Gizlin söweş...

Gizlin söweş...

Örän gizlin söweş yglan edipdim,
Señ bilen başymyñ çatylan güni.
Yşkdan bina bolan köñül şährime,
Atom bombasynyñ atylan güni.

Ýykyklygna goýdum idemedim hiç,
Ýykylan göwnümiñ harabasyny.
Müñläp duýgularmyñ leşgerin jemläp,
Yşk okundan ýükli arabasyny,

Ýolladym señ köñlüñ basyp almaga,
Olar ýeñdi hem ýerledi sen taýa.
Menem göçüp bardym,bar goşum bilen,
Täze şäher,köşk-eýwanly şol jaýa.

Şeýdip köñül köşgüm men sende gurdum,
Yşgymyñ şäherin bilmediñ ýoklap.
Öñüme toý güni,iñ bagtly günüm,
Ilki söýen gyzyñ suratyn oklap.

Gyzylgül Annagylyjowa
14 лайков 369 просмотров
36комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Telwas
28 июн 2022, 10:27
Başy tolgundyrdy, soňy gynandyrdy…

Berekella uýam! Galamyňyzyň bady ýatmasyn. Ylhamyňyz egsilmesin. Gözel ýüregiňizden çykýan goşgy setirlerini biziň bilen ýene paýlaşyp duruň. Elleriňize güller bitsin!
Leyli Amanowa
28 июн 2022, 10:30
Ilki söyenini almaly eken-dä şonna obaly
Pegas
28 июн 2022, 10:31
Söýýän goşgym)
Soho
28 июн 2022, 10:32
berekella gelineje
Gumly gelin
Автор 28 июн 2022, 10:39
Goşgyñ dowamy:

Soñra guwanç bilen seredip maña,
Ýyrtylan suraty goýberdi otlap)))
Hiayress
28 июн 2022, 10:47
"Yşkdan bina bolan köñül şährime,
Atom bombasynyñ atylan güni."


"Müñläp duýgularmyñ leşgerin jemläp,
Yşk okundan ýükli arabasyny,"


Begendirýän tarapy goşgularyňyz seýrek bolsa-da adaty metaforalardan azatlygy. Umuman ortatap goşgy. Iň bolman şäheriňiziň ýumrulyp, harabaçylyga dönmäni bilen gutlaýan.
Gumly gelin
Автор 28 июн 2022, 10:58
Elif,Uýamjan,öýkeläp ýördüm senden çalaja.Şu wagt ýazdyñ welin öýkämden nam-nyşan galmady.Señ dünýäme gaýdyp geleniñe begenjimden gözüm ýaşaryp gitdi.
@Elifim!Sen meñ dünýämde ajaýyp eser,süýjüje saz bolup hemişe ýaşap ýörensiñ uýamjan!
Ötegçi
28 июн 2022, 10:59
Bah
Leyli Amanowa
28 июн 2022, 11:00
Gumly gelin
Goşgyñ dowamy:

Soñra guwanç bilen seredip maña,
Ýyrtylan suraty goýberdi otlap)))

inni bolly
Leyli Amanowa
28 июн 2022, 11:01
Ay garaz bizi pahyry begendirip gynandyryp yene begendirip çalam-çaş etdi by gosgy
Öwreniji
28 июн 2022, 11:01
Berekella galamyň ýiti bolsun. biziň ýaly okyjylaryň göwnüni galkyndyrýan, duýgusyny oýarýan goşgylaryň sany köp bolsun.
Gumly gelin
Автор 28 июн 2022, 11:16
Elif,Janym uýam.Ýigidimiz-ä ýitişdi.Indi gudaçylyga barybersegem bolar:)))
Gumly gelin
Автор 28 июн 2022, 11:17
Remezan,
Sag boluñ!
Gumly gelin
Автор 28 июн 2022, 11:18
Nairobi,
Durmuşda bu.Diñe çalam-çaş bolup,begenip-gynanyp geçmelidä...
Гость
28 июн 2022, 11:19
Gowy eken?
Gumly gelin
Автор 28 июн 2022, 11:20
Hiayress,
Gutlag üçin minnetdar.
Gumly gelin
Автор 28 июн 2022, 11:21
Nirvana,
Hoş sözler üçin sag boluñ
Gumly gelin
Автор 28 июн 2022, 11:23
Pegas,
Senem şeýdip bir gün ýeñer biri.)))
Esma
28 июн 2022, 11:44
Berekella gelneje! Elleriňe güller bitsin. Zenan kalbyndan çykan şeýle ajaýyp şygyrlaryň höwri köp bolsun!
Ömrüňe, ylhamyňa bereket!
Gumly gelin
Автор 28 июн 2022, 13:51
Elif,onda sähetlije gün garaşyber:)))
Gumly gelin
Автор 28 июн 2022, 13:52
Esma,
Sag bol uýam.
Aksary
28 июн 2022, 19:46
Ömrüñ bolsun genneje
Hickim
28 июн 2022, 21:08
Söz ýok
Goklors
28 июн 2022, 21:19
Gaty gowy goshgy. Sahyr kalby, hasda zenan shahyrlarymyz oz duygysyny beyan etyar diyip dushunman! Shahyr halky her kishini gorup aglap bilmeli. Goshgynyz un sag bolun uyam.
Margarita
28 июн 2022, 22:30
Gowy goşgy bolupdyr. Yzy köp bolsun. Uýamyň uýasy ekeniňizä, uýam. ))
Prozadanam başyňyz çykýan ekeni. Ýazyp, ýetirip duruň. ?
Gumly gelin
Автор 28 июн 2022, 22:31
Goklors,minnetdar gadyrdan.Görsene şahyryñ ýüregne düşünýänem bar eken.
Gumly gelin
Автор 28 июн 2022, 22:36
Margarita,uýañ uýasy señ uýan bolmazmy?:)))
Margarita
28 июн 2022, 22:39
Gumly gelin,
Yzyndanam "uýam" dp, ýazandyryn täzeden okap göräýiň, uýam )))
Gumly gelin
Автор 28 июн 2022, 22:47
Margarita,Gördüm uýam.Sende-de uýamyñ mähribanlygy bar...
Leyli Amanowa
28 июн 2022, 22:55
Sanawaç yaly yöne uyamda-uyam bolupsyňyzla kizlar