Durmuşymyzdaky täsinlikler hakda hakykat
Dostlar shuny okamaklygy maslahat beryan uzagyragam bolsa gyzyklyja 2300 ýyldan hem gowrak mundan ozal, grek filosofy Aristotel özüniň “Parva Naturalia” atly eserinde arzuw-hyýallar bilen duýgularyň arasynda özara baglanyşygyň bardygyny ýazyp geçipdir. Bu bolsa düýş bilen ynsanyň çuň duýgularynyň arasyndaky baglanyşygyň näçe müňýyllyklardan bäri dowam edýändiginiň aýdyň mysalydyr. Biz näme üçin düýş görýäris? Biziň näme üçin düýş görýändigimiz barada gyzyklanýan esasy iki ugur: fiziologiýa (organizmiň işjeňligini öwrenýär) we psihologiýadyr (beýniniň işjeňligini öwrenýär). Dürli ylymlardygyna garamazdan, bu ylymlaryň ikisi hem “ukynyň bir görnüşi bolan çalt ukynyň dowamynda biz düýş görýäris” diýen pikiri goldaýarlar. Ukynyň şu görnüşiniň dowamynda biziň ýumuk gözlerimiz çalt hereket edýär, onuň şeýledigini bolsa gabaklarymyzyň çalt-çalt gyrpyldamasyndan bilýäris. Şol wagt beýnimiziň işjeňligi güýçlenýär. Fiziologiýa taglymaty çalt ukynyň dowamynda beýnimiziň nähili işleýşini kesgitleýär. Bu taglymatyň tarapdarlaryny beýnimiziň öýjüklerini türgenleşdirmek üçin düýş görýändigimizi, oýanan halatymyzda beýnimiziň üznüksiz duýduryş signallaryny iberýändigini we habarlary kabul edýändigini, şeýlelikde, bedenimiziň dowamly hereketde bolmagy bilen bu funksiýanyň ornuny düýşleriň tutýandygyny belleýärler. Psihologik taglymatyň tarapdarlarynyň pikirine görä bolsa, düýşler biziň pikirlerimize we duýgularymyza esaslanýar. Düýşler durmuşymyzda, ýagny, günüň dowamyndaky gutarylmadyk işleriň täsiri netijesinde döreýändir. Hakykatdanam, düýş bilen ynsanyň çuň duýgularynyň arasyndaky baglanyşyklar näçe müňýyllyklaryň dowamynda bolup gelipdir. 2300 ýyldan hem gowrak mundan ozal, grek filosofy Aristotel hem özüniň “Parva Naturalia” atly eserinde arzuw-hyýallar bilen duýgularyň arasynda özara baglanyşygyň bardygyny ýazyp geçipdir. Gowy düýşler görüň! Süýnýän ýyldyzlar nämekä? Hemmeleriň “süýnýän (ýa-da ot açýan) ýyldyzlar” diýip ynanýan jisimleri aslynda, ýyldyzlar bolman, olar asman giňişliginde “syýahat edýän” gaty jisimler- meteoritlerdir. Birnäçe tonna agramy bolan, gije-de görüp bolýan meteoritler örän uly jisimlerdir. Has uly däl-de, kiçiräk meteoritler Ýeriň atmosferasyna girenlerinde ýanýarlar. Ol jisimler Ýere zeper ýetirmedik halatynda meteoritler diýlip atlandyrylýar.Meteoritler köplenç arylar ýaly topar-topar bolup, “syýahat edýärler”. Toparlaýyn hereket edýän jisimler Ýeriň howa giňişligine ýokary tizlik bilen girip, ýanýarlar we soňra tebigatyň diýseň täsin feýerwerkleri (röwşen ot) ýagny, “meteorit görkezijisi” bolup, almaz ýaly ýaldyrap, ýere gaçýarlar.Näme üçin howa uçarlary günbatara uçanlarynda, haýal uçýarlar? Howa uçary günbatardan gündogara uçanynda, ýagny, Nýu-Ýorkdan Londona bäş sagatlap uçýan bolsa, gündogardan günbatara, Londondan Nýu-Ýorka ýedi sagatlap uçýar. Munuň sebäbi atmosferanyň ýagdaýy bilen düşündirilýär. Çalt akym deňiz derejesinden örän ýokarda bolup, ol hemişe Atlantik ummanynyň üstünden günbatardan gündogara öwüsýär. Howa uçarlarynyň howada şol bir tizligi saklap, seresaplylyk bilen erk edilmegi netijesinde-de, şol akymyň täsiri bilen günbatardan gündogara çalt gidýärler. Hiç hili tozan bolmadyk bolsa näme bolardy? Köpimiz öýümizi tämizlänimizde tozan az bolsa begenýäris, emma muňa garamazdan, tozansyz bu dünýä onçakly owadan bolman, ýagyş-ýagmyr hem az ýagyp, Günüň ýaşmagy ajaýyp görünmezdi. Ýagyş - suwuň molekulalarynyň howada özüne tozan tozgajyklaryny ýygnamagy bilen emele gelýär. Haçan-da, ýygnanan suw belli bir derejededäki agyrlyga ýetende, ýagyş ýagýar. Ine, bilşiňiz ýaly, tozan tozgajyklary bolmasa, suw bugunyň ýagşa öwrülmesi aňsat bolmazdy. Şol bir wagtyň özünde suwuň bugarmagy we tozgajyklar Gün şöhlelerini hem serpikdirýär. Biz Gün doganda we ýaşanda, tozan we suw molekulalarynyň kömegi bilen Günüň gyzgylt şöhlelerini uzak wagtlap synlap bilýäris. Howada tozan tozgajyklarynyň köp bolmagy Gün doganda we ýaşanda kuýaşlaryň öwüşginli bolmagyna getirýär. simwoly nämeden gelip çykdyka? Adatça kiçijik @ e-mail adreslerinde meşhur bolmak bilen orta asyrlar döwründäki monahlaryň ýadan elleriniň netijesinde emele gelen alamata salgylanyp (“at sign” - ýadan gollaryň alamaty) döredilipdir. Orta asyrlar döwründe ýagny, entek metbugat çaphanasy oýlanyp tapylmanka kitabyň her bir nusgasy, sözüň her bir harpy örän seresaplylyk bilen latynça harplary bilen elde ýazylmaly bolupdyr. Şonuň üçin hem monahlar hemişeki sözler üçin aýratyn galam bilen ýazmakdan irensoňlar, ondan dynmagyň ýoluny gözläpdirler. Latyn dilindäki “ad” iňlis dilindäki “at” predlogy bolup, içinde, ýakynynda, gapdalynda, başynda galybersede -da, -de diýmekligi aňladýar. Onuň örän gysga bolmagyna garamazdan, monahlar ony adaty bolmagyndan hem şeýle çalt, aňsat ýazyp boljakdygyny pikir edip, “a” harpynyň daşyndan “d” harpyny ýazýan ýaly edip, tegeläp alypdyrlar. E-mail-iň ýaýramagy bilen bu @ simwoly meşhur bolupdyr. Mysal üçin, joe.@ uselessknowledge.com. Şu ýerde alamat üçin belli bir at ýok, emma käbir ýurtlar ol simwoly özleriçe suratlandyryp, ony käbir haýwanlaryň şekilleri bilen baglanyşdyrypdyrlar. Mysal üçin:Snabel - daniýalylar üçin “piliň holtumy”Klammeraffle - nemesler üçin “asylyp duran maýmynjyk”
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.