Arwah gelyan gijesi (Ogulsenem Taññyýewa)
ARWAH GELÝÄN GIJESI
1 bölüm
Anna günüdi. Mydama bolşy ýaly, türkmen tomsunyň yssysy ertirden bäri demlikleri tutup, gün ikindä sanyberen çagy salkyn aralaşyp, janlar birneme aram tapdy. Öwez gapysyndaky agaç sekä atylan düşege geçip, aýaly Güljereniň demläp, basyryp goýan çaýyny içmäge oturdy. Saçagyň üstünde ir-iýmişden göwün söýläniň bardy. Kişmişdir kökeler, daşy dürli kagyzlyja süýjüler owadanja aýna gapda durdy. Gowurdakmydyr gaýmak hem Öwez iýse-iýmese, mydama saçaga getirilýärdi. Ýumşajyk kişmişlerden käte bir agzyna atyp, daşyna gök reňk bilen pagta güli çekilen käseden çaý süzýän Öwez mydama bolşy ýaly, häzir hem howlusyna, öýüne nazar aýlap, döwletine guwanýardy. Onuň bişen kerpiçden kaşaň salnan jaýy göreniň gözüni özünde egleýärdi. Howly tämizdi. Ýöreljek ýollarda owadan daşlar düşelip, gapdallarda gül-gülälek ekilipdi. Aşhanadyr hammamyň içi-daşy ýylmanak ak daşlar bilen bezelensoň, diýseň tämiz görünýärdi. Tertipli goýlan üzüm dalbarlaryndan bişip, baly goýalyşyp ugran dürli-dümen üzümler sallanyşyp durdy. Owadan gelinbarmaklar, kiçijik bidäneler, ak-gara reňkli togalak üzümler biri-birinden üns çekerlidi. Öweziň gyzy Gülälek jaýyň bir gapdalynda ýere haly düşek atyp, köýnegine keşde çekýärdi. «Gyzym Gülälek diýseň Gülälek. Günsaýyn görklenip barýar ol» diýip, Öwez gyzyna guwanç bilen bakyp, içini gepletdi. Gyzynyň görki, eliniň işliligi onuň şatlygyna şatlyk goşýardy. Gülälegiň garlawajyň ganaty deý gyýma gaşlary, açylmadyk gunça mysaly, pökgüje dodaklary, tegelek, bugdaýreňk ýüzi gelşiklidi. Işiň abyny-tabyny alan sülük barmaklary naşyjady. Öwez her gün gözüni aýyrman seredende gyzyndan bir kem tapyp bilenokdy. Onuň mährinden ganyp bilenokdy. Gyzyny diýseň gowy görýärdi. Şeýle bolmazça-da däldi. Öweziň ýeke-ýalňyz perzendi şu gyzdy. Onuň Gülälekden başga çagasy bolmady. Gyzyň oturyp-turşy-da müň gyza taýlykdy. Ýygrady. Hernäçe çagyrylsa-da, ýetişip ugraly bäri kakasynyň ýanynda oturmazdy. Nahary-da aýry düşek ýazynyp iýerdi. Ýörände edalydy. Gabagyny ýerden galdyranokdy. Buýrulan işi ederdi. Oturan çagy ulugyzlara mahsus utanjaňlyk bilen köýneginiň etegini aýaklaryna çenli ýapyp, ýygrylar oturardy. «Hudaý jan şunymy bir köp görmesin! Gyzymyň alny-bagty bolsun!» diýip, Öwez gyzyny synlap oturyşyna ýene pikir öwürdi. Uludan demini aldy. «Gyzym-a kişi maşgalasydyr. Bu gyz gidensoň men bu içerä sygarmykam? Birje oglum-da bolan bolsady...» Gyzy birkemsiz ýetişipdi. Guda boljaklar haçan gapyny kaksa kakybermelidi. Bu zatlar ýadyna düşende Öwez öýe sygmajak bolýardy. Ýöne her zadam bolsa, durmuşyň üýtgewsiz kanunyna boýun bolmakdan başga alajy-da ýokdy. Gyz maşgalanyň keseki gapysy üçin dünýä inýänine ol düşünýärdi. Gyzynyň haçanam bolsa bir gün alnyp gidiljegi bilen razylaşmalydygyny bilýärdi. «Belki, öýümde ýaşadar ýaly, hem ogul ýerini tutar ýaly, ganymadrak ýigit çyksyn-da muň alnyndan» diýip, dileg edýärdi. Gyzynyň keşdeleýän eşikleriniň-de bukja eşikleridigine Öwez düşünýärdi. Hamala, bukja atjak egin-eşikleriniň