Türkmençilik - 3 / esse
3
“Türkmeni dürtmeseň duýmaz”.
“Türkmeniň gapdalyndan göç geçir”.
Bular keseden gelenleriň döreden pähimleri däl, türkmenleriň özi döredipdir. Öz häsiýetini bilip, gerek ýerinde oňa tankydy garamak danalygyň alamaty.
Golaýda Ýolöten raýonyna baryp, Babagammar piriň gubrunyň üstünde galdyrylan kaşaň gümmezi synladym. Ildeşlerimden göwnüm bitdi. Gündogar arhitekturasynyň däplerine eýerlip, ezberlik bilen galdyrylan mawzoleýiň ussasynyň türkmendigini, Saragtdan çagyrylyp getirlendigini, özüniňem ýaňy otuz üç ýaşandygyny aýdanlarynda depäm gök diredi. Ymaratçylygyň köne ýolunyň ýitmändigine şükür etdim. Halk bir hazyna, zerurlyk duýan güni derdine ýarajak adamlary gapyberýär.
Babagammaryň gubrunyň üç tarapy uly gonamçylyk, ilersinde Murgap akyp ýatyr. Derýanyň alkymy giden tokaýlyk, howasy arassa, sergin. Gök-gök baglaryň aňyrsyndan howaly gümmez görünýär. Gadymyýetiň ertekä çalymdaş romantikasy kalbyňa dolýar.
Babagammar sungatyň çeşmesinden dörän legenda, rowaýat. Ol Hezreti Alynyň meşgul Düldülini saz bilen igleden ussat. At janawar gözünden boýur-boýur ýaş döküp, ot-iýmden bizar bolup, ynsanyň kalbyndan mähre ýugrulyp çykýan owazyň janly-jandary heýjana getirýändigini aýdyň edýär. Beýle ahwalaty Hezret Alynyň özi-de görýär. Seýis halyna Düldüli horlany üçin özüni ýazykly saýan Babagammar ýeriň teýine sumat bolanmyş diýýärler. Sumat bolanda dutaryň gulagy sypyp galanmyş, şondanam daragt ösenmiş, täsin daragtyň şahajyklary dutaryň gulagyna çalym edýärmiş. Rowaýata giren täsin daragt bu güne çenli gurap ýok bolup gitmändir. Daragtyň töňňä öwrülen şahalarynam, düýbünden ösüp gelýän ýaş pudaklarynam, dutaryň gulagyna çalymdaş çykyndylarynam zyýarata baranlar synlap bilerler.
Babagammar hakynda dörän legenda bir däl, birnäçe. Olar barada gürrüňi uzaldyp oturman, piriň üstüne kaşaň gümmezi galdyrmakda esasy sebäbiň Pendi ilinde saza bolan söýginiň, hormatyň juda ilerdigini nygtamakdan ötri, ýene bir delili aýdaýyn. Muny mawzoleýiň ýanynda ýatyp-turup, oňa halys ýürekden hyzmat edýän adamlar sözüň gerdişine görä aýdyp goýberdiler.
Babagammar gonamçylygyna golaý etrapda ýaşaýan gazaklaram merhum bolanlaryny jaýlaýan ekenler. Merhumlaryň üstüne üç sany gümmez galdyrypdyrlar, biri hasam belent görünýär. Gazaklaryň ölene edýän belent hormaty türkmenleriň biagyrlygyny mesaňa-mälim edäýýär. Piriň üstüne birmahal galdyrylan bina ýumrulyp ýatyr, beýle ýanynda-da haýbatly gümmez otyr. Garaz, “Türkmeniň gapdalyndan göç geçir” diýleni bolupdyr. Ýerli ilat gaýrata galýar, serişde gaýgyrmandyrlar.
Täze gümmez açylan güni bu ýere ýygnanan adamyň sany takmynan otuz-kyrk müňe ýetendir diýdiler. Respublikamyzyň dürli künjeginden gelen sazandalar pire tagzym edýärler. Şägirtler ussatlardan ak pata alýarlar. Indi Babagammaryň başyndaky uly ýygnanyşygy däbe öwürmegi maksat edinýärler. Elbetde, ýokardan rugsat berlerine garaşyp durman edibermeli, indi bu zatlar halkyň islegine bagly. Mawzoleýi galdyryň diýip ýokardan görkezme beren ýok, ýa-da oňa serişde goýberilmändir. Halkyň islegi bilen, halkyň ýygnan pulunyň hasabyna, töwerekdäki obalaryň kömegi bilen biten iş.
