Söýgi...

Söýgi...
Diñe Söýgi!
Hiç haçan şul söýgi diýip bir zady suratlandyryp bolmaýa!
Hemme zat–Söýgi!
Söýgi–Hemme zat!
Söýgi kimiñ ölümi, kimiñ başlangyjy...
Howwa, men şo-ol söýgä ynanýan, gadymy döwürde çoh bolan, häzirki zamanda nesli tükenip barýan Mejnunlardan...
ýene känlerden..
Ýöne Hemra bolmana çalyşmadym, ýo-ok, asyl çalyşmadym.
Söýdimmi? Söýdim.
Diñe seni söýdim.
Senden başgasyny söýmek hakda pikirem edip görmedim.
Häzirem şeýle...
Ýürek sen şuñ bilensiñ diýdi, şondan galanyna garagymy gapdym.
Sen maña adaglanmandyñ. Atalarmyz toýam tutmandy. Toýmuza gelen biri maña, o-ol bir pylan şäheri salgy berip, göwnümi Saýada baglamandy.
Wah, señem adyñ Selbinyýaz däldi.
Meñ adym welin teý Hemra adynyñ gabadynda-da garşylaşarly däl.
Hany, dur, bu biziñ söýgimiz asyl dessan däldi ahyry...
Durmuş...
Durmuşdy biziñ söýgimiz.
Ýazanam, okanam durmuşdy biziñ söýgimizi.
Körzehin durmuşdy uly göwrümli eserimiziñ başyny başlap, soñyny soñlamakda zorlanyp, ikimizi başga bir gysgajyk kyssajygyñ baş gahrymanlary edip goýan...
Ömrümiz gysga boldy.
Entek okalmankañ gadagan edilen eser bolduk biz.
Howlukdyk.
Juda howlukdyk...
Ilkinji gezek tanşanymyzda tanyşmana,
ilkinji gezek sulh alyşmana,
ilkinji gezek bakyşmana,
ilkinji gezek ýüreklermizi gürleşdirmäne,
ilkinji gezek aýalarmyzda aýalarmyzyñ möhürini basmana,
ilkinji gezek duşuşmana,
(sen-ä bilmedim, men şol gün ýüregimiñ tolgunmasyndan ýaña inime hökmürowanlyk eden titremäni hiç unudyp bilemok. Maý aýydy, Güneşiñ depäñi deşýän yssysynda men näler üşäp titräpdim. Seniñ golaýyña dykylyp baryp, gujagyma basyp, dodagymy dodagyña ýetirýänçäm nähili aýylganç titreme bilen inimiñ titränini bir men bilýän (birem sen bilýänsiñ, belkem) ondan soñ bolsa gowşapdym, birleşipdik, bedenlerimiz bir beden bolupdy, rahatlyk, dünýäden göçüp gidipdik az salym, yzymyza, dünýa dolanyp gelmek añsat düşmändi ikimizede...) ilkinji posa, ilkinji gezek öpüşmek..,
ýene kö-öp gezek ilkinji gezekler...
Biz şol ilkinji gezeklere näler howlugypdyk.
Soñra... soñky gezek ilkinji gezek gözüñ ýaşly duşuşyga gelmegiñ,
(men şonda bildim gyz aglan mahaly hiç wagtam ejiz bolmaýan eken, gaýtam, bar güýji şo mahal jemlenýän eken, gyza aglaýarka ejizleme diýmek gör nähili ýalñyş eken, gyz aglanda güýçlenýän eken)
ilkinji gezek men şonda gowrulypdym gyzyñ gujagynda, gözleriñ ýaş akdyryp aglan bolsa, ýüregiñ ot-köýük bolup aglapdy. Ýüregiñ ýalynam meni gowrupdy, ýakyp-ýandyrypdy, külümem sowurman ony hem täzeden ýene gowrupdy. Gujagymdan aýrylman göz ýaşyñy çep egnime akytdyñ oturdyñ, akytdyñ oturdyñ...
Sebäbini sorajak bolsamam eliñ bilen agzymy beklediñ. Başyñy ýaýkadyñ. Bir zatlar diýdiñ(bagyşla ýadyma düşürip bilmedim). Ýene göz ýaş...
