?+?=?

Bir aýdym diňlärsiň käte...
Gaýta-gaýta...
Ganabilmän bir çende.
Haýranlar galarsyň ýaşalan ýyllaň,
Geçilen ýollaryň sähel pursada
hem birje owaza sygyp biljegne.
 
Aýdymlar diňlärsiň käte...
Olar kalbyň oklap biri-birine,  
Otdan-suwa, suwdan-oda atar-da,
Alyslara alyp gider ýüregňi,
Meňzäp durnalaryň nepis hatarna.
 
Käte-de hiç aýdym gozgamaz göwni,
Bu uly dünýäde göýä özüňi
Ýek-ýalňyz galansyň öýdüp başlarsyň.
Onsoň öz ýanyňdan täsin hiňlene,
Hatda özüňe-de saýry heň bile,  
Sen öz aýdymyňy aýdyp başlarsyň...

Kakamyrat REJEBOW.
12 лайков 375 просмотров
31комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Babahanowa_g
15 май 2022, 22:49
Nirvana powestin yzyny goyjak dalmi
Men garasyan hayys goyayynda
Telwas
Автор 15 май 2022, 23:22
Babahanowa_g,
Salam. Nesip bolsa goýjak. Elim degenok, aýyplaşmaň.
Telwas
Автор 15 май 2022, 23:26
“Bir aýdym diňlärsiň käte...
Gaýta-gaýta...
Ganabilmän bir çende.“

-Gaýta-gaýta diňledýän aýdymlar az-az meň üçin. Men aýdymy ýerine ýetirijiň diňe bir sesine görä däl-de, aýdymyň manysyna görä diňleýän.
Meniň ýyllardyr gaýta-gaýta diňleýän her diňlämde-de ýüregimde tolgunma döredýän aýdymlaryň biri Geldi Myratnazarowyň ýerine ýetirmegindäki “Garaşýan” ýa-da “Kesearkaç” aýdymy.
Telwas
Автор 15 май 2022, 23:27
Ýadyňyza düşýän bolsa sözleri bilen şu saýtda-da paýlaşypdym. Şol aýdymy diňlän wagtym näme üçindir duýgulanýan.
Telwas
Автор 15 май 2022, 23:28
Alyslarda gün ýaşar, gün ýaşar, gün ýaşar,
Mähriňden yşgym joşar, gel joşar, aý joşar.
Läläm saňa garaşýan, garaşýan, ga:raşýan,
Kesearkajyň düzünde, düzünde, düzünde

Alkyş okap adyňa, adyňa, adyňa
Aýdym düzýän şanyňa, şanyňa, şanyňa.
Men bararyn ýanyňa, ýanyňa, ýanyňa
Kesearkajyň düzünde, düzünde, düzünde.

Ýol boýunda diňe men, diňe men, diňe men,
Aşyk aýdym sazy men, sazy men, sazy men.
Garaşýaryn saňa men, saňa men, saňa men,
Kesearkajyň düzünde, düzünde, düzünde

