MERSEDES MAŞYNYŇA ÝER TAÝÝARLA
Çendenaşa hyýalbentlikden ýüz öwrüp, hakyky durmuş bilen
ýaşamagy eý görýärin. Akylyma we başarnygyma görä ýüzlenýän
adamlar mende hormat duýgusyny döredýär. Şonuň üçinem aýdýan.käbir zatlarym saňa birbada geň görünmegi mümkin. «Haçandyr bir
wagt satyn aljak «Mersedes» maşynyň üçin şu wagtdan ýer taýýarla»
diýsem, ýüzüme çiňerilip seredersiň. Ynan, men oýun edemok ýa-da
hyýallaryň üstünde uçup ýöremok. Bu ýerde saňa ýetirjek bolýan zadym, uly arzuwlaryňa örän uly ähmiýet bilen bakmalydygyny ýatlatmak isleýärin. Arzuw et, özi hem uly arzuw et, göz öňüne getir
we garaş. Oňa ýetmegiň diňe wagta bagly. Arzuw edeniňde, özüňi
wagtdan başga zada mätäç däl ýaly duý.
Meşhur suratkeş Maýkl Angelonyň şeýle sözleri bar: «Adamlaryň
aglabasy hasyl etmesi kyn bolan uly arzuwlardan däl-de, juda aňsat
ýetip bolýan ownuk-uşak aladalardan howatyr edýärler». Uly zatlary amala aşyrmaga gaýratyň, güýjüň, mümkinçiligiň barka, az
zat bilen kanagat edip oturmak, pes we ownuk maksatlar bilen
ýaşamak ynsana utançdyr. Arzuwlaryňa çäklendirme girizmek, üstesine-de durmuşymyzyň agramly böleginiň irde-giçde eden arzuwlarymyz esasynda ýüze çykýandygyny görüp, bilip durkak, bu seniň
kanagatlydygyňy aňladanok. Maksatsyz ýa-da ujypsyz arzuwlar bilen
ýaşamak adamzada abanýan howp-hatarlaryň biri. Hyýallarymyzda
mesgen tutan zada az-owlak yhlas etsek, garaşanymyzdan has artygyny gazanyp bilýäris. «Beýle arzuwlary hasyl etmek asla mümkin
däl, muňa ullakan güýç gerek» diýen ýaly pikirlere eýlensek, bu hem
arzuwlara abanýan apatdyr. Egsik düşünje, ýaramaz çaklaýyş hemişe
oňaýsyz netijelere alyp gelýär.
Aslynda, bu ýerde «Mersedesiň» özi hiç zady aňladanok, «Mersedes» bu ýerde siziň beýik arzuwlaryňyzy aňladýar. Belki, seniň iň
beýik arzuwyň ähli gowy kitaplary ýat tutmakdyr ýa-da millioner bolmakdyr. Esasy zat, öňüňde aýdyň we kesgitli maksat goý. Maksatlaryňa
ynan, olaryň hökman hasyl boljakdygyna, bu gün bolmasa ertir bir sebäp bilen ýüze çykjakdygyna ynan. Soňra seni şol ýere eltjek sebäpleri
gözle, tap, ýapyş we öňe ynamly hem-de batly ädim ur.
Belki, sen henizem munuň näderejede ähmiýetli we aýdyňdygyna
akyl ýetirýän dälsiň, emma ýadyňda bolsun, kiçi arzuwlary hasyl etmek üçin nähili yhlas we zähmet gerek bolsa, uly arzuwlary hasyl etmek üçin hem şondan köp zat gerek däl. Ikisine sarp edilýän güýç
des-deňdir. Şeýle bolsa, onda arzuwlaryň hörpi belentden gopsun.
Deň-duş ýazyjylarymda şeýle ýagdaýlara kän gabat gelýärin.
Käbiri bar, ajaýyp bir eser, kitap ýazmakdan baş maksady özüni
bagtyýar we üstünlikli duýmak üçin şondan müň nusgasyny satyp bilmek. Käbirleri bar, olar ýönekeý üstünligi ykrar etmeýärler,
boýun bolmaýarlar. Tä öz kitabyndan 50 000 nusgasyny satýança
aňy ynjalyk tapanok. Şularyň arasyndaky tapawut kitabyň içindäki
pikir-garaýyşlaryň, maglumatlaryň täsirliliginde däl, olaryň gursaklarynda göterýän we şol kitap üçin siňdiren arzuw-yhlaslarynda,
maksada okgunlylyklarynda, erjelliklerinde, tutanýerliliklerinde
ýatyr.
Bir gezek kazylaryň birini Kerek şäherine sürgün edipdirler. Möhleti dolandan soň, ol öz iline gaýtmakçy bolupdyr. Kerek
welaýatynyň häkimi oňa: «Bu ýerde gal, saňa köp-köp zat bereris»
diýipdir. Kazynyň jogaby nagt bolupdyr: «Häkim, seniň welaýatyň
meniň ylmymdan örän kiçi» diýipdir. Ol özüne gerek hajatlaryny
tapyp, Müsüre rowan bolupdyr we şol ýerde alymlaryň soltany diýen
derejä çenli barypdyr. Sebäbi bu adam öz öňünde anyk maksat goýupdyr we bu maksadyny az adamlara däl-de, has uly köpçülige niýetlän
eken.
Gardaşym, nebis-jan rahatlyga we asudalyga, nämedir bir zada
daýanmaklyga, arkalanmaklyga ýykgyn edegen zat. Beýik maksatlar birbada ony howpurgadar, gorka salar. Seni maksadyňy hasyl
etmekden sowmaga synanyşar. Maksada barýan ýoluňda ýüze çykjak şowsuzlyklary göz öňüňde janlandyrmaga synanyşar. Hamala,
öňüňde diňe keserip duran päsgelçilikler we müşgillikler bar ýalydyr.
Şol wagt sen işýakmaz nebsiňi belent hümmetiň bilen pugta jylawla.
Mertlik, gaýratlylyk senalary bilen ony gozgalaňa sal, oýar, seni herekete getirjek tutanýerlilik ýüküni arkasyna ur. Gardaşym, bu ýollarda
seni maksadyňdan sowmaga synanyşýan we seniň mümkinçilige bolan ynamyňy gowşatmaga synanyşýan, adamlar, gürrüňsiz, gabat geler, öňüňden çykar. Sen olara asla gulak gabartma we olar bilen asla
işiň bolmasyn. Sen diňe öz maksadyňy bir dem ýadyňdan çykarma.
Muhammet ibn Abi Amyr Kordowanyň emiri bolmagy arzuw
edende bary-ýogy ýigrimi ýaşynda eken. Dostlary onuň bu arzuwynyň
üstünden gülüpdirler, onuň bary-ýogy kölegede oturyp hat ýazýan
kätipdigini ýatladyp, ýaňsylapdyrlar. Onuň arzuw edip biljek iň ýokary derejesi Kordowanyň saýaly köçeleriniň birinde gelen-gideniň,
haýyş edeniň hatyny ýazyp bermekdigini we munuň üçin adamlardan
dirhem ýa-da iki dirhem gazanyp biljekdigini aýdyp gülşüpdirler. Şol
wakadan sanaýmalyja ýyl geçipdir we Muhammet ibn Abi Amyr diňe
Kordowanyň däl, tutuş Ispaniýanyň – Andalusiýanyň emiri wezipesini eýeläpdir. Beýik ýeňişleri we ajaýyp üstünlikleri bilen taryha giren
Amyryýýe döwletini esaslandyrypdyr.

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.