EŞEGIÑ KITAP OKAÝŞY
11-02-2022, 01:26
Авторизуйтесь или зарегистрируйтесь, чтобы оценивать материалы, создавать записи и писать комментарии.
АвторизоватьсяŞeýtan biriniň eşegini boşadyp goýberdi.Eşek goňşusynyň bagyna girip,bişen-bişmedik miwelerini iýip,paýhanlap taşlady.Muny gören goňşynyň aýaly eline tüpeň alyp,eşegi atyp öldürdi.Eşegiň eýesi tüpeňiň sesine daşary çykdy we eşeginiň ölüp ýatanyny görüp, gaharlanyp,bagbanyň aýalyny atdy.Bagban gelip aýalynyň ölüp ýatanyny gördi we tüpeňi alyp,ol hem öz nobatynda eşegiň eýesini atdy...
Şunlukda şeýtandan:"Sen bulara nämeler etdiň?"-diýip soradylar.Ol jogap berdi:"Hiç zadam edemok.Adamlaryň arasyny bozmak islesem,bir eşegi boşadyp goýberýän,onsoň şol eşek olary harap edýär-wessalam"-diýdi.
11-02-2022, 01:26
6-01-2022, 13:13
12-08-2022, 19:51
23-01-2022, 11:02
7-11-2021, 08:39
5 комментариев