Zemin jümmüşine syýahat
ZEMIN JÜMMÜŞINE SYÝAHAT
Birinji Bap
1863-nji ýylyň 24-nji maýynda dynç güni professor daýym Otto Lidenbrok Gamburgyň gadymy böleginde ýerleşýän iň gadymy köçeleriň biri bolan Şalyk köçesindäki 19-njy belgili jaýyna çalt-çalt ädimläp geldi.
Hyzmatkärimiz Marta günortanlyk naharyny gijä goýandyryn öýdüp uly alada galan bolsa gerek, sebäbi ojakdaky nahar ýaňy lygyrdap ugrapdy.
''Daýymda sabyr-kanagat-a bolmaly däl, ajygan bolsa, baý, goh turzar-ow'' diýip içimi gepletdim.
Marta aşhanasynyň gapysyndan jyklap:
- Anha, jenap Lidenbrok hem gelýä! - diýip, aladaly seslendi.
- Hawa, Marta, şaýym gelýä, ýöne bu wagt nahar wagty däl ahyry, entek sagat ikem bolanok.
- Onda näme üçin jenap Lidenbrok öýe gelýäkä?
- Özi gelensoň aýdar-da, näme üçin gelenini.
- Ynha ol geldi! Jenap Aksel, ony köşeşdireweriň, men haýdaýyn.
Şeý diýdi-de, Marta özüniň iş ýerine - aşhana tarap düňk ýasady.
Bir özüm galdym. Özümiň gowşak häsiýetiň bilen gahary gelen professory köşeşdirip biljek gümanym barmy!? Şonuň üçin hem gowusy görünmezlik diýip, öz bolýan ýokarky otagyma ýumlukmakçy bolanymam şoldy welin, jygyldap daşky gapy açyldy. Agaç basgançaklar öý eýesiniň uzyndan berdaşly aýaklarynyň astynda şatyrdady, ol aşhananyň deňinde eglenmän iş otagyna geçip gitdi.
Ýöräp barşyna sapy tomazajyk şekilli hasabyny çüňke oklady, tüýi syh-syh bolup duran ýaýbaň başgabyny stoluň üstüne taşlady-da:
- Aksel, bärik gel! - diýip gygyrdy.
Men bir ädim ädip-ätmänkäm, professor göçi geçip barýan ýaly, sabyr-takadyny ýitirip, ýene meni çagyrdy:
- Aksel, nirä ýitirim bolduň!
Men gaharjaň daýymyň otagyna tarap aýagaldygyna ýüwürdim. Otto Lidenbrok erbet adam däl, oňa güwä geçip biljek, ýöne onuň häsiýeti üýtgäýmese, ol şu birtöwrä adamlygyna hem dünýäden öter: Onuň häsiýetiniň üýtgemegi welin belli.
Otto Lidenbrok Ioganneumyň professory, mineralogiýa boýunça talyplara leksiýa berýärdi, özem her sapakda bir ýa iki gezek hökmany suratda jany ýanyp gaharlanýardy. Talyplaryň sapagyna yzygiderli gatnaşmaýandygyna, özüni ünsli diňlemeýändigine ýa-da zat bilmeýändiklerine gaharlanýandyr öýdýänsiňiz. Ýok-la, munuň ýaly ownuk-uşak zatlar ony känbir gyzyklandyryp duranokdy. Onuň nutuklary, nemes filosofiýasynyň dili bilen aýtsak, ''hususy'' häsiýete eýedi, ýagny ol başgalar üçin däl-de, özi üçin nutuk okaýardy. Ol diňe özüni bilýän alymdy, özüniň ylym-biliminden başgalar sähelçe alaýsa zehini gurap galaýjak ýaly, iňirdemek-iňirdeýän paýhas hazynasynyň eýesidi, gepiň gysgasy, ylym-bilimini paýlaşmaga gezek gelende, bitini iýme husytdy.
Germaniýada şonuň ýaly professorlar başga-da az däl.
