Ýuwdarha bilen göreşmäne taýynmyň?
Her kime bir ykbal garaşýar. Bu ykbalyň şeýle bolmagy bolsa köplenç halatda adamyň özüne bagly. Durmuşy öwrenmän ýaşajak bolmak, balygyň suwyň saýka ýerinde ýüzüp, ýöräp ele düşmegine meňzeş zat. Ady bu ýerde tutyljak gyz hem durmuşda aňsatlyk bilen öz ornuny tapmak üçin çytalaşdy emma bolmady çünki onuň durmuş ýolunda agzyny hatap ýaly açyp ýuwdarha ýaly adam Aýytbaý durdy. Ine şu Aýytbaý diýen adam ony bitewiligine ýuwutdy. Aýytbaýdan goranmak bolsa buz gyzyň elinden gelmedi. Çünki gyz gereginden artykmaç sada, gereginden artykmaç adamlara ynanjaňdy. Ynanç bolsa ony boşa galdyrdy, ony masgara etdi, ony köçä zyňdy. Geliň gowusy size anyk düşnükli bolmagy üçin bu gyz bilen bolup geçen hadysany başyndan aýagyna çenli size aýdyp bereýin.
Güneýşa gyzyň ady. Obanyň bir gyrasynda ýaşap ata-enesiniň buýrygy bilen ýaşap ýaşyny 22-ä ýetiren gyz. Hemme zady ata-enem çözer diýip ynanan gyz. Adamlary tanajak bolup ymtylmadyk gyz. Durmuşa çykmaly wagty gelen gyz.
Ine, şu Güneýşa gyzymyz köçeden gelýän “gawun bar, mazaly gawun” sesi eşidip köçä çykdy. Maksady köp wagtdan bäri kesel ýatan enesine täze ýeten gawundan em üçin bir gawun alyp bermek. Gawun aljak adamlar üýşüpdir. Olar bilen bir topar çagajyklar hem. Olar hem mazaly gawun iýmekçi. Gawun satyp duran ýigit çakganlyk bilen gawunlary adamlara paýlap başlady. Kim näçe diýse. Gezek Güneýşa geldi. Ýigit bilen gyzyň gözi kaklyşdy. “size näçe” diýip ýigit sorady. Güneýşa “birje” diýip jogap berdi. Ýigit bir gawuny oňa berip, pulyny ondan alyp, gawun ýükläp gelen motorly arabasyny warladyp indiki ýola düşdi. Güneýşa bolsa öýüne. Satyn alynan gawuny enesiniň öňünde goýyp iýmäne otyrdylar. Enesi gawundan doýyp, “mazaly eken alan gawunyň” diýip gzyna minnetdarlyk okap düşegine geçdi. Güneýşa bolsa işlerine ugrady. Güni bilen gyrbyldap ýadap agşam ýorganyna giren Güneýşanyň kellesine birden gündiz gawun satyp giden ýigidiň keşbi geldi. Şeýdip uka gidip galdy.
Iki gün geçip ýene şol ýigidiň sesi eşidildi. -Mazaly gawun bar. Gawuna geliň. Bu gezek Güneýşa enesine maslahat saldy. –“Ene şol baýaky gawun ýene köçä geldi. Alaýynmy saňa. Birje gawun”. -Enesi “alaý” diýdi. Güneýşa öýden pul aldyda gawun satyn almana bardy. Iň soňky gawun alýan Güneýşa bolansoň ol iň soňuna galdy. Beýleki gawun alanlar gidip galdy. Güneýşa satyn alan gawunyny gujaklap öýüne ugrady. Gawun satýan ýigit bolsa arbaly motorny otlajak bolup onuň garnyn depip başlady. Emma motor ýanmady. Depdi-depdi ýanmady. Bir ýerini gorjalap gördi ýanmady. Onda gawun satýan ýigide bir zatlar gerek bolandyrda Güneýşa ýaşaýan öýe ugrady. Güneýşa çykanda oňa “ pylan açar gerekdi welin sizde tapylmazmyka” diýdi. Güneýşa öýünde bar bolan açar torbany onuň eline berdi. Gawunçy ýigit gyzyň beren açarlaryndan özüne geregini gözläp tapyp alyp motorynyň bozulan ýerini açdy. Bejerdi. Bu işleriň ählisine ýarym sagada golaý wagt gitdi.Bu wagt aralygynda gyz bilen oglan tanyşmana wagt tapdy. Bu gezek gyz bilen oglan biri-birine ýylgyryp hoşlaşdylar. Şeýdi gawun satýan ýigit Aýmyrat bilen Güneýşanyň arasynda söýgi ody döredi. Ikisi ýaşytdaş. Obasy aýry bolsada tanyş adamlar. Galanyny telefon etdi. Ikisi, gyz bilen oglan telefona ýapyrylyp gepleşdiler, ylalaşdylar. Oglan gyza sawçy göýberjekdigini aýytdy. Gyz razy boldy. Çünki onyň söýgülisi bolan Aýmyratda gyzyň görüp duran kemçiligi ýokdy. Güler ýüzli, çalarak wäşi, eli açyk. Daş sypatynda kemis ýok. Ýaşy ýeten. Bir öýüň erke ogly. Güneýşany ekläp biljege meňzeýär.
