşyp söwer-ýara ýetişsem,
Semender deý sargaryp, öz-özümden tutaşsam,
Halyl kimin öňünde öertensem, öda, düşsem,
Otlar maňa  Gülzardyr, Zöhre jana gowuşsam,

Gyzyl güli dost bilýp, bilbil işi pygandyr,
Balu perin gyrdyryp, mydam bagrynda gandyr,
Yşk ýoluna düşmedik bu zulmatdan amandyr,
Gahyr bir ýar yşkynda, çyn  ryswaýy-jahandyr,
Hiç bir kimse düşmesin meniň dek bu hyýala.
 
Elif
Täzeje (08.02.2019 / 21:28)
4 лайков 160 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
eetfghjTN KINGTN
26 июн 2023, 19:37
adyň näme
eetfghjTN KINGTN
26 июн 2023, 19:37
Täçmuhammet,