...DURMUŞYŇ ÖWEÝ GYZY MEN

Meň ömrümi oýun etdi özüne,
O:tdan alyp, suwa zyňdy duýgymy.
Dünýämi eýelän boşluk içinde,
Başym egip, bolup galdym gözgyny.
Her alan nepesim ejir kalbyma,
Her gören zadymdan gözüm gorkuly.
Ýazmaklyga erkimem yok, ýuwaşdan,
Ýitirip barýarlar sözler durkuny,
Erkimi elime alyp bilemok,
Men göýä elleri zynjyrly bendi.
Bizi ahli zada mejburlan ykbal,
Bagtym alyp, maňa hasratyn berdi.
Wah, bagtyma bir ädimjik galypdy,
Ýene hötjetligni görkezdi durmuş.
Meň paýyma düşen-yalandy, galpdy,
Heniz görjeklerim öňümde durmyş...
Umytlarym ejiz, ýeňiler, bilýän.
Hasratlarmyň goýup giden yzy men.
Çydaryn,
Başga-ça ýolum hem ýog-a.
Sebäp, bu durmuşyň öweý gyzy men.


Aýsapar EMELOWA.
4 лайков 344 просмотров
35комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ötegçi
29 июн 2022, 22:42
Sapañam bir goşgusy barmy?!. Men durmuşyñ oweý ogly dp...
Telwas
Автор 29 июн 2022, 22:43
Ötegçi
Sapañam bir goşgusy barmy?!. Men durmuşyñ oweý ogly dp...

Hawa.
Telwas
Автор 29 июн 2022, 22:44
DÜÝŞ /Aýsapar Emelowa/

Il düýş görse hasyl bolýa huşunda,
A men huşlarymy düýşe paýlaýan.
Uky basyp gabaklarmyñ üstünden,
Arş hem menden ylhamyny aýaýa,
Aýrylýa pikirler,
Undulýa sözler,
Ýumulýa gözler.

Uky tagt edindi gabaklarymy,
Ýene uklamagma goşandyn goşdy.
Soñky wagt ýanymda kan eglenýä,
Uky - ölümiñ dosty.

Ýogsa "Şahyrlar-a şeýdýämiş" diýip,
Kofe-da demläpdim ýatmazlyk üçin,
Täze blaknot hem edinipdim men,
Böwrüni garalap ýazmaklyk üçin,
Ol demlenen kofe içilmän galdy,
Garalanman galdy täze blaknot,
Owalda - ahyrda pikir bolmasa,
Bilýän, ýazyp bolanok.
Emma ýürek ýalyn, ot.

Düýşde ýazypmyşym islän goşgymy,
Düýşde ylham bilen ýüzleşipdirin,
Arzuwlarymy, hyýallarmy üýşürip,
Gürleşipdirin.

Bir ýerlerden "Oýan" diýen mährem ses,
Gulaklarma mukam bolup eşdildi.
Stola goýulan başym galdyrsam,
Ejemdi.

Oýandym.
Garalanmandyr täze blaknot,
Üstünde galam dur menden öýkeli.
Őñümde kofe bar gara gije dey,
Hemem ýarym Aýa meñzeş köpügi.

Aýsapar Emelowa.
Telwas
Автор 29 июн 2022, 22:45
Aýsapar Emelowa

Ahwal

Duýgyma gark bolup, pikire batyp,
Ömrüm gecip barýar, dünýä-de pa:ny.
Özüm ýa:t şäherde aýlanyp ýörün,
Hem kysmatdan gaçyp ýörün özümçe,
Düzgünçil ömrüme boyun bolmany.
Kellämde geljemiñ planlary bar,
Giden gitdi, üzüp ýörün tamamy.
Gulagymda bolsa dynman ýañlanýar,
Nury Halmämmediñ "Kerwen" mukamy.

"Ynamsyzlyk daşym gurşady ýene,
Örtenmekden ýaña garrady ýürek.
İndi onda söýmeklige mydar yok,
Oña, ynam gerek.

