Takdyrdan gaçma ýok ýaly

Köneürgenç. On ikinji asyryň başy. Horezm şasy Muhammediň Uly maslahat köşgi. Ýygnanlaryň hemmesi dik dur, otyrmana mümkinçilik bolsada. Eger maslahat gaty uzak gidiberse ýaşy bir çene baran adamlar diwana meňşez ýumşak otyrgyçlarda otyrýarlar ýogsa şa mertebesini sylap baş egip durýalar. Horezm şanyň özi bolsa ýaşyl reňk agdyklyk edýän tagtda otyr. Otyran kürsüsi altyndan. Gymmatbaha ýyldyz daşlar bilen bezelen. Şanyň özi ýagdaýa garap geýinýär. Edil şu wagt bu ýerde hindi begleriniň artykmaçlyk edýändigini nazarda tutyp hindilere sylag hökmünde olaryň milli kelle oramasynda otyr. Kelle oramasynyň maňlaýynda ýumryk ýaly daş berkidilen. Onuň ýüzünde hindi harpalry bilen ýazylan Koran süreleri bar.
Şa söze başlady. –Bu gün aýgytly günleriň biri. Biziň ýurdymyza, halkymyza uly howplaryň biri abanýar. Biz bu howpdan ägä bolup ençeme işleri etdik. Berk we beýik galalary gurduk. Serhetleri berkitdik. Paýtagtymyz howpsyz bolsun diýip şu ýere göçürdik. Täze ýaraglary satyn aldyk. Şäherlerimiziň aglaba ýerlerinde ok-ýarag çykarýan, bejerýän, ýasaýan kärhanalaryň işini ýola goýduk. Häzirki döwürde biziň hünärmenlerimiziň çykarýan ýaraglary iň öwgüli ýewropa ýaraglaryndan yzda durmýar. Ýurdy abat saklamak üçin eden şunça işlerimize garamazdan bizde ynjalyk gaçdy. Bu barada kim näme diýip biljek. Aýdyp otyryň. Kimde näme maslahat, görkzeme bar. Bularyň hemmesini meniň bilmegim gerek.
Ilki bilen baş wezir söz aldy. Ol geplände ýüzüni Muhammede garadyp, geplemedik wagty bolsa ýere seredip şeýle diýdi.-
Älemleriň älem şasy, bizde maslahat almana dana adamlar gereginden agdyk. Ýöne bize hali nämälim bolup galýar, haýsy howp barada aýydýaňyz! Onda Muhammet şa maslahat köşgüniň birnäçe gapysynyň birine seretdi. Seredeni şol bu gapy açyldy. Gapydan orta ýaşdan ep-esli geçen, gara uzyn sakgally, kellesinde gara goýun telpek, gözi
ullakan, ýüzi inçetap adam şanyň öňüne gelip baş egip durdy. Aýyt diýdi şa oňa. Buýrugy eşiden bu adam ortada -Üç sany tegelek, ortasynda nokatlar, ýöne nokatlar her tegelegiň bir ýerinde dälde üç tarapynda bar bolan guýma galaýydaan bolan şekili şanyň eline berdi. Bu näme diýdi şa, şekili bu ýere ýygnanlara görkezip. Onda şekili Muhammede beren adam ony yzyna berilmegini sorady. Yzyna berilen şekili bilindäki pyçagy bilen gyrady. Galaýy gyralyp gutardygysaýyn onuň aşagy altyndan ýasalan şekile öwrüldi. Indi şa şekili täzeden yzyna alyp oňa üns berdi. Sekuntlar geçdisaýyn Muhammediň ýüzi assajykdan üýütgäp onsoň onuň ýüzünde ýylgyryş peýda boldy. – Bu Oguz atamyzyň patyşalyk şekili dälmi?. Onuň özünde we her oglunda şu şekilden bar bolan. Ýöne wagt geçip bu şekiller ýogalan diýip ýördük, Sen nireden tapdyň bu şekili diýip sorady ol gara telpekliden. Gara telpekli hiç zat diýmedi. Onda patyşa:- Yzyny aýyt. Näme üçin bu şekil biziň patyşalygymyza howp abandyrýar diýip hasaplaýaňyz? Gara telpekli agzyny açyp