Zehiniň hötjeligi

Şahyr redaksiýa goşgy getirdi.
Okady redaktor, okady müdir.
Ikisi-de diýdi: "Goşgy erbet däl,
Arkaýyn ötägit, çap bolar ertir".

"Ýöne weli... diýip, sakyndy müdir -
Goşgy bir setirjik ýetirýär zeper.
Manysy yrgarak. Düzedilmese,
käbir nadan başga tarapa çeker".

Sypaýy adamdy çal saçly müdir,
Awtor sypaýydy ondanam beter.
Iki edepliniň bolan ýerinde,
Birisi hemişe parhlylyk eder.

Parhlylyk awtoryň paýyna düşdi,
"Bolýar" diýip, aldy galamyn ele.
Ýanyp-ýanyp çykan ýeke täk sözi
Ýanyp ýetişmedik ýetmiş söz bile
Çalşyrdy. Üýtgetdi. Ýene çalşyrdy.
Ýene-de üýtgetdi. Çykady derek.
Bozdy. Ýazdy. Bozdy. Ýene-de ýazdy.
Onsoň okap gördi ýene bir gezek.

Bolmady. Öýüne äkitdi onsoň.
Ruçkasyn çeýnäp, sypalap saçyn,
Oturdy, çygyldy tutuş bir agşam,
Çygyldy iki gün. Çygyldy üç gün.

Çygyldy ýene-de dördülenji gün.
Ýene. Ýene... Setir düzelmän galdy.
Şahyr düzetmäge razydam welin,
Zehinli kes-kelläm razy däldi.
9 лайков 308 просмотров
71комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Kalp doctory
18 янв 2022, 23:21
hehe bolia hihi eremejek bolup hanafilnige girayEjegyz,
Ejegyz.
18 янв 2022, 23:23
kalp doctory,
Girdim ?
Kalp doctory
18 янв 2022, 23:24
yanky mov pozdunmayyEjegyz,
мусульманка
18 янв 2022, 23:28
kalp doctory,
Pozanmy mena tapmadym
Kalp doctory
18 янв 2022, 23:34
hawa pozupdurмусульманка,
мусульманка
18 янв 2022, 23:58
kalp doctory,
Howa soradym menem
Jenckam
19 янв 2022, 11:59
Salam menem Jennet Asgabatdan
Han ogul
19 янв 2022, 13:53
Ýa goşgyny redaksiya elten adam göçürdimikä ýa goşgyny :)
мусульманка
19 янв 2022, 19:31
Han ogul,
goçurendir bolmasa mudir bu gosgyn bolanok diymeza
Han ogul
19 янв 2022, 20:09
Цитата: мусульманка
Han ogul,
goçurendir bolmasa mudir bu gosgyn bolanok diymeza

Yok ondan däl , gayta ýazylbilmedigini göz öňune tutdum
мусульманка
19 янв 2022, 20:15
Han ogul,
hmm