Ine, wakanyň şu ýerinde Aýytbaý gyz bilen oglanyň ykbalyny öz eline aldy. Adamy aldamakda, çalgytmakdaa, ýoldan urmakda baý tejribesi bar bolan Aýytbaý üçin bujagaz gyz näme? Hatda gyzyň ata-enesi, dogan-garyndaşlary hem onuň üçin hiç zat däl. Özüniň il içinde abraýynyň ýokdugyny Aýytbaý gowy bilýärdi. Bu gün bolsa ol Güneýşany öz ogly üçin sorap barmaly. Birden gyzyň aga-inileriniň biri orta çykyp gyzy bermekçi däl bolsa iş çatak. Munyň ýaly säwligi Aýytbaý göýberip bilmez. Şonuň üçin onda hemme ýagdaý üçin bir gowy emel bardy. Şu emeli wagtynda ulanmagy özüne makul bildi. Entek sawçy barmanka iki gün öňünden ýörite sowgady gyzyň maşgalasyna göýberdi. Ullakan tort ýanynyň her dürli süýjiligi bilen, gymmatbaha köýneklik mata gyz üçin we ýenede bir topar sowgat gyzyň maşgalasy üçin. Munyň ýaly baý sowgady hiç haçan almadyk Güneýşanyň maşgalasy öwünip arşa çykdylar. Hem Aýytbaýy, hem giýew boljak Aýmyrady, hem gaýyn enesini hem özlerini. Olar oýladylar şunça sowgady beren adam perişdeden kem däldir, munyň ýaly ýere gyz berseň hem gyzyň iýjegii tort bolar hem özleriniň agzy. Biçäreler. Sadany aldamak itiň aňsady. Aldandylar. Kesel ýatan enesi egnine diklenen ýaly boldy. Ölmänkäm gyzym çyksady diýip Hudaýdan sorap ýatan ene, dilegimi Hudaý eşitdi diýip öňünden çykana aýdyp berdi.
Entek bu berilen sowgady iýip gutarmankalar ikinji sowgat asmandan inen ýaly boldy. Aýytbaý goş tutyp sawçy bolup geldi. Iki sany ýedi adamlyk jip maşyny tutyp. Bir maşyn aýal, bir maşyn erkek. Mollasy, işany, galyň puly bilen. Ýenede bir topar sowgat güpürdäp indi Güneýşanyň öýüne. Görmäne gelenleriň agzy uçuklady baý sowgatdan. Her kim öz gyzy üçin diledi munyň ýaly baý gudany. Galyň pulynam şu wagtyň özünde töledi. Iýdiler-içdiler, bellediler, wag ýasadylar. Aýytbaý bolsa içinde düwüp otyrdy etjegini. “Nädip bu beren bu pullarymy iň bolmanda bäş esse edip yzyna alyp bolar diýip”. Güneýşanyň hojalygyny tabyna ýykan Aýytbaý işandan töwür talap etdi. Işan goldady, Sähet gününi belledi. Hiç kim agzyny açyp bilmedi. Hiç kim dogry sözi aýdyp bilmedi. Her kim kisesine düşen pul barada oýlandy. Her kim iýenini bildi. Ýogsa bu ýere ýygnan adamlaryň aglabasy Aýytbaýyň baryp ýatan ýalançydygyny, jöhütdigini, kezzapdygyny bilýärdi.