Läläm garaşýan, garaşýan gyz men saňa
Kesearkajyň düzünde, düzündeeeee
Cicek
15 май 2022, 23:30
Salam Mojno Wayti. 1Nji gezek Teswir yazyan. Men arap,hindi,azerbayjan,turk aydymlaryn ashygy. Araplara Alla Tarapyn Owaz berlipdir,olaryn her sozi aydym bolup dura
Telwas
Автор 15 май 2022, 23:31
Ine şu gün şol aýdymy başga biriniň diňlemeginde ýerine ýetirdim. Sesi örän ýakymly eken. Birhili sesinde rahatlyk bar. Olam gowy täsir edýär diňleýjä. Kesearkajyň düzünde läläňe garaşyşyňyz dek, menem siziň ýakymly owazyňyz bilen indiki çykarjak aýdymlaryňyza garaşýan!
Telwas
Автор 15 май 2022, 23:32
Mahek,
Elbetde, rugsat Gültäç. Islän wagtyň, islän mowzugyma gelip teswir ýazyp bilersiňiz. Hiç hili garşylyk ýok.
Cicek
15 май 2022, 23:32
Men aydymlardan yatda galan setirlem bolyar. Ilkinji soygimi akitdi yyllar diyip baslanyan aydym bolsa,goni ylgayan sho tarapa. Yada bolmasa Turkler aglatmaga ussat,kinolaram,aydymlaram
Telwas
Автор 15 май 2022, 23:32
Salam!
Cicek
15 май 2022, 23:33
Gozel Owezowanyn ahli aydymlaryny soyyan Sahydursunca aytjak yokdur
Telwas
Автор 15 май 2022, 23:35
Dogry aýdýaňyz, ylalaşýan.
Aýdymsyz menem durmuşymy gözöňüne getirip bilemok. Meň duýgudaşym şol aýdymlar. Aýdymyň diliniň tapawudy ýok. Islendik dilde ýakymly owazly bolsa diňleýän. Emma POP aýdymlary kän halamok.
Irden turan wagtyma aýdym açyp, gije ýatamda aýdymyň sesine ýatyp galýan.
Garaz, söýýän.
Cicek
15 май 2022, 23:35
Yalnyz durnam,gocdi diyme Sen durnan dolanar,dunyam diyyan aydymy has soyyan. Bardaki Durna yar hakda,ara dushen ayralykdan son yene geler,ruhdan dusmezligi Maslahat beryar
Babahanowa_g
15 май 2022, 23:36
Nirvana,
Bolyar garasyan onda
Telwas
Автор 15 май 2022, 23:37
Mahek,
Ikisem mahmal owazly zenanlar. Bahar Hojaýewanam goşsak nähili bolar şolaryň hataryna?!
Cicek
15 май 2022, 23:37
Bizden ara acdy,diyme,Sen durnan dolanar,dunyam. Su wagt aydyma hinlendim. Men is edemdede aydym yatamdada aydym Ruhy hemram
Telwas
Автор 15 май 2022, 23:39
Babahanowa_g
Nirvana,
Bolyar garasyan onda

Kän garaşmaý. :(
Söz berip başyny başlap paýlaşasymam gelýär welin, pursat az. Yzyny hökman ýetirjek size. Emma sabyr etmegiňizi haýyş edýän.
Cicek
15 май 2022, 23:40
Kakamyrat Rejebowyn ahli gosgusam gowy. Hasam Yagysly gun gosgusyny Kinoda Annaguly Myratdurdyyewin aydym edip aydyar. Shol Aydymy dinlanime 13yyl gecesede yatdan cykanok
Telwas
Автор 15 май 2022, 23:41
Mümkin

Duýgudaşym, aýdymyň gelipdir. Ömrüň bolsun, Taňryýalkasyn.

Aksary
2 diýdi welin, 1 aýdym geldi. Beýlekinem ugradaýyň. Taňryýalkasyn!
Telwas
Автор 15 май 2022, 23:43
Mahek,
Hawa. Wah, öňki aýdymlar manylydy. Şol şahyrlardan ugur alyp, gowja saz bilen ýerine ýetirseler, gowudan-gowy aýdymlar çykardy.
Telwas
Автор 15 май 2022, 23:46
Gapyňyzda toý tutulýar dilberim,
Hany yşkyň messebi hem wepasy?
Seni haýsy pelek urdy,
Bilmedim,
Köňlümiň soltany,
Yşkymyň şasy!
Hany seniň “Söýýän” diýen sözleriň?

.. Gapyňyzda toý tutylýar, dilberim!
Hany yşgyň wepasy hem messebi?
Kesekiň bagtynyň üstünde şeýdip,
Mydam toý-toýlaýar dünýäň mesleri!

Tylla gupbaň-başyňdaky şa jygaň!

Ýüzde desmal-bagrym üzre pajygam,
Seni haýsy pelek urdy, dilberim,

Meni haýsy pelek urdy dilberim,
Bilebilmedim!...


...Başyňdaky kürte-daşdan kapasa,
Başyňdaky kürte maňa kependir!

Indi bu jahanyň bary hem ýogy,

Saňa-da des-deňdir!

Maňa des- deňdir!


