Dek gezen dok gezer
DEK GEZEN DOK GEZER
Arada internede girip "ertir.com"-daky makalalara göz aýlap durkam, bir makala gözüm düşdi. Tüweleme okalyp bilnipdir, okalan sany 4000-den dagy geçip gidipdir. Göribilmezçiligimiz-ä ýok welin, biziñ taryha, medeniýete, edebiýata degişli makalalarmyzy ertir.com-da bir dostumyz ýerleşdirýär welin, okalýan sany 50-100, ýa-da gaty köp bolanda 300-350 dagy bolýar. Muña birjigem gynanamok, sebäbi taryh, edebiýat, medeniýet diýlen zatlar hiç könelenok, gaýtam nesillerimizi belent ruhda terbiýelemek üçin hasam gymmatyny artdyryp gelýän zat. Gozgajak bolýan gürrüñimizden gaty daşlaşybermän, esasy gürrüñe dolanyp geleliñ. Makalasyny okadym diýýän "akylly" dostumyz özüniñ ýurdumyzyñ welaýatyndan gelip Aşgabat şäherinde işleýändigini, bir gün şäherde barýarka bir polisiýa işgärinin saklap özüne ýerliksiz yrsarandygyny, şeýdibem ol özüni "welaýatdan gelen" diýlip kemsidilen hasap edendigini, paýtagtymyzy özleriniñ "adam edýändigini"... aý garaz aklynyñ kesdigiçe ýazyp bilipdir. Bir zady dogry boýun almak gerek. Aktual temany gozgapdyr. Şonuñ üçimem tüweleme meniñ ýaly okyjy sanym 300-350-den geçenok diýip zeýrenip durjak aladas-a ýok. Emma şeýle aktual tema girişmänkä gowja oýlanyşmaly ekeni. Onuñ bar ýazan zatlary aslyna göz ýetirmän gümp-samp ýazylan zatlar. Näme, ýalanmy ol aýdylanlar diýmekçi barmy arañyzda? Bardyr! Hawa, polisiýa işgärleri eger Aşgabat şäheriniñ ýaşaýjysy bolmasañ sataşan pursatlarynda senden nirelidigiñi we sypaýylyk bilen özlerini tanyşdyryp, eger sen gümpi-sampy, sapalak atyp jogap berseñ ýa-da äsgermezçilik etseñ, oña-muña, iş oñarjakmy-oñarmajakmy çala-çula bir ýerde tanyşyñ-bilişiñ bolsa mesele çözendensiräp telefony "al, gürleş, şuñ bilen!" diýseñ elbetde seni süýräp äkiderlerem, oporna-da dykarlar. Eýsem, näme polisiýa işgäriniñ (diñe polisiýa işgäriniñ däl islendik hukuk goraýjy işgäriniñ) islendik raýatdan kimligini soramaga, onuñ şahsyýetini anyklamaga, şübhelenýän adamsyna meñzeden ýagdaýynda ony polisiýa bölümine ýa-da bölümçesine äkitmäge hukugy ýokmy? Elbetde bar! Özem kanun esasynda kepillendirilen! Bilmeýän adam Konstitusiýany, Jenaýat-Prosessul kodeksini, Adminstratiw kodeksini alyp okasyn! Nirde bar ol kitaplar diýseñiz, aýdybam bereýin: islendik kitap dükanyna kelläñi soksañ kitap tekjeler doly. "Aý, meniñ hukugym, hakym..." diýip nägilelik bildirýän akyllysumaklar. Okañ, kim size böwet bolýar?!. Ýa kitap dükanynyñ öñünde-de seni oporna süýräp äkidýän polisiýa işgäri bardyr öýdýärsiñizmi? Welaýatdan bäş şaýy gazanjak diýip şähere gelip ýaşamaga ýeri bolsa-bolmasa onda-munda kwartirant ýaşap ýören oglanlar-gyzlar: eliñize sähel artygrak pul düşen güni oñarsañyz-oñarmasañyz kafelere-barlara, diskotekalara eñýäñiz, ýa-da iýmäge çörek puluny dözmän ýöne internetde (ylaýta-da laýnda) gürleşmek