Geliň tanyşalyň?! Zähmetkeş agzamyz @Proliga bilen...
Salam millet! Bu gün saýtymyzyň iň zähmetkeş agzalarynyň biri, wagtynda gowy pikirler, ideýalar bilen bizi begendiren agzamyz @Proliga bilen wirtual tanyşlyk gurnamaga synanyşarys. Söhbetdeşligi käbir gyzlarymyzyň (ýene gyzlar diýýädä bu diýäýmäň gyzlar, indiki gezek oglanlar diýerin) ýüzüne edilen ýewroremontyň çykdaýjy smeta hasabatyny taýynlap berýän "Massimus production" oba maliýe bölümi edarasy gurnar.
Sizi bimaza etjek soraglar üçin ötünç soraýarys! Hany gowy edip garnyňy doýurup gel, başlaly.
1. Özüňiz barada gysgaça gürrüň beräýiň. (awtobiografiýa).
2. Näme üçin @Proliga? @Superliga, @Premýer liga ýa-da @La liga däl?
3. Siziň "Boldumsazyň gyzlary" diýen goşgyňyzy Atageldi Garýagdyýew aýdym edip klip çykarjakmyş. Başga goşgularyňyzam biziň bilen paýlaşaýsaňyz.
4. Şahsy durmuşyňyz barada gürrüň beräýiň.
5. Adam ýaşadygyça akly goýalýa, öň eden ýalňyşlyklaryna ökünýä, etmedik işlerine ahmyr edýär diýýärler. 10 ýyl yza gaýdyp bolsa nämeleri üýtgederdiňiz?
6. Sizi saýtyň iň gowy agzasy hasaplap Don @Abaddon 1 milliard manat berjek diýdi (köne puldan howwa). Nämelere sowjagyňyz gaty gyzykly, syr bolmasa, elbetde.
7. Saýtdan bir zenana öýlenmeli bolsa kimi saýlardyňyz (ikimize barjak bolup ölüp ýatanam ýokla, onda-da ýüregiňizdäkini aýdaýyň)?
8. Iň uly ýöne ýetip bilmedik arzuwyňyz?
9. Dünýäniň 7 gudratyna bilýänsiňiz, sanap oturmaýyn. Siz 8-nji gudrat diýip nämäni hasaplaýaňyz?
10. Göz öňüne getiriň kakaňyzyň ogly bar, ýöne ol agaňam däl iniňem. Kim ol?
11. Leonardo da Winçi: "ol şeýtanyň eli hasaplanýar, emma onda gözellikleri döretmek mümkin. Hatda Mona Liza del Jakontanam men oň kömegi bilen döretdim" diýipdir. O nämekä?
12. Türkmençilikde toýdan soň öýlenýän ýigide "ak, gök geýdirme" diýip başlanýan sanawaja meňzeş aýtgy aýdylýar. Eýsem "ak", "gök" näme?
13. Aý ýaljak ýurdumyzda günsaýyn gülläp ösýän parahorluk, tanyş-bilişlik, tireparazlyk (şu barada ýörite blogam ýazyp otyryn, taýyn boldugy onam goýjak) ýaly haram hüý-häsiýetleri aradan aýyrmak üçin Siziň pikiriňizçe näme etmeli ýa-da nämeler etmeli däl, nämeden başlamaly?
14. Agzalara başga-da hökman aýtmaly diýip hasaplaýan zatlaryňyz barmy?
15. Goý Siziň janyňyz sag, görjegiňiz gowulyk bolsun. Ata Watanymyza, mähriban saýtymyza gerekli ynsanlaryň biri bolmagyňyzy arzuw edýäris?
16. Agzalar sizem özüňizi gyzyklandyrýan soraglary sorap bilersiňiz, sag boluň!

18комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.