Başyňda gök kürte,

Gyzyl ot kürte,

Indi bu dünýäde bagtym ýok örte,

Gök kürtäň içinde ýanyp barýansyň,

Gök kürtäň içinde täleýe gargap,

Gök kürtäň içinde äleme gargap
Hünübirýansyň!


Bir gujak ter çemen-dähedem dessem,
Bir gujak ser çemen-dähedem dessem,
Şagalaň hem şowhun,

Şadyýan sesler,

Indi bu jahanyň bary hem ýogy

Saňada des-deň!

Maňa-da des-deň


“Gelin gelýär” diýip gygyrýar millet

“Ýarym gitdi” diýip bagyrýar kalbym
Gelnaljy maşynlar düýt-de düýt,
Kyýamatyň zogyn çalýar Ysrapyl!

Gyz gidip barýar!

Gyz gidip barýar!

Jahanyň şalygyn özünde jemläp,
Jahanyň şatlygyn özünde jemläp,
Jahanyň bagtyny özünde jemläp,

äkidip barýar!


Şol gün şeýdip aýrylyşdy ýolumyz,

Seňki toýa bardy,

Meniňki ýasa.

Maňa dünýäň şa gyzyny söýdürip,
Köýdürip,

Bagrymy gana öýdürip,

Seni rowa gördü kesekä ýada,

Meni bolsa örtendirdi perýada!


Bir gujak ter çemen-
Dähedem-dessem,
Bir gujak ser çemen-
Dähedem-dessem,
Şatlyk şowhun!

Çapak çalýar halaýyk!
...
Meniň betbagtlygym, sen niçik eziz!

Meniň betbagtlygym, neneň owadan!
Meniň betbagtlygym
-
Niçik ajaýyp!

Nobatguly Rejebow.

Bahar Hojaýewa ýerine ýetirýär.

Söýýän şu aýdymy.
Telwas
Автор 15 май 2022, 23:51
Meň poçtama ýazan agzalar menden gaty görmäň jogap berenok diýip. Poçtamda ýer ýok. Siziňem poçtalaryňyzy almak üçin gaty zerur däl poçtalary pozýan. Köpüsi okuw dokumentlerim bolandygy üçin pozup bilemok. Özümem soňky wagtlar okuw problemalary bilen başagaý. Eger şu mowzugy okaýan bolsaňyz, maňa dogry düşüniň. Nesip bolsa arkaýynçylyga baryňyza jogap berjek. Kömek soranlara kömegem etjek. Aýyplaşmaň!
Telwas
Автор 15 май 2022, 23:53
Pynhan
Kitap sorapsyňyz. Kitap kän, emma men kitaphanadan originallaryny satyn alyp okamsoň, siziň isleýşiňiz ýaly PDF görnüşi ýokda. Şahsyýet kämilleşmegi üçin bar kitaplarymam bar. Dili türk. Poçtaňyzy ýazyp goýuň. Nesip bolsa sizede bir gün ugradaryn. Ýöne gyssanmaň.
Telwas
Автор 15 май 2022, 23:54
Başga aýtjak zadym ýok öýdýän. :)
Nukdaýnazar
16 май 2022, 00:11
Nirvana
Ine şu gün şol aýdymy başga biriniň diňlemeginde ýerine ýetirdim. Sesi örän ýakymly eken. Birhili sesinde rahatlyk bar. Olam gowy täsir edýär diňleýjä. Kesearkajyň düzünde läläňe garaşyşyňyz dek, menem siziň ýakymly owazyňyz bilen indiki çykarjak aýdymlaryňyza garaşýan!

Başga biriniň ýerine ýetirmeginde diňlän bolaýma Nirvana?! :)) Tolgundyrany çyn öýdýän. ?
Mümkin
16 май 2022, 05:52
Nirvana,
Bileýalkasyn!
Meñ iñ halaýan "Keserkajym" şu utanjañ joramyzyñ ýerine ýetirýäni :)
Pegas
16 май 2022, 06:15
Nirvana
Alyslarda gün ýaşar, gün ýaşar, gün ýaşar,
Mähriňden yşgym joşar, gel joşar, aý joşar.
Läläm saňa garaşýan, garaşýan, ga:raşýan,
Kesearkajyň düzünde, düzünde, düzünde

Alkyş okap adyňa, adyňa, adyňa
Aýdym düzýän şanyňa, şanyňa, şanyňa.
Men bararyn ýanyňa, ýanyňa, ýanyňa
Kesearkajyň düzünde, düzünde, düzünde.