üçin tapanjasyny telefonyna salýan ýaşlar, näme bolýa bahasy 10 manada-da ýetmeýän bir kodeksi satyn alyp öýüñ duluna oklap goýanyñyzda, eger gyzyklanan meseläñ bolsa açyp okarsyñ, ýa bolmasa çagalañ okar, çagañ kanunlary okasa, ylymly-bilimli adam bolup ýetişer. Kafe-barlara, diskotekalara barýañyz diýseñem-ä olar ýaly ýerlerde-de medeniýetli dynç alyp bileñzok. Hökman serhoş bolup eger oglan bolsa, iki-üç bolup bir bolgusyz ýeñles gylykly zenanyñ üstünde paýlaşyp bilmän dawalaşyp başlarlar, ýa bolmasa gyz bolsa haýsy bir şäherli oglanyñ (pullurak, maşynly oglanyñ) boýnundan ilip bolmazmyka, bäş günligem bolsa keýp çeker ýaly köwegräk ýigitlerden tapyp bolmazmyka diýip guýruklaryny bulaşyp ýörler. Ol sataşjak ýigitleri sallahmy, maşgalalymy... bildirýän ýeri ýok. Hany türkmen zenanynyñ ar-namysy, salyhatlylygy, hany türkmen ýigidiniñ agraslygy?!. Käbir ýigitleri görýän welin, ýakaña tüýküräýesiñ gelýär, şähere iki gün gelýär-de, öñünden jaýtyrak biri sataşsa, onuñ bilen iki gün halaşan bolýar-da, üçülenji gün "waý, dat men söýýän, köýýän, şuny almasam bolanok" diýip ölüp-öçüp ýapyşyp ýatyrlar. Ertesi gün onuñ bilen ýaşaşjakmy, ýaşaşmajakmy... ony pikirlenenok. Ýa bolmasa ol "jaýty" kim, öñ kimiñ "aşagyndan çykyp gelipdir", seniñ "aşagyña girenden soñ" diñe "señki" bilen oñjakmy, oñmajakmy... Enesi kim, atasy kim... heý oýlanýarlarmyka?!. Şäherde üç gün ýaşasamam bolýar diýip, biriniñ "ikinji, üçünji" aýaly ýa-da oýnaşy bolmagy-da özlerine dereje bilýän aýal-gyzlara näme diýip aýtjak?!. Hudaý saklasyn, käbirleriniñ dagy yzlarynda äri bary-da bar. Biz nirä baryp ýetdik? Biz nirä barýas?Gaýrat ediñ, adamlar, by zatlar üçin gül ýaly asuda döwletimizi, syýasatymyzy günäkärlejek bolmañ. Döwlet kime bar bozgakçylyk et diýýär? Ýokarda aýdanlarymyñ haýsy birini düzetmäge döwlet borçly? Hiç birisine-de borçly däl. Adamda ynsap, wyždan, ahlak diýen zat bolmasa döwlet neýlesin?!.. Hää, haramlyk edýän döwlet gullukçylaryna näme diýjek diýmegiñizem mümkin! Hiç pikir etmäñ, döwlet muña-da günäkar däl! Döwleti adam döwlet edýär. Hormatly Prezidentimiz aýtmaýarmy näme, "Döwlet adam üçindir, adam döwlet üçindir" diýip... Haramlyk bir-biriñe göriplik eýýäm Adam Ata bilen How enäniñ ogullary Abyl bilen Kabyñ arasynda soñy gan bilen gutaran dawadan bäri bar, tä kyýamata çenli bolaram. Alla bize nämäni buýurýar: haramlyga garşy göreşmegi, halallygy! Adamlaryñ köpüsini diñläp görýäñ welin, jyny polisiýa bilen lukmanlarda. Emma bir zada üns berenoklar: Adamlaryñ "oslugy gyşygrak çyksa" ilkinji nobatda baryp ýüzlenýän ýerem şolar. Kafe-barlarda wejera we atan-satan bolup çykandan soñra wagtlaýyn kireýine ýaşaýan ýerine ýetmänkä asudalygy berjaý edýän polisiýa işgäri çyksa, näme oña gözlerini ýumup geçmelimi? Onuñ kimligini anyklamak, polisiýa bölümine äkidip, gözlenýän