DarKraY_Azeri Balam

Diňle alaryn almasaňam al meni
Söý meni gujagyňa, sal meni
Owadanja, perişdäm Azeri...
Janymyň, ýürekde ba ýeri!

Gijeler tapamok uky
Ýaşarsyň ýüregimde baky
Oýarar näz bilen irden
Sen deý ýary, tapaýyn nirden?

Bolaly söýgä wepaly
Çeksegem jebri jepany
Bagta ýeteli nikaly
Ýedi bir aşyklaň mekany

Ýalandan, öýkelär, Oýnar kirpigi
Erkim gidýär, Görende görküni
Aglama ýarym, ýaýnama
Sen meňki özgäni saýlama!!!

Azeri balam azeri
Umman ýaly gözleri
Azeri balam azeri
däliretýär meni näzleriii(x2)

Sensiz gamgyn, gözden akar damja
Ýanyňdan gaýtdym men ýaňja
Seni müdimi gujagyma daňjak
Öläýsemem birden, bile gözüm ýumjak

Saçlary ýelekden ýumşak
Gaharymy ýylgyryp gowşat
Doýup bilemok lebinden ogşap
Gerekdäl,Selbi, Leýli, Meňli, Gülşat!!!
9 лайков 694 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
sümmül
19 июл 2021, 09:40
Mlds gaty gowy
sümmül
19 июл 2021, 09:41
Bamyn dossi sen
Darkray
Автор 19 июл 2021, 09:42
Sümmül,
sen ýok gaçyp gitdiň hihi
Ogulşirin Bayramowa
19 июл 2021, 10:47
Taladro'nyň aydymyna çalymdaş ekeni...
S❤
19 июл 2021, 23:43
Ozuni tanadan aydym su oran gowy
Menden like
S❤
19 июл 2021, 23:43
Ozuni tanadan aydym su oran gowy
Menden like