???


Kakam 52 ýaşynda ýürek keselinden öldi. Meniň kakama hiç hili pulum nesip etmedi. Iň bolmanda, bir tabak suwum nesip etsin diýip, jynazasyny men ýuwaýyn diýdim. Men obşagada galyp okuw okadym. Meniň kakam okuwdan gelemde meni aýak üstünde garşylaýardy. Ejemem meň iň halaýan naharlarymy bişirýärdi. Hat-da käbir naharlara gezegem ýetenokdy iýmekden. Ol gün meni kakam ilkinji gezek ýerde ýatyrka garşylady. Aýakda garşylamagyny şeýle bir isleýärdim. Emma bolmady. Kakamy ýatan ýerinde gujaklap: “Kaka tursana, men saňa pul getirdim”- diýdim. Turmady. Dyrnagymy geçirdim endamyna, çümmikledim, ýene turmady. Jynaza mylaýym suw bilen ýuwulýar, a men bolsa gaýnag suw dökdim bökip tursun diýip, emma turmady. Gurhan-da bir aýat bar bilýän bolsaňyz. Ene-ataňyz size seslenen wagty, sesiňize bat bermäň, gygyrmaň, uff diýmäň, tasanjyramaň diýilýär. Men kakama hijem gaty ses bilen gürlemedim. Emma ölüsine ezýet etdim direlsin diýip, ýöne direlmedi…


Alişan Kapaklıkaya.
6 лайков 368 просмотров
32комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Garabufer
16 июн 2022, 11:38
Gözini açaýarna garaşyp näçe ymtylýaň welin ? açmaýar ?
Garabufer
16 июн 2022, 11:40
Adam başy daşdan gaty, itimiz kakama topulany üçin , itimizi ölmez gülmez edip çöle zyňyp gaýdypdym

Şo goraýan kakamy ,elim bilen jaýlap gatdym
Garabufer
16 июн 2022, 11:41
Aldyranym bir kakam weli üç ýyl bäri , her zat edýän , ýerini doldurup bolonok .
????????????????
Harmony
16 июн 2022, 11:44
şoşo
Aldyranym bir kakam weli üç ýyl bäri , her zat edýän , ýerini doldurup bolonok .
????????????????

Yzy ýarasyn...
Harmony
16 июн 2022, 11:46
Hernä heniz ölüm görmändirin.
Leyli Amanowa
16 июн 2022, 12:03
şoşo,
Jayy jennetde bolsun
Гость
16 июн 2022, 13:35
Bähh... Adamyň iň ýakyny ene- bilen atasy (aýaly, çaga, dogan- garyndaş, bulaň bary ikinji ýa üçünji zat). Şulardan jyda düşürmesin. Şularsyz dünýäň manysam ýok ýaly. Käteler şeýle bir küýseýäň weli, ýüregiň agzyňdan çykaýjak bolýa. Adam başy daşdan gaty diýip ýönelige aýtmandyklaryna şol wagt düşünýäň?
Гость
16 июн 2022, 13:35
şoşo,
Ýatan ýeri ýagty bolsun, iman baýlygny bersin
Garabufer
16 июн 2022, 14:16
Taňryýalkasyn
Telwas
Автор 16 июн 2022, 14:19
şoşo,
Yzy ýarasyn!
Telwas
Автор 16 июн 2022, 14:22
Diýeli, bir oglanjyk bäbejik wagty kakasyndan ýa ejesinden jyda düşýär. Oňam özüni bilýän, emma ýaşy kiçi gyz dogany bar.
Görüp ýoklugyna ýanmak kynmyka, ýa hiç görmän ýoklugyna ýanmak?
Käte özüňi şol oglanjygyň (häzir uly ýaşly oglan) ýerine goýup görýäň welin, bokurdagyň dolup gidýär. Gyza-da ýeňil däldir.
Гость
16 июн 2022, 14:25
Nirvana,
Görüp ýoklugyna ýanmak kyn. Bu ýerde gyzyňky has kyn
Telwas
Автор 16 июн 2022, 14:28
Гость,
“Aslynda ýitiren adamymyzy däl-de, ýany bilen äkiden zatlaryny küýseýäs”
Gurbanmyrat MEREDOW.

Ylalaşýaňyzmy?
Telwas
Автор 16 июн 2022, 14:30
Gyzyňam kakasy bilen geçiren çagalygy, ýakymly ýatlamalary, gülkisi gidendir…
Harmony
16 июн 2022, 14:35
Nirvana
Гость,
“Aslynda ýitiren adamymyzy däl-de, ýany bilen äkiden zatlaryny küýseýäs”
Gurbanmyrat MEREDOW.

Ylalaşýaňyzmy?

Ýok menä doly ylalaşamok.
Telwas
Автор 16 июн 2022, 14:37
Granger,
Menem doly ylalaşamok.
Telwas
Автор 16 июн 2022, 14:40
Granger,
Düýn Hiayress-den netije boldumy?
Birhili saýt gyzyksyz. Birazajyk hereket döredeliň-le.
Hiayress
16 июн 2022, 14:53
Nirvana,
Menä onsuzam uzak gün saýtda. ))
Mundan beter saýty gyzykdyrmak üçin näme etmelikä?! ))
(Günde kitap okajak, okajak, bilen galýaraý)
Leyli Amanowa
16 июн 2022, 15:06
Hiayress,
sen dur duynden bäri gyzykdyrjak bolup däli boldum adymy tutyan yok yöne :(
Telwas
Автор 16 июн 2022, 16:03
Hiayress
Nirvana,
Menä onsuzam uzak gün saýtda. ))
Mundan beter saýty gyzykdyrmak üçin näme etmelikä?! ))
(Günde kitap okajak, okajak, bilen galýaraý)


Diňe seň hereketiň bilen bolanok. :) Birzatjyklar gurnamalymy nämemi. Başdaky “Jomartlyk” tema bilen geçiren aktiwitämizi gaýtalalyňmy?! Bu gezek toparlary özüňiz saýlarsyňyz. Temanam üýşip bile saýlarys.

Nairobi!
Leyli Amanowa
16 июн 2022, 16:20
Nirvana,
Siz geçirweriň yene bir hepdelik belki ikidir saytda görunmerin. Yöne yaryşly meselesinden gaty ahmyrly baryandyryn :(
Leyli Amanowa
16 июн 2022, 16:21
Egoist siz men boyun alyan egoist siz bolsa boyun alyp bilmeyän egoistler ?
Leyli Amanowa
16 июн 2022, 16:21
maňa-da işiňiz duşer häli ?
Leyli Amanowa
16 июн 2022, 16:22
Pikirlerimi yzyna gaydyp beriň ?
Leyli Amanowa
16 июн 2022, 16:23
Yureksiz doňyurek kerpiçkelleler ?
Leyli Amanowa
16 июн 2022, 16:23
meň yhlasym gözuňize görkezer häli ?
Leyli Amanowa
16 июн 2022, 16:24
Iň soňunda men gulerin entek hemme zat öňde ?
Leyli Amanowa
16 июн 2022, 16:25
Abaddon derejämi gaydyp ber bolmasa-da nomeriňi Gultäje berjek ?
Leyli Amanowa
16 июн 2022, 16:26
Siz meni adam hasabynda görmejek bolyaňyz men sizi waşşe hasapda göremok ?
Leyli Amanowa
16 июн 2022, 16:27
Klawiaturadaky harplara agram salyan barmaklarym size žalko ?