Ýigrimiki ýylda köneldi göwnüm,
Eýýäm arzuwlarmyñ buruk boýuny.
Bu zenan başyma şunça hasraty
Salyp lezzet alyar, gurýar oýnuny,
Bu rehimsiz durmuş,
Hilebaz takdyr,
Bilýän, meniñ ädimlerim gowşadyp,
Aýagma kakdy:r!"
Diýen pikirlerim gorkyzyar meni,
Ýüregimi basyberýä howsala.
Umydym, sen birazajyk daýanyp,
Hasratlarymy ýüregimden kowsana!
Yogsam, pikirlerim dagap her ýana,
Ýazmak isleýänim ýazyp bilemok,
Galamym gowşapdyr,
Sowapdyr ylham,
Armanlar ýol berenok!

Müñ gaýgydan peýda ýoklugny bilyan,
Gidenlerden üzüp ýörün tamamy.
Geljegme barýan men, gulagymda-da,
Nury Halmämmediñ "Kerwen" mukamy!
Telwas
Автор 29 июн 2022, 22:45
Belki ölemden soñ gaýdyp gelerin...

Belki ölemden soñ gaýdyp gelerin,
Ömür nesip eder ikinji sapar.
(Munda galan arzuwlarny unudyp,
Baky uka gidip bilmez Aýsapar)

Belki ylham bolup gelerin dünýä,
Öýüm bolar şahyrlaryñ ýüregi.
Men sebäpli şygyr dörär, yşk dörär,
Söýerler ynsanlar birek-biregi.
Şahyr ýüreginiñ şygry bolaryn,
Bolaryn sazandañ kalbynda mukam,
Belki ylham bolup gelerin dünýä,
Gitmerin uka.

Belki bagt bolup gaýdyp gelerin,
Ýaş juwanlar bagtyñ ýolundan ýörär,
Nika gyýlyp, toý tutular ojakda,
Men sebäpli, agzybir, maşgala dörär,
Nesil dowam eder,çaga köpeler,
Eneler guwanar ogula, gyza,
Eger bagt bolup geläýsem dünýä
Gitmerin yza.

Belki ýene zenan bolup doglaryn.
Nurun saçyp penjiramden Aý bakar.
Belki bir ömründe tapmadyk bagtyn,
Ikinji ömründe tapar Aýsapar.
Telwas
Автор 29 июн 2022, 22:46
Ölsem /Aýsapar Emelowa/

Ölsem jynazamy bilbil okasyn,
Aýtmadyk sözlerim aýtsyn sizlere.
Ölsem, güller gözyaş döksün yzymdan,
Siz aglamañ, syr bildirmäñ illere.

Ölsem mazaryma agyr daş goýmañ,
Hem oýup ýazmañ siz oña adymy,
Ýüregimiñ oýuklaram ýeterlik,
Daşdan doly durmuşyñ her ädimi.

Ölsem, ýüregimde bir arman bolar:
Ejem elin goýup bilmez başyma,
Men uka giderin her gijeki deý,
Emma ejem gelip bilmez gaşyma,
Mährem sesi ol gün meni oýarmaz,
(Durmuş sen ne zalym, beyle oýunbaz!)

Irde-giçde ölüm hökmün ýöreder,
Dostlar, diñläñ size birje arzymy,
Ölsem, menden närazylar tapylsa,
Mümkimcilik bolsa töläñ karzymy.

Ölsem, güller gözyaş döksün yzymdan,
Arzuwlarym bersin maña patyýa,
Meniñ size goýup biljek zadym ýok,
Goşgularym bolsun size hatyra,
hem ynamym galar menden ýadygär,
Gorañ ony, sizi Tañryýalkasyn!
Ölsem, ak bulutlar kepenim bolup,
Sayrak bilbil jynazamy okasyn!
Telwas
Автор 29 июн 2022, 22:47
Ahwalym /Aysapar Emelowa/

Yigrimikiñ güýzi ne beyle sowuk,
Yigrimikin kysmaty has yowuz maña,
Kalbyma ornaşdy bir geñsi doñluk
Juda gamly bakyar Daşoguz maña.

Arzuwlam-jüpüne düşmedik kartlar,
Durmuşum meñzeyär humar oynuna.
Utularma garaşyp dur gaygylar,
Utulsam bökjekler derhal boynuma.

Ruhum ruhdan düşen, kalbym hem sowan.
Yazmaga yaltanyar halsyz gollarym.
Han-ha tozap yatyr işe getiryän,
Hemem öye baryan köne yollarym.