Gynansagam, daýym dilewar däldi. Iň bolmanda köpçüligiň öňünde dilewar däldigini-hä hiç hili gypynçsyz aýtsa bolar. Bu bolsa iliň öňüne çykýan adam üçin uly ýetmezçilik. Dogrudanam, Ioganneumda talyplaryň öňünde nutuk okaýan wagtynda, ol mahal-mahal sakynýardy, agzyndan gaçmakdan boýun towlaýan keçjal söz bilen eňekleşýärdi. Ol söz bolsa çişip-pökgerip, ylmyň ýele ýanyndanam geçmeýän paýyş söze öwrülensoň, onuň agzyndan gaçýardy! Onuň gaharjaňlygynyň sebäbi hem şunda. Mineralogiýada-da ýarym grek, ýarym latyn, ýagny aýtmasy kyn, gat-gat sözler juda kän. Ol adalgalar şahyrana adamyň dilini gaty büdredýär. Men bu ylmy köteklemekçi bolamok. Asla beýle däl. Onda-da, mysal üçin, romboedrik kristallaşma, retinasfalt şepbigi, gelendirler, gurşun molibdaty, marganes tungstaty, sirkoniý titanaty ýaly atlary aýtmaly bolanda iň bir ýenjilen werziş dilem sakawlaýar.
Şäherde onuň bu gowşaklygyny hemmeler bilýärdi. Ol sähelçe sakawlasa, geirimlilik edäýmelidir welin, tersine, üstünden gülüp onuň gaharyny getirýärdiler. Bu bolsa, hatda Germaniýada hem edeplilik diýlip hasaplanmaýardy. Lidenbrogyň nutuk okamalaryna gaty köp adam gelýär. Ýöne olaryň aglabasy öwrenmek üçin däl-de, professoryň gaharlanyşyna keýp edip gelýärdiler.
Her zadam bolsa, bir zady-ha anyk aýdyp biljek. Şaýym hakyky alymdy. Ol minerallary döwüşdirip, her hili tejribe geçirip ýörmese-de, onda geologyň zehini bilen mineralogyň üşügi utgaşýardy. Çekiçjagazyny, polat iňňesini, kompasyňky ýaly diljagazly magnitli abzalyny, galaýylaýan enjamyny hem-de azot kislotasynyň köpürjigini özüne ýarag edinen bu adam, hünäriniň hakyky ussadydy. Ol daşky görnüşi, döwlüşi, ysy ýa tagamy boýunça islendik mineraly ýekeje ýalňyşsyz, takyk anyklaýardy hem-de onuň biziň günlerimizde ylma mälim bolan minerallaryň alty ýüz görnüşiniň toparlanyşygynda eýelemeli ornuny magat görkezýärdi.
Şonuň üçin hem Lidenbrogyň ady alymlaryň her dürli jemgyýetleriniň arasynda meşhurlyga eýedi. Hemfri Dewi, Gumboldt, Franklin, Sabin dagy Gamburga geldikleri, onuň bilen duşuşmak mümkinçiligini sypdyrmaýardylar. Bekkerel, Ebelmen, Brýuster, Dýuma, Miln-Edeards, Sent-Kler-Dewil dagy hem himiýanyň möhüm meselelerini onuň bilen maslahatlaşmagy göwünlerine jaý hasaplaýardylar. Himiýa ylmy wajyp açyşlaryň birnäçesi üçin oňa minnetdar bolmaly. 1853-nji ýylda Leýpsigde professor Otto Lidenbrogyň ''Ýokarky kristallografiýa'' atly göwrümli işi - suratly galyň kitaby çapdan hem çykdy, ýöne bu kitap, dogrusy, öz çykdajylaryny ödemedi.
Onsoňam daýym Ýewropa-da uly meşhurlyga eýe bolan, diýseň gymmatly minerallar toplumynyň - rus wekili Struweniň minerallar muzeýiniň hem saklaýjysydy.