Kö-öp minutlar geçenden soñ gujagymdan saýlandyñ-da, ulydan demiñi alyp, göz ýaşyñ çeşmesini beklediñ. Ýylgyrdyñ. Bir maña seretdiñ, birem kimdir biriniñ gelmesinden heder edýän ýaly töweregiñe göz aýlap, aşak bakdyñ, soñ maña gaýtadan bakyp ýöne gözlerime seredip bilmän: "Bagyşla" diýdiñ.
– Näme üçin?
– Bagyşla...
– Näme üçin diýýäñ, näme üçin bagyşlamalymyşym seni?
– Bagyş-şla-a...
– Bolýa. Bagyşlaýan... Ýöne näme üçin?
– Ýok... ýöne bagyşlasañ bolýa... sebäbini bilemok..!
– Bardyr... bir sebäbi?
– Belkem... bardyr ýöne men bilmeýän şo sebäbi.
– ...
Soñ ýene sekuntlar gürledi, biz dymdyk. Soñ sekuntlar dymdy, sen gürlediñ.
– Gutardy bar zat... bar zat gutardy indi.
– Söz beripdiñ-ä... senem ähti ýalanlardan boljakmy, aşygyñy dünýäde Jähenneme salanlardan boljakmy?
– Men hiç zat etmedim.
– Hiç zat etmedim?
– Howwa men hiç zat etmedim.
– Ýok sen hemme zat etdiñ. Seniñ gözleriñ bar zady eden. Indem etjegini edensoñ meni özüne zar goýjak bolýa bular. Senem şol!
– Men diýdimä hiç zat etmedim.
– Wahh... etjegiñi edip bolduñ sen.
– Men enem-atamyñ...
– Dur!.. Näme diýjegiñi bilýän. Haklysyñ. Ýöne olaryñ "aşyk bolany"  mençe barmyka? Seni mençe tanaýarmyka beri? Söýgisin-ä diýjek däl, seni men ýaly diñe men söýüp bilerin! Oñ gözleri meñki deýin seredip bilermikä saña? Señ ýüregiñde näme gizleýäniñi gabagyñ hereketlerinden duýup bilermikä ol? Seni bilip-bilmän öýkeledip, minutlar sagada ýetmänkä-de geçirim sorap aýagyña dolanyp bilermikä men ýaly? Ýa-da, ol, doglan günüñe sowgat däl-de söz sowgat etmelidigini, üýtgeşik bir söz, köñlüñ taryny kakaýjak bir del söz bilen gutlap soñra sowgat bermelidigini bilýärmikä, hä? Ol seni men ýaly...— damagyma dykyn geldi-de, gürlejek zadymy gürletmedi, zo-ordan yzyna ýuwudup biraz salymdan gürledim— ş-şol saña men bolup bilermika?
– Ýok-k... ýöne men enem-atamyñ närazy bolmasyndan gorkýan. Bar bolany şol. Indem başga zat sorama.
– Tanaýañmy ony?
– Howwa, kiçilikden tanyş men oñ bilen, ejem tarapdan bolýa. Ol öñdenem meni halaýady.
– Bäh, dogry gelipdir-ow señki onda. Seni bagtly etjegine ynanýañmy?
– Boldy başga zat sorama diýdimä!
– Bolýa. Sen halaýañ dälmi şony?
– Sorama diýdim.
– Men öýdäkileri ugradaýyn diýemde howlukmaly diýdiñ, a oñ üçin bolsa çalt tijenäýipsiñ.
– Men tijenmedim. Tijeýäler. Bu öñdenem şeýle bolmalydy. Hossarlarymyz kiçilikden wadalaşyp goýupdyrlar. Maña bolsa ol, saña duşamdan soñ aýdyldy. Eger men bu zatlary öñden bilemde saña maýyl bolmazdym, beýdip kösenç çekdirmezdim...
– Ýok men kösenç çekemok, baryber şoña, kösenç çekmerinem, soýgüsi üçin göreşip bilmeýän maña altyn-zer, tylla bolsada, peri, melek bolsada gerek däl!