Ýöräp baryan,
Şäher bolsa sesizje,
Meniñ hasratlarym diñleýän yaly,
Ýüzüm ýylgyrsada, göýä göwnüme,
Ýüregmin agysy diñmeyän yaly,
Hem diñmejek ýaly bütin ömrüme,
Ynamy unudan, aldanan ýürek,
Oña bu ykbaldan hic zat gerekdäl,
Bir ynam gerek!

Säher, şäher,
Hem üytgeşik adamlar,
Olar gecip baryar,
Men gecip baryan,
Olara hic wagt ynanmajagma,
And icip baryan!

Ýigrimikin kysmaty has ýowuz maña,
Juda gamly bakýar Daşoguz maña
Telwas
Автор 29 июн 2022, 22:48
Heniz... /Aysapar Emelowa/

Menem bu düýäden heniz gitmänkäm,
Umytlarym tamasyny üzmänkä,
Arzuwlarym gözlerini süzmankä,
Gyýmanka yüregmi gaýgy-alada,
Bu gözlermi kör etmanka gözyaşlar,
El ayagmy doñdurmanka ol gyşlar,
Bagdaky bilbiller heniz uçmanka,
Acylan bägüller solmanka heniz,
Tolkun atyp durka ol mawy deñiz,
Heniz döwülmänkä syrdaş galamym,
Saña söýgim ýüregimden sönmänkä
Bagtyñ nämedigin duýup bilsedim,
Gelsediñ!

Heniz ýaşap ýörkäm ýeriñ ýüzünde,
Heniz wepa barka beren sözümde,
Saclaryma ak duşmänkä,
Asmanyma gara bulut süýşmänkä,
Ýüzlerime heniz ýygyrt düşmänkä,
Hasa alman, özüm ýöräp bilýäkäm,
Jansyz tenim gara ýere siñmänkä,
Ruhum perwaz edip göge galmanka,
Gelsediñ!
Gelmeseñem,
Garaşyanym bilsediñ!
Telwas
Автор 29 июн 2022, 22:48
Aýyplaşma /Aysapar Emelowa/

Yüregime taý bolupdyñ,
Ýagty bolupdyñ ýoluma.
Bu günem ýene gaýgymy,
Tutdurup gitdiñ goluma.

Duýmadyñmy umydymy,
Saña bakan gözlerimde.
Gowy gördüñ unudanmy,
Galdy söýgim gözýetimde.

Yollaryma yoldaş bolup,
Gol beripdiñ gollaryma.
Indi bolsa ya:t bolduñ sen,
Ýoldash etdiñ gaygy-gama.

Unutmagmy isleýäñmi?
Baş üstüne,unudaryn.
Emma senem gelme indi
Gayta gozgap umytlarym.

Meñ dünýäme girjek bolma,
Terk edipdiñ özüñ başda.
Indi salam bermesemem,
Ters baksamam aýyplaşma!
Telwas
Автор 29 июн 2022, 22:49
Saña /Aysapar Emelowa/

Sen gideñsoñ ýyldyzlar hem öcdüler,
Gara bulutlar hem garşyma cykdy.
Göýä aý hem menden närazy ýaly,
Bulut añyrsynda gaşyny cytdy.

Bu gije mylaýym şemal öwsenok,
Bu ümsümlik menden seni soraýar.
Olara sen hakda gürrüñ berýärin,
Hemem seniñ ýatlamañy goraýan.

Diýýärler: "Gidenler dolanmaz asla"
İndi sen meñ üçin diñe "giden"-mi?
Yok, men dolanjagñy duýýaryn hemem,
Bilýän seniñ gelmek üçin gidenñi.

Gitmegiñe sebäp ýoklugyn bilýän,
Emma gelmegiñe men sebäp bo:run.
Günüñe goýmazlar ol ýatlamalar,
Düşünersiñ menligime señ ýoluñ,
Goluñ uzadarsyñ sen maña tarap,
Hem wada berersiñ bagtly bolmagy.
İntizar gözlerme bakyp diýersiñ:
"Arzuwmyzy unutmaly bolmaly"

Menem ýene özüm hakda, sen hakda,
Hemem bagtym hakda durman ýazaryn.
Ylham alaryn men ol tylla güýzden
Ylhamlanyşy deý Gurbannazaryñ.
Telwas
Автор 29 июн 2022, 22:49
Sen maña düşünmediñ!