Meni sabyr-takadyny ýitirip çagyrýan adam, ine, şu pisint kişidi. Indi onuň daş keşbinem göz öňüne getirip görüň. Ol elli ýaşlaryndaky uzyn boýly, agajet, tur ýaly sagat adamdy, ýöne aksowult saçlary edil ýetginjek oglanlaryňky ýalydy, özi hem hakyky ýaşyndan on ýaş dagy juwan görünýärdi. Onuň haýbatly äýnekleriniň aňyrsyndaky goçak gözleri iki baka oýnaklap durdy. Uzyndan inçe burny ýalaw ýaly päkini ýada salýardy. Agzy ýelli adamlar onuň burny magnitlenipmiş, demir öwuntyklaryny özüne çekýärmiş diýip, onuň gybatyny edýärdiler... O diýýänleri ugursyz gürrüň! Onuň burny temmäkini özüne çekäýmese başga zat çekenok, ýöne, dogrusy, şony welin birneme artykmajragam çekse çekýändir.
Daýymyň, matematika dilinde aýtsak, ýarym tuaza (1,949 metre deň) ýetýän ädimlerini, gadam uranda bolsa buýruklaryny pugta ýumýandygyny, bu ýagdaýyň onuň yňdarmalygyndan habar berýändigini hem öňki aýdanlarymyň üstüne goşsak, bu maglumatlar onuň bilen ýakyndan gatnaşmaga höwes edýänleriň bu islegini zym-zyýat edäýse gerek.
Ol Şalyk köçesindäki ýarysy agaçdan m, ýarysy kerpiçden salnan, ýokarsy diş-diş eşekgeriş jaýda ýaşaýardy. Onuň 1842-nji ýylyň erbet ýangynynda bagty işläp aman galan jaýy Gamburgyň iň gadymy bölegini kesip geçýän kanallaryň biriniň tirseginde ýerleşýärdi. Gadymy jaý birneme gyşarypdy, onsoňam gizläp nädeýin, ötegçileriň öňünde garnyny pökgerdip, ýegşerip otyrdy. Üçegi hem Tugenbundyň agzalygyndaky durýan talyplaryň kellesindäki şlýapa ýaly, jaýyň üstünde gyşaryp otyrdy. Diwarlaram dim-dik däldi, ýöne, umuman alanyňda, jaýyň öň tarapyna direg bolup, bahar paslynda gül-pürçük bolýan şahalary bilen jaýyň penjirelerini sypalaýan gojaman wýaz (garagaçlar maşgalasyna degişli agaç) agajynyň kömegi bilen bina gaýym saklanýardy.
Nemes professorlary bilen deňeşdireniňde daýym baýdy. Öýüň içindäki ähli zatlar, ýaşaýjylary bilen birlikde onuň eýeçiligindedi. Ýaşaýjylar diýip, daýymyň çokundyran on ýedi ýaşly firlandeli (Gamburgyň eteginde ýerleşýän obajyk) gyzy Gretheni, hyzmatkär Martany hem-de özümi göz öňünde tutýan. Daýymyň ýetim galan ýegeni bolan men, onuň ylmy tejribelerinde esasy kömekçisidim.
Dogrymy aýtsam, geologiýa ylymlary bilen meşgullanmakdan özümem lezzet alýardym. Men emer-damarym bilen mineralogiýa berlipdim, söýgüli daşlarymyň arasynda asla içim gysmazdy. Onsoňam öý eýesiniň gaharjaňdygyna garamazdan m, Şalyk köçesinde ýerleşen bu öýjagazda bagtyýar durmuşda ýaşamak mümkindi. Sebäbi daýym maňa gödek daraşsa-da, gowy görýärdi. Hawa, bu adam garaşmagy başaranokdy, hatda bu adam garaşmagy başaranokdy, hatda tebigatyň özüni hem gyssamakdan çekinip duranokdy.
Aprel aýynda ol, adatça, myhman jaýdaky syrçaly küýzelere syýak hem-de peçek oturdar-dy, soňra bolsa her gün säher bilen bu ösümlikleriň tizräk ösmegi üçin olaryň ýapraklaryny çekeleşdirerdi.
Ine, şeýle özboluşly adam bilen iş salyşsaň, edenine kaýyl bolaýmakdan başga alajyň ýokdy. Şonuň üçinem hem men onuň iş otagyna bakan ýüwürdim.
(dowamy bar)
(Zýul WERN, fransuz ýazyjysy)

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.