ählisini basymrak keşdeläp bolup, kakasynyň öýünden gitmäge howlugýan ýaly, Gülälek bolsa uzakly gün, hat-da gijesi bilen iş tikýärdi. Öýüň syrym-süpürim, biş-düş, kir-çäk işlerini bir ýüzli edensoň, ol dessine iňňe-sapagyny eline alyp, keşdä güýmenýärdi. Gijäniň bir wagtyna çenli tikin tikerdi. Irden turubam, çaýyny içip bolandan keşdä güýmenerdi. — Gyzyň howlugýan ýaly, ýöne keşdesine haýdap gidip otyr-laý — diýip, Öwez bir gün gyzynyň bu bolşundan göwni galýan ýaly bolup, aýalynyň ýanynda gyzy hakda gep gozgapdy. Şonda aýaly Güljeren onuň ýüzüni alypdy: — Erkek kişi halyňa gyzyň keşdesi bilen nä işiň! Aňsatmy kyrk köýnegi, kyrk aýak geýimi nagyşdan doldurmak. Şol zatlary özüniň nagyşlap bilýänine şükür et onuň. Iliň gyzy ýaly «Ýaka tikdirjek, pul beriň» diýip, gulak etiňi guradyp dursa nädersiň!? Aýalynyň bu sözleri Öweziň kalbyndaky gyzyna bolan birazajyk kinejigi-de joşup duran ata mährine öwrüp goýberipdi. Maşgala agram salman, öz gününi görüp oturan gyzyna onuň söýgüsi has güýjäpdi. Şu zatlar hakda pikir öwrüp, çaý içip oturşyna, Öwez häzirem gyzyny synlaýardy. Göwnüne bolmasa, Gülälegiň iş tikişi öňküsindenem çaltlaşýan ýalydy. Sülük barmaklar maşyn kimin hereket edýärdi. Iňňäniň girip-çykyşyna göz iler ýaly däldi. Gülälek, bir görseň, ony keşdä dürtüp duran ýalydy, gözüňi gyrpmankaňam, çekip alýardy-da, ýene keşdä dürtýärdi. Özem gara dere batypdy. «Beýdip haýdap işlemek nämä gerek diýsene» diýip, Öwez gyzyna bakyp oturyşyna, içini gepletdi. Ahyrsoňy hem gyzynyň keşde üçin jebir çekip oturyşyna dözmän, içki pikirini daşyna çykardy: — Gülälek jan, gyzym, beýdip derläp oturma-da, goýsana işiňi! Gülälek kakasynyň gepine üns bermän, iş tikmesini haýdap, dowam etdi. Güljeren endigi boýunça adamsyna igendi: — Bolşuň erkek kişiniň bolşy däl seniň, Öwez. Ne işiň bar gyzyň bilen. Il işlemeýänden bizar. Sen bolsaň, işleýäne gün bereňok. Öwez dözmezlik bilen gyzyna tarap elini salgap goýberdi: — Sered-ä oňa! Gara der boldy. Beýdip işlär ýaly, näme bar! Gelnaljysy gelip duranog-a. Ýetişmejek zady bolsa, bizem pula tikdiräeris. Ýöne beýdip, jana jebir bermek gerek däl! Gülälek ejesiniň-de, kakasynyň-da gürrüňlerini eşidenokdy. Ýogsa onuň oturan ýeri olardan gaty bir daşda däldi. Gyz ejesi-kakasynyň oturan sekisinden bäş-alty ädimlikde otyrdy. Özem işe şeýle bir berlipdi welin, özüniň nädip şeýle çalt iňňe urup bilýänine özem haýranlar galýardy. Eliniň işleýşine öz gözi ilenokdy. Misli, kimdir biri elinden itip, iňňäni keşdä urup-çykarmaga hemaýat edip duran ýalydy. Gulagyna kimdir biri güýçli ses bilen pyşyrdaýardy: «Bol! Bol basymrak! Bol basymrak! Mundanam çalt işle! Bol diýýän! Bol diýýän! Bol basym!» Ol pyşyrdy erkek kişiniň pyşyrdysymy, aýal maşgalanyňkymy, bu wagt Gülälek duýup bilenokdy. Ýöne pyşyrdy gorkunç eşidilýärdi. Gyzyň ýüregi muňa tisginip-tisginip gidýärdi. Özem pyşyrdy sesi gulaklaryny deşip barýardy. «Bol! Bol basym! Bol diýýän saňa! mundanam çalt işle! Çalt! Basym gutar keşdäňi! Basym! Basym! Basym!» Işlemeden ýadan gyzyň eliniň güýji