Sakawyň soňy ýa-da däliden dogry habar...

Dostum başyň aman bolsun. "Dost" sözüniň manysyny beýlekilere görä has gowy düşünýän diýsem @Diamonte bilen @Sahedowa menden gaty görmäwersin. Sebäbi meniň bir dostum bar, gyzyl ýaly oglan. Ýok, ýok, gyzylyň bahasy bar, ol bahasyz.
Puldan kösensem, käwagt kösenmesemem dostuma jaň edýän, pul soraýan, ol bolsa, ol görgüli bolsa başardygyndan maňa pul berýär. Bu günem şeýle. Ondan pul soradym, 7 müň manat (howwa, täze puldan). Ol bolsa çagajyklarynyň agzyndan kesip, galanyny bolsa karz, kowal edip maňa getirip berer. Biziň dostlugymyz megerem, tä Tom Jerrini tutup iýýänçä dowam edermikä diýýän ýa-da dostum şol aýdan pulumy getirip berýänçä...
Ýüzi nurly dostum (suratyny çilim paçkaň daşyna ýelmeseň tutuş millet çilimi taşlar) jaň etdi.
-Massimus, gowumy dost, puluňy alyp gelýän, ýarym sagatdan Bilbil daýzaň "Han döner"-ine geläý.
Allajan dost berende şeýdip berýän eken.
Ýarym sagatdan soň iki dost bellenilen ýerde.
-Salam, gowumy dost.
-Howwa, özüň gowumy dostjan.
-Aý beýdip aýalymyň nomerini tapyp jaň etmek gerek däl how, aýtdyma berjek şol puluňy diýip, biraz garaşaýmalyda dost.
-Garaşma kemi galan däldir dost, 9 aý geçdi. Saňa pul berende öýlenen goňşymyň düýn bäbejigi boldy. Jaň etsem eliňi öçürip goýýaň. Entägem obadaşlaň aýalyna jaň edip göräý, şol bir musulmana meňzeşräk, belki aglap telefonyny öl myžžyk etseň kömegi degmegi ahmal diýensoň jaň etdim, jany sag bolsun!
-10 müň manatjyk ( on müň ma nat jyk) üçin beýdip ýörmek gerek däl dost, üçiňä bölüp, bölüp berdim, me, ýediňem sanap al.
Iň gowy ses bankomadyň trrr edip pul sanaýan sesi däl eken, ynanaý dost (dost diýlen sözi ýigrenip ugradym birhili), iň gowy ses algyňy alaňda sanalýan puluň sesi eken.
-34 milýon 700, 750, 800, 850, 900, 925, 950, 955, 960, 965, 70, 75, 80, 85, 90, 95, 35 milýon, dogry eken, gel bir gujaklaýyn.
-Hany aýalyma jaň et, pulumy aldym, raşşot diý, düýnden bäri etimi iýdi.
-Öňürti öz aýalyma jaň edeýin ol 184 gün bäri meň etimi iýip ýör.
-Aç boldum, bir zatlar iýeli, eliňi açarsyňa, pullandyňa.
-Özi 7 müň manatjyk bolsa, nämesine elimi açaýyn...
Belki, Sizde-de (Massimus, "Siz" sözüni näme üçin baş harp bilen ýazýaň diýip sorady muşdaklarymyň biri (häý zaňňar, muşdaklam diýen bolup, özüňe Joni däldirin öýdeňok, agzalaň biri diýäý gowusy). Işe giremde başlygyň adyna arza ýazamda, arzaňy çalşyp Sizden diýlen ýerini uly harp bilen ýazaý diýdi. Ok diýdim. Sizem başlykdan kem görmeýänim üçin şeýdäýýän) bardyr şeýle ýakyn dost, ýok bolsa aýdyň, nomerini bereýin...
14 лайков 528 просмотров
28комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Nurmuhammet
23 окт 2023, 04:10
Mowzuk örän jûpûne düşüpdür, sen aýtma agam menem özümi zordan saklaýan hem gaharym gelýä, hem gülýän.
Diamante
23 окт 2023, 07:44
Meniň nikim Diamonte däl Diamante şuň üçin gaty gördüm senden?
Massimus
Автор 23 окт 2023, 08:53
Diamante,
Gaty göräýseň kel oglana duşgaýsyň:)
Azasdym.
23 окт 2023, 09:04
Karzynyzy sagaman alypsynyza bermedik bolsa name etjekdiniz.
Sahedowa
23 окт 2023, 09:53
nm ucn mn bilen Diamanty meselem getirdiniz
Ejegyz
23 окт 2023, 11:04
????
Azasdym.
23 окт 2023, 11:44
Sahedowa
nm ucn mn bilen Diamanty meselem getirdiniz

Hawwa name un ka siz gadyrdan dostlarmyy yaa.
Sahedowa
23 окт 2023, 12:32
Azasdym.,
belki seylediris kim bilya?
Azasdym.
23 окт 2023, 13:03
Sahedowa
Azasdym.,
belki seylediris kim bilya?

