Köneürgenç Daşoguzdan 120 km uzaklykda, Amyderýanyň köne hanasynyň çep kenarynda ýerleşýän binagärlik we medeni toplumdyr. Bir döwürde häzirki şäheriň ýerinde Orta asyr Horezm döwletiniň paýtagty – gadymy Ürgenç ýerleşipdir. Paýtagtyň çäkleri şol döwürde has uly eken. Gadymy Ürgenjiň ömri iki müň ýyldan-da gowrak: gadymy döwürlerden başlap, giçki orta asyrlara çenli dowam edipdir, özi-de XIV
Sary Garryýew heniz aýatda diri wagty tanymal boldy, özem diňe bir ekranda döreden keşpleri bilen däl, eýsem wäşi sözleridir henekleri bilenem halk arasynda meşhurlyk gazanan adamdy. Ol Mýunhauzen, Hoja Nasreddin, Aldar köse, kapitan Wrungel ýalylaryň bir adamda jemlenmesidi. Mekdebi, soňra fabrik-zawod hünär okuw mekdebini tamamlan Sary Gyzylarbadyň wagon-abatlaýyş ussahanasyna işe durýar. Ýöne
Dehistan Hazar deňziniň golaýynda ýerleşýän ýer. Bu ýere gelýän taryhçylar, sungaty öwrenijiler hem-de ýönekeý zyýaratçylar gadymy kaşaň şäherlerden galan diwarlara, gadymy metjide we kümmetlere haýran galyp syn edýärler. Miladynyň sekizinji asyrynda dörän Misserian şäheri bu ýeriň iri ýadygärlikleriniň biridir. Şäher galyň gorag galasy –şähristandan we rabatdan – gür ilatly şäher etegindäki
Nuh eýýamyndan gelýän bir rowaýat bar. Nuh pygamberiň döwründe görlüp-eşidilmedik ýagyş ýagyp, dünýäni suw-sil alypdyr. Nuh pygamber bu boljak hadysany öňünden bilip, adamzady halas etmek maksady bilen, biçak uly gämi ýasadyp adamlary, janly-jandarlary alyp, ýola rowana bolýar. Bularyň näçe ýol ýöräni belli däl. Gämi bir zada degip saklanýar. Şonda Nuh pygamber kapasanyň agzyny açýar-da,
Salam hormatly agzalar we myhmanlar! Shu wagt otyrkam, duralgada bir garryja adamyñ gürrüñ beren rowaýaty ýadyma düshdi. Siz bilen paýlashaýyn diýdim. Melgun sheýtan adamlaryñ garshysyna ulanmak üçin alladan güýçli duzak soraýar. Allatagala oña altyny, kümüshi görkezýär. Iblis bulary halamasyna halaýar, emma, ýene ýalbaryp, bashga zatlar dileýär. Alla oña ýagly, bally zatlary, täsiri güýçli
Bankda hasabyňyzyň bardygyny we oňa her gün irden 86400 dollar goşulỳandygyny pikir ediň. Agşama çenli bu puly ulanmaly. Puly ulansaň ulananyň bolmasa köýüp gidýär. Nädersiňiz?! Elbetde, hemmesini sowmaga howlugarsyňyz. Hemmämiz bu WAGT atly bankyň müşderileridiris; Her gün irden 86400 sekunt berilỳär. Bu güni ýagşy işler bilen geçirmeseň gaýdyp gelmýär. Her gün hasabymyz täzeden başlar. Her
Her çemenden bir gunça... Ähtimal sen dünýäde ýönekeýje bir adamsyñ,ýöne kimdir biri üçin sen tutuş älemsiñ. Seniñ bilen bile bolmak islemeýän adam üçin,wagtyñy boşa sarp etme. Bu zatlaryñ gutaranlygy üçin aglama, bularyñ bolanlygy üçin ýylgyr. Eger-de kimdir biri seniñ isleýşiñçe söýmeýän bolsa, bu onuñ ýürekden söýmeýänligni añlatmaýar. Ýekeje adam hem seniñ gözyaşyña mynasyp däldir,çünki oña
Eneleriñ haky ödelmez... Bir gün gijaniñ bir wagty sagat 3:30 töwerekleri telefon jyrlapdyr. Adam telefony alsa telefondaky ses ejesinin sesimish. Adam: name bar eje, name isleýäñ bu sagatda, meni name üçin rahatsyz edýan? ertir irden jan etsen bolmazdymy diyse. Ejesi: biraz düshük, birazda aglamjyrap "Mundan 25 ýyl oñjede gijaniñ bir wagty sagat 3:30da sen meni rahatsyz edipdiñ, doglan
Degmañ gyzyñ göwnüne... Saýrasa taý guşlara, Ynjany-da aýandyr. Enä meňzeş gussada. Gamlananda uýaňdyr. Iliň-günüň toýunda, Çyzgalandyr bilegi. Ak gündizler küýünde, Mähribanlyk dilegi. Ýazlara telwas etse, Edepsizdir çaklama. Güldür ol, şemal össe, Enesine ýaplanar. Gyz bolsa öz ýoluna, Enä ýakyn diýiler. Ýöne ataň halyna Oguldan öň gyýylar. Daşarda gaý gopsa-da, Närahatdyr deňiz deý. Bijaý