gaçdy. Ysmaza döndi. Derlemeden öl-suwa öwrülen ýüzi birden ak tam boldy. Ýüreginiň kuwwaty gidýän ýalydy. Pyşyrdy bolsa birsyhly howlukdyrýardy: «Basym bol! Basym! Basym! Basym!» Gyzynyň agarýan ýüzüni görüp, Öwez howsalaly gepledi: — Güljeren! Näme diýseňem, Gülälege bir zat bolýa şu gün! Syn et oňa! Onuň ýüzüniň gany gaçdy! Güljeren göwnüne hiç zat getirmän, gyzyna tarap gygyrdy: — A gyz! Bes edäý indi işiňi! Ertir gelnaljyň geljek bolup duranok ahbetin! Bu gün anna güni. Iş tikmeli däl sen aslynda. Gün batyp barýa. Bes et, Anna agşamy üçin ys edeli. Tüwüjik bişireli. Ölen-ýitenlerimizi ýatlap, töwir galdyrarys. Gülälek ejesidir kakasynyň sözlerini entegem eşidenokdy. Ol gulagyna gelýän ses bilen başagaýdy. «Bol basym! Bol! Bol diýýän!» diýip, ses öňküden hem batly pyşyrdap, gyza haýbat atyp başlady. «Bol basym! Basym bolmasaň, bogaryn!» Gülälek mundan bu ýana elini gymyldatmaga çydamady. — Men indi çydamo-ok! — diýip, sesini süýndürip, pyşyrda jogap berdi. —Halys elim ysanok! Soň tikeýin! Gülälegiň gepi düşnüksiz eşidildi. Şeýle-de bolsa, Öwez onuň nämedir bir zat diýýänini duýdy. — Gülälek bir zat diýýän ýaly-la? —diýip, soragly nazaryny aýalyna dikdi. — Ýeke çagaň bolansoň, halys ondan gözüňi aýraňok sen — diýip, Güljeren adamsyna jabjyndy. — Gözüňem degirýäň sen şoňa! Meň gepime jogap berýändir-dä! — Adamsyna şeý diýensoň, Güljeren ýene gyzyna gep goşdy. — Maňa bir zat diýýäňmi, gyzym? Gülälegiň ejesi bilenem işi ýokdy, kakasy bilenem. Ol ýene gulagyny iýip barýan pyşyrda: — Çydamok. Soň tikeýin — diýip, jogap berdi. Ses onuň bilen ylalaşmady. — Ýok, soň tikme! Häzir tik. Basym bol, basym! — diýip, birsyhly gyzy gyssady. Gülälek ýene: — Çydamo-ok — diýip jogap berdi-de, ýüregi aşak gaçan ýaly bolup bir gapdala agyp gitdi. Gyzynyň ýykylanyny görüp, Öweziň zähresi ýaryldy. Ol sekiden özüni taşlap, gyzyna tarap ylgady. Howsala bilen gygyrdy: — Diýdim-ä men şuňa bir zat bolýa diýip! Gyzyň çaşýa, Güljeren! Diňlemediň sen meni! Güljeren hem ýaka ýyrtyp, gyzyna tarap ylgady: — Waý, doganlar! Gülälek jan! Näme bolýa saňa?! Ýet! Suw getir! Waý, goňşulary çagyr! Öwez, bol basym! Bol basym! — Güljeren gyzynyň tikip oturan işini bir çete oklady-da, gyzyň özüni gujagyna aldy. Gyzynyň maňlaýyny sypady. — Wah, söwer balam, ne boldy saňa?! Göz boldumy, dil boldumy? Öweziň kellesi göçüpdi. Huşy başyndan uçup, näme edýäninem bilenokdy. Aýakýalaňaç ylgap ýörşüne, bir kürüşge suw getirip, Gülälegiň ýüzüne sepdi. Soň goňşulara atyldy. Gyz gaşlaryny gerip, iňňildedi: — Çydamo-ok! Güljeren gyzynyň ýüzünde elini gezdirip, Öweziň sepen suwuny süpürişdirdi: — Wah, jan balam, heý, çydamaz bolýançaňam bir iş tikerlermi! Nämä gerek ol, şeýdip, janyňa jebir edip tikilen iş. Tikilmän geçsin şol, tikilmän geçen! Gülälegiň gulagyna pyşyrdaýan sesiň eşidilmesi galdy. Ýöne gyz gözlerini açyp bilenokdy. Salym geçirmän, Öwez yzyna goňşulary Näzik daýzany tirkäp geldi. — Gyzyňyz garaguşagyry tapynan bolaýmasa — diýip, Näzik daýza Gülälegiň ýagdaýyny synlap, netije çykardy. — Çaşanda agzyndan ak