/Aysapar Emelowa/

"Ýürek saña amanatdyr,
Ömrüm saña serpay bolsun!"
Diydim, diledim Allahdan
"Dileglerim berjay bolsun!"
Päk söýgiñe ömür diledim,
Ynam diledim kalbyña,
Emma sen ne meni söýdüñ,
Ne-de ynandyñ maña,
Arman, maña düşünmediñ,
Wah, maña düşünsediñ

Öz dünýämi terk eýledim,
Göçüp bardym señ dünýäñe.
Meñ söýgimi duýmaz yaly,
Sen kör, ýa-da güñ däl-ä,
Gün kän-ä, ýüregñi acmak islesen,
Men diñlärin, lal acan dek ses üýnsiz,
Sabyrly bolaryn, giñ ýürek bilen,
Sen mana bolsañam juda rehimsiz,
Arman maña düşünmediñ,
Wah, maña düşünsediñ!

Sen gideñsoñ meñ dünýäme,
Aralaşdy geñ tukatlyk,
Meñ duýgulam sygman dünýä,
Bolup barýar bir kitaplyk.
Seni bilmän ynjytdym men,
Özüm bilip ynjytdymmy?
Saña duşup unutdym men,
Lälikligmi, ynjyklygmy,
Ynanjymy saña baglap,
Diñe saña ynandym men
Arman mana düşünmediñ,
Wah, maña düşünsediñ!
Telwas
Автор 29 июн 2022, 22:50
Atsyz goshgy (Aysapar Emelowa)

"Gabanyan" diyemde,
"Gabanma" diydin.
"Aglayan" diyemde,
"Gamlanma" diydin.
Kate gowunlikdin
Ejiz kalbyma,
Kate gownum yykdyn,
Donup salgyma.

Goresim gelende,
"Sabyr et" diydin,
Shygyrlarmy okap,
"Gabyr et" diydin.
Duymadyn yuregmin
Ejiz galanyn,
Cydaman dowuldi,
Ejiz galamym.

"Men yeke" diyemde,
Sowdun yuzuni.
"Men iki" diyemde
Yashlap gozuni
"Meni yekelikde tashlama" diydin.
"Menem bir wagtlar tashlanan" diydim
Nazar
29 июн 2022, 22:50
Nyrwanajan meniň öňki nikimi gaydyp almagyma kömek eday????????????
Telwas
Автор 29 июн 2022, 22:50
Tama (Aysapar Emelowa)

Bolmalsyndan köp zat isledimmikäm?
Gideñde gelmegiñe sebap gözledim.
Ýa a:şa arzuwlar besledimmikäm?
Arzuwlarmy alyp gitdi gözýetim.

Men tamamy tala dañmak islämok.
Ýüregimde ujypsyzja umyt bar.
Sen-ä gitdiñ, galmaklygam isläñok,
Iñ soñkyja sözüñ "Meni unut ýar!"

Men garaşýan günüm sanap henizem,
Garaşmakdan ýaña bolsamam ýagyr.
Umytlarym sönmez,
Söndüräýjek zat -ýekeje gabyr.

Okar diýip tama edýan şygrymy,
Durmasyn, bu ýürek sen diýip ursun!
Sen gitdin,
Henizem gözlem ýoluñda,
Wah, tamakinçilik gursun!
Telwas
Автор 29 июн 2022, 22:52
"Ak ýol" dile maña mähriban käbäm!

"Ak ýol" dile maña mähriban käbäm!
Ak ýollardan ak bagtymy gözlaýin.
Puç umydy, ham arzuwy arkalap,
Ynsapsyz ykbala kalbym ezmäýin.

Ýok ejejan, gynanma göz ýaşma!
Gowusy gel, ertekiler ayt maña.
Küýsedim şol hüwdi diñlan gijelem,
Näçe ýyldyr ol hüwdiler ýat maña.

Eje, boýnuma ýük öýke-kinelem.
Tekepbir ýüregim ot bolup ýanýar.
Gursagymy köwlär armanly arlar,
Mylaýym näziklik ýat bolup barýar.

