Gizlin söweş...

Gizlin söweş...

Örän gizlin söweş yglan edipdim,
Señ bilen başymyñ çatylan güni.
Yşkdan bina bolan köñül şährime,
Atom bombasynyñ atylan güni.

Ýykyklygna goýdum idemedim hiç,
Ýykylan göwnümiñ harabasyny.
Müñläp duýgularmyñ leşgerin jemläp,
Yşk okundan ýükli arabasyny,

Ýolladym señ köñlüñ basyp almaga,
Olar ýeñdi hem ýerledi sen taýa.
Menem göçüp bardym,bar goşum bilen,
Täze şäher,köşk-eýwanly şol jaýa.

Şeýdip köñül köşgüm men sende gurdum,
Yşgymyñ şäherin bilmediñ ýoklap.
Öñüme toý güni,iñ bagtly günüm,
Ilki söýen gyzyñ suratyn oklap.

Gyzylgül Annagylyjowa
14 лайков 369 просмотров
36комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Gumly gelin
Автор 28 июн 2022, 23:06
Nairobi,hawa.Bu bir syrlyja sanawaç:)))
Mergen
29 июн 2022, 00:04
Tüweleme, höwri köp bolsun
Mergen
29 июн 2022, 00:06
Elif,
Durmuşa çykmadyňmy sen?
OrazMuhammet Aşyrow
29 июн 2022, 01:43
Gumly gelin,
Gelneje sizde, ähli gelnejelerde tapdyrtmaýan üýtgeşik bir mähir bar. Goşgyňyzy gaýta-gaýta okadym welin gije ikiň ýarynda kellä zat girmedi, şeýle hem bolsa bu goşgyňyzyň we beýleki goşgularňyzyň ýüreklerde gyzgynjak orunlary bar. Gözel durmuşyňyzda üstinlik we bagt hemişe hemraňyz bolsun.
OrazMuhammet Aşyrow
29 июн 2022, 01:49
'Öñüme toý güni,iñ bagtly günüm,
Ilki söýen gyzyñ suratyn oklap."

Näme üçin surat oklanandygy hakynda oýlaýan, oýladygym saýam göwnüm gamlanýar...
Gumly gelin
Автор 29 июн 2022, 06:11
mrokas,
Sag boluñ gadyrdan.