gepläberjek boldy Muhammede garap. Onda şa eli bilen üm etdi. Maňa däl olara aýyt diýen ýaly. Maslahat etjek olardan diýip köşkde hyryn-dykyn bolup duran maslahata gelenleri görkezdi. Bu ýerde Eýrandan, Kawkazdan, Arapdan, Hindistandan hatda Ýewropadan gelen dürli ýurtlaryň ilçilerden, harbylardan, wezirlerden, söwdagärlerden doludy. Olaryň ýarymyndan gowyragyny Horezm şalygynyň adamlary düzýärdi. Gara telpekli köp adamlary görüp bir säginip durdy. Onsoň her kime düşnükli bolar ýaly edip bilýän dilleriniň birnäçesinde maslahatyň näme barada gidýändigini aýdyp başlady. Ilki bilen üç sany tegelek, ortasynda nokatlar, bolan altyn şekili ýokary galdyryp bu ýerde duranlara görkezdi. Görüp bilmedik adamlar duran ýerlerinden öňe süýşüp olar hem bu geň şekili görmek islediler. Şekili gören adamlar rahatlanandan soň gara telpekli söz sözledi:-Bu şekil Oguzhanyň patyşalyk alamatynyň tumary. Men bu şekili günüň batýan ýerinde bolan taýpalaryň birinde gördüm. Bu şekil elinde bar bolan adam Ogyzhanyň günbatara kowulan doganlarynyň biriniň neberelerinden birinde dur. Men bu şekili onuň elinde gördüm. Ol indi tizara bu ýerlere geler. Dost bolup geljegine uly ynam ýok. Eger çyksa ol duşmana has ýakyn bolar. Men olaryň ýurdyny pyýada diýen ýaly aýlandym, gördüm, olaryň köpüsi bilen otyrdym, öýlerinde ýaşadym. Olary synap gördüm. Olaryň bize taýpadaş hasaplaýandygyny biljek boldum. Olaryň musulmançylyga ýakyndygyny gözledim. Olaryň gözleriniň öňünde namaz okadym, adam bejerdim. Emma olar biz tarapa milt hem etmediler. Musulmançylyga bolsa umuman üns bermeýärler. Olaryň ýaşaýan ýerinde ýaşamak üçin serişdeler gutarypdyr. Haraz, jykyr, ussaçylyk, ýok. Bugdaý, şaly, pagta dary, mal oty, gawun, garpyz ekmeýäler. Agaç ekmäni bilmeýärler. Olarda galalar, şäherler, bazarlar ýok. Emma adam sany köp. Olaryň sany dört milliona golaýlaýar. Tizara olar täze baý mekanlary gözlemeli bolar. Biziň şalygymyz bolsa häzirki döwürde iň baý ýurt.
Biziň şalygymyzyň baýlygynyň dabarasy dag aşýar. Baýdygymyzy olar eýýäm bilýärler. Haçan olar biz tarapa gaýdanda diňe talaňçynyň sany iki ýüz müňden az bolmaz. Çaga-çuga, aýallaryny, garrylaryny we olara birikjek özge taýpalaryň hasabyna biziň şalygymyza birbada girjek adamlaryň sany million bolar. Adamlar bilen birlikde olaryň atlary, düýeleri, goýun-geçileri we başga jandarlary hem biziň öri meýdanlarymyzy eýelärler. Olaryň jandarlarynyň sany iki milliondan az bolmaz. Bu ýerde aýratyn ýene bir aýytmaly zat bar. Biziň bu doganlarymyzyň özleri ussaçylyk, demirçilik, ýarag ýasamak işlerini etmeýärler. Emma olaryň bu zatlary edip bilmeýänligi olarda bu zatlaryň gyt boljakdygyny aňlatmaýar. Olara goňşy bolan ýurdyň hasabyna olarda ýarag, katapult, zemberek, fitil, gylyç, naýzalar,pyçaklar, ok ýaýlar gereginden artykmaç bolar çünki bu ýurdyň maksady biziň taýpadaşlarymyzyň eli bilen bizi ejizletmek isleýärler sebäbi olarr anyk bir zady