köpük geldimi? — Aý, ýok, hiç hili köpük görünmedi —diýip, Güljeren ýagdaýyny düşündirdi. — Men-ä, dogrusy, şoňa gaty bir ünsem bermändirin. Birhili, biri bilen gepleşýän ýaly boldy-da, birdenem, çaşyp ýatyberdi. Näzik daýza ikirjiňlendi: — Garaguşagyry bolsa-ha agzyndan ak köpük geläýmeli. Eger köpük gelmedik bolsa, onda yssydan ýa-da ýadawlykdan çaşandyr. — Şeý diýensoň, Näzik daýza Öweze ýüzlendi. — Öwez! Bar, bir soganjyk ardyp getir! Öwez çalt gidip, pyçak bilen sogan alyp geldi. Ony dik duran ýerinden howlugyp ardyp durşuna, Näzik daýzanyň pikirine öz pikirini goşdy: — Wah, ýadawlykdan-la şol, Näzik daýza! Ýadawlykdan. Munuň iş tikäýşini sen sorama! Haçan görseň, iňňä ýapyşyp otyr. Ýaňy dagy gara der bolup gitdem welin, goýanog-a! Nämä gerek beýdip howlukmak. Ýetişmedigini pula-da tikdirip bor. Birki sany eşik kem bolanda-da yzyna getirip gidesleri ýok-la-how! Ejeden gerek bu zatlary düşündirmek. Bu heleý-ä gep düşündirenden geçen, gaýtam meniň dilimden aslyşýar-a! Güljeren içki gynanjyny daşyna çykardy: — Wah, men nä bileýin beýle boljagyny! Iş tikip çaşany şu ömrümize görmämizsoň... Ilde-günde-de kän iş tikýän... Öwez Güljereniň sözüni bölüp, azgyryldy: — Il bilen nä işiň! Öz çagaňy bil sen! Çagaňa haýpyň gelenokmy seniň! Güljeren günäsini boýun alyp, müýnürgedi: — Indikime bek bolaryn-da. Eddil ýalaňaç gidýänem bolsa, indi eline iş aldyrman munuň! Näzik daýza Öweziň ardyp eline tutduran soganyny aýasynda mynjyradyp, Gülälegiň agzyna, burnuna oýkady. Gyz gaşlaryny çytyp, kellesini iki ýana ýaýkady. Soň birnäçe gezek asgyryp, özüne geldi. Gözüni açyp, töweregine nazar aýlady. — Eý-waý-eý! — diýip seslendi. Uzak günüň ukusyndan turan ýaly, pallady. Üşütme tutup, titredi. — Eý, waý! Eý-wa-aý! Üstümi ýapsana, eje, üşeýän! Özümem ýatjak. Azar bermäň, gaty ýadadym! Şeý diýip, Gülälek ýene gözlerini süzdi. Öwez içerik ylgap gitdi, odeýalo alyp çykdy-da, gyzynyň üstüni ýapdy. — Häzir bimahal çag! Ýatmasaň gowy bordy, gyzym! — diýip, Güljeren ýene gyzynyň ýüzüni sypady. — Anna agşamynyň şamy ýetip gelýä! Güljeren soragly nazaryny Näzik daýza dikdi. Näzik daýza onuň näme diýjek bolýanyny aňdy. — Degme, uky gelen wagty biraz irkiläýsin! Howlynyň gapysyny gulpla-da, gözüň alnynda ýatyraý. Her zadam bolsa, daşarda biraz howa bar. Içeri-hä petişdir bu wagt — diýip, Näzik daýza Güljerene maslahat berdi. — Ikindi bilen şamyň arasynda ýatmal-a däldir... Aýratyn-da anna agşamynyň şamynda... Ýaramaýan kişiniň günäsini Allatagala geçer-dä... Öwez ýene içerik girip gitdi. Ýassyk alyp çykdy. Ýassygy gyzynyň kellesiniň aşagynda goýdy: — «Tiz kömegi» çagyraýsakmykak, Näzik daýza?! Ejemiňem bolmaýşyny diýsene bu wagt! — Çagyrasyň gelse, çagyraý. Barlab-a görer. Belki, däri-derman eder. — Şeý diýensoň, Näzik daýza Öweze soragly nazarlaryny gönükdirdi. —Aýjahan nirä gitdi? Ýene gyzynyňkamy? — Hawa — diýdi-de, Öwez sesine gahar çaýdy. — Soňky döwürler-ä gyzynyňka gitmäni köpeltdi şol. Ýa şol ýerik başybitin ibermelimi-nämemi ony. — Çagasydyr-da. Nä işiň bar! — Näzik daýza Öweze