adammy, jenaýatçymy ýa dälmi bilmek, el yzyny almak we şahsyýetini anyklaýan resminamasynyñ nusgasyny talap etmek gönüden-göni onuñ borjy bolup durýar. Eger sen şu aýdylan talaplaryñ birini ýerine ýetirmeseñ Türkmenistanyñ Adminstratiw kodeksiniñ 378-nji maddasy esasynda garşyña iş toplumy toplanyp, kazyýetiñ üsti bilen jerime salynýar. Ýa-da sen garşylyk görkezmäniñde-de jemgyýetçilik ýerlerinde serhoş ýagdaýda peýda bolandygyñ üçin şol kodeksiñ 355-nji maddasy esasynda temmi çäresi bellenilýär, eger serhoş ýagdaýda masgara bolup goh-galmagal edip barýan bolsañ, özem sagat 22:00-dan geçen bolsa, onda raýatlaryñ asudalygyny bozandygyñ üçin şol kodekse esaslanyp kanuny çäre görülýär, ýa bolmasa ýanyñdaky "tyrry-pyrry" bilen köpçülik ýerinde dawalaşsañ Adminstratiw kodeksiñ 345-nji maddasy esasynda garşyña iş toplumy toplanyp, kazyýetiñ üsti bilen jerime edilýär ýa-da 15 gije-gündize çenli adminstratiw tussaglygy berilýär. Bolmasynmy şu maddalar?Görülmesinmi şeýle çäreler?!. Şeýdeniñde welaýatdan gelenleri oñarar ýaly däl-ä... Bütin bu aýdylanlary etmek üçinem ýoldaş polisiýa işgärleriniñ biz raýatlary saklamaga haky bar! Bu kanunlar bolmasa, polisiýa işgärleri bolmasa adamlar bir-birini iýibem tüketjek! Walla!! Men size kanunlary aýdyp size ýuridiki konsultasiýa bermek niýetim ýok, ýa bolmasa polisiýa, lukmanlara ýaranjak bolamok! Ýöne bu iki kärde-de meniñ agamyñ ogullary bar. Şonuñ üçin olaryñ işi maña gaty bir nätanyş däl. Bilmedik zadymy soraýan, öwrenýän ikisindenem. Elbetde, polisiýada-da, lukmanlaryñ arasynda-da borjuny göwnejaý ýerine ýetirip bilmeýänler, bilse-de ýerine ýetiresi gelmeýänler az däl. Emma beýle adamlar nirde ýok?!. Diñe polisiýada, lukmanlarda barmy?!. Hemme ýerde bar! Öz içimizde ýokmy? Bolanda näme! Bäş barmagymyz deñmi? Bir maşgalada dogan deñ gelenok. Alla hemme zadyñ hasabyny ýöredýär. "Süri agsaksyz bolmaz". Haýsydyr bir döwlet gullukçysy bir etmesiz işi edýär diýip, gül ýaly döwletimize bilmedik zadyny şyltak atmagyñ geregi ýok. Atalarmyz "Güne gargar depä çykan kelpeze" diýipdirler şeýle şyltakçylara. 2005-2006-njy ýyllarda men ol wagtlar talypdym, bir wakany gözüm bilen gördüm. Aşgabatdaky gurluşyk firmalarynyñ birinde işleýän bir maryly ýaşuly aýlyk alan güni kwartirant ýaşaýan ýerinde (Gaudan) bir ýeñles gylykly zenan (tenini paýlap ýöreniñ biridir-dä) bilen oturyp keýp çekýär. Soñam "işlerini bitirip" durkalar, ýaşulyñ aýagy togyñ rozetkasyna degýär, rozetkanyñam simi ýalañaç çykyp duran. Atdanlykda "haýdap durka" ýaşulynyñ bir aýagy sime degýär... 220 woltluk sim.. Nädendir öýdýäñiz? Ikisiniñem (Alla günälerini geçsin!) jany takga çykypdyr. Çuw yalañaç 50 ýaşlaryndaky bir ýaşuly bilen 30 ýaşlaryndaky aýal maşgalanyñ keşbi häzirem göz öñümden gidenok. Näme baha berersiñizi bu masgaraçylyga?