Ýol boýunda diňe men, diňe men, diňe men,
Aşyk aýdym sazy men, sazy men, sazy men.
Garaşýaryn saňa men, saňa men, saňa men,
Kesearkajyň düzünde, düzünde, düzünde

Läläm garaşýan, garaşýan gyz men saňa
Kesearkajyň düzünde, düzündeeeee

Ýol boýunda oturdym, oturdym, oturdym,
Ak daňlarym atyrdym, atyrdym, atyrdym,
Läläm, seni ýitirdim, ýitirdim, ýitirdim
Kesearkajyň düzünde, düzünde, düzünde.
Pegas
16 май 2022, 06:18
Nirvana
Gapyňyzda toý tutulýar dilberim,
Hany yşkyň messebi hem wepasy?
Seni haýsy pelek urdy,
Bilmedim,
Köňlümiň soltany,
Yşkymyň şasy!
Hany seniň “Söýýän” diýen sözleriň?

.. Gapyňyzda toý tutylýar, dilberim!
Hany yşgyň wepasy hem messebi?
Kesekiň bagtynyň üstünde şeýdip,
Mydam toý-toýlaýar dünýäň mesleri!

Tylla gupbaň-başyňdaky şa jygaň!

Ýüzde desmal-bagrym üzre pajygam,
Seni haýsy pelek urdy, dilberim,

Meni haýsy pelek urdy dilberim,
Bilebilmedim!...


...Başyňdaky kürte-daşdan kapasa,
Başyňdaky kürte maňa kependir!

Indi bu jahanyň bary hem ýogy,

Saňa-da des-deňdir!

Maňa des- deňdir!


Başyňda gök kürte,

Gyzyl ot kürte,

Indi bu dünýäde bagtym ýok örte,

Gök kürtäň içinde ýanyp barýansyň,

Gök kürtäň içinde täleýe gargap,

Gök kürtäň içinde äleme gargap
Hünübirýansyň!


Bir gujak ter çemen-dähedem dessem,
Bir gujak ser çemen-dähedem dessem,
Şagalaň hem şowhun,

Şadyýan sesler,

Indi bu jahanyň bary hem ýogy

Saňada des-deň!

Maňa-da des-deň


“Gelin gelýär” diýip gygyrýar millet

“Ýarym gitdi” diýip bagyrýar kalbym
Gelnaljy maşynlar düýt-de düýt,
Kyýamatyň zogyn çalýar Ysrapyl!

Gyz gidip barýar!

Gyz gidip barýar!

Jahanyň şalygyn özünde jemläp,
Jahanyň şatlygyn özünde jemläp,
Jahanyň bagtyny özünde jemläp,

äkidip barýar!


Şol gün şeýdip aýrylyşdy ýolumyz,

Seňki toýa bardy,

Meniňki ýasa.

Maňa dünýäň şa gyzyny söýdürip,
Köýdürip,

Bagrymy gana öýdürip,

Seni rowa gördü kesekä ýada,

Meni bolsa örtendirdi perýada!


Bir gujak ter çemen-
Dähedem-dessem,
Bir gujak ser çemen-
Dähedem-dessem,
Şatlyk şowhun!

Çapak çalýar halaýyk!
...
Meniň betbagtlygym, sen niçik eziz!

Meniň betbagtlygym, neneň owadan!
Meniň betbagtlygym
-
Niçik ajaýyp!

Nobatguly Rejebow.

Bahar Hojaýewa ýerine ýetirýär.

Söýýän şu aýdymy.

Saparmyrat Türkmenbaşyň goşgusy bu.
Mümkin
16 май 2022, 06:42
Nirvana,
Señ şol Bahar Hojaýewanyñky diýýän aýdymyñ maña başga formatda gelip,açylmady. hosh
Babahanowa_g
16 май 2022, 07:30
Nirvana,
Sabyr bilen garasyan onda