"Garaşýan"
Ýagtylýar, daň atýar, asuwda säher,
Garylar turupdyr, Güne garaşýar.
Meniň gije göwnüm ýagtylman sähel,
Gündenem howlugyp saňa garaşýar.
Itler üýrýär, bir-ä gelýär, garaşýan,
Şykyrdy bar, aýna bakýan umytly.
Tykyrdy bar, böküp gapyny açýan,
Ah, ite üýrmäne bahana gytmy.
Şemala oýnap ýör ýapraklar kileň,
Serçe deşjek bolýar köne kerseni.
Günde ýüz gez gören zatlarym bilen,
Ýene-de umydym aldady meni.
Gögüň eteginden aslyşýar şapak,
Gök köýnekden görnen mele topuk deý,
Dünýäni gaplanda garaňky gapak,
Ýalňyz geçjek gijäm ýatlap hopukýan.
Adamlar it-guşlar rahat dem alyp,
Uklapdyr bireýýäm daňa garaşýar.
A men ýanan töňňe ýaly garalyp,
Tüsseläp, brugsap saňa garaşýan.
Paýhas gelmez diýdi, pal gelmez diýdi,
Ýyldyzlaram maňa bakyp gülenok.
Gelmejegňi bütin barlygym duýdy,
Gelmersiňem, garaşmanam bilemok.
...Itler üýrüp dursun, öwüssün şemal,
Serçe-de çüteläp bagrymy deşsin.
Umydymyň tary üzülmese bo:r,
Şol ýaram gelmese gelmänler geçsin.
Baýram AKATOW.
Garylar turupdyr, Güne garaşýar.
Meniň gije göwnüm ýagtylman sähel,
Gündenem howlugyp saňa garaşýar.
Itler üýrýär, bir-ä gelýär, garaşýan,
Şykyrdy bar, aýna bakýan umytly.
Tykyrdy bar, böküp gapyny açýan,
Ah, ite üýrmäne bahana gytmy.
Şemala oýnap ýör ýapraklar kileň,
Serçe deşjek bolýar köne kerseni.
Günde ýüz gez gören zatlarym bilen,
Ýene-de umydym aldady meni.
Gögüň eteginden aslyşýar şapak,
Gök köýnekden görnen mele topuk deý,
Dünýäni gaplanda garaňky gapak,
Ýalňyz geçjek gijäm ýatlap hopukýan.
Adamlar it-guşlar rahat dem alyp,
Uklapdyr bireýýäm daňa garaşýar.
A men ýanan töňňe ýaly garalyp,
Tüsseläp, brugsap saňa garaşýan.
Paýhas gelmez diýdi, pal gelmez diýdi,
Ýyldyzlaram maňa bakyp gülenok.
Gelmejegňi bütin barlygym duýdy,
Gelmersiňem, garaşmanam bilemok.
...Itler üýrüp dursun, öwüssün şemal,
Serçe-de çüteläp bagrymy deşsin.
Umydymyň tary üzülmese bo:r,
Şol ýaram gelmese gelmänler geçsin.
Baýram AKATOW.
11комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.