bilýarler. Türkmenleriň özara uruşdan gaçýandygyny. Gara telpekli gepledigi saýyn adamlaryň ýüzi bolmaly halyndan ýütgäp dürli reňklere öwrülip başlady. Köpüsiniň ýüzi aşak sallandy. Käbirleriniň ýüzi doňup galdy. Ulydan demini alanlarda az bolmady. Kem-kemden gara telpekliniň dogan sözleri uruş diýen manyny berip ugrady we haçanda ol aýytmaly zatlaryny aýdyp bolanda bu ýerde duranlaryň hemmesiniň içindäki dil uruş diýdi. Emma daşyndan hiç kim uruş diýmäne milt edip bilmedi. Çünki her kim ünsüni gorkaklyga berjek bolan wagty altyn tagtda oturan Muhammet şany görüp ýurt mäkäm ellerdedigini görüp ýüregi ynjalýardy. Indi bu ýere ýygnanlaryň hemmesi hakyky maslhatyň indi boljakdygyna düşünip galdylar. Gara telpeklä gitmäne rugsat berdiler. Ol çykandan soň baş wezir Muhammede ýüzlendi. –Enşalla, işimiz oňundan bolar. Derdini beren Hudaýym emini hem bile berendir. Onsoňam patyşaýy älem, uruş diýen zat biz türkmenleriň görmedik zady däl. Ata-babalarymyz bu aýdylandan beter uruşlary gören. Eger rugsat berseňiz älemler diregi, biz bu ýere ýygnanlar bilen birlikde maslahat etsek. Gelen netijämizi bolsa günorta çaýyndan soň size aýytsak, siz bolsa yslam dininiň howandary demiňizi alsaňyz. Onsoň karaymyzy kabul edenimizden soň batyr ýigitlerimiziň siz üçin gurnan dürli harby oýunlaryny görüp biz türkmenleriň hiz bir duşmandan yza tesmejegimizi görseňiz älem öz şuglasyny has hem köp saçardy. Älemşa bolýar diýýän manyda başyny egdi maslahata gelenlere şundan soň adamlar maslahat etmek üçin amatlyklary bolan ýene bir köşge geçdiler.
Günorta çaýdan soň hemme ýygnandy. Maslahat olary biraz bolsada ynjaltdy emma indi hemişeligiň bolmajagy bellidi. Indi adamlar bir jem bolup gülüşip otyrmazlar, indi aýallar-gyzlar toý saçaganyň başynda jakkyldaşyp gülüşmezler. Diňe uruşyň nämedigini aňmaýan kiçijik çagalar dabara bilen iki ýana ylgap biri-biri kowalap oýnanalarynda gülüşerler diýip tama etmek galýar.
Günorta çaýyndan soň ikinji Maslahat başlandy. Gözellikde deňi taýy bolmadyk älemşa Muhammet täze Kawkaz lybaslaryny geýip tagtyna geçip otyrdy. Esasy sözi ýene baş wezir başlady. Ol kellesini bir minut egip durdy älemşa jenaplaryna. Onuň edenini bu ýerdäki duranlaryň hemmesy yzma-yz etdiler. –Keremli Allamyz bize ýol açyp berdi, biziň aňymyzy ýerbe-ýer etdi, onsoň biz siziň merhemetiňizi al-asmanda goýup, size Alla ýanynda sygynyp, siziň türkmenleriň duşmanlaryny ýerden çykmajak ýaly etjekdigiňize uly umyt baglap beýik synmaz şahym rugsat beriň biziň gelen karaymyzy size aýytmana emma patyşaýy älem tamda gulak bar diýen dana türkmen halkynyň nakylyna eýerip biz bu uruşda öz duşmanymyzy nähili ýeňmelidigini ýerde aýytmasak gowy bolardy. Şuňa garamazdan bu ýerde dostarymyzyň müň duşmanymyzyň bolsa birdigini hasaba uryp käbir zatlary gizlemän aýytmagy karar etdik. Çünki goý bizi hiç kim içigaraçylykda aýyplap bilmez ýaly müň ýyllar geçip gidip bizi ýatlanlarynda hem.
