Hiç yşyk gormedim Ýanyp ýanyp ölmedim Arzuwuma yetmedim Ýekejam sen gelmediñ Elini uzatjak bolanlaram yok Ýanyp duran ot yaly yuregim yok Söygiñden azajygam bereñok Yekejam sen yene geleñok Dine sen gelay Yanymda bolay Ýüzüñ nurly Aý Aý aý aý Gujaklap seni ogşap ýañakdan Seni yatlap gije pikire batyan Hic peyda gormedim arzuv-hyyaldan Yekejam sen yene-de gelmediñ Seni soymegimi öziñ islediñ
Aydym paylashmak uchin mowzuk doredilende tekst yazylyan bolumde notanyn bellijigine basyanyz we aydymyn salgysyny goyyanyz we вставить duwmesine basyanyz meselem : Salgynyn sony hokman .mp3 bolup gutarmaly
Daşary çalajadan ýagtylyp başlapdy we kiçijek penjireden gara-gök reňkde asmanyň bir bölejigi göze ilýärdi. Kiçijek otagyň içinde bir adam ýatyrdy, ol adam 60 ýaşa golaýlap barýardy. Ol adam hemişe beýle rahat ýatanokdy, ýöne şu gün, näme üçindir bir zatlar ters gidipdi we ol adam agyr uka batypdy. Ol adamy el telefonyň sesi oýarypdy. Ses kiçijek otagyň içini doldurypdy, otag adatdan daşary
Müňlerçe ýyl mundan ozal iki filosof Liwanyň dag eňňitlerinde biri-birine gabat gelipdirler. – Nirä ugradyň? – diýip, olaryň birisi sorapdyr. Beýlekisi oňa şeýle jogap beripdir: – Men juwanlygyň çeşmesini gözleýän, meniň bilşime görä, ol şu dagyň gerişlerinden çogup çykýar. Meniň okan gadymy kitaplarymda bu çeşme barada gürrüň
Taňry söýen Muhammediň ummaty: “Bismilla!” diýp, owwal hakny ýar çeker. Biimanlar hergiz görmez jenneti. Dowzah içre köp azaplar bar, çeker. Gam çekip, ahyrýet öýün gazanlar, Hakykaty, şerigaty düzenler, Jepa çekip, hak ýolunda gezenler Säher turup, tagatlaryn ir çeker. Adam ogly kyýamat gün bolanda, Mümüniň günähi galmaz teninde, Pul-syrat üstünde, heýhat gününde, Sopularny keramatly pir çeker.
Bir gezek bir filosof ädikçiniň ussahanasyna özüniň tozup giden aýakgaby bilen giripdir. Ol ädikçä ýüzlenip şeýle diýipdir: – Meniň aýakgabymy bejerip berseňizläň! – Men häzir başga biriniň aýakgabyny bejerýän, seniňkini bejermäge girişmezden ozal, bejerilmeli başga-da aýakgaplarym bar. Ýöne siz şu günlükçe aýakgabyňyzy goýup
Oba ýerinden gül ýüzli, owadan gyz bazara gelipdir. Onuň saçlary agşam şapagy dek bolup, leblerinde daň şapagy ýylgyrýardy. Göze ýakymly nätanyş gyz derrew jahyl ýigitleriň gözüne ilipdir. Kimdir biri onuň bilen tans etmek isläpdir, beýleki biri bolsa, onuň hormatyna içlekli kesip, mürähet edipdir. Hemmeler oňa görünmek isläpdir, ýöne
Bir gezek gözellik bilen bedroýlyk deňiz kenarynda sataşypdyrlar-da, suwa düşmeli diýen karara gelipdirler. Olar eşiklerini bir gyra goýup, suwa böküpdirler. Birnäçe wagtdan soň, bedroýlyk kenara gelip, gözelligiň eşigini geýip, ol ýerden garasyny saýlapdyr. Soňra gözellik hem suwdan çykypdyr, ýöne eşigini tapmandyr. Ol
Bir mollýusk öz goňşusyna şeýle diýipdir: – Meniň içimde erbet agyry peýda boldy. Maňa haýsydyr bir agyr we togalak zadyň ejir berýändigini duýýaryn. Dogrusy, men janyma jaý tapamok! – Asmana we deňze öwgüler bolsun, mende hiç hili agyry ýok. Meniň janym tut ýaly sag – diýip, ikinji mollýusk öz-özünden göwnühoş bolup, gedemlik bilen dillenipdir. Şol
Men oňa ýoluň çatrygynda gabat geldim. Bu adamyň egninde ýapynjasy, elinde bolsa, hasasy bardy. Onuň köp horluk çekendigi ýüzünden bildirýärdi. Hoşamaý salamlaşanymyzdan soň, men oňa: – Öýe baraly, biziň myhmanymyz bol! – diýip, teklip etdim. Ol ylalaşdy. Aýalym we çagalarym bizi bosagada garşyladylar, ol mähirli ýylgyryp,