(Suhan Orazberdiýewiň “Mary” diýen aýdymynyň sözleri) Hangeçende gurnap bazar-dükany, Ýüpek ýolda merkez döreden Mary. Meşhur “Maru-Şahu-Jahan” adyny Ýüreklerde baky ýer eden Mary. Döwran sürdi Soltan Söýün, Myraly, Soltan Sanjar, ýene han Baýramaly, Batyr zenan gyzy han Güljemaly Sahy gursagyňdan öndüren Mary. Seň topragyňa siňdi Şyh Mansur, Hoja Ýusup Hemedany — ylmy-nur. Babagammar goşa taryn
Yşk başa uranda uçmajak bolsaň, Asmandan geç ganatdan geç, perden geç! Görogly deý esräp, göçmejek bolsaň, Agaýunus periden geç, Hüýrden geç! Gara daşdan gaýtma, ok deý atylsaň Bal bile ýag bolgun ile gatylsaň, Bina galdyr ynsap bilen akyldan, Hazynaňda altyndan geç, Zerden geç! Bir ýanda Hudaý bar, bi ýanda şeýtan, Aralykda bäş gün kylar sen seýran, Watana, il-ulusa ýetmese peýdaň, Peýdadan geç,
Gök- netijeleri açyklar. Iň soňky karary beýleki pikirleri jemläp şu reňk berýär (alýar) Gök şlýapa: Ahyrynda pikirlenişimize gözegçilik etmek we beýleki şlýapalardaky pikirlerimize gözegçilik edip iň soňky gelen kararyny aýdýar. “Tehnologiýa durmuşymyzyň aýrylmaz bir parçasydyr…we ş.m”
Ak- bitarap. Ak şlýapa: Gönümel jogap berýär. “Hemmeler tehnologiýany dogry-dürs ulanyp bilenok. Ýagny, başy çykanok...ş.m”
Ýaşyl- täzelikçi (dörediji) Ýaşyl şlýapa: Bu döredijilik şlýapa. Ýaşyl şlýapa geýenimizde, karar bermezden ozal alternatiwalar, beýleki mümkinçilikler, usullar, täze pikirler hakda pikir edýäris. “Tehnologiýa we ynsanyň el güýji baglanyşan wagtynda şeýle-şeýle .. oňat işler ýüze çykar…we ş.m”
Gyzyl-duýguçyl. Gyzyl şlýapa: Karar berenimizde duýgularymyzy diňleýän şlýapa. Käte olaryň seslerine-de mätäç bolýas. “Tehnologiýanyň kömegi bilen uzakda bolsak, ýakynlarymyz, dogan-garyndaşlarymyz bilen habarlaşyp bilýäris. Bu ýagdaý meni bagtly edýär…we ş.m”
Gara-pessimist. Gara şlýapa: Bu şlýapany geýenimizde, pikirimiziň gowşak taraplaryna ünsi jemleýäris we ýalňyş ýa-da erbet netije berjekdigini beýan edýäris. “Tehnologiýa zyýanlydyr. Tehnologiýa ösdügiçe adamlara bolan zerurlyk azalar, işsizlik köpeler…we ş.m”
Sary-optimist. Tehnologiýany dogry-dürs ulanyp bilenok. Ýagny, başy çykanok...ş.m” Sary şlýapa: Sary şlýapa geýenimizde has oňyn dünýägaraýşymyz bolýar. “Tehnologiýanyň kömegi bilen birnäçe işimizi gysga wagtda ýerine ýetirýäris….we ş.m” Umuman, bu şlýapada kararymyzyň güýçli taraplaryna, gymmatyna we peýdalaryna ünsi jemleýäris.
Salam OKYJYLARYM! Geliň onda “GALYŇ TÖLEMEK” meselesini ählimiz dürli nukdaýnazarlardan ara alyp maslahatlaşalyň. Her kim haýsy hem bolsa bir reňki saýlap, şol reňkiň aýratynlygyna görä, tema degişli pikirlerini beýan etmeli. Mysal üçin, gyzyl reňkiň aýratynlygy duýguçyllyk. “Men galyň salynsa özümi şu şu sebäplere görä gowy (erbet) duýýan. Gara reňk minus taraplaryny, sary reňk plýus
Dostuma Şir sen, bradarym, mert sen, merdana, Emma zamanasy gelmeýär merdiň! Razysyň söweşip janyň bermäne, Emma tüpeň kandan geçjek — bilmersiň! Ir dana bor bu dünýäniň örtäni, Bu dünýä däl, bu — şeýtana tomaşa. Tohum ite — berer gülli körpäni, Bedew ata — oklar etli omaça. Rehmi ýokdur, garaşmagyn kömege, Heňňam heleý kysmy öwsüp durýandyr. Düýn saňa ýalynyp gezen kölege Erte — işgil salyp idip