Üns beriñ ýaşuly 50-den geçen, bärsinden añyrsy ýakyn, toba etmeli namaz okamaly, ýaşlara, öz çagalaryna akyl-öwüt bermeli hala gelipdir. Duşmanyña-da beýle ölüm rowa bolmasyn! Ogullary-gyzlary,agtyklary bar, olar näme pikirleri kellelerinden geçirdilerkä? Ile-güne näme jogap berdilerkä? "Öleni-hä öleni, öleniñ yzyndakynyñ gözüni garga çokany..." diýlişi ýaly, yzynaky aýalynyñ, perzentleriniñ beýle utanja galar ýaly näme ýazyklary barka?Elbetde, ýaşula Alla göz görkezen bolmaly. Ýöne namysa galýanlar welin başgalar. Ýaşuly bir ýerden bir ýere işlemäge gelipdir, öz watanymyzyñ içi, paýtagtymyzam bolsa, öz ýaşaýan ýeriñden başga ýerde maşgalañdan aýry ýaşamagyñ we işlemegiñ özüne ýeterlik kynçylygy bar. Muny şeýle ýagdaýda ýaşap we işläp ýörenler gowy bilýändir. Bir ýerden gelipsiñ, özüñ kwartirant, kwartiraña pul gidýa, iýjek-içjegiñe pul gidýä, bolýan ýeriñden işleýän ýeriñe çenli ýol harjy gidip dur, alýanyñam 2-3 ýada 4 million (köne hasapdan), gaty gitse 5 milli on, puluñ artsa maşgalaña, çagalarña ugrat. Agtyklarña sowgatlar al. Türkmende beýle adamlara "garrapdyr guýulmandyr", "saçyna ak girse-de, kellesine añ girmändir" diýilýär. Şumad-a ýykylyp aýryldy welin, birwagtlar G.Kulyýew (Obýaznoý) köçesiniñ ugrunda Türkiýeli uly ýük awtoulaglarynyñ awtoduralgasy bardy, duralgañam içinde çaýhana... Çaýhana agyr ýoldan ýadap gelen türkler köp gelýärdi. Muny bilýän Daşoguzdan we Lebapdan gelip şäherde kwartirant ýaşap ýören gyzlar (şol sanda ýygy-ýygydan şol çaýhanada işläp çalyşyp duran gyzlar) kakalary ýaly adamlara, kellesi kel, murty pişge ýaly, agyr ýoldan gelendigi üçin üstinden kiri akyp deri porsap duran türklere şelaýynsyrap maýmyn bolýarlar. Bu "gyzlara" meýil edýän türkleriñ-ä bir gram akyly ýok. Haýsyny sorap görseñ Türkiýäniñ Gaziantep,Kars, Siwas, Konýa, Trabzon, Ankara... aý garaz ş.m şäherlerinden ýa-da uzak obalaryndan eklenç diýip agyr awtoulaglary uzak-uzak ýollardan sürüp gelýärler, gelibem bärde gazananjasyny gujagynda gelip 100-200 dollaryny alyp bolmazmyka diýip oturan "süýdi bozuga" gysganman berer. Ýadyna düşenok, ol haram türkiñem yzynda "ärim haçan gazanç getirkä" diýip, ýoluna göz dikip duran käbe ýaly aýalynyñ, göz monjugy ýaly çagalarynyñ garaşyp durandygyny.. Atasy ýaly adamyñ gujagynda "ete bökjek aç pişik" ýaly bolup utanman oturýan gyzlarymyz heý şonuñ pikirini edip gördümikäler? Ýa bolmasa, (Alhamdilla, olaryñam içinde hemmesi beýle bozuk däl, onam aýtmak gerek), şonuñ ýaly "süýdi bozuklary" türklere, paýtagtymyzdaky daşary ýurtly araplara, eýranlylara, hatda hindilere tapyp berip, sutonýorlygyñ üsti bilen pul gazanmaga çalşyp ýörenlere näme diýjek?!. Şeýle oglanlar pikir etmeýärmikä, bu haramzadaçylykly hereketiñ arly-namysly adama, bir musulman ymmatyna, türkmen halkyna ysnat getirýän hereketdigine... Hut şeýle oglanlaram welaýatdan gelen