– Bolýa. Begendim. Kösenç çekmeseñ meñ üçinem gowy. Indiki durmuşymda seni oýlamazlygym üçin, seni otlara goýdum diýip özüme ejir bermezligim üçin bolsa hasam zerurdyr.
Ine, bar bolany, şeýtdi-de, tamam boldy duruberdi. Şundan soñ menem, senem gürlemezlige ant içdik. "Hoş" diýibem bilmedik. "Git!" diýibem, "Gitme!" diýibem. Dursak durubermelidik emma islemedik. Men senden senem menden daşlaşmak, arany açmak isledik. Ýuwaşjadan ýöräp başladyñ. Mensiz. Gitdiñ... Gitdiñ... Yzyña garamadyñ. Ýöne men bilýän elbetde, garasyñ gelendir. Ýa maña ýa özüñe ynanan dälsiñ. Yzyña garasañ ýene-de magnit ýaly sen maña, men saña ýapyşyp, dünýäden az salymlyk uzaklaşarys diýip gorkansyñ. Oñardyñ. Mert bolduñ-da yzyña garaman gitdiñ...
Men seni söýgiñ üçin göreşmäniñ üçin aýypladym. Soñky sözümi ýüzüñi almak üçin, saña iññe edip sünjip galmak üçin ulandym. Indi-indiler şol pursadymyzyñ gaýta berilmegini dileýän käteler. Hoşlaşmak üçin. Söýgiñe minnetdarlygymy bildirmek üçin. Bagt dilemek üçin. Soñky gezek ilkinji gezek gözüñ ýaşyny süpürmek üçin. Oýuma getirip otursam ýaşyñ egnime akytyp otyrkañ men seniñ göz ýaşyñy ýeke sapar süpürip, köşeş diýmändirin. Özüñi gynama diýmändirin. Bagyşla...
Gidişiñ şol gidiş. Ýolda yzda saña gabat gelmek isleýän. Şonda diläp bilmedik bagtymy diläsim gelýä. Has dogrymy aýtsam, sen meñki däl indi, şonda-da seni göresim gelýä! Söhbet edesim gelýä. Durmuş saña gülip bakdymy bilesim gelýä. Indi keşbiñ sudury kem-kemden ýitip gidip barýa. Doly ýitmänka seni görüp galmak isleýän. Gaytadan janlanar ýaly. Gözümdäki könelşen owadan suratyñ. Ýaşlygyñ-a şoldur, ýygyrt düşen däldir ýüzüñe ýöne ýylgyrşyñ öñkümi şony bilesim gelýä. Hernä ol ýylgyryş nurjemalyñy terk eden däldir.
Men bu günem sen hakda köpräk oýlanaýdym öýdýän. Aý, öz-ä her hün azalyp barýa. Şeýde-şeýde unudar giderin-dä seni. Mümkin. Ýok, gaýgylanma entekler unutmaryn. Belkem, unudaryn. Haçan bolsada bir gün. Haçan diýip sorama. Adam haçan öljegini aýdyp bilenokda...
Söýgümiziñ birden tükenişi ýaly bulam şu ýerde tükendi duruberdi.

Şyhnazar Durdyýew
6 лайков 193 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Belki
09 дек 2022, 01:20
Soñky döwür okan oýlanmalarymyñ (aslynda-ha şu wagta çenli okan
oýlanmalarymyñ) arasynda iñ oñady, iñ duýguçyly, iñ romantigi. Bir söýgi oýlanmasynyñ meni agladyp bilmegine ilkinji gezek şaýat boldum. Meni şeýle duýguçyl äleme äkidip bilenligi üçin awtora dünýädäki iñ ajaýyp başdan geçirmeleri arzuw edýän!
Edepli Gödek
Автор 09 дек 2022, 02:05
Belki,
Sagboluñ! Minnetdar!
Siziñem döredijiligiñizde üstünlikler arzuw edýän.
Döwlet Şöhradow
09 дек 2022, 15:44
Gaty täsirli waka...