Adam...

Zeminden çykaryp iki adamy,

Adamsyz boşlugyň erki berilse.

Soň, berip eline, ýeterlik harjy,

Keseden azajyk synlap gőrűlse,

Näder őýdýärsiňiz!

Üýtgärmi olaň,

Bir-birege bolan garaýyş-hőrpi,

Ikisi-de bir-birini äsgermän,

Bir-birniň dőşűne salmazmy tőrpi ?!

Ýa-da äbe-jűýje bolup, undarmy

Çig sűýt emen adamdygyn,

hamdygyn,

Adam bar ýerinde, basdaşlygam bar,

Sygdyrmazlygam bar birek-biregi,

Asylyşyp beýiginiň synyndan,

Ätläp geçer, pespäliniň űstűnden

Ýőne duýmaz,

duýmaz asla Adamzat

Hemmesiniň gyradeň,

Sandygyn,

Gorkmasa sylamaz,

Ürkmese durmaz

Dilegi dűşmese salama barmaz.

Egnine,

çinine,

dinine bakman

Adam bir-birini edermi ykrar.

Belli däl…
16 лайков 119 просмотров
8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hanguly
16 авг 2021, 01:33
Seniňem ençeme nigiň bar ýaly gelýär maňa...
#динара.
Автор 16 авг 2021, 01:47
Wlad,
Olar meniň kimiň däl.Yagny like başgalar 6-7 adamdan haýyş etdim
#динара.
Автор 16 авг 2021, 01:47
Basanlar*
Maksat
16 авг 2021, 07:00
Berekella like
Şamuhammet
16 авг 2021, 07:30
Wlad,
Seniňem ençeme nigiň bar ýaly gelýär maňa...

Bäh görüpligiňi ýüzüňe çykardyňow ahyr. Saňa näme kimiň näçe niginiň bardygyndan!?
Şamuhammet
16 авг 2021, 07:32
Miss_minnosh,
Bular goşgydaky ýaly düşünje diňe käbir gorübilmez, türkmende bar... ?
Perishdejik
16 авг 2021, 08:32
janym saňa like
Moon
16 авг 2021, 17:22
like