Onsoň Hindistandan maslahata gelen topara söz berildi. Olardan biri saýlanyp şeýele diýdi. -Biz öňden birdik. Biziň tamamyz şeýledi. Duşmana garşy guruljak sütünleriň biri Hindistanda bolar. Biz ýene diwarlary hem beýik hem galyň galalaryň dördüsini gurarys. Bu gurulan galalara bize duşman bolanlar maňlaýlaryny uryp döwerler. Biz hindiler üstümize geljek bu duşmanyň iň bolmanda bir patyşasynyň janyny Hindistanda jähenneme ugtajagymyzy wada berýäris we eýýäm bizden çapar gitdi tizlik bilen bütün Hindistan uruşa taýynlyk görer. Bu sözden soň hind tarapdan çykyş eden beg gol çekilen kagyzy Muhammet şanyň eline gowşurdy. Iknji bolup Kawkaz dikmesiniň harby baştutany şeýle diýdi. -Islendik wagtda we islendik ýerde Kawkaz halkalary türkmenler bilen birlikde onuň duşmanyny ýer bilen ýegsan ederis. Bizden hem tizlik bilen habar gitdi Kawkaz harby birikmelerine uruş üçin herekete girmegi. Üçünji bolup Ewropadan gelen ilçiler söz açdy. Olar hem öz kagyzlarynyň aşagyna gol goýyp Horezm şalygyny gerekli ýaraglar bilen üpüjün etjekdigini wada berdiler. Dördünji bolup Horezmiň halkynyň hemmesiniň adyndan baş weziriň özi söz sözledi.Horezmliler hem uruşa taýyndygyny aýdyp Muhammet şanyň arkasyna dag bolup direndiler. Şundan soň maslhat tamam bolup bu ýere ýygnanan maslahatçylary harby görkezme görkeziljek ýarym köşge alyp girdiler. ( Emma men bu sahnany size ýazyp berip bilmeýärin, çünki okyjylaryň birentegi menden nägile bolýarlar uzyn ýazma diýip. Şuňa garamzadan hakyky söweş sahlaryny okap lezzet alarsyňyz diýip tama edýärin).
Maslahata gelenler dargaşdylar. Uruş sözi ýyldyrym çaltlygynda ýaýrap ertesi Owganystanda duran Muhammediň uly oguly bolan Jelalleddiniň hanyň gulagyna baryp ýetdi. Bu habary oňa Hindistana barýan çapar ýol ugryna habar berdi. Ol gele-gelmäne Jelalleddiniň öňünde ýere ýazyldy. –Hanlar hany, agyr habar getirdim. Aýytmana rugsat berseňiz. Han aýyt diýidi han. – Uruş başlandy. Ataňyz Muhammet habary eşiden dessiňe Köneürgenje, onuň huzuryna gelmegiňizi buýyrdy! Jellaleddin ýol üçin gerekli zatlary almagy esgerlere buýryp özi ata atlandy. Atlary birnäçe gezek almaşdyryp ertesi atasynyň huzyryna girdi. Ol giren wagty eýýäm öňde boljak uruş barada maslahat gidip durdy. Atasy Muhammet tagtda otyryp çykyp gepleýänleri üns bilen diňleýärdi. Maslahat zalynyň gapysy açyldy. Jelalleddin harby geýimde atasyna golaýlady. Onsoň, essalamualeýkum ata diýip ýere ýazyldy. Birazdan ýerinden turyp, ata düýşmidir, ýalanmydyr, hakmydyr gulagyma şum habar baryp ýetdi. Muhammet şa hawa diiýän manyda oglyna baş kakdy. Onda bu ýerde duranlar sen hem goşul bu maslahata diýýän ýaly oňa egilip durdylar. Kim ol, haýsy ýurt biziň bilen uruş isleýän diýip han Jelalleddin sorady. Onda bu ýerde duranlar diwardan asylgy suraty görkezdiler. Ine, şu tumara eýe bolanlar. Olar hem türkmen tireleri emma irte döwürde bizden aýra düşüp galyp, häzirki döwürde bizi inkär edýärler, musulman ymmatyna ynanmaýarlar. Kem-kemden Jelalleddine aýan boldy hemme zat. – Ata, men hem öz pikirimi aýytsam bolarmy? Atasy aýdyber diýdi. –Onda şeýle. Meni diňleseňiz. Entek olar uruşa doly taýyn däl. Biz hem uruşa taýyn däl. Emma şuňa garamazdan bizde ol diýen köp bolmasada kiçeňräk goşun bar. Şu goşun bilen men olary gapyl galdyraýyn. Üstüne baryp gyrgyna bereýiin. Olary ýoklaýyn. Onda Muhammet