Mawzoleýiň töwereginde rejeleýiş işleri dowam edýän ekeni. Zyýaratçylaryň geçjek ýollaryna asfalt düşelipdir, gapdallaryna gül ekmek hyýallary bar. Tekizlenen meýdana peller çekilipdir. Ýerli mollalar, ýaşulylar şol ýere sazak oturdylaýsa diýýärmişler. Dogrusy, men-ä beýle teklibi unamadym. Gümmesiň ýokary gapdalynda äpet sazak düýpleriniň telimsi gögerip otyr, mazarystanlygyň gum tarapynda-da sazak, çerkez, ýylgyn gyt däl. Biz öwlüýä diýilse hökman ýylgyndyr sazagy, çöp-çalamy göz öňüne getirýäris. Şu meselede dowam edip gelýän türkmençilikden el çekmäge wagt bolan bolsa gerek. Geçmişde türkmenler mazarlaryň çaltrak ýitip gitmegini isläpdirler, bu isleg döwrüň pajygaly pursatlary bilen döräpdir. Hatda çarwalar mazarlaryň üstünden goýun sürülerini geçirip, ýiter ýaly edýän ekenler. Ýogsa çozup gelen rehimsiz duşmanyň mazarlary haraplap, ölenleri gabryndan çykaryp zyňýan pursatlary az bolmandyr. Aýratynam, il arasynda belli serdarlaryň, batyrlaryň mazarlaryna wehim salnypdyr. Şol zerarly halk Gowşut han, Nurberdi han ýaly adamlaryň üstüne gümmez galdyrmakdan ätiýaç edipdir.
Indi ol döwür ötdi, türkmen oturymly halk, öwlüýämizi taşlap başga ýere göçmek howpy ýok. Her bir tutum öz döwrüniň kadasyna, islegine, durmuş ýörelgesine gabat gelse ýagşy. Eger gözüňe ýakymly görünýän täze gümmez gülzarlykda, göm-gök baglaryň arasynda otursa, baranlaryň göwni açylmazmy! Öwlüýä diýlen ýer hökman ölümiň, kyýamatyň hesretini ýada salyp durmalydyr öýdüp düşünmäliň. Özümiz-ä ol dünýäde adamyň jaýy jennetde bolsun diýip, şonuň öwezine doga okaýarys. Adam pahyr jennedi ýada salýan alamaty bu ýagty ýalançyda-da görsün ahyry, ýogsa biziň öwlüýälerimizi synlaňda jennetden ozal dowzah ýadyňa düşýär.
Häzir halk arasynda diniň täsiri güýçlenýär. Bu hadysa molla adyny götermäge dalaş edýän adamlaryň kimdigine, hakyň ýoluny tutuşlaryna, Allanyň bendesiniň ýaşaýşyna hemaýat bermekde olaryň nädereje tagalla edişlerine ünsi güýçlendirýär. Umumanam, türkmenler din hadymlary hakynda teýeneli sözler aýtmakdan çekinmändir. “Mollanyň diýenini et, edenini etme” diýen ýaly sözleri ýatlaň. Taryha göz aýlaňda-da biziň halkymyz dinhorlykda tapawutlanan halk däl. Bu meselede taryhy şertler uly rol oýnapdyr. Döwletiň bolmazlygy belli bir derejede yslamyň däpleriniň düýpli kök urmagyna şertler döretmändir, yslamyň merkezleri bilen gatnaşyk az bolupdyr. Şonuň üçinem diňe taglymat, pelsepe hökmünde garap, hudaý hakyndaky abstrak düşünjelere üns berip, kelle döwüp oturmak türkmenlere mahsus bolmadyk zat. Olaryň dine bolan gatnaşygynyň esasy ölçegi gündelik ýaşaýşyň derwaýyslary bilen kesgitlenipdir. Ölenler jaýlananda, ýasda, sadakada, nikada dini däpleriň zerurlygyny bilip, onam gurplarynyň ýetişine görä berjaý edipdirler. Alla sygynmagyň has inçe ýollaryny tutmaga, sopuçylyk ýoluna mahsus asketizmi ýerine ýetirmäge, Gurhanyň manysyny seljermekden ötri basa oturmaga eli degmändir diýsegem hakykatdan daş düşdügimiz bolmaz.
