Düýş

Güllere beslenen tämiz howluda
Bir özüm otyryn zehinim durlap
Gapdalymda goýup gülli çäýnegi
Süýjiläp çaý içýän çalaja derläp

Gülli bagyň içinde şadyýan guşlar
Dürli owaz bilen aýdym aýdýardy
Garaz howlyň içi şeýle hezillik
Näçe taryplasaň bärden gaýdýardy

Şeýle gözelligi synlap otyrkam
Giň howlymyň gök gapysy açyldy
Aý bilen bäsleşýän bir gözel gelin
Uz basyp,näz edip,ýanyma geldi

Çakylyksyz gelen owadan gelin
Taýly gezek ýaňagymdan ogşady
Beýle hezilligi görmänsom heniz
Tolgunmakdan ýaňa süňňüm gowşady

Akja gelin, bir enaýy näz bilen
Başym sypap saçlarymy darady
Akja gollaryny orap boýnuma
Gözlerime mähir bilen garady

Soňra emaý bilen geçip düşege
Egnindäki köýnegini çykardy
Güllen näzik beden,beýikli pesli
Gözlerim şeýle bir jenneti gördi

Mahmal düşek,per ýassygyň üstünde
Iki göwre,iki ýürek birleşdi
Gulaklar gapyldy,gözler ýumuldy
Bally dodak,diller,sessiz gürleşdi

Hopugyp,der basyp,açsam gözümi
Gije geçip,daň hem atan ekeni
Kelteden,dört gyraň semiz aýalym
Ýanymda hor çekip ýatan ekeni
6 лайков 97 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.