oglanlaryñ içinde bar! Ýa bolmasa, gelýär şähere, iki gün bolup-bolmanka, sypaýy geýinen, elleri papkaly, kitaply adamlara (sektantlar, wahhabylar we ş.m) sataşýar, olaram sataşanlarynyñ "wäñkdigini" bilýärler we daşyna tor aýlaýarlar. Onsoñ görersiñ, düýn, köwşüniñ ökjesini basyp, günlik gazanjy bilen oññut edip ýören "welaýatdaşymyz" ýa wahhabylaryñ toryna düşip eline tesbi alyp, sakgal goýberip görene akyl satjak bolup ýörendir, ýa-da sektantlaryñ çukuryna düşup, Pygamberimize, Sallallahy Aleýhi Weselleme "Kuranymyza" dil ýetirip ýörendir. Men 2004-2005-nji ýyllarda iki sany Daşoguzly ýaş oglanyñ dini ynanjyny bahana edinip, 18 ýaşy dolanynda harby gulluga gitmeklikden boýun gaçyrandygy üçin degişli madda boýunça jogapkärçilige çekilendigini bilýän. Onsoñ biraz wagt geçdi welin, ABŞ-nyñ prezidenti Jorj Buşdan ýörite nota bilen merhum Prezidentimiz Saparmyrat Türkmenbaşa olaryñ boşadylmagy haýyş edildi we olar möhletinden öñ tussaglykdan boşadyldy. Muña näme diýip näme aýtjak? Bir "Iegowanynyñ şaýatlary" sektasyna giren bir raýat tussag edilende onuñ işini derňeýän sülçiniñ kabinetine haýbat atylyp ony goýbermeseñiz yzy ula gider diýip jañ gelýär, telefonyñ raspeçatkasyny çykaryp görseler, gelen jañ Londondan ekeni. Görýäñizmi, sektantlaryñ, wahhabylaryñ toruna düşen adamlary biziñ watanymyzyñ adamlary däl diýsegem ýalñyşmasak gerek. Sebäbi olar, (Allahym, hiç haçan howp abanmasyn) eger asuda watanymyza howp abanan ýagdaýynda ilkinji bolup öz watanyna, halkyna dönüklik etjek adamlardyr. Şonuñ üçin näme bar, bolsa bolmasa şähere işlejek diýip gelip, gören ýeriñde kwartirant ýaşajak bolup ýörmek. Şäheriñ Hytrowka diýlen ýerinde dagy "Bokly oba" diýen ýer bar, hakyky adyna mynasyp ýer. Haýsy gapyny kaksañ kakaý, ondan-mundan gelip ýaşaýan raýatlar sürülenşip çykýar. Ýatýan ýerlerinden dagy towuk ketegem giñdir, nädip ýatýarkalar, nädip sygyşýarkalar diýdirýär. Kartoşkamy näme adamlar? Üst-üste ýataýýarlarmy näme?!.. Onsoñam ähli bokçulyklaram şeýle ýerlerden çykýar. Ýa öý eýesi ylgap barýandyr polisiýa, öýüme kwartirant saldym - indem çyk diýýän çykanok, ýa-da kwartirant giren ylgap barýar "iki gün boldy girenime bir aýyñ puluny berdim, indem hojaýyn öýden kowýar" diýip... aý garaz bu zatlar ondan birisi olar barada... Iş bolsa kim gelsin diýýänlere-de berjek jogabym: Dogduk obasynda, şãherinde gazanç edip bilmedik şähere-de gelip gazanç edip gönendiren zady bolmaz. Käwagt Daşoguza gidýän, naharhanalara, çaýhanalara, dükanlara we başga ýerlere girýän welin, olara ýuwaşlyk bilen (barlap görmek üçin), "Aşgabatda işleseñ köpräk gazanmazmydyñ?" diýenimde, öz ýaşaýan ýerimde bäş manat az gazansamam, köp gazansamam bolýar şu maña, näme bar başga ýere gidip özüñi kösenje salyp diýýärler, ekin, şaly ekip maşgalasyny bol-elin ekläp ýörenler bar. (Aý, diýmäýin