Gurhanyň düýp manysyna ýetip, şerigatyň ýoluny seljermek entäk mollaçylygyň gutarnykly berkarar edildigi dälmikä diýýärin. Bizde Gurhany ýat tutan adamlara molla diýmek endigi bar. Häzir dini ynançlara ýol açylan mahaly il içinde ýaz ýagşyndan soň kömelek ýaly köpelip barýan mollaryň arasynda bu çaka çenli kisesinde partiýa biledini göterip, dürli wezipelerde işläp, indem pensiýa çykandan soň ol dünýäsini ýatlamaga endik edýän, hemişeki hojaýynlyk mertebesini küýsäp, molla bolmakdan çekinmejekler bar. Men şol zeýilli adamlaryň mollaçylygyna-da, ynanjyna-da bil baglamok. Bu güne çenli partiýa biledini göterip, dini ideologiýany inkär edip gelen adamyň yslama ýüz urmagy üçin juda uly sebäp bolmaly. Onsoňam ol adamlar hakyky kommunist bolup, şonuň hakyky borjuna laýyk ýaşan bolsalar, indiden soň ol dünýäsini ýatlap ýörmäge zerurlyk ýok diýip düşünýän. Eger munça ýyl nädogry ýaşap, ynsaba bijlik eden bolsaň, galan ömrüňe okajak namazyň günäňi ýuwarmyka? Toba gelip, ile haýyr iş etmek diňe namaz okamak bilen gutaranok, göze görnez ýaly haýyr iş gyt däl, ediber. Ýetime kömek et, ejize goltgy ber.
Medreseleriň, metjitleriň ýumrulmagy, ýetmiş ýyllap dine garşy alnyp barlan syýasaty bizde ortodoksal yslamyň däpleriniň ýok bolmagyna getirdi. Buhara, Hywa kysmy döwlet bolup ýaşalan ýurtlardaky ýaly çuň bolmasa-da, garaz, rewolýusiýadan ozal ýüzleýrägem bolsa, bizde-de yslamyň düýplerine eýerilýärdi, dini edebiýat bardy, ýagdaýa görä okadylýardy.
Din bilen bagly ahlak hem gumanistik pikirleri öňe sürmekde çeper edebiýatyň wekilleriniň hem hyzmaty az bolmandyr.
Bu ýerde öňi bilen Döwletmämmet Azadynyň adyny tutmaly bolýar, soňra Magtymgulynyň. Azady adyl häkimligi gös-göni Allanyň merhemedi bilen baglaýar. Onuň taglymatyna görä, hakyň nury adalatdyr. Din üçin janyny tükeniksiz jepalara goýan Muhammet Mustapa hakyň nurundan şöhle alandyr, adyldyr. Ol barça musulmana adyllygy buýrandyr. Jahanda häkim bolanlar adyl bolsa, olar ýer ýüzüne bezeg berer. Adyl patyşa taňrynyň saýasydyr. Onuň ýurdundan mazlumlar myrat tapar. Onuň mähri-de Hak tagalanyň mähridir, gahary-da Hak tagalanyň gazabydyr. Adalatly patyşa din öýüniň sakçysydyr. Ol halkyň emrini tutar. Adyl patyşanyň emrini berjeý kylmak onuň raýatyna buýrulandyr.
Azadynyň bu pikirleri dama Nowaýydan gözbaş alyp gaýdýar. Nowaýynyň pähimi: “Eý, patyşa, sen häkimlik möhletiniň juda gysgadygy unutma! Pygamberiň sargydyny unutma. Ol saňa adamlary bagtyýar etmegi buýrandyr. Seniň bagy-da, bossanyňda seniň halkyňdyr, sen onuň ökde bagbany bol. Seniň sürüň seniň halkyňdyr, sen onuň ygtybarly çopany bol. Çopan bimahal ymyzgansa, sürä gurt darar, sürä gan çaýkanar. Bagy-bossan taşlansa, agaç gurar. Eger zora ýanap, gedaýdan iňňe alsaň, iňňäniň pyçak bolup bagryňa sünjüljegini unutma! Gedaýdan bir sapak alsaň, şojagaz sapagyň dar agajynyň bagyna öwrülip, boýnuňdan injegini unutma. Al şerapdan serhoş bolup, uzak gijäni bigäneler bilen şady-horramlykda geçirýän, haram keýp üçin naçarlaryň namysyny basgylaýan, il-gününi talap, köşgi-eýwanyny lagly-merjenden bezän häkim pygamberiň sargydyny unudandyr, dinini, imanyny, ynsabyny ýuwdandyr. Ol hudaýyň ygtyýary bilen häkim bolsa-da, halkyň ondan göreni horluk, zorluk, talaňçylyk boldy. Eý, häkim, hakyň ýoluna dolan, ahyretiňi ýatla, galan ömrüň ökünçde geçmesin!