Şeýdip sähet güni bellendi. On gün geçip-geçmän jarçy ertir Aýytbaýyň bagşyly gelin toýy diýip gygyrdy.
Şol güni Aýytbaý kezzap ullakan baky öküzi toý üçin soýmana beren kişi boldy aslynda öküziň etiniň elli kilesi toý üçin alynyp galyp galany satuwa göberildi. Indi Aýytbaýyň adam aldamagy başlandy. Bu toý bilen baglanyşykly aldama.Birde ýarymyny aýdyp berýein. Bagşynyň pulynyň ýary berilmedi. Iki sany wideoçynyň pulynyň ikisine bir wideoçynyň puly berildi. Palatkanyň puly iki aý karza goýuldy.Bu pulyň hem doly beriljegine ynam ýok. Toýa getirilen baý saçaklara düzüwli zat gaýtarylmady. Arak,piwe diňe işi düşüljeklere berildi. Galanalary özleri getirip içdiler.Toýa bişirilen naharlar köp adama ýetmän galdy. Galan kezzaplyklaryny Aýytbaýyň özi bilýär. Hawa, jüp janly däbi hem ýerine ýetirilmedi. Indi Aýytbaý gudalary üçin hem gysgançlyk edip başlady. Bulary aýytmagyň geregi ýokmuka diýýän. Esasy wagyrdy öňde häli.Üç gün dowam eden toý gutardy. Güneýşa sülmüräp gelin boldy. Ýaldyrawuk köýneginde iki ýana ýöredi. Diňe bir gün. Toý gutarany şol Güneýşa köne köýnegini geýmeli boldy. Çünki Aýytbaýdan gelen buýruk şeýledi.Eýýäm ertesi şaly oraga gitmeli boldy. Toý edilen wagty güýzki harman ýygnamagyň döwrüdi. Kyrk sotyga golaý şaly ýerä Güneýşanyň bir özi düşdi. Ýaş bolansoň ýadawlygy bilmän işledi. Her günde 15 sotykdan artykmaç ýeri orup uç gün diýende Güneýşa şalyny ordy. Bir özi çöl meýdanda. Diňe suw içip. Azanda zyňyp gaýytdylar işlejek ýerine. Gün ýaşanda alyp gaýytdylar. Bir gün özüni dürsemäne rugsat berdiler. Bu bir günüň içinde Güneýşa geýimini ýuwdy. Özüne seretdi, jaýyny, syryp-süpürdi. Ertesi jöwen oraga düşdi. Ýetmiş sotyk ýeriň jöwenini özi ormaly boldy. Äri Äýmyrat şähere gatnaýar. Ir bilen gidýär. Giçlik gelýär. Öýde başga işlärä adam ýok. Gaýyn atasy Aýytbaý güni bilen märeke sowýar ýada öňünden çykan bilen gybat edip gününini geçirýär. Adamlara akyl satýar. Özüňi nähil alyp barmalydgyňy aýydaýr emma özüne gezek gelende aýydýnlary we öwredýänleri özi üçin ýöremeýär. Adamlary aldaýar, magtanýar, adamlary gorkuzýar, kemsidýär, üstünden gülýär. Ýetmiş sotyk ýeri bäş günde oran Güneýşa abraý bilen köçede ýöredi. Ony orak oruşyny görenler gaýratly gelin diýip başladylar. Indi şugundyr ýygmaly.Otyz sotyga golaý. Iki günde ýygyp jemläp taraktora ýükläp öýe getirmeli. Bu işi edip bolany şol oryp gaydan şalyny döwüp, arassalap, haltalap öýe getirmeli. Bu işi edip bolany şol oryp gaýydan jöwenini baglamaly, ony dikläp goýmaly. Ýene üç gün sarp boldy. Bu işi edip bolany şol ýene 20 sotyk kelte jöweni ormaly. Bu işi edip bolup orakdan boşan ýerlere mallary eltip örklemeli. Bu aralykda öý işlerii etmeli. Häli käşiri köwlemeli, güýz garpyzy ýygyp öýe getirmeli. Yzyndan bir gektar bugdaý ýerä iýmit sepmeli. Öýe gelip sygyrlary sagmaly, her iki günden çörek ýapmaly, agşam nahary bişirmeli, her gün ir turyp Aýmyray işe ugratmaly. Arasyna keselbent gaýyn enesine ah-wah etmeli.