diýsem, Özbegistana kanistrläp benzin satyp ýörenlerem Aşgabatda işle diýseñ ör-gökden gelýärler). Öz öýünde maşgalasyny ekläp bilmeýän adama "kemrysgal" diýäýmek galýar. Meniñem aslym Balkanly, özem alty ýyllap dagy "BN" nomerinde maşynymy sürdüm, häzirem sürüp ýörün, maşgalamam Aşgabatda, çagalarymam. Sebäbi bärde okadym, şeýdibem saý-sebäp bilen işe galdym. Konsitusiýada islendik adamyñ islendik ýerde okamaga, hünär almaga, ýaşamaga hukugy kepillendirilen. Eger döwlet tarapyndan işlemäge işiñ bolsa, ýaşamaga öýüñ bolsa, ýa-da öýüñ bolmasa-da şertiñ bolsa, onda başga ýerde işleseñem bor, ýaşasañam. Ol barada söz ýok. Iñ bolmanda garyndaş-doganyñda barlyrak biri bar bolup, öz firmasynda, dükanynda işletjek bolsa, ýaşamaga ýeriñi üpjün etjek bolsa, onda başga gürrüñ. Emma bimaksat bir ýerde sümelge bolsa bolýa diýip, bir ýerden ýallansam bolýa diýip it ýaly selkildäp towuga ýükläýmeli goşuñy arkaña alyp, nä körüň bar şäherde?Düýbünden gelmeli däl diýemok, gel gezelenç etmäge, garyndaş-doganlaryña görme-görşe gel! Kim saña zat diýsin?!. Bir sapar polisiýada işleýär diýen doganoglanym günortanlyk nahara gelip bilmänsoñ, yzyndan gelnejem, onuñ ejesi nahar ugratdy, barsam kabinetinde otyrdy, şol wagtam bir ýaşajyk gyz geldi. Daşoguzly ekeni, arzy şeýle: bir oglan türk firmalarynyñ birine ýerleşdirjek diýip 300 $-yny alypdyr, indem işe-de ýerleşdirmändir, özem gaçyp ýörmüşin. Indi serediñ: ol gyzyñ aýdýany hakykatmy, dälmi, ol oglan bilen arasy barmy ýokmy, näme üçin pul beripdir, gyzyñ özi nähili... Bu zatlar eýýäm başga gürrüñ. Ýöne gyzykly ýeri, ol gelen gyzjagaz (16-18 ýaşlarynda bolmaly) "meniñem kakam Daşoguzda siz ýaly milisge, gaýrat et kömek et" diýdi we jañ edip kakasy bilen gürleşdirdi. Hakykatdanam onuñ kakasy uçastkowoý ekeni, olam "aý, inim gaýrat et gyzym barandyr kömek et şoña" diýp äwenogam... Diýjek bolýan zadym, suw ýaly ýetişip gelýän gyzy özbaşdak şähere nädip goýberip bilýärkä?Nädip çagasyny bärik goýberip, özi arkaýyn agşamlaryna öýünde ýatyp bilýärkä? Goñşy-golam, tanyş-bilişleriniñ ýanynda soranlarynda "gyzym Aşgabatda" diýip ýûzi gyzarman nädip aýdyp bilýärkä?!. Uçastkowoýlar ýalñyşmaýan bolsam 10 milliondan agdyryp aýlyk alýan bolmaly. Näme şojagaz gyzyny ekläp bilenokmyka? Utanman gyzynyñ eklenjini eklenjine goşjakmyka? Ol gyzynyñ nädip, nämañ arkasyndan, näme işläp pul gazananyny pikir etjek dälmikä?Kömek et, soñ aýratyn gadyryñy biljek" diýip gaş kakyp, onam näme diýerkã diýip aljyrap durş-a, eýýäm onuñ pis ýollara baş urup başlandygyna yşarat edýär. Şäherimizdäki haýsy kafe-barlara, naharhanalara, çaýhanalara barsañ welaýatdan gelen aýal-gyzlar işleýändir, özlerem ýañky aýdyşym ýaly 90%-i diýen ýaly "suw meýilli gurbaga"... Baýbuuu, göz öñüne-de getirmek islämok, millet elindenem çöregem iýýä olañ... Kim ol, sagdynmy, kesellimi, näme