Döwletmämet Azady bet işe baş goşan häkimiň adalatsyzlygynyň garşysyna hakyň gudratyny goýmak bilen, ony mysallar arkaly berçinleýär. Bahram şa baglara salgyt salmagyny ýüregine düwende narlaryň suwy, Kubat şa sygyr üçin salgyt salmakçy bolanda sygyrlaryň süýdi çekilipdir.
Adalatly häkim ýurdy edara eden mahaly raýatlaryň kalbynda haýyr-sahawata meýil artýar. Allanyň bendesi haýyr işiň keramatyna düşünip, ony minnetsiz berjaý eden halatynda rowaçlyga ak ýol açylar. Öňi bilen adamyň ýüreginde rehim-şepagat bolsun. Omar Haýýam: “Bir göwne taý gelmez ýüz palçyk Käbe” diýen bolsa, Azady:
Käbe weýran etmekden müň mertebe,
Bir köňül ýykmak ýamandyr, eý däde! –
diýýär.
Ynsanperwerligiň bu nusgasyny Magtymguly alyp göterýär:
Gutular sen hak ýolunda jan berseň,
Hülle bolar bir garyba don berseň.
Saýa bolar bir mätäje nan berseň,
Bir ajy doýurmak hajdyr ýaranlar!
Umuman, Magtymgulynyň “Kyýamat” ady bilen belli eserleri türkmenler üçin Gurhan boldy diýsem öte geçmezmikäm diýýärin. Elbetde, ony mollalar halka ýaýratmady, ony bagşylar ile ýaýdy. Şol eserler henizem doly çap edilip halka ýetirlenok.
Üns berip okasaňyz, Magtymgulynyň kyýamat goşgulary terkidünýälige, umytsyzlyga iterýän däldir, durmuşyň manysy hakynda oýlanmaga, öz ömür ýoluňa ser salmaga mejbur edýändir. Üşügi, sähel ynsaby bolan adam olardaky beýik manyny diňläp, arassalanan ýaly bolýar. Şahyryň ynsanlyga mahsus ýürek açmasy, boýun almasy (ispowedi) her bir diňleýjiniň şahsy ýürek açmasyna öwrülýär. Gurhanyň sahypalaryndan çykan adamlar beýik ussadyň dilinde çeper obraza öwrülip, täsin milli öwüşgine, häsiýete eýe bolýarlar. Türkmen olary özüne juda ýakyn, ganybir tutunýar.
Magtymguly hudaýyň bendesini haýyr bilen şeriň, jennet bilen dowzahyň aralygynda goýýar, oňa durmuşyň ýowuzlygy ýaly gönümellik bilen ynsan ömrüniň manysyny düşündirýär. Mahal-mahal bu hakykaty gudratyň derejesine ýetirip aýdýan adamyň özi ynsana bir degişli boldumyka diýen pikir kelläňe gelýär. Ol hakykatdanam ynsan durmuşyna mahsus şerden, günäden ýokary saýlanýar. Oňa hudaý diýesiň gelýär.
Döwletmämet Azady, Magtymguly Pyragy hakyň ýoluna, Gurhana kemsiz düşünen alym adamlar. Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, olar diňe durmuşdan üzňe çemeleşmän, ony esasan iki ugur bilen bagly ulanypdyrlar. Birinji, ýurdy edara edýän häkimligiň adyllygyny gazanmak, ikinji, adamlaryň kalbynda rehim-şepagaty, haýyr-sahawaty, sogap işe höwesi artdyrmak.
Ýetmiş ýylyň dowamynda yslamyň däpleri ýitdi diýipdik, şol däpleri tekrarlamakdan ötri, akyldarlarymyzyň ýazgylaryna ýüzlenmek gerek. Olar bize diniň ynsanperwerlige eýlenen obrazlaryny, nusgalaryny hödürleýärler.
Men şu günki gün molla diýip orta çykýan adamlarda gumanistik jähtden pikir giňligini, ynsanyň mertebesiniň kemsidilýän halatynda ony goramaga töwekgellik duýamok. Olaryň esasy işi öleni jaýlamak, sadakany sowmak ýaly bolup dur. Bu işiň beýle bir uly zehin, artykmaç bilim küýsemeýänini görüp, indi molla bolmak amatly ýaly-la diýen hyýal bilen aýagyna mesi geýip, metjitlerde mähräbe golaý durjak bolýanlar köpelýär.