bu ýerde duranlardan;-Kim näme diýýär. Jelalleddin dogry aýydýarmy? Hiç kim söz alyp jogap bermän durdy. Onda maslahatça söz berildi. Onuň bilen bile geplejekler galanlardan öňe çykyp şeýle diýdi.Maslahatçy:- Älemler şasy Muhammet. Bütün türkmen iliniň howandary Muhammet! Dünýäde örän köp halklar, ýurtlar bar. Dünýäde örän köp gep ýaýradýanlar we oýnadýanlar bar. Ondan daşary ýalan söleýänler bar. Bir iş edenimizde biz bu hili adamlaryň köpdügini ýatdan çykarmaly däl. Eger biz birinji bolup olaryň üstüne sürünip barsak we ol ýerde gyrgynçylyk etsek bizi öz taýpadaşlary gyranlar diýip aýyplarlar. Ondan daşary biz ol ýerlere sürünip barsak ol ýerlerde galmaly bolarys, çünki gyrgynçylykdan sag-aman çykan halky biz eklemeli bolarys. Biz bu aýdylanlaryň hemmesini eden halatymyzda hem ýagdaý gowy tarapa üýütgemez, çünki ol ýurda goňşy bolan ýurtlar bizi ol ýerden gysyp çykarmak üçin urşa başlarlar. Bu jogap hemmä makul boldy. Şol sanda Jelalleddiniň özüne hem. Meni hem diňläň diýdi Muhammediň özi. Hemmeler baş egip durdylar. – Uruşdan gorkmagyň geregi ýok. Uruşda ýeňilmekden gorkmaly. Uruşda ýeňilmegiň esasy iki görnüşi bolýar. Birinjisi, goşunyň gyrylmagy. Ikinjisi, uruşa gatnaşmaýan halkyň gyrylmagy. Ýa goşuny alyp galmaly ýada halky. Bizde alaç galman dur. Halkyň gyrylmazlygy üçin biz olary urşyň boljak ýerlerinden alyp çykmaly ýagny halky howpsyz ýere göçürmeli. Size buýruk. Halky nirä göçürmeli!. Ýene iki günden boljak maslahatda siz bu barada öz gelen netijäňii aýdarsyňyz. Ikinji uly mashat ýene bir hepdeden bolar. Bu aralykda biziň daş ülkerimizden jogapkär wezipeli adamlaryň hemmesi gelip ýetişmeli. Şol sanda ruslardaky doganlarymyz hem. Maslahat gutardy. Muhammet tagtdan düşüp dem almana ugrady. Jelalleddin hem atasynyň yzyna düşdi we maslahat köşgünden çykyp öýe bile ugradylar. Muhammat bilen ogly Jelalleddin ýolda ýene bir gezek sag-amanlyk soraşdylar. Onsoň Muhammet oňa şu gizlin buýrugy berdi. Öýle sagat dörtde meniň tagtyma gelersiňiz. Bu aralykda sen Iluş diýen ýigidi tapyp onyň bilen bile meniň ýanyma girersiňiz. Galanyny şol ýerde sözleşeris. Jelalleddin buýrygy alyp ony ýerine ýetirmäne girişdi. Nökerlerine Iluş diýen ýigidi derrew tapyp ony mamasy Türkän hatynyň köşgüne getirp saklamagy buýyrdy. Özi bolsa mamasy bilen salamlaşmak üçin onuň köşgüne girdi. Mamasy bolsa garrydy. Han girende Türkan hatyn ýerinden turdy. Hana sylag hökmünde baş egip durdy. Jelaleddin hem enä sylag hökmünde oňa salam berdi. Saglyk soralyp bolandan soň döwlet işleri barada söz açyldy. Öňde bolmak mümkinçiligi bolan uruş hakynda hem aýdyldy. Şundan soň Jelalleddin turmak bilen boldy. Gapydan çykyp barýan wagty mamasyny bilen hoşlaşdy. Köşgüň gapysyna gelen wagty Iluş barada habar geldi. Jelalleddin onuň barmaly ýerini salgy berip özi atasy bilen gizlin duşuşyk boljak ýerine ugrady. Bu ýere gelip bir käse çaý içdi. Soň otyran ýerinde ýadawlykdan irkilip galdy. Irkileni şol çal sakgally garry oňa düýşünde gülümjiredi. Hany gylyjymyzy çakyşdyraly kimiňki kesgir diýdi. Soňra ol gözden ýitip gitdi. Onuň ornuna giden bir boşluk meýdanda bir özi duryp galdy. Iki ýana entäp adam gözledi.. Şu wagtam bu ýere egnine durşyna demir don geýen Iluş ýaraglaryny şakyrdadyp girdi. Han onuň şakyrdysyna oýanmaly boldy. Iluş gelip Hana egilip salam berdi we esgerleriň