keseli bar, ahlak taýdan düzüwmi, kim bilen "gezýär", nirde örýär, işleýän çaýhanasyna kimiñ "haýyşy" bilen ýerleşipdir... Baýýbuuu, heý bir pikir eden boldumyka? Şumy welaýatdan gelenleñ şähere beren owadanlygy?? Daşary ýurda Türkiýä gidip gelýän oglanlar aýdýar: Stambulda dagy kelläñi galdyryp gezer ýaly dälmişin, nirä baksañ Türkmenistandan baran aýal-gyzlarmyşyn... näme edýändirler öýdýäñiz?!.. Bu barada bir degişme-de bolmaly hakykada golaýrak: Bir iki sany türkmen oglan jelephana baranmyşyn diýýä. Onsoñ jelephananyñ müdiri olaryñ öñüne lolylaryñ katalogyny getirip oklapdyr, islegiñe görä saýlabarmeli diýýämişin, "hezillik!"... türkmi, ermenimi, parsmy, afrikanmy, bolgarmy, rusmy, ukrainmi... aý, garaz göwnüñ islän milletiñden barmyşyn... Onsoñ oglanlaryñ biri gyzyklanma bilen "heý, bulañ içinde türkmen ýokmy?" diýäýmezmi... Elini owkalap müşderilerine ýylgyrjaklap duran jelephananyñ müdiri olaryñ öñüne iki sany galyñ žurnaly patladyp zyñanmyşyn! Ynha, seretseñ türkmen jelepler üçin aýratyn žurnal ýöredilýän bolsa näme! Bu degişme-de bolsa, hakykatdan gaty daş düşenok. Sebäbi bir sapar, bir türke olaryñ bozuklygy barada aýtdym welin, meni utandyrjak bolup "Kardeşim, sen Istanbulda Aksaraýa var, o zaman görürsün, göge alma atsan türkmenden yana yere alma düşmüyor, ayagini basmaya yer yok sizinkilerden yana..." diýeninde näme diýjegimem bilmän galdym. Ýalan däl-dä, sebäbi. Heý, türkmen, türkmen... Birwagtlar "Türkmen aga, telpegiñi göge zyñ! diýip aýdym aýdylýady. Indi "Türkmen aga, telpegiñi syrtyñ aşagyna dyk-da goýaý!" diýäýmeli boldy. Kim günäkär muña? Gaýrat ediñ, ýene-de bir aýdýan, muña hiçem döwlet günäkär däl. Näme indi dulunda aýal-gyzyna eýe çykyp bilmän kese ýurtlara gidýän zenanlarymyzyñ kakalaryna, ärlerine, erkek doganlaryna, ogullaryna-gyzlaryna döwlet akyl bermelimi, döwlet olaryñ namysyny oýandyrmalymy?"Guýma gursak bolmasa dürtme gursak neýlesin?!. Iş tapyp bersin diýýäñizmi?!. Bir zada üns beriñ. Men okap ýörkäm (anyk ýyly ýadyma düşenok), paýtagtymyzda zenanlaryñ hukuklary boýunça halkara konferensiýa geçirilipdi. Şonda BMG-dan gelen ýörite synçylar edaralara-kärhanalara aýlanyp, dünýä boýunça Türkmenistandan başga ýerde döwlet we jemgyýetçilik edaralarynda zenanlaryñ beýle köp işleýän ýeri ýok diýipdiler. Galyberse-de aýalyny, ejesini, aýal doganyny Hytaýa, Tailandiýa, Hindistana, Türkiýä, Malaýziýa "eklenç bahanasy" bilen ugradyp, yzyndan olar gelýänçä öýünde sallançak üwräp, kir ýuwup oturan erkeklerimiz bar! Hany-how bu türkmeniñ ar-namysy?!.. Hany bir wagt aýal-gyzyna gyýa göz bilen garalsa dagy asmany-ýeri enter-pelek edýän namysly goç ýigitlerimiz? Türkmeniñ namys damary boşaýdymyka? Ganyny çalyşdylarmy?
(dowamy bar, ýöne ýazgyny göçürip alyp bolmady)
Has TÜRKMEN

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.