Dini hadymlyga baş goşýan adamlar çuňňur bilime mätäç. Zehinli ýaşlary dini merkezlere okuwa ibermäge çekinip ýörmeli däl. Onsoňam, döwletiň din bilen gatnaşyk edýän ýörite edaralarynda şol ugra sarpa goýýan, şol ugurdan düýpli düşünjesi bolan kadrlar işlese göwnejaý bolardy, ýogsa häzirki işleýänleriň arasynda düýn ýaman ideologiýa hökmünde ýazgaryp, onuň wekillerini yzarlan organ işgärleri hem duş gelýär.
“Türkmeni dürtmeseň duýmaz”. Bu nakyly gaýtalaýandygymyzyň sebäbi bar. Biz mahal-mahal dürtüp durulsa-da duýmazlyga salýarys. Mysal üçin: Orta Aziýa hem Gazagystanda Nowruz halk baýramy hökmünde täzeden berkarar edildi. Ala-böle biziň gyrada galyşymyza men düşünemok. Alym Nazar Gullaýewiň tassyklamagyna görä, çomur ilatdan baş alyp gaýdan bu baýramçylygyň dörän ýeri biziň respublikamyzyň territoriýasy bolupdyr. Yslamdan öň otparazlaryň hudaý hökmünde Güne sežde etmeginden dörän, Täze Gün adyny alan täze ýyly türkmen halky-da uly şatlyk bilen garşylapdyr. Nowruz güni adamlar ýylyň sylagy diýip bişirilýän tagamlardan dadypdyrlar, arzuw-hyýallaryny aýdypdyrlar. Ýyl aňyrdan gelende: “Hut-put, gowy gelsem gazan süýt, erbet gelsem kellebaşaýak üt” diýermiş.
Ýaşlar gyzykly oýunlar oýnapdyrlar, monjuk atylypdyr, läle kakylypdyr.
Nowruz geldi bi gije,
Bije atarlar, bije...
diýen söz gadymdan galypdyr.
Topraga mazaly ýyly gidip, bahar paslynyň tebigata jan beren mahaly, Gün bilen Gijäniň deňleşip, ýere tohum taşlanýan mahaly baýram etmek ýakymly dälmi näme! Nowruz baýramy tebigata bagly dörän baýram. Onuň gudratdygyna göz ýetirmek isleýän adam Omar Haýýamyň “Nowruznama” atly traktatyny okasyn. Dünýäde, şol sanda biziň respublikamyzda-da, ekologiýa ýagdaýynyň ýaramazlaşan döwründe Nowruz baýram edilmegi juda derwaýys. Bu baýram adamlaryň kalbynda tebigata rehimi artdyrardy.
Gadym eýýamda Ajam ilinde – Eýranda otparazlaryň iň keramatly hudaýy Yzzat on iki perişdäni ýaradypdyr. Perişdeleriň dördüsini asmana ýollap, olara asmany goramagy tabşyrypdyr. Beýleki dört perişdäniň hersini Zeminiň bir künjegine ýollap, albassylary Kap dagyndan bäri geçirmäň diýipdir. Galan dört perişdä bolsa, asman bilen Zeminiň arasynda aýlanyň-da, arwah-jynlary adamlardan kowuň diýip buýrupdyr. Otparazlar bu dünýä başga bir uly dünýäniň içinde ýerleşýär diýip, ony köne köşgüň içinde salnan täze jaýa meňzedipdirler. Keramatlylaryň keramatlysy bolan Yzzat ýagtylykdan Gün ýasapdyr, Günüň kömegi bilen asmany, Zemini döredipdir, onuň permany bilen Gün ýerinden gozganypdyr, herekete gelipdir. Goý, onuň şöhlesi ähli ýere ýagty saçsyn!
Bu gadymy baýramy türkmen halkynyň ýene däbe öwürjegine ynanýan, ýöne goňşulardan gijä galyp ýörsek, olaryň: “Häk, türkmenler-ä türkmençiliklerini edýär-ow” diýmekleri ähtimaldyr. Indiden beýläk bu söze ýakymsyz many berilmegini men-ä juda ýokuş görýän.
Magtymgulynyň “Kyýamatyny” manysyna laýyk äheň tapyp, ussatlyk bilen aýdan Gurt bagşy aýdym bilen geçen uzak gijäni hemişe “Türkmeniňi” aýdyp soňlardy. Menem şu sapar bagşynyň şol däbini ulanmaly boljak.
Gapyl galmaz, döwüş güni har bolmaz,
Gargyşa, nazara griftar bolmaz.
Bilbilden aýrylyp, solup saralmaz,
Daýym anbar saçar güli türkmeniň.
1990-njy ýyl.
Tirkiş JUMAGELDIÝEW

3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.