nesihat etdi. —Garry adamyň näçe gün ömrüniň bary belli däl. Ölmänkä çagasynyň mährinden ganasy gelýändir. Öwez öýkeli hüňürdedi: — Men näme, çagasy dälmi onuň! Näzik daýza ýylgyrdy: — Uzakdaky süýjüräk bolýandyr. Sen mydama ýanynda ahyry onuň. — Şeý diýensoň, Näzik daýza gitmäge çemlendi. — Men-ä, onda, rugsat berseňiz, gitjek. Bu gün anna agşamy. Ölüleriň ruhunyň galýan günüdir. Ys edeýin. Tüwüjik bişirip, Emir jan bilen kakasyna aýat okaýyn. —Näzik daýza gepiniň soňuny gussaly dowam etdi. —Her anna agşamy düneden ötenleriň ruhy oýanyp, öýünden aýlanyp gidermiş. Olar ýag ysy çykarylyp, özlerine aýat-töwir edilerine garaşarmyşlar. Özlerini ýatlap, atlaryny tutsaň, razy bolup gidermişler. Ýatlamasaň, gargap gidermişler... Emir janyňam ejesini bozladyp gidenine şu ýyl ýigrimi ýylyň içidir. Öz salan dagy bilen kakasyny-da ýykyp gitdi... Näzik daýzanyň sözlerine Öwez sesini çykarman, başyny aşak saldy. Güljeren göwünlik berdi: — Gynanma, Näzik daýza. Ýazgydydyr neressäniň, nätjek! — Hawa-la — diýip, Näzik daýza aglamadan guran gözlerinde barmaklaryny gezdirdi. — O dünesi abat bolsun balamyň! Boljak iş bir mahal boldy. Indi takdyra ten bermeden gaýry çäre ýok. Sen derwezäňi gulpla-da, gyzyňa seret. Men ýigrimi ýyl bärem günümi görüp gelýärin. Indem görerin. Kütelipmi-nämemi, soňky wagtlar gözlerimiň görşüniň-de ugry ýok. Ýa garrylykdan, ýa-da köp aglanandan! — Agy gursun! Agy-da zyýan salýa göze — diýip, Güljeren ýene Näzik daýza göwünlik berdi. — Her zadam bolsa, gyzyň bar, gyzyň çagalary bar. Indi bir agyny azaldaýarlar, Näzik daýza. Öz janyňa haýpyň gelsin! Näzik daýza uludan dem aldy: — Gyzyň-da baryna şükür! Gyz gyz bolaýýa-da. Kişi maşgalasy. Ogluň ýerini tutjak gümany barmy onuň! Onda-da murty tabansoň giden ogluň ýerini çykan gyz gelip, tutup bilmez! Emir janyň yzyndan barýançam, agym galar öýdemok men, gelin. Güljeren uludan dem aldy: — Onyň-a dogry... Balasyny aldyran ene diňesi ýok-la. Näzik daýza derwezeden çykdy: — Bolýa, hoş oturyň. Gerek bolsam, ýene çagyraýyň. Indem ýap derwezäňi içinden! — Taňryýalkasyn, Näzik daýza! — diýip, Näzik daýza minnetdarlyk bildirdi-de, Güljeren howlukmaç halda derwezäni ýapdy. Adamsyna tabşyryk berip, naharyň ugruna çykdy. — Sen gyzyň ýanynda otur. Men nahar bişireýin. — «Tiz kömegi» çagyrmaýynmy? —diýip, Öwez gözlerini petretdi. Doktor çagyrylmagyny Güljeren gaty bir göwnemedi: — Entek uklap tursun. Ýagdaýyna seredeli. Gerek bolsa, soň çagyraýarys. Öwez aýaly bilen ylalaşdy: — Bolýa-da beýle bolsa... Ol gözüni gyrpman gyzyny garawullady. Gyzynyň dem alşyna begenip, ýüregi galkyp-galkyp gidýärdi. «Eý, hudaý! Ýeke çagamy goraweri» diýip, içinden birsyhly gaýtalaýardy. Gyzyna şeýle bir ýüregi awaýardy welin, ony hut bäbejik mysaly bagryna basyp saklaýasy gelýärdi. Ýaşy on sekize ýeten gyzyň tümmeren döşleriniň üstünde towlanyp ýatan bilek ýaly ýogyn saçlar bolsa indi onuň ata sypalardan geçendigini ýatladýan mysaly, öýkeniň howany sorup-çykaryp durmasyndan titräp durdy.

5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.