Goşgy
HAT
Ýeke çykyp,
Gözleriňden ýaş dökme.
Hamsykma ýene-de goýup gitdi diýp.
Gezip ýardan,
Hem diýardan uzakda,
Menem indi iripdirin it deýin.
Bir wagtkym deý badyhowa däl indi,
Ýalňyşlykdan göwnüne kän deglen ýar.
Eneleri diňleýärin kän indi,
Akja bäbeklerde gözüm eglenýär.
Hiç oňşup bilemok gijeler bilen,
Olar ýeke börüp berýärler jebir.
Hem düýş görkezýärler,
Düýşde ýene men
Seni aglamaga edýärin mejbur.
Larra deýin ýekelikde geçiren,
Günlerimde ýüregimde ökünç bar.
Saňa toý gününde berjek bir çemen,
Ýany bilen günälerme ötünç bar.
Aglama,
Peýda ýok, kirpik ezmekden,
Güman etme, ýeke goýup gitdi diýp.
Diýardan hem ýardan aýra gezmekden,
Menem indi iripdirin it deýin.
UMUMY ÝAŞAÝYŞ JAÝY
Bu ýerde işikler bir-birine ýakyn,
Bir ädim arasy söýeleriniň.
Ýazgylary dürli bolsa-da gapyň,
Göwünleri birdir eýeleriniň.
Munda daňlar aýdym-saza beslener,
Gijeler gülküdir degişmä sapsa.
"Giriň" -- diýip, bary birden seslener,
Eger bu gapylaň birini kaksaň.
Rejepgeldi Mejikow
Ýeke çykyp,
Gözleriňden ýaş dökme.
Hamsykma ýene-de goýup gitdi diýp.
Gezip ýardan,
Hem diýardan uzakda,
Menem indi iripdirin it deýin.
Bir wagtkym deý badyhowa däl indi,
Ýalňyşlykdan göwnüne kän deglen ýar.
Eneleri diňleýärin kän indi,
Akja bäbeklerde gözüm eglenýär.
Hiç oňşup bilemok gijeler bilen,
Olar ýeke börüp berýärler jebir.
Hem düýş görkezýärler,
Düýşde ýene men
Seni aglamaga edýärin mejbur.
Larra deýin ýekelikde geçiren,
Günlerimde ýüregimde ökünç bar.
Saňa toý gününde berjek bir çemen,
Ýany bilen günälerme ötünç bar.
Aglama,
Peýda ýok, kirpik ezmekden,
Güman etme, ýeke goýup gitdi diýp.
Diýardan hem ýardan aýra gezmekden,
Menem indi iripdirin it deýin.
UMUMY ÝAŞAÝYŞ JAÝY
Bu ýerde işikler bir-birine ýakyn,
Bir ädim arasy söýeleriniň.
Ýazgylary dürli bolsa-da gapyň,
Göwünleri birdir eýeleriniň.
Munda daňlar aýdym-saza beslener,
Gijeler gülküdir degişmä sapsa.
"Giriň" -- diýip, bary birden seslener,
Eger bu gapylaň birini kaksaň.
Rejepgeldi Mejikow
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.