Dogrydanam kim bilya?
Gunay
23 окт 2023, 13:20
Bilbil daýzaň döneri :)Daşoguzdanmy?
Diamante
23 окт 2023, 14:15
Sahedowa
Azasdym.,
belki seylediris kim bilya?

Sen bilmeseň kim bilmelikä ony))
Diamante
23 окт 2023, 14:17
Azasdym.
Sahedowa
nm ucn mn bilen Diamanty meselem getirdiniz

Hawwa name un ka siz gadyrdan dostlarmyy yaa.

Howwa meň üçinä dost Sähedowany bilmedim))
Massimus
Автор 23 окт 2023, 14:34
Sahedowa,
nm ucn mn bilen Diamanty meselem getirdiniz

Gowy dostdugyňyz üçin
Massimus
Автор 23 окт 2023, 14:35
Gunay,
Bilbil daýzaň döneri :)Daşoguzdanmy?

Howwa
Massimus
Автор 23 окт 2023, 14:38
Azasdym.,
Karzynyzy sagaman alypsynyza bermedik bolsa name etjekdiniz.

Howwa, şeý diý
Sahedowa
23 окт 2023, 14:51
Diamante

Howwa meň üçinä dost Sähedowany bilmedim))

gowher meni seni dostum hokmunde gormesem sana ynanmasam nm ucin mn sen bilen in uly syrymy paylasayyn
Diamante
23 окт 2023, 15:03
Sahedowa
Diamante

Howwa meň üçinä dost Sähedowany bilmedim))

gowher meni seni dostum hokmunde gormesem sana ynanmasam nm ucin mn sen bilen in uly syrymy paylasayyn

Janada kime ynanmalydygyny bilyäň ))
Diamante
23 окт 2023, 15:04
Massimus
Sahedowa,
nm ucn mn bilen Diamanty meselem getirdiniz

Gowy dostdugyňyz üçin

Sag bol saňada nesip etsin
Sahedowa
23 окт 2023, 15:06
Diamante
Sahedowa
Diamante

Howwa meň üçinä dost Sähedowany bilmedim))

gowher meni seni dostum hokmunde gormesem sana ynanmasam nm ucin mn sen bilen in uly syrymy paylasayyn

Janada kime ynanmalydygyny bilyäň ))

bilyanmi sayt bashdakysy yaaly gyzykly dal hic kim yok
Diamante
23 окт 2023, 15:14
Sahedowa,
Aytmayda her gezek giremde men sayta seredyän sayt maňa seretyä sen görgülem bizi mowzuk açyp yylgyrtyaň welin ondada
Sahedowa
23 окт 2023, 15:17
Diamante
Sahedowa,
Aytmayda her gezek giremde men sayta seredyän sayt maňa seretyä sen görgülem bizi mowzuk açyp yylgyrtyaň welin ondada

hehehe? senem su wagt meni guldurdun
Perman Izakow
23 окт 2023, 17:15
Gaty gowy,ömriňiz uzak bolsun.Siziň mowzygyňyza garaşyp ýördim.Ýenekilerede sabyrsyzlyk bilen garaşýan.
Azasdym.
23 окт 2023, 21:07
PROLIGA,
Salam sizem bamysynyz gorunmeyaniz
Diamante
23 окт 2023, 21:27
Azasdym.,
Sizem bir onyaly görnüp baraňzok)
Perman Izakow
23 окт 2023, 21:30
Azasdym.
PROLIGA,
Salam sizem bamysynyz gorunmeyaniz

Waleýkimessalam howwa baryn.
Azasdym.
23 окт 2023, 22:29
Diamante,
Ay yok baryn gunde sutayda men yone mowzuk acamok diymesen baryn.
Azasdym.
23 окт 2023, 22:30
PROLIGA,
Mowzuk acmayanyza.
Nurgeldi
23 окт 2023, 23:24
Dayy manty ?
Nurgeldi
24 окт 2023, 00:30
Sahedowa sen na hak bilen mana haybat atan bolyanay? Akyllyja bol
Nurgeldi
24 окт 2023, 00:31
Bolmasa sanada sahetli oba diyerin ?