Ejem üçin hat

"Ähli zady taşla, dolan gujagma,
Ejeň seni unudanok, köşegim.
Oba-gara halys sorap goýanok,
(Ýeňlejek-dä bir aýagňy duşasam)

Diýip jaň etmäni ýygjamladypsyň,
A men bolsa per bermeýän kejiriň.
Sen bilýän ahyry gursagmy ýaryp,
Arzuwlarymyň maňa berýän ejirin.

Arman bolup siňip galsam gujagňa,
Ýeri, ondan ýagşymyşmy ol onsaň?
Eje, sen ýüregiň saýlan ýigdine
Men bararyn, ýöne talyp bolamsoň.

"Diýenme däl diýip aýak depip dur"
Diýip hergiz gaharlanma gyzyňa.
Arzuwmy kül edip, ähdimden dänip,
Ellerim boş gaýdyp bilmen yzyma.

Ogulnur Ataýewa.
3 лайков 163 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
arzyhal123
04 авг 2022, 08:24
Paylaşanyña sagbol
Gumly gelin
04 авг 2022, 08:41
@Esma!Ýetireniñ üçin sag bol uýam.Ömrüñ uzak bolsun!
Ogulnur uýamyzyñam alny-bagty açyk bolsun!Ähli arzuwlary hasyl bolup,diñe bagt hakda goşgy ýazdyrýan ömrün gujagynda ýašasyn!
Ötegçi
04 авг 2022, 10:12
Öñki okanlarymdan has gowy eken bu.
Ahmal
04 авг 2022, 10:24
Owadan hatyn bar eken