etmeli beýleki hereketlerini etdi. Han Iluş bilen gyzygyp ugrady. Iluş bolsa derrew özüniň kimdigini aýytdy. Men diýdi günüň batýan ýerinden aslym diýdi. Bu ýere bolsa harby bolmana höwesim bolany üçin geldim. Gelenime puşman etmeýän emma maşgalam hem şu ýerde meniň ýanymda bolaýsa diýdi. Onýança Muhammet şanyň özi bu ýere geldi. Hemmeler egilip syladylar ony. Iluşyň şany birinji gezek görüşidi. Eger Iluş bu ýere demir ýaraglary bilen şakyrdap giren bolsa onda Muhammet şa kellesindäki altyn täji bilen, egnindeki donuna asylan gymmatbaha daşlary bilen, altyn hasasy bilen, bir topar ordenleri we medallary bilen ýalpyldap girdi. Şa bu gezek tagtyna münmedi. Otyrdy. Dem aldy. Bir minut. Onsoň Iluşa ýüzlenip ondan hal-ahwal sorady. Iluş hemme zatdan mamnundygyny aýytdy. Emma maşgalasy barada söz açmady. Onuň ornuna Jelalleddin sözledi. Onuň maşgalasy bar eken. Olary şu ýere äkelip bolsady diiýär. Onda Horezmşa bu mümkinçiligiň dörändigini, Iluşyň öz ýurdyna gidip barýandygyny, ýolda Jelalleddini goramalydygyny çünki onuň bilen han oglynyň gidýändigini we ýenede birnäçe adamlar ol ýere gidip söwda ýollaryny tapmalydygyny we ýenede bir topar işleri etmelidigini her kim özüne buýurlan işi ýerine ýetirip diri gaýdyp gelse olara ýokary wezipeleriň beriljekdigini aýytdy. Saňa hem wezipe beriler, ondan daşary sen yzyňa gaýdyp gelýänçäň aýalyň bilen mynasyp ýaşar ýaly jaý hem salynar. Iluş elbetde begendi. Tizräk ýola düşesi geldi. Her kim öz buýrygyny alyp taýynlygyny görüp başladylar. Hemmeler çykandan soň ogly Jelalleddine şeýle diýdi. -Birinjiden ol ýurda gidilýän ýollaryň kartasyny çyzmaly. Suw, guýy, kerwensaraýlar barmy anyklamaly. Derýalary, köprüleri söwda bazarlary ýatda saklamaly. Derman otlary aňtamaly. Atlar, düýeler üçin otlar ýeterlikmi. Eger uruş bolanda olara goşylyp ýene haýsy tire we taýpalaryň geljekdigini bilmeli. Bu siziň etmeli işiňiz. Hawa tas ýadymdan çykypdy. Çingiziň kimdigini bilmeli. Onuň maksatlary nämeden duraýr, saglygy, ýaşy, näme iýýär, näme içýär bulary hem nazardan gaçyrmaly däl.Eger Iluşa goşylyp gaýytjak ýigitler bar bolsa olary alyp gaýytmaly. Başga ýene näme etmeli bolsa ýerinde anyklarsyňyz. Sizi goramak üçin kiçeňräk goşun siz bilen yzbasar gider emma olar özge ýurdyň baýdagy astynda bolar. Bu siziň ýerine ýetirmeli işiňiz.
Jelalleddin hem şadan buýrygyny alyp gitdi. Olar gidenden ýene şol gara telpekli adam patyşanyň huzyrynda häzir bolup durdy. Muhammet şa ondan sorady. Näme hyzmat buýurjagymy aňýaňmy, gaýdyp geler içalym. Gaýdyp gelmeseň bolmaz. Hatda şu altyny sarp etseňem. Şa şeýle diýdide iki gözli horjyny gara telpekliniň öňüne oklady. Onuň içi durşyna gyzy teňňelerden, gymmatbaha daşlardan doludy. Bu gezek baý söwdagar bolup gidersiň. Puly aýama. Gerek bolsa habar göýbärsiň. Etmeli işiň bolsa günüň batýan ýurtlrda ýasalýan ýaraglaryň nusgasyny satyn alyp bu ýerä göýbärsiň, alyp gaýdyp bolmajagynyň çyzgysyny alarsyň. Ýenede ol ýurtlaryň bize tarap haçan meýliniň bardygyny bilmeli bolarsyň. Indi bolsa eglenmede ýola düş. Gara telpekli içaly gitmek üçin yza tesmeli pursady bolanda Muhammet şa ýanynda duran sandykdan altyn ordeni
Içalynyň döşünden asdy. Onsoň ylga diýdi. Gara telpekli içaly bolsa gara ýylan ýaly süýnüp gözden derrew gaýyp boldy
0 лайков 60 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.