Şugün-erte ýowar bolar dünýämde...

Delmirip durmadym, hörpüňe garşy
Uçgun diýdiň, uçdum menem pelpelläp
Atamyň lejigen paltosy ýaly,
Duýgularym ga:lyp barýar göwşülläp

Melamat ýapamok söýgüňe, emma,
Yşgyň gözüm baglap, içirdi meýin
Indem serhoş bolup köňül köşgümde,
Lapykeç otyryn keseki deýin

Bildim ýagty günleň uçursyz gadryn,
Gül-gülzar göwünden röwşen gidende
Nakys bolup durka serde pikirler,
Nam-nyşan galarmy böwşeň bedende?!

Düme ekilmändi ekilen yşgym,
Jurga-jurga gözýaş damdyrma petden
Şugün-erte ýowar bolar dünýämde,
Gyrçaryn ýatlamalary bir çetden


Ylham GURBANALYÝEW (2022)
2 лайков 71 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.