Güýz gutaryp gyş aýy indi. Indi meýdanda iş ýok. Ýyly jaýda gyşy geçirmäniň ugryna çykmaly. Jaýyň işlerini edibermeli. Güneýşa şeýle diýip oýlady emma diýeni bolmady. Gaýyn atasy bir iopar üýüşüp ýatan kir zatlary görkezdi. Guneýşa bir çetinden başlady. Ilki bilen gaýyn atasynyň geýim-gejimini, onsoň gaýyn enesiniň geýimlerini, onsoň Aýmyrayňkyny. Geýim gejimleri ýuwdym diýse könelip kirläp ýatan düşekleri ýuwmaly edildi. Güneýşa bu işlere gwünjeň bolup duranokdy emma gelin bolup ters gepläp gaýynyndan ýaman gelin diýen sözi eşidesi gelmeýärdi. Şonuň üçin hiç hili gaýtawaul bermän kellesini aşak edip diňe buýurlan işi edip geziberdi. Bu aralykda onuň ýaly gelinler toýa-märäkä gidip, göwüni halan wagtynda işläp göwüni halamasa otyran gelinleriň ýanynda özünden namys edip ugrady. Kir bolsa gutarmady. Hatda atyzdaky iş gutarýan eken emma kir gutarmaýan eken. Kir ýuwmanyň bäşinji gününde Güneýşa gyzdyrdy. Sowuklama diýdiler. Tabletka alyp berdiler. Iki-üç gün geçip gyzdyrmasy aýryldy emma üsgürmegi dowam etdi ýöne kir ýuwmasyny goýmady. Oňa goý diýmediler, ol hem goýyp bilmedi. Kem-kemden üsgülegi güýçlenip kir ýuwmanyň dokuzynjy gününde Güneýşa gyzdyryp, der basyp heläk bolup başlady. Turyp bilmän ýatanyndan gorkan Aýmyrat doktor çagyrdy. Doktor gelip bir topa ukol, sirip, tabletka ýazyp berdidide ýom-ýok bolup gitdi. Güneýşa üçin bolsa ukol uraýnlaryň birni çagyryp getirip ukol uryp başladylar. Iki günden soň Güneýşanyň haly gowulaşan ýaly boldy. Ol turyp ýene şol kir ýuwmasyna başlady. Ukol peýda eden ýaly bolsada Güneýşanyň nahar iýmesiniň mukdary peseldi,ýagyrnysynda pyçak sokulan ýaly bolup agyry peýda boldy. Kir ýuwmanyň on dördünji gününde Güneýş ýagyrnysyndaky güýçli agyra garamazdn kiriň ýanyna geldi emma elini kire uryp bilmedi. Onuň hiç zat edip bilmeýänini gören gaýyn enesi dünýäniň ýüzüne jar edip ugrady. “Şunça çykdaýjy edip getiren gelniňiz iş edip bilenok, hatda kir hem ýuwyp bilenak. Biz bolsa bütün ömrümizi kir ýuwyp gelýäris, bize hiç zat bolanok” diýip. Habar Aýmyrada baryp ýetdi. Aýmyratdan jaň geldi haýbatly”Hä, näme boldy saňa, ukol baryny aldyň emma häli keseliňden açylyp bileňak. Ýada dogabitdi keseliň barmydy” Oglunyň bu sözüni eşiden Güneýşanyň gaýyn enesi gyzlaryna habar göýberip ugrady ” Waha, alan gelnimiz dogabidi kesel bolsa näme etjek”. Gyzlary çaňap ýetip geldiler. Keselinden bulaşyp otyran Güneýşä gahar bilen seretdiler. Gyzlarynyň biri bolsa oňa herreldi “bize hyzmat edesiň gelýän däldir seniň. Eýle bolsa öýden gümüni çek ýada häziriň özünde kiriňe başla”. Güneýşa alaçsyz köne eşek araba ýaly büklenip kir ýuwmasyny dowam etdi. Öýde bolsa olar barada täze gürrüňler çykyp başlady.