Aýtjak sözlerimi setire salyp,
Saña seni söýýänimi sözläýin.
Gideýin men, ak ýol dile ejejan,
Ak ýollardan ak bagtymy gözlaýin!
Telwas
Автор 29 июн 2022, 22:53
Kemçilik

Ýarym söýgi,
Ýarym bagt,
Ýarym yşk,
Mana bu duýgular ýarty göründi.
Ýöne, ine, göz ýaş dökmegim üçin,
Kalbyma dertlerim bütin berildi.

Awçyñ oljasyna öwrülen guş dey,
Ýaşamaklyk üçin urunýar ýürek.
Kalbym, öz-özüñi köseme beýle,
Bir kemli dünýäde ömür nä gerek?!

Ýarym galan ýüregimiñ ýarysy
Ho-ol uzak ýerler-de kimdir birinde.
Şol kimdir biri hem ömrümiñ ýarsy,
Durmuşymda kemdir biri yerinde.

Şol kemcilik dolarmyka bir wagt?!
Belki dolar doñan garlar erände.
Ýarym söýgi,
Ýarym bagt,
Ýarym yshk,
Bütin bolar garaşylýan gelende.
Telwas
Автор 29 июн 2022, 22:54
Şahyr dostlaryma

Biz bir ýere jemlenmedik hiç haçan,
Emma welin köp duşupdy pikirler.
Duýgularmyz tapyp birek-biregi,
Ylham derýasynda mejlis ederler.

Biz hiç wagt duşuşmadyk bir ýerde,
Ýöne welin maksadymyz bir biziñ.
Ýazanymyz kalba ýakyn şygyrlar,
Ýazmadygmyz ýüregmizde syr biziñ.

***

Dostlar, neçün ýat bolduñyz dünýame,
Ýa-da özüm sizden daşlaşaýdymmy?
Ýa-da pikirlermiz biz duýman durkak,
Her tarapa dagap, hoşlaşaydymy?

Durmuş ýodasynyñ bir çatrygynda,
Duşarys biz, bir sacaga jem bolup,
Dostlugyñ uzakdan bolmagyn dilap,
Hasratlaşyp, dertlermize em bolup.
Ýatlarys biz bir-bir öten-geçeni,
Duýgularmyz, pikirlermiz paýlashyp,
Belki bir gün didarlashar dideler,
Şygyrlar okarys, bile çaýlashyp.

Biziñ ýollarymyz gabatlaşmandy,
Emma tanş bizin pikirlerimiz.
Käte duýgularmyz gabatlaşanda,
Söýgini taryplar setirlerimiz.
Telwas
Автор 29 июн 2022, 22:54
Artykmaçlyk

Ýüregime gopgun salyp,
Dünýäñ derdin ýygnadym men,
Ýaşamaga I:ndim dünýa,
Ýöne oña sygmadym men.
Synladym men dostlarymyñ
Gamgyn wagtym gülenini,
Edebiýata aşyk kalbym,
Ylham küýsäp elenerdi.

Gara günler yzly-yzyna
Geldiler ruhum ezmäge
Eziz Allam medet bergin,
Çäresiz, ejiz bendäñe!

Gitsem bakyýa sary,
Galmasyn menden hatyra,
Ruhymy şat etmek ùçin,
Ruhuma kylyñ patyýa,
Belki şonda bakylyga,
Sygaryn men, gülerin men,
Hemmäñ sygan dünýäsini,
Synladym men,
Sygmadym men!
Telwas
Автор 29 июн 2022, 22:54
Hat

Salam gadyrdanym!
Ýörmiñ sag-aman,
Tanansyñ-la meni, ýatlaýañmy sen?!
Ýa-da undup meni, geçmişe zyñyp,
Özgeleñ yşgynda ýatmaýañmy sen?!

Şemala tabşyryp salamlarymy,
Gijeler ol bilen gürrüler kakýas.
Onuñ dertleri-de kalbyma meñzesh,
Düşünýär ol, bile kalbyña akyas.

Ertirden agshama çykman añymdan,
Gözümde keşdedir geçen günlermiz.
Bir-biregi çalyshmazdyk hiç zada,
Bagtyñ gujagynda ýardyk öñler biz.

Indi senden diñe ýatlama galdy,
Şolar tesellidir meniñ kalbyma.
Gynanarmyñ ýa gülermiñ bilemok,
Seret sensizlikde ýalñyz halyma.

Durmuşymyñ soltanydyñ, hanydyñ,
Ynsanymdyñ sarpa goyup gadyrlan.
Başyñ aman bolsa şol maña ýetik,
Sag-aman bol gadyrdan!
Telwas
Автор 29 июн 2022, 22:55
Seni düýşümde gördümmi?!

Seni, düýşümde gördümmi?!
Ýalbarýaryn, düýşüm bolup galma yar!
Kalbymdaky iñ soñkuja umydym,
Seniñ adyñ tutup, zaryn aglaýar,
Daglaýar ýüregmi ägirt gussalar,
Gursagymyñ cep tarapy kesilýär,
Diñle bu kalbymyñ gamgyn owazyn,
Matam tutup, ýatlamalar ses edýar.

Seni düýşümde gördümmi?
Göz öñüme geldi ýylgyryp durshuñ.
Sen tarapa ädim ädesim geldi,
Emma aýaklarym bir geñsi gurşup,
Saña gitmegime garşy ýalydy,
Garşy ýalydylar duşuşmagmyza,
Bu düýş bolsa belki oýanandan soñ
Bagtyñ yodasynda duşuşarys-a?!

Seni düýşümde gördümmi?!
Düýşümde gecdimi bagtly günlermiz.
Sähel söze bir-birekden öýkelap,
Ujypsyzja zada bile gülenmiz.

Seni düýşümde gördümmi?!
Gitdi päk söýgimiz ýelek deý gaýyp.
Bu duýgular huşmydy ya düýşmidi,
Bilemok añyp.
Telwas
Автор 29 июн 2022, 22:55
Ähmiýetsizlik.

"Bagtly bol" diysem kalbym öküner,
"Bagtly bol" diysem göz ýash döküler,
Bu ötegçi günler ýene ötüler,
Senli günlerimi ýatlamda näme?!

Arzuwlarym bu gün ýene-de soluk,
Kalbymy kalbyñdan goýberdiñ kowup,
Bilýän señ henizem ýüregiñ sowuk
Söyenimde näme, söýmämde näme?!

Tozap ýatyr shol köneje ýodalar,
Gelmejegñi duýsa kalbym o:t alar,
Emma seni getirmejek ýodadan
Ýöränimde näme, duramda näme?!

Ýüregime dermanmyñ sen, dertmiñ sen?
Her sözlände ýüregime dert berseñ
Kalbyñ gapysyna meni eltmesen.
Baranymda näme, barmamda näme?!

Dünýäde barlygym duýup bilmesen,
Biziñ yshgymyza uýup bilmesen,
Setirlemi okamasan, görmesen
Ýazanymda näme,ýazmamda näme?!
Nazar
29 июн 2022, 22:58
Nyrwanajan meniň öňki nikimi gaydyp almagyma kömek eday????????????
Telwas
Автор 29 июн 2022, 22:59
Fanat
Nyrwanajan meniň öňki nikimi gaydyp almagyma kömek eday????????????


Şahsyma ýazyň.
Telwas
Автор 29 июн 2022, 22:59
Rigel,
Gyzyklandyrdyň, haýsy kinoda?!
Nazar
29 июн 2022, 23:04
Nirvana,
Heýwii Mendähä şahsy hatda işlänak zatda işlänak şy grandegmişiň saytynda :)))
Telwas
Автор 29 июн 2022, 23:06
Fanat
Nirvana,
Heýwii Mendähä şahsy hatda işlänak zatda işlänak şy grandegmişiň saytynda :)))


Onda?
Nazar
29 июн 2022, 23:07
Nirvana,
Nädip alyp bilerin öz nikimi?
Telwas
Автор 29 июн 2022, 23:09
Fanat
Nirvana,
Nädip alyp bilerin öz nikimi?

Men parolyňyzy ýazjak size. Köpçülikde ýazsam bolmaz, dogrumy?
Şoň üçin poçtama ýazyň ýa şahsa ýazyň. Olam ýok bolsa, oňuberseňizläň :)
Telwas
Автор 29 июн 2022, 23:12
Rigel,
Düşnükli. Sagja bol Rigel gözel!
Telwas
Автор 29 июн 2022, 23:13
Rigel
Meni söýmeseň hem söýen ýaly alyp bar diýýär kyrk günläp


Hantamaçylyk gursun-la…