-Bu gelini kowup başga gelin almak gerek.
Şu günden başlap öýde her hili gürrüňler gyzyp gitdi. Biri Güneýşanyň üstünden düşdi, ikinjisi onuň enesiniň, üçünjisi bolsa atasynyň. Hatda tohumyna-tiresine çenli at dakyp başladylar. Kir ýuwmanyň on sekizinji gününde Güneýşa ýene iş ýerine geldi. Kijijik ot ýakylmaýan uly jaýa ýelmenip galdyrylan kepbeden tapawutly ymarat. Içinde çalaja gaz ýanýar emma otagy gyzdyrmaýar. Suwy kotelde gaýnadyp çeleklere guýup getirmeli. Bu wagt meýdana çykmaly. Meýdana çykan wagtyňda elini suwa uryp otyran adam elbetde iki essae doňýar.Güneýşa gaýnadyp alan iki çelek suwyny alyp meýdana çykdy. Şol wagtam günbatardan öwüsýän sowuk şemal o boldy, soňanuň maňlaýyndan urdy. Edil şu wagtam ilki bilen ini üşütdiren ýaly boldy soňra bir sekunt geçmän galpyldap başlady. Gyzynsam gaýdar diýip oýlan Güneýşa iki çelek gyzgyn suwy alyp kepbä tarap ylgajak boldy emma iki ädim ädip gözi garaňkyrap agyp başlady. Ol elbetde özünden gitmejek bolup çytalaşdy. Özüniň keseldigini öýdäkilere bildirmejek boldy. Emma diýeni bolman agyp düşdi we özünden gitdi. Onuň özünden gidenini gören adam bolmady we sowukda iň bolmanda ýigrimi minut ýatdy. Birnäçe wagtdan bir ýerlerden tentiräp gelen gaýyn atasy, iki çelek suwy ýanyna guýyp özi hem palçykda çaşyp ýatan gelininiň üstünden gelip şermendelik baryny edip aýalyna gygyrdy. Ol gelende bolsa köne ýorgany getirmegi buýyrdy we Güneýşanyň atasyna jaň edip başlady. Ol telefona alanda bolsa bat bilen gygyrdy. “Gyzyňy alyp gitmeseň bolanok, ol kesel eken”. Haçan aýaly köne ýorgany getirende onyň üstüni ýapyp Güneýşanyň atasynyň gelerine garaşdy. Gyzyň atasy gelende bolsa “ ogry utanmaz üstüne gelen utular’ edip gudasyna gaňraldy “Sen maňa kesel gyzyňy beripsiň”. Gyzyň atasy hiç zat diýmän getiren maşynyna özüni bilmän ýatan gyzyny ýükläp walaýat keselhanasyna tarap äkitdi. Aýytbaý utançsyz bolsa ogluna jaň edip ýalan sözledi “gelniňi atasy gelip äkitdi” diýip. Öz eden işini bolsa aýytmady.
Giçlik ogly işden gelende bolsa çürt-kesik gelinden ýüz öwürmegi buýurdy. “Men saňa başga bir abraýly maşgaladan gyz alyp bermekçidim sen meniň aýyanymy etmän öz diýeniňi edip keselbent gyzy ýe getirdiň. Ogly Aýmyrat atasyna hiç zat diýip bilmedi. Diýsede, onuň gepini diňlejek ýokdy, çünki ol entek işden gelmänkä atasy aýaly we gyzlary bilen bir karara gelipgoýydy. Güneýşany aýyryp göýbermek barada.
Ýogsada bu ýerde bir zady aýytmaly. Aýytbaý gara kündügiň gyzy aýyryp kowmak maksady ýokdy. Ol şermendelik ýoluny tutyp gelin üçin çykaran çykdaýjylaryny almak maksady bardy. Ol gudasyny gorkuzmak isleýärdi. Egerde “gyzyňy gelinlikden kowsam” gudam ilki bilenä gyzyny mugt bejerer, ikinjiden belki mellek eçiler. Ol gudasynyň bir melleginiň boş durandygyny bilýärdi. Maksady şol mellegi oglyna alyp berip Güneýşany hem şolýere ýerleşdirse ol maksadyna ýetip durdy. Gudasynda bolsa şeýtanlyk ýokdy. Ol gyzynyň il içinde biabraý bolmagyndan gorkýardy bu wagt bolsa saglygyndan. Gudasy gyzy welaýat keselhanasynda ýerleşdirip onuň üçin gowy doktor tapmak üçin bir ylgady. Haçanda gowy doktor tapdym diýse gerekli dermanlary satyna lamak üçin gerekli puly tapmak üçin ýene ylgady. Hemmesini tapyp berip gyzy doktorlar tarap bejerilip ugranda bolsa keselhananyň agzynda duryp Hudaýa ýalbaryp ugrady.
Bolsada Güneýşa uzak gitmän özüne geldi. Gözüni açyp ýanynda otyranyň atasydygyny görüp zordan sorady. “Olardan hiç kim ýokmy” Atasy gyzyny gorkuzmajak bolup “ Bar, bar. Häzirje şu ýerde bardy. Bir ýere çykandyr” diýdi. Emma Güneýşa bu geplere ynanmady. Ol indi durmuşda bolýan wakalaryň aňsatlyk bilen seniň peýdaňa bolmaýandygyna düşünip başlady. Hatda ýanyňda otyryp men seni söýýän diýip ant içýänede ol diýen bir ynanybermegiň ýalňyşdygyny aňlady. Bir zady öz peýdaňa çözmek üçin, geçirmek üçin örän köp zatlary bilmelidigini we bu zat üçin dynygsyz göreş alyp barmalydygyna düşüniňp başlady. Ol ilkinji ýalňyşlygy nirede göberendigini hem bildi. Men öýden çykan ýerimde aşyk bolupduryn. Söýgüni gözlemändirin. Söýgi diýilýän zat öz-özünden aňsatlyk bilen gelýändir öýüdüpdirin. Men gapydan çykyp iki ädim hem ätmändirin söýgi üçin. Bu meniň jezam. Göz öňüne getiriň. Entäp ýören bir gawun satana aşyk bolupdyryn. Hiý bir taryhda barmyka meniň edenim. Iň bolmanda toýa baryp ol ýerde üýşen ýigitlere ser alyp, olary synlap we özlerini alyp baryşyny deňeşdirip onsoň aşyk bolan bolsadym.
Güneýşa ýatlamalara berildi. Onuň başga işide ýokdy. Gije-gündiz keselhanada ýatyp diňe oýlanmalara berilip agşamy getiräýmeseň başga alaç ýok. Keselhanada günler geçip başlady. Eýýäm on gün geçdi. Aýmyratdan derek ýok. Aýnadan seredip köçeden geçýänlere serdip başlady. Käwagtlar Aýmyrada meňzeýän adam köçeden geçen ol yzymdan gelendir diýip gygyrasy geldi. Men bärde diýip. Emma ýakyn gelip bu admyň Aýmyrat däldigini bilip lapy keç boldy. Käwagtlar Aýmyradyň boluşyny aklap özüni garalady. Men özüm günäkär ähli bolan zatlara. Oýlanman iş etdim. Gyssandym. Derrew razy boldum.
Her günde bir zady ýatlady. Bir gün aýmyrada ilkinji duşan gününi. Ýene bir gün telefonda nämeler barada gepleşip otyrandygyny. Bu ýatlamalaryň birinde hem gyzyk ýokdy. Iň gyzyklysy toý gününde Aýmyrat bilen gelinalyja gidedip gelen, soňra bezenip orta çykany, onsoň hemmäniň üýşüp ony gutlanlary, aýdym-aýdyp tans oýnanlary ýadyna düşüp gara köýük bolup otyrdy.
Onuň keselhanada ýatanyna indi iki aý boldy. “Doktor oňa ýene iki günden çykarsyň diýdi. Şu iki günde men belli karara gelmeli. Iki aý boldy. Meni gelnim diýip gaýynlarym sorap gelmedi. Aýmyrat hem gelmedi. Şonuň üçin indi men yzyma, enemiň ýanyna gitmeli bolaryn. Meniň gaýdyp barmagym eneme agyr deger ýöne mende alaç ýok. Kyn bolsada öýe gaýydaýyn. Şu pikirleriň yzy toýyň başlanyşyna ýazyp gitdi. Hemme bilen ekeni meniň bagtsyz boljagymy. Meniň ýaramaz öýe gelin bolup düşjegimi. Emma maňa şol wagt aýydan bolsalar meniň bu agyr halymy men ol adama ynanarmydym. Ýok. Diýmek men özümden güýçli bilen erjeşipdirin.
Kim bilen gaýynlarym bilen. Esasan gaýyn atam bilen. Belanyň körügi şu adam. Onuň meni ýeňmeginiň bir sebäbi bar. Onuň elinde maýa bar. Meniň elimde bolsa ýok. Men bu öýe onuň pulynyň hasabyna gelipdirin. Ol meni satyn alypdyr. Ol meni puldan kesdigi men ölerin ajymdan köçede. Ýagdaýyň has agyr bolmazlygy üçin men derrew özüme iş tapmaly. Pul tölenýän. Häzirki öý işimde meniň pulym ýok/ Diýmek, men haýt goýmaly. Işläp gözläp. Ýeke men däl. Örän köp gyzlar durmuşa çykyp baran ýerinde dürli sebäplere görä oňuşman atasy öýüne gelip otyrlar. Men hem indi şolaryň biri. Näme üçin bilmändirin meniň hem olaryň hataryna goşuljagymy. Ýogsa bilmez ýaly kyn zat däl eken ahyry. Biragyz halkdan soran bolsam olar aýdardylar gaýyn atamyň kezzapdygyny. Oglunyň bolsa kezzap atasyndan görelde alýandygy.Olaryň nämeler edendigini men bilýärin. Biziiň bilenem şeýle eden eken olar. Olar bizi özleri üçin maýa çeşmesi hasaplan eken.
Ýöne indi näme etmeli? Bu ýerden gitmeli. Olaryň gözüniň öňünden. Ýogsa olar meni gülkä goýarlar. Galanja abraýymy hem dökerler. Men indi olaryň näme etjekdigini bilýärin.
Güneýşa keselhanadan gül ýaly bolup çykdy. Iki aý ýatyp. Öýüne gaýdyp geldi. Elbetde, olara agyr degdi. Ýöne mundandana beter bolsa näme etjek. Bir-iki gün öýde bolan enesinden maslahat sorady. Näme etmeli diýip. Enesi bir topar wagtlap gyzyna batyrynyp bilmän otyrdy.
-Eger çyksa seniň özüňde hyýal bar. Şol hyýal bilen gidiber. Indi sen uly adam diýdi ol gyzyna. Onda Güneýşa enesine: Ygtyýar özümde bolsa men indi bu ýerde durmakçy däl. Özüm ýalylara goşulyp bu durmuşdan paýymy almakçy. Men gitmekçi bu ýerden. Gitmek üçin bolsa maňa birazrak pul gerek.
Enesi ýygnap goýan pulyny gyzynyň öňüne zyňdy. “Şundan geregiňi alda halan tarapyňa gidiber. Ýöne meni ýatdan çykarma!. Şu gepden soň Güneýşa iki gün geçirip uçara mündi. Uçar Güneýşa bilen gök asmana galdy. Onuň giden tarapy hiç kime belli bolman galdy. Eýýäm alty aý geçip gitdi. Güneýşa ýok. Onuň taşlap giden äri Aýmyrat bolsa agzyna siňek gonduryp her duş gelen uzyn köýnekliden tama edip ýör. Ýöne häli bitiren işi ýok. Ony kowyp çykaran gaýynlarynyň hem ýüzi gülenok.
Elbetde, Güneýşa baradaky sözler ýene ýazylmagy mümkin. Egerde ol gaýdyp gelse. Özi ýok adam barada bolsa näme ýazyp bolar. Şuňa garamazdan Güneýşanyň käbir oý-pikirleri size ýetmän galýär. Bu pikirler mäňä mälim ýöne köp adam menden haýyş edýär, köp ýazmazlygy. Olaryň haýyşyny nazarda tutyp şujagaz hekaýany şu ýerde tamamlaýaryn